Türkmenistanda Ylym We Tehnika» Žurnaly, #2, 2019 (.Pdf)
Total Page:16
File Type:pdf, Size:1020Kb
TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA SCIENCE AND TECHNOLOGY IN TURKMENISTAN НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-nazary žurnaly Scientific-theoretical journal of the Academy of Sciences of Turkmenistan Научно-теоретический журнал Академии наук Туркменистана 2 2019 AŞGABAT 1 “Türkmenistanda ylym we tehnika” žurnalynda syn berlen ylmy makalalar çap edilýär The journal “Science and Technology in Turkmenistan” publishes scientific articles В журнале “Наука и техника в Туркменистане” публикуются рецензированные научные статьи © Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, 2019. © “Türkmenistanda ylym we tehnika”, 2019. 2 TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA SCIENCE AND TECHNOLOGY IN TURKMENISTAN НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ № 2 2019 A. Gylyjow HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ “MERT ÝIGITLER GAÝRAT ÜÇIN DOGULÝAR” ATLY KITABYNDA TARYHY ŞAHSYÝETLER Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen edebiýaty halkymyzyň şöhratly taryhyndan söz açýan ençeme eserler bilen baýlaşdy. Onuň anyk mysalyny biz hormatly Prezidentimiziň ähli kitaplary esasynda delillendirip bileris. Alym Arkadagymyzyň öz eserlerinde taryhymyzyň şöhratly sahypalarynda yz goýan, il-gününe, eziz topragyna, mähriban Watanyna bolan hormaty, sylagy, söýgüsi bilen şahsyýet derejesine ýeten adamlary nusgalyk derejede öňe tutmagynyň özi bu täze zamanamyzda täze bir terbiýeçilik taglymatyny, milli mekdebi emele getirdi. Bu mekdebiň özboluşlylygy hakda “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly kitabyň mysalynda-da gürrüň edip bolar. Ilki bilen, kitabyň bölümleriniň atlandyrylyşyna üns berip göreliň. Kitap “Durmuşyňyz asuda bolsun!”, “Iň gymmatly miras”, “Her iş gelse, il biläni”, “Ynsanlyk dowamatynyň ebediligi” ýaly bölümlerden ybaratdyr. Kitabyň birinji bölüminiň başynda hormatly Prezidentimiziň asudalyk hakda söz açyp başlamagynyň özi, bu kitabyň diňe asudalygy goraýjylara bagyşlanýandygy üçin däl. Kitabyň başynda asudalyk hakdaky gürrüň bu halkymyzyň Milli Lideriniň baş ýörelgesiniň, asudalygyň çekiljek keşbine giriş. “Asudalyk” düşünjesiniň çuň bolşy ýaly, ony gazanmagyň, goramagyň-da gaty jogapkärli işdigini nygtaýan bu bölümden şol sogap işi amal eden we edýän mert ýigitleriň, şahsyýetleriň sarpasyny, hormatyny duýmak kyn däl. Kitabyň “Durmuşyňyz asuda bolsun!” atly birinji bölüminiň atlandyrylyşynda durmuşyň asudalygyny, abadanlygyny goraýan şahsyýetlere hormat-sylag Milli Liderimiziň: “Häzire çenli durmuşyň sapagyny adamlardan öwrenip, maňa dürli derejedäki, her hili häsiýetli adamlaryň haýsydyr bir ugurdan peýdaly ündew edendiklerini, tymsallar arkaly düşündirendiklerini minnetdarlyk bilen ýatlaýaryn. Sebäbi hem türkmen halkynda ulus- iliň bilen bir bitewi göwre bolmak ynamy berk ahyryn! “Ilim-günüm bolmasa, Aýym- Günüm dogmasyn” diýilýändigine salgylanmagy halaýaryn. Eziz kyblam Mälikguly Berdimuhamedowyň Içeri işler ministrliginiň edaralarynda baý iş tejribesiniň bardygyny aýdanymda, men mähriban kakama guwanýaryn. Onuň henizem käbäm bilen il-ulsuň ýagşy dileginde bolup, jemgyýete nusga bolup ýörmegi meniň üçin taýsyz uly baýlyk!” [4; 23-25 s.] diýen sözlerinden soň hasam berkeýär we özboluşlylyga ýugrulýar. Kitabyň bu bölüminde hormatly Prezidentimiz kyblasynyň zähmet ýoluna, şeýle-de asylly häsiýetlerine ähmiýet berýär. Mälikguly aganyň uruş ýyllaryna gabat gelen çagalygy, ýaşlygy, kämilligi hakdaky gürrüňler bolsa täze terbiýeçilik mekdebiniň özboluşly ündewi, baky kanuny bolup eşidilýär. 3 Hormatly Prezidentimiziň zehininden dünýä gelen ajaýyp kitaplaryň sahypalarynda gürrüňi edilýän Nepesaly baý, Pyhy han, Gök serdar, Anna serdar, Berdimuhamet Annaýew, Mälikguly Berdimuhamedow ýaly gahrymanlaryň “Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn” diýip ýaşandygyna göz ýetirip bolýar. “Her iş gelse, il biläni” diýip kitabyň ýene bir bölüminiň atlandyrylmagynyň hem düýp – teýkarynda ady agzalan şahsyýetleriň nusgalyk häsiýetleri ýatan bolmaly, sebäbi olaryň hemmesi halk bilen bir jan, bir ten bolup, bir howadan dem alan taryhy şahsyýetlerdir. Bu taryhy şahsyýetleriň keşpleri türkmen ýaşlaryny watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde-de, olardan nusga almakda-da, asylly ýörelgelere ygrarly bolmakda-da görelde mekdebi bolup hyzmat eder. Kitapda asudalygy gazanmagyň birinji we möhüm şerti hökmünde adalatlylyk orta çykarylýar. Şeýlelikde, “Adalat bolan ýerde asudalyk bolar” diýen pikir eseriň tutuş mazmunyna ornaşypdyr. Geliň, şu ýerde kitabyň “Durmuşyňyz asuda bolsun” atly birinji bölüminden hormatly Prezidentimiziň: “Şu ýerde “Mertler Watany beýgeldýär” diýen kitabymda ýazan käbir setirlerimi ýatlamak isleýärin. Olarda Keýmir serdar barasynda aýdylýardy. Ýeri gelende Keýmir serdaryň öz pähimi bilen halky kyn ýagdaýlardan alyp çykan ruhubelent watançy, iňňän ýiti paýhasly, akylly il ýaşulusy bolandygyny bellesek, artykmaçlyk etmezmikä diýýärin. Onuň tamdyrtowy alyp gelýän pursadyny beýan edipdim. Serdaryň arkasyna tamdyrtowy alyp gelmegi, hojalygy üçin gydyrdanyp ýörmegi myhmany geňirgendirýär. Şonda Keýmir serdar oňa: – Men ilimiň hany, serdary bolaýyn, öz öýümiň hemişe hyzmatçysydyryn. Öz maşgalasynyň aladasyny etmeýänden iline serdar bolmaz – diýipdir” [4; 19-20 s.] diýen sözleriniň manysyny tirip göreliň: onuň tamdyrtowy çekip ýörmesiniň bir ýerde berilmeginiň hikmeti hakda oýlanyp görsek, şahsyýetiň öýden, öýüň asudalygyndan, öýüň üpjünliginden başlanýandygy, Keýmiriň öz öýüniň keşigini çekmezden, il keşigini çekýän serdarlyk derejesine ýetip bilmejekdigi aýdylýar. Bu bolsa şahsyýetleriň geçen ýoly arkaly terbiýelemegiň milli özboluşlylygyny emele getirýän ýagdaý. “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” diýen kitabyň “Iň gymmatly miras” we “Her iş gelse il biläni” atly bölümlerinde hormatly Prezidentimiz: “Abraý mirasda däl-de, akyl bilen edepdedir” diýlen dana sözi “Kowusnamadan” okapdym. Islendik döwür üçinem düzgün-tertipliligiň, kanun babatda düşünjeliligiň orny aýratyndyr. Kanunlar, her bir zadyň öz ugry, düzgün-tertibi hakyndaky bilim-sowat adamyň kämilliginiň netijesinde ýaşamalydyr. Oňa medeniýetlilik, sypaýylyk, halallyk, iň esasan hem ynsaplylyk düşünjesi gursagyna pugta guýlan adamlar gowy düşünýändirler. Biziň öz nesillerimize sypaýyçylyk, köpçülikde özüňi edepli alyp barmak, ulyny sylamak, uly gürlemezlik, zähmetsöýerlik, halal ýaşamak babatdaky berýän öwüt-ündewlerimiz ertirki gün ösen jemgyýetiň asuda durmuşynyň döredilmegine öz täsirini ýetirmelidir” [4; 123-127 s.] diýip, taryhy şahsyýet Keý Kowsuň “Kowusnama” eserinden getirilen dana sözleri, halk paýhasyndan dörän tymsallary bilen il-halkyna ynsaply ýaşamagyň nusgalyk ýoluny miras galdyran gahrymanlaryň taryhynyň döwlet derejesindäki ornuny kesgitleýär. Watany beýgeltmegiň esasy şerti bolan halallyk, gaýratlylyk, mertebelilik, iň esasy hem hormatly Prezidentimiziň eserde aýratyn nygtaýan häsiýeti dogruçyllyk we ygtybarlylyk. “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly kitapda Milli Liderimiz: “Kowusnamadaky” “Dogruçyl we ygtybarly adam bolgun, dünýäniň bütin döwleti dogruçyl hem ygtybarly adamlaryňkydyr” diýen sözler sagdyn jemgyýetiň iň ilkinji daýanjy bolmalydyr” [4; 153 s.] diýip, taryhy şahsyýet Keý Kowsuň “Kowusnama” eserinden mysallary getirmek 4 bilen merdana watançylarymyza ýüzlenýär. Bu sözleriň süňňünden Watany beýgeldip, özleri şahsyýete öwrülen pederlerimize bolan beýik sarpany, şu günki Watan goraýjysynyň borjuny duýmak kyn däl. “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly kitabyň “Iň gymmatly miras” atly ikinji bölüminde her bir ynsanyň ýaşlara görkezýän göreldesine gymmatly miras hökmünde baha berilýär. Şahsyýetiň terbiýesiniň gözbaşy onuň maşgalada alan terbiýesinde bolup durýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň şahsy düzüminde çärýek asyrdan hem gowrak wagtlap zähmet çeken hormatly Prezidentimiziň pederi Mälikguly Berdimuhamedowyň ykbal ýodalary hakyndaky söhbet kitabyň many-mazmunyny baýlaşdyrýar. Il-ulusa nusgalyk adamlar jemgyýetde uly hormatyň eýesi. Şolaryň göreldesi bilen geljegimize asylly ýörelgeler miras galýar. Serhetleşýän goňşy döwletlerimiz bilen dostlukly gatnaşyklarymyz şol ýörelgeleriň dowam edýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Çeper edebiýatda hormatly Prezidentimiziň kitaplary aýratyn orun tutýar. Eserler gozgaýan meselesiniň derwaýyslygy, many-mazmunynyň çuň hem-de giňligi bilen okyjyny bada-bat özüne çekýär. “Älem içre at gezer” we “Döwlet guşy” romanlarynyň baş gahrymanlarynyň edebi keşbiniň taryhy hakykata kybapdygy, taryhylygyň, mazmundyr keşp birliginiň kanunalaýyklygynyň, pederlerimiziň asylly göreldeleriniň çeper-şahyranalyk bilen suratlandyrylyşy kyssa žanrynyň täze zamanasynyň başlandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz: “Biz merdana halkymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan, mukaddes türkmen topragynyň Garaşsyzlygy ugrundaky göreşlerde şöhratlanan, dünýä meşhur şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmäge aýratyn üns berýäris. Şunuň netijesinde Ýaragly Güýçlerimiziň täze döredilen harby bölümlerine Oguz hanyň, Seljuk begiň, Ärtogrul Gazynyň, Baýram hanyň, Mälik şanyň, Togrul begiň, Çagry begiň, Görogly begiň, Keýmir körüň, Jelaleddin Meňburnuň atlary dakyldy” [3; 161 s.] diýip, taryhy şahsyýetleriň atlarynyň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň täze döredilen harby bölümlerine dakylyşyna aýratyn üns bermegi bu şahsyýetleriň watançylygy bilen şu günki nesliň watançylygynyň bir göwrä öwrülmegi üçin edilen aladalaryň diňe bir tarapy. Bu kitap ösüp gelýän ýaş nesliň Watana bolan söýgüsini artdyrýar. Watany beýgeltmegiň esasy şerti bolan halallyk, gaýratlylyk, mertebelilik, iň esasy hem hormatly Prezidentimiziň eserde aýratyn nygtaýan häsiýeti – türkmençilik. “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly kitabyň üçünji bölümi türkmeniň