1 J. Hatamow, J. Gurbangeldiýew

DÜNÝÄ TARYHY

(X X -X X I ASYRLAR. II bölek. 1939-2008 ýý.)

Orta mekdepleriň X synpy üçin synag okuw kitaby

Türkmenistanyň Bilim. ministrligi tarapyndan hödiirlenildi

A s g a b a t Türkmen döwlet nesir tet gullugy 2008 ‘iim fninisirifgi MHIi bilim insüti kitaphanasy UOK 373.167.1 H 2 8

J. Hatamow, J. Gurbangeldiýew. H 28 Dünýä taryhy (X X -X X I asyrlar. II bölek. 1939-2008 ýý.). Orta mekdepleriň X synpy üçin synag okuw kitaby. - A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2008.

TDKP 52, 2008 KBK 63.3(0)

© J. Hatamow, J. Gurbangeldiýew, 2008. TÜRKMENISTANYŇ ILKINJI PREZIDENTI BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SENASY

Türkmenbaşyň guran beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym. Baslaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Janym gurban saňa, erkana ýurdum, Mert pederleň ruhy bardyr köňülde. Bitarap, garassyz topragyň nurdur, Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde.

Gaýtalama: Türkmenbaşyň guran beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym. Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Gardasdyr tireler, amandyr iller, Owal-ahyr birdir biziň ganymyz. Harasatlar almaz, syndyrmaz siller, Nesiller dös gerip, gorar şanymyz.

Gaýtalama: Türkmenbaşyň guran beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym. Baslaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Arkamdyr bu daglar, penamdyr düzler, Ykbalym, namysym, togabym, Watan! Saňa şek ýetirse, kör bolsun gözler, Geçmişim, geljegim, dowamym, Watan! GIRIŞ

XX asyryň başyndan XX asyryň 30-njy ýyllarynyň ahyrlaryna çenli dünýä ýurtlarynyň ösüşinde düýpli özgerişler bolup geçdi. Birinji jahan urşy dünýäniň syýasy gurluşyna, bakna ýurtlaryň paýlanyşyna, Ýewropanyň we dünýäniň syýasy güýçleriniň mynasy- betine uly täsir etdi. Käbir monarhiýalar synyp, ornunda täze döwletler döredi. Ýewropanyň syýasy kartasy özgerdi. Ýewropada we Russiýada rewolýusiýalar bolup geçdi. Russiýadaky rewolýusiýanyň netijesinde kommunistler häkimiýete geldiler. Aziýa ýurtlarynda milli azat edijilik hereketleri ösdi. Hindistanda Mahatma Gandiniň ýolbaşçylygynda milli azat edijilik göreşiniň parahatçylykly görnüşde alnyp barylmagynyň meýilnamasy taýýarlanyldy. Birnäçe ýurtlarda gan döküşikli ýagdaýda azatlyk hereketi alnyp baryldy. Hytaýda XX asyryň birinji ýarymy tutuşlygyna diýen ýaly rewolýusion göreşiň döwri boldy. XX asyryň birinji ýarymynda ylymda, tehnikada düýpli öňegidişler boldy. Birinji jahan urşy ýaraglaryň täze-täze görnüşleriniň döredilmegine itergi berdi. Biz bular hakda XX-XXI asyrlaryň dünýä taryhynyň I böleginde gürrüň edipdik. Eliňizdäki okuw kitaby XX- -XXI asyrlardaky dünýä taryhynyň 1939-njy ýyldan 2008- _nji ýylyň iýun aýyna çenli wakalary öz içine alýar. 7 XX asyryň 30-njy ýyllaryndan başlap halkara gatnaşyklary ýene-de çylşyrymlaşyp başlady. Olar ahyr netijede Ikinji jahan urşuna getirdi. Kitapda Ikinji jahan urşunyň öňüsyrasyndaky halkara gatnaşyklaryndan baslap, häzirki günlere çenli dünýä taryhyny aýratyn- lykda öwreneris. Bu döwürde Ikinji jahan urşunyň taryhyny, uruşdan soňky dikeldis islerini, dünýäniň biri- -birine gapma-garşy iki syýasy ulgamabölünişini, «Sowuk uruş» syýasatynyň döreýşi we bes edilmegini, halkara gatnasyklarynyň taryhyny, aýry-aýry ýurtlaryň syýasy, ykdysady, medeni ösüşlerini, ylmyň, tehnikanyň, medeniýetiň ösüşini, XXI asyryň başlaryna çenli dünýäniň syýasy kartasynda bolup geçen özgerişleri, dünýä ýurtlarynyň ösüş aýratynlyklaryny, olaryň umumadamzat ösüşine goşan gosantlaryny we başga- -da köp meseleleri öwreneris. XX-XXI asyryň sepgitlerinde bolup geçen wakalara aýratyn ähmiýet bereris. Çünki bu döwürde dünýäde has uly üýtgeşmeler bolup geçdi. Hut su döwürde Türkmenis- tanyň halklary garaşsyz ýaşamak bagtyna eýe boldy. Dünýä ýurtlarynyň dasary syýasatlarynda Garassyz Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny, Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Garaşsyz Türkmenistany dünýä tanatmak ugrunda alyp baran işlerini öwreneris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany açyk ýurda öwrüp, ata Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak ugrunda, Türkmenistany ösen döwlet hökmünde dünýä tanatmak boýunça alyp barýan tutumly işlerini öwreneris. Biz dünýä taryhyny öwrenenimizde-de Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan ýörelgelerden ugur alarys. XX asyr ylmyň teoriýasynyň ösen asyry boldy. Ýöne teoretiki açyşlary durmuşa ornaşdyrmakda bökdenç- 8 likler uly boldy. Biziň ýaşaýan XXI asyrymyz bolsa teoriýanyň praktika bilen aýakdaş gidýän asyrydyr. Indi adamzat diňe bir täze eden ylmy açyşlaryny däl, eýsem geçen aşyrdaky açyslaryny hem durmuşa ornaşdyrmaga mümkinçilik aldy. Täze nanotehnologiýalaryny ýasamakda, gen inženeriýasynda, energiýanyň adaty bolmadyk çesmelerini oýlap tapmakda ylym barha uly üstünliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda türkmen halky ösüşiň täze tapgyryna - täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamyna gadam basdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň dünýä derejesinde ylymly-bilimli bolmagy üçin bu ugurda turuwbaşdan düýpli özgertmelere başlady. Ýurdumyzyň mekdeplerinde okatmagyň multimediýa, interaktiw usullary giňden ornaşdyrylýar. Halkara internet ulgamyna giň ýol açylýar. Bu bolsa bize dünýä taryhyny öwrenmekde dürli dildäki maglumatlary almaga, çalt ösýän hem-de özgerýän dünýädäki täzeliklerden habarly bolmagymyza mümkinçilik berýär. Siz dünýä ýurtlarynyň häzirki ösüşini öwreneniňizde Garaşsyz Türkmenistan ýaly ilatyň durmuş goraglylygyna üns berýän döwletiň az- -azdygyna göz ýetirersiňiz. Çünki her bir adam, maşgala, oba, şäher, tutuş ýurt «Döwlet adam üçindir» diýen şygary baýdak edinen hormatly Prezidentimiziň sosial syýasatynyň üns merkezinde durýar. Hut su zatlar hem iki asyryň sepgidinde türkmen halkynyň täzeden galkynmagyna, dünýä bilen aýakdas bolup, onuň ösen tejribesini giňden ornaşdyrmagyna, döredijilik gujurynyň artmagyna mümkinçilik berdi. Bu bolsa niilletimiziň watançylyk hem milli ruhunyň galkynmagy üçin egsilmez çeşmedir. 9 II BÖLÜM DÜNÝÄ ÝURTLARY XX ASYRYŇ 30-NJY ÝYLLARYNYŇ AHYRLARYNDAN XX ASYRYŇ ORTALARYNA ÇENLI

IBAP IKINJI JAHAN URŞUNYŇ ÖŇÜSYRASYNDAKY HALKARA GATNAŞYKLARY. IKINJI JAHAN URŞY

§1. 30-njy ýyllarda halkara gatnaşyklary. Urus ojaklarynyň döremegi

Ösen ýurtlaryň arasynda garşylyklaryň ýitileşmegi. 30-njy ýyllarda dünýä jemgyýetçiligi täze jahan urşuna ýakynlaşýardy. Wersal-Waşington şertnamasy uzak wagtlap dünýäni parahatçylykly ýagdaýda saklamaga ýaramsyz bolup çykdy. Wersal-Waşington şertnamalary boýunça özüni kemsidilen hasaplaýan ýurtlar, aýratyn- -da, Germaniýa bilen birinji jahan urşunda ýeňiji bolan ýurtlaryň arasynda garşylyklar ýitileşip başlady. Ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň aralarynda dünýä bazarlary we bakna ýurtlaryň üstünde garşylyklar güýçlendi. Iňlis-german, german-fransuz, german- -amerikan, amerikan-ýapon, iňlis-ýapon garşylyklary ýitileşip başlady. Dünýä döwletleri 1929-1933-nji ýyllaryň dünýä ykdysady krizisi döwründäki kynçylyklardan agzybirlik- de çykmagy başarmadylar. Her döwlet diňe öz ýurdunyň bähbitlerinden ugur alyp, ykdysady gatnaşyklary gurnamak isleýärdi. Kynçylyklary biri-biriniň üstüne 10 ýüklemäge edilen synanyşyklar döwletleriň arasyndaky garşylyklary ýitilesdirdi. Käbir ýurtlarda häkimiýet başyna milletçi ýa-da faşistik güýçleriň gelmegi bilen halkara gatnaşyklary has-da ýaramazlaşdy. 1929-1933-nji ýyllaryň ykdysady krizisiniň zarbasyndan özüni dürsemäge ýetişmedik dünýä ýurtlaryny 1937-nji ýyldan başlap, täze ykdysady krizis gurşap aldy. Ýene-de dünýä döwletleriniň hersi aýratynlykda ykdysady pese gaçyşlyga garşy göreşjek boldular. Olar ýene biri-biriniň hasabyna ykdysady krizisden çykmak islediler. Şeýle şertlerde dünýäniň iki ýerinde — Ýewropada we Uzak Gündogarda garşylyklar has ýitileşdi. Ýewropada uruş ojagynyň emele gelmegi. Mälim bolşy ýaly, 1933-nji ýylda Germaniýada Gitleriň ýolbaşçylygynda faşistler häkimiýet başyna geldiler (seret: I bölüm, §21). Faşistler Wersal şertnamasynyň Germaniýanyň ýaragly güýçlerine çäklendirmesini äsgermezlik edip, ony gödek bozup başladylar. Halkara gözegçiliginden halas bolmak üçin 1933-nji ýylda Germaniýa Milletler Ligasyndan çykdy. 01 1935-nji ýylda ýurtda ählumumy harby borçlulyk girizdi. Şol ýyl Wersal şertnamasy boýunça ýaragsyzlandyrylan sebit diýlip jar edilen Saar welaýatyna goşun girizildi. Ýurtda harby senagaty ösdürmek, ýaraglanyşygy haýdatmak güýçlendi. 1935-nji ýylyň güýzünde faşistik german hökümeti baş harby merkezi döretdi. Bu merkez basybalyjylykly uruşlaryň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak bilen meşgullanyp başlady. Uzak Gündogarda uruş ojagynyň döremegi. Ýapo- niýany iki jahan urşunyň aralygynda diňe harbylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümetler dolandyrypdy. Bu yagdaý Ýaponiýanyň daşary syýasatynyň basyba- lyjylykly häsiýetde bolmagyna getirdi. 11 Yaponiýada senagatyň ösmegi täze-täze satuw bazarlaryny we çig mal çeşmelerini talap edýärdi. Ýapon harby ýolbaşçylary Hytaýy, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryny basyp almagyň harby meýilnamalaryny taýýarlapdylar. 1931-nji ýylda Ýaponiýa Hytaýyň Mançžuriýa welaýatyny basyp aldy. 1933-nji ýylda Milletler Ligasyndan çykan Ýaponiýa uly urşa taýýarlyk görüp başlady. 1937-nji ýylyň 8-nji iýunynda ol Hytaýa garşy aç-açan urşa başlady. Ýewropada köpeülikleýin howpsuzlyk ugrundaky göreş. 1934-nji ýylda sowet-fransuz gepleşikleriniň gidişinde köpçülikleýin howpsuzlyk ulgamyny döretmek meselesi maslahatlaşyldy. Sowet-fransuz teklibini Beýik Britaniýa, Germaniýa, Gündogar Ýewropa döwletleri goldamady. 1935-nji ýylda Fransiýa we SSSR birek-birege kömek bermek hakynda iki taraplaýyn şertnama baglaşdylar. Şertnama boýunea Ýewropa döwletleriniň islendigi ylalaşýan taraplaryň biriniň üstüne çozsa, beýlekisi oňa harby kömek bermelidi. Şeýle şertnama SSSR bilen Çehoslowakiýanyň arasynda-da baglaşyldy. SSSR, eger-de Çehoslowakiýanyň üstüne başga ýurt çozsa we Fransiýa oňa kömege gelse, kömek berjekdigi baradaky şertiň şertnama girizilmegini gazandy. Çünki SSSR Germaniýa- nyň Ýewropadaky şol wagtky esasy garşydaşlarynyň biri Fransiýanyň hem Çehoslowakiýany goldamagyny isleýärdi. Beýik Britaniýanyň döwlet ýolbaşçylary Germaniýa bilen ylalaşyp, ony köşeşdirmek syýasatyny öňe sürdüler. ABŞ Ýewropa dawalaryna goşulmazlyk syýasatyny alyp barýardy. Gitler özüniň «Maýn Kampf» — «Meniň göresim» atly kitabynda özüniň ähli etsem-pessemlerini jikme-jik habar berip durka-da, dünýä döwletleriniň ýolbaseylary oňa garşy agyz birikdirmegi başarmandylar. Fasistik döwletleriň uruşparaz syýasaty. Faşistik döwletler halkara möçberinde uly garşylyga sezewar bolmansoňlar, açykdan-açyk uruşparaz syýasaty ýöredip başladylar. Urşy ilkibaşlan Italiýadyr. 011935-nji ýylda Afrikadaky garaşsyz döwlet bolan Efiopiýany basyp almaga girişdi. ABŞ we Beýik Britaniýa bu uruşda goşulmazlyk syýasatyny alyp bardylar. Milletler Ligasy Italiýany basybalyjy diýip atlandyrmak bilen çäklendi. Afrikadaky fransuz eýeçiliklerine azar bermeýändigi üçin Fransiýa Italiýa garşy çykmady. SSSR hem sözde basybalyjyny ýazgarmakdan aňry geçmedi. Umuman, faşistik Italiýanyň Efiopiýany basyp almagyna iri döwletleriň hiç biri-de düýpli garşylyk görkezmedi. 1936-njy ýylyň maý aýynda Efiopiýa Italiýa tarapyndan doly basylyp alyndy. Günbatar döwletleri özleriniň haýal-ýagallygy, faşistik basybalyjylara garşy açyk göreşmek islemez- likleri we goşulmazlyk syýasatyny ýöretmekleri bilen Ispaniýada respublikan düzgüniň agdarylmagyna, faşistleriň häkimiýete gelmegine ýardam berdiler. SSSR- -iň we Günbatar döwletleriniň ýolbaşçylarynyň biri-birine ynanmazlyklary hem faşistleriň peýdasyna boldy. Germaniýa we Italiýa ýaly döwletler bolsa, Ispaniýa Respublikasyna garşy harby-tehniki taýdan, hatda goşun kömegini hem berip, ispan faşistlerini goldadylar. Faşistik döwletleriň urusparaz syýasatlary, aýratyn-da, Ispaniýadaky respublikaçylara garşy bilelikde göreşen Italiýa bilen Germaniýany has-da ýakynlasdyrdy. 1936-njy ýylda olar halkara derejesinde bilelikde çykyş etmek we 13 Ýewropany paýlaşmak meseleleri boýunça ylalaşdylar. 1936-njy ýylda Germaniýa we Ýaponiýa Kommunistik Internasionala garşy bilelikde göreşmek barada («antikomintern pakty») ylalaşyk baglaşdylar. 1937-nji ýylda bu ylalaşyga Italiýa hem goşuldy we «Berlin— Rim—Tokio» harby bileleşigi döredildi. Awstriýanyň Germaniýa birleşdirilmegi. Nemes- leriň ýaşaýan ýerleriniň ählisini Germaniýa birleşdirmek Gitleriň arzuwlarynyň biridi. Nemesleriň iň köp ýaşaýan ýurdy Awstriýady. 1938-nji ýylyň 12-nji martynda Germaniýanyň harby güýçleri Awstriýa çozup girdi we onuň özbaşdaklygy ýok edildi. Awstriýa Germaniýanyň bir welaýatyna öwrüldi. Bu waka «anşlýus»* diýilýär. Awstriýa halkynyň esasy bölegi bu birleşmäni goldady. Megerem, olaryň aňyna Gitleriň ata watanynyň Awstriýa bolanlygy täsir edendir. Mýunhen dildüwşügi. Awstriýany ýeňillik bilen birleşdiren Gitler indi Çehoslowakiýanyň Sudet welaýa- tynyň Germaniýa berilmegini talap edip başlady. Bahanasy-da Sudet welaýatynda nemesleriň köpçülikleýin ýaşaýanlygy boldy. 01 welaýatdaky nemesler hem faşistik meýillileriň täsirine düşüp, Çehoslowakiýa döwletinden bölünip aýrylmak talabyny öňe sürüp başladylar. Ine, şeýle şertlerde Beýik Britaniýa we Fransiýa Çehos- lowakiýa meselesinde Gitleri goldadylar. Olaryň goldamagynyň sebäbi şeýdip fäşistleri köşeşdirip bolar öýtdüler. Olar Çehoslowakiýa hökümetinden Sudet welaýatynyň Germaniýa berilmegini talap etdiler. Çehoslowakiýanyň döwlet ýolbaşçylary-da dönüklik edip, Germaniýanyň talabyny kanagatlandyrmaga razy

*Anşlýus — nemes dilinden terjime edilende «birlesdirmek» diýmegi aňladýar. 14 boldular. Olar ýurduň ýeterlik harby kuwwatynyň bardygyna seretmezden, Çehoslowakiýa halkynyň ýurt bütewüligi, garaşsyzlygy ugrundaky göreşini guramak islemediler. Çehoslowakiýa SSSR-den (1935-nji ýylyň şertnamasyna laýyklykda) kömek soramady. 1938-nji ýylyň 29-30-njy sentýabrynda Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň döwlet ýolbaşçylary Mýunhende Çehoslowakiýanyň Sudet welaýatyny Germaniýa bermek barada ylalaşyga gol çekdiler. Eýýäm 1938-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Germaniýa Sudeti eýeledi. Sudet welaýatynyň ähli harby- -goranyş desgalary, ösen senagaty Germaniýanyň eline geçdi. Bu ýagdaý faşistik Germaniýany öňküsinden-de güýçlendirdi.

Soraglar 1. 1929-1933-nji ýyllaryň dünýä ykdysady krizisi halkara ýagdaýy- na nähili täsir etdi? 2. Uruş ojaklary haçan we nirelerde döredi? 3. «Berlin— Rim— Tokio» bileleşigi nähili döredi? 4. Awstriýanyň we Çehoslowakiýanyň bir bölegi Germaniýa nähili birleşdirildi?

§2. 1939-njy ýylyň halkara syýasy krizisi

Basybalyjyny «köşesdirmek» syýasatynyň puja çykmagy. Mýunhen dildüwşügi netijesinde Ýewropa sebitindäki güýçleriň deňeçerligi Germaniýanyň peýdasyna çözüldi. Germaniýa harby kuwwatlylygy boýunça dünýäde birinji ýurda öwrüldi. Milletler Ligasy hem basybalyjy döwletlere garşy dünýä ýurtlarynyň agzybirlikli göreşini guramaga ejiz geldi. Ýewropada «gün — güýçliniňki» bolup başlady. Şeýle şertlerde daşardan kömek bolmajagyna düşünen

15 birnäçe kiçi ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylary mejbury ýagdaýda Germaniýanyň öňünde dyza çökmäge taýýardy. SSSR-iň döwlet ýolbaşçylary Mýunhen ylalasygyndan soňra Beýik Britaniýa we Fransiýa faşistleriň toparlanyşygy bilen ýakynlaşar diýip gorkýardy. Özüniň halkara möçberinde ýekesire- dilmeginden, eetleşdirilmeginden ätiýaç edýärdi. Gitler Mýunhen ylalaşygyny äsgermän, 1939-njy ýylyň 15-nji martynda Çehoslowakiýanyň döwlet özbasdaklygyny doly ýok etdi. 01 Çehoslowakiýany Germaniýa birlesdirdi. Slowakiýada Germaniýanyň yzyna eýerýän döwlet döredip, iş ýüzünde faşistler Çehoslowakiýany eýeledi. Bir hepdeden soňra Germaniýa Polsadan Gdansk (Dansig) şäherini bermegi talap etdi. Litwanyň Klaýpeda welaýatyny basyp aldy. Gitler 1939- -njy ýylyň aprel aýynda Polşany doly eýelemegiň meýilnamasyny tassyklady. Aprel aýynda Italiýa Albaniýany basyp aldy. Bu basybalyjylykly hereketiň ählisi fasistleriň köşeşmändigini görkezýärdi. Beýik Britaniýanyň basybalyjyny «köşesdirmek» syýasaty puja çykdy. Iňlis-fransuz-sowet gepleşikleri. Fasistik döwletleriň 1939-njy ýylyň ýazyndaky basybalyjylykly hereketlerinden soň Beýik Britaniýa we Fransiýa Germaniýa garşy bilelikde göreşip başladylar. Şeýlelikde, iňlis-fransuz harby birleşmesi döredi. Olar Germaniýanyň indiki basybalyjylykly hereketleriniň öňüni almak üçin Polşanyň, Rumyniýanyň garaşsyzlygyna kepil geçip, olary daşky çozuşlardan goramaga söz beripdiler we Germaniýa garşy bileleşip göreşmek barada SSSR bilen gepleşiklere başladylar. 1939-njy ýylyň maý—iýul aýlarynda Moskwada iňlis-fransuz-sowet syýasy gepleşikleri geçirildi. Gepleşiklerde SSSR harby zerurlyk bolan ýagdaýynda 16 Polşanyň we Rumyniýanyň üstünden goşunlaryny geçirmäge we Germaniýa garşy ursa goşulmaga rugsat sorady. Emma Polşa we Rumyniýa sowet goşunlarynyň öz üstünden geçirilmegine garşy boldular. Şeýlelikde, gepleşikler şowsuz gutardy. 1939-njy ýylyň awgustynda SSSR-iň, Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň harby taýdan birek-birege kömek bermek hakyndaky gepleşikleri netijesiz boldy. Olaryň arasyndaky oňşuksyzlygy Germaniýa öz peýdasyna ulandy. Germaniýanyň SSSR bilen ýakynlasmagy. Gitler 1939-njy ýylyň ýazyndaky Ýewropa wakalaryny yzarlap, öwrenip, SSSR bilen wagtlaýynça birek-biregiň üstüne çozmazlyk hakyndaky şertnamany baglaşmagy zerur tapdy. Çünki şeýle şertnamany baglasmasa we Polşanyň üsti bilen SSSR-e çozsa, onda Polşany goldap Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň Germaniýa garşy urşa başlamagy mümkindi. Beýle ýagdaýda Germaniýa Gündogarda we Günbatarda iki ugurda uruş alyp barmaly boljakdy. SSSR hem entek Germaniýa garsy urşa taýýar däldi. Stalin Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň döwlet ýolbaşçylaryna ynanmaýardy. Üstesine-de, Ýaponiýa Uzak Gündogarda SSSR-e howp salýardy. Eýýäm iki gezek SSSR Ýaponiýa bilen «gylyç çaknyşdyrypdy». Hasan köli we Halhin-Gol derýasy sebitindäki sowet- -ýapon harby çaknyşyklary SSSR-e hem iki ugurda uruş alyp barmak howpuny döretdi. Sowet-german gepleşiklerini geeirmekligi Germaniýa teklip etdi. 1939-njy ýylyň 20-n}i awgustynda Gitler Staline telegramma ýollap, birek-biregiň üştüne , eozmazlyk hakynda şertnama baglasmagy teklip etdi.

2. Sargyt Jsk 693. 17 / kitaphan^ Sowet Soýuzy taraplaryň haýsy-da bolsa birini saýlamalydy — ýa-ha iňlis-fransuz toparlanyşygy bilen bile bolup, Germaniýanyň teklibini ret etmelidi, ýa-da Germaniýanyň tekliplerine razy bolmalydy. SSSR 1939- -njy ýylyň awgustynda Germaniýa bilen ýakynlasmagy makul tapdy. 1939-njy ýylyň birek-biregiň üstüne çozmazlyk hakyndaky sowet-german şertnamasy we gizlin ylalaşyklar. 1939-njy ýylyň 23-nji awgustynda Germaniýa we SSSR birek-biregiň üstüne 10 ýylyň dowamynda çozmazlyk hakynda şertnama baglaşdylar. 1939-njy ýylyň sowet-german şertnamasynyň ýany bilen Ýewropany paýlaşmak barada gizlin ylalaşyga gol çekildi. Gizlin sowet-german ylalaşygyna laýyklykda Germaniýanyň Gündogar Ýewropany basyp almagynyň çägi anyklanyldy. Germaniýa Latwiýanyň, Estoniýanyň we Finlýandiýanyň üstüne çozmazlyga ylalaşdy. German goşunlarynyň Gündogara ýörişi Narwa, Wisla we Sana derýalaryna çenli bolan ýerleri basyp almak bilen çäklenmelidi. Günbatar Ukraina we Günbatar Belorussiýa şol wagt Polşanyň düzümindedi. 01 ýerler gizlin ylalaşyklar boýunça SSSR-e berlipdi. Galyberse-de, Rumyniýanyň düzümindäki Bessarabiýa hem SSSR-iň eýelemegine galdyrylmalydy. Dünýä jemgyýetçiligi SSSR bilen Germaniýanyň arasyndaky gizlin şertnamadan habarsyzdy. Sowet-german gizlin ylalaşygy boýunça Gündogar Ýewropa halklaryndan gizlin olaryň ykbaly kesgitlenilipdi. Sowet resmi maglumatlarynda bolsa SSSR-iň olary öz goragyna, howandarlygyna alýandygy aýdylýardy. SSSR Oktýabr rewolýusiýasynyň yzysüresi elden gidiren ýerlerini täzeden yzyna almagy amala aşyrdy. 18 Birek-biregiň üstüne çozmazlyk hakyndaky sowet- -german şertnamasy esasynda SSSR wagtlaýynça parahatçylygy gazandy. Ýöne dünýä ikinji jahan urşuna has ýakynlaşypdy.

Ýumuşlar 1. Basybalyjyny «köşeşdirmek» syýasatynyň mazmunyny düşün- diriň. 2. Iňlis-fransuz-sowet gepleşikleriniň şowsuz gutarmagynyň se- bäplerini düşündiriň. 3. Germaniýanyň SSSR bilen ýakynlaşmagynyň sebäplerini gür- rüň beriň. 4. 1939-njy ýylyň awgustyndaky birek-biregiň üstüne çozmazlyk hakyndaky şertnamanyň we gizlin sowet-german ylalaşyklary- nyň şertlerini düşündiriň.

§3. Ikinji jahan ursunyň baslanmagy

Birinji jahan urşunyň jemini jemlän Wersal- -Waşington şertnamalar ulgamynyň diňe ýeňen döwletleriň bähbitlerini göz öňünde tutmagy, ýeňlenleriň özlerini kemsidilen hasaplamagy ahmyrçyl faşistleri göreş meýdanyna getirdi. Germaniýada faşistleriň häkimiýet başyna gelmegi bilen uruş döwlet syýasatyna öwrüldi. Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň dünýä kartasyny öz ýurtlarynyň bähbitlerine özgertmek islegleri, Beýik Britaniýa, Fransiýa, ABŞ ýaly ýurtlaryň dünýäniň öňki ýagdaýyny saklamaga synanyşmaklary netijesinde dörän gapma-garşylyklar Ikinji jahan urşuna getirdi. Parahatçylygy söýüji demokratik döwletler we dünýä jemgyýetçiligi urşa garşy agzybir göreşi gurap bilmediler. Germaniýanyň Polşanyň üstüne çozmagy. Urşuň başlanmagy. 1939-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda daňdan

19 IKINJI JAHAN URSY. 1939-1941 ýý. HARBY HEREKK1’LER

kartadaky Kyatfalta ISLAKDIÝA MD.-NIDERLANDIÝA1V A BLG.-BKLGIÝA L.-LYUKSEMRUR(i J______

I S F A K I t A p TA Llt A

MAROKKO

KMMtik b«v>wl*ll*r (0*rmaai)r« oiiAYtK oefizi » * Italiya) h»iri-

U jahaa urs> ba»la«yaiKa (l939y. l nji oktyabryna c*«ll)b»»vbal)jylar tarapyi«1»a ba»ylyp al»aa dOwletler » » WrritoriýaUr

tU-otialyfylykly co(»»a » » » a r bolaa d«wl«tl*r Iwm dr 1.1X.1MÖ> ba.lap lAlts Kosualaryatn l*»«iirgaryk 22.VI.IMI >.e««li baaylypalma* y»ri«M Afnkadaky hojuailvrialA ognrlary

11M0-1M1 r f - aem<-» awiaaiýaayayft inlä» aHharlarlnl boaiba laina Ky

Kraasiyanyň baaylyp alaan yerleriain aarhatlart

. KawsUk ifo^unlaryn SSŞK-lfi aerbetleri Z2.Vl.liMl ý. boyuaea barildi hojnml-nnlft uifurlar) Daaary yurtlaryfl aarkatlari 1.111.193« y boyuaea brrildl

4 sagat 45 minutda Germaniýa urus yglan etmezden Polşanyň üstüne çozdy. Beýik Britaniýa we Fransiýa 3-nji sentýabrda Polşany goldap, Germaniýa garşy uruş yglan etdiler. Ikinji jahan urşy başlandy. 20 Polşanyň halky basybalyjylara garşy, ýurdunyň garaşsyzlygy ugrunda gahrymanlarça göreşdi. Güýçleriň deň däldigi sebäpli, iki hepdede - 12-nji sentýabra çenli polýak goşunlarynyň guramaçylykly garşylygy syndyryldy. 16-njy sentýabrda Polşanyň paýtagty Warşawa german goşunlary tarapyndan gabaldy. 1939-njy ýylyň sowet-german gizlin ylalasygy boýunça Polşa bu iki döwletiň arasynda paýlasylmalydy (seret: §2). Germaniýanyň daşary işler ministri Ribbentrop SSSR-e haýal etmän Polşa goşun girizmegi teklip etdi. 17-nji sentýabrda polýak hökümeti ýurduny taşlap gaçdy. Şol gün hem SSSR Polşa goşun girizdi. 1939-njy ýylyň 28- -nji sentýabrynda Moskwada « we serhetler hakynda» sowet-german şertnamasyna gol çekildi. Şertnama laýyklykda Günbatar Ukraina we Günbatar Belorussiýa SSSR-e birleşdirildi. Şeýlelikde, Polşanyň özbaşdaklygy ýok edildi we onuň ýerleri Germaniýa we SSSR tarapyndan paýlaşyldy. Beýik Britaniýa we Fransiýa Germaniýa garşy resmi uruş yglan etseler-de, hiç-hili harby hereketleri alyp barmadylar. Olaryň Germaniýa garşy uruş yglan edip, urşa iş ýüzünde goşulmazlygyny fransuz žurnalistleri «geň uruş» diýip atlandyrdylar. SSSR-iň harby hereketleri. SSSR sowet-german gizlin ylalaşygy boýunça hereket edip, Estoniýa, Latwiýa we Litwa döwletlerini öz howandarlygyna almak bahanasy bilen ol ýurtlara goşunyny girizdi. 1939-njy Ýylyň 5-nji oktýabrynda SSSR Finlýandiýadan Leningradyň (häzirki Sankt-Peterburg) golaýyndan geçýän dowlet serhedini birnäçe kilometr yza çekmegi talap etdi. Finlýandiýa SSSR-iň talabyny kanagat- landyrmady. 21 1939-njy ýylyň 30-njy noýabrynda SSSR Finlýandiýa garşy urşa başlady. Finler watanyny gahrymanlarea gorady. Finlýandiýany Beýik Britaniýa hem, Fransiýa hem goldady. Hatda olar SSSR-e garşy urşa başlamagy hem ara alyp maslahatlaşdylar. SSSR- -iň halkara abraýy peseldi. «Gyş urşy» adyny alan bu uruş 105 gün dowam etdi. 1940-njy ýylyň 12-nji martynda sowet-fin şertnamasy baglaşyldy. Finlýandiýanyň birnäçe ýerleri SSSR tarapyndan eýelenildi. Sowet-german gizlin ylalaşyklaryna bil baglap, SSSR Latwiýa, Litwa, Estoniýa döwletlerine zor salyp başlady. Baltikaýaka ýurtlaryndaky Sowet goşun bölümleriniň sany artdyryldy. Baltikaýaka döwletleriniň baştutanlary aýrylyp, häkimiýet başyna kommunistler getirildi. Bu wakalar «rewolýusiýa» diýlip atlandyryldy. 1940-njy ýylyň iýul—awgust aýlarynda şol döwletler SSSR-iň düzümine girizildi. 1940-njy ýylyň 26-njy iýunynda SSSR-iň goşuny Bessarabiýa we Demirgazyk Bukowina girizilip, şol ýerde hem Moldawiýa Sowet Sosialistik Respub- likasynyň döredilendigi (MSSR) jar edildi. Şeýlelikde, SSSR Germaniýa bilen gizlin ylalaşyklarda özüne berlen Gündogar Ýewropa ýurtlaryny eýeledi. Günbatardaky harby hereketler. Germaniýa Polşany basyp alandan soň 1940-njy ýylyň ýazynda Günbatarda uruş hereketlerine başlady. 01 ilki Daniýa we Norwegiýa garşy uruş alyp bardy. Daniýanyň koroly duşmana garşylyk görkezmezlik barada öz goşunlaryna buýruk berip, dessine boýun egdi. Norwegiýada german goşunlary güýçli garşylyga duçar boldular. Beýik Britaniýa we Fransiýa Norwegiýany goldap goşun iberdiler. Emma duşman güýçli bolup, Norwegiýa 50 günüň dowamynda basylyp alyndy. 22 Germaniýa 1940-njy ýylyň 10-njy maýynda Gollandiýa, Belgiýa, Fransiýa garşy urşa başlady. Beýik Britaniýanyň hökümet ýolbaşeysy N.Çemberlen basybalyjyny «köşeşdirmek» syýasatynyň gutarnykly puja çykandygyna göz ýetirip, wezipesinden boşadylmagyny haýyş etdi. Şondan soň U.Çerçiliň (1874- -1965) ýolbaşçylygynda täze hökümet düzüldi. Onuň hökümeti Germaniýa garşy urşa taýýarlyk işlerini güýçlendirdi. Germaniýa garsy uzak durup bilmän, 14-nji maýda Gollandiýa, 28-nji maýda bolsa Belgiýa uruşda ýeňlendigini boýun aldylar. Fransiýanyň demir- gazygyndaky 340 müň adamly iňlis-fransuz goşunynyň daşy gabaldy, olaryň bir bölegi gahrymanlarça wepat boldy, galany Beýik Britaniýa gaçdy. Italiýa Germaniýanyň tarapynda durup, Beýik Britaniýa we Fransiýa garşy urşa goşuldy. 1940-njy ýylyň 14-nji iýunynda hiç-hili söweşsiz taşlanylyp gidilen Pariži german goşunlary eýeledi. Fransiýanyň üçden iki bölegi we şol sanda Pariž Germaniýa tarapyndan eýelendi. Wişi şäherindäki fransuz hökümeti German faşistlerine ägirt uly tölegler tölemäge mejbur edildi. Bu hökümete Peten ýolbaşçylyk edýärdi. Peten Germaniýanyň ähli talaplaryny berjaý etdi. Fransiýa uruşda ýeňilse-de, fransuz halkynyň garşylygyny doly basyp ýatyrmak faşistlere başartmady. Fransuz halkynyň faşistlere garşy göreşine «Azat Fransiýa» atly watançy gurama ýolbaşçylyk edýärdi. General Şarl de Golluň ýolbaşçylygyndaky bu gurama Beýik Britaniýada ýerleşipdi. Faşistik Germaniýa Fransiýany ýeňenden soňra ähli güýji bilen Beýik Britaniýa garşy howa hüjümine başlady. 0 1 1940-njy ýylyň iýulyndan başlap güýze çenli 23 dowam etdi. Howa çozuşyna 2,5 müň çemesi german harby uçarlary gatnaşdy. Beýik Britaniýanyň ençeme şäherleri tozduryldy. Emma Beýik Britaniýa Germaniýanyň öňünde dyza çökmedi. ABŞ urşuň başynda bitaraplygyny jar etse-de, indi faşizme garşy göreşýän güýçleri goldap başlady. 1941- -nji ýylyň mart aýynda amerikan kongresi lend-liza baradaky kanuny tassyklady. Oňa laýyklykda ABŞ faşizme garşy göreşýän döwletlere ýaraglary we enjamlary karzyna ýa-da kärendesine bermäge borçlanýardy. Emma ol entek Ýewropadaky uruş hereketlerine goşulmaýardy. Afrikada we Ortaýer deňzi sebitindäki uruş. Afrikada uruş hereketleri, esasan, iňlis we italýan goşunlarynyň arasynda alnyp baryldy. Somaliniň bir bölegi we Liwiýa Italiýanyň gol astyndady. Hut şol ýerlerde italýan goşuny urşa taýýarlanyp, 1940-njy ýylyň sentýabrynda Müsüri, Sues kanalynyň sebitini, Sudany we Keniýany eýelemäge synanyşdy. Synanyşyk şowsuz gutardy. Iňlisler italýanlara garşy ýerli halky ulanyp, ýeňiş gazandylar. Afrikada Sues kanaly sebitini basyp almak maksady bilen Germaniýa italýan goşunlaryna kömege geldi. Emma german-italýan bileleşigi Sues kanalynyň sebitini basyp alyp bilmedi. Balkanlardaky uruş. Balkanlardaky uruş Italiýanyň Gresiýa garşy ursa başlamagy bilen tutaşdy. Gresiýanyň watançylaryna iňlis goşuny kömege geldi. 1941-nji ýylyň aprel aýynda Germaniýa hem Bolgariýanyň üsti bilen Ýugoslawiýa we Gresiýa garşy urşa başlady, şol aýda olaryň ikisini-de boýun egdirdi. Şeýlelikde, 1941-nji ýylyň ýazynda Ýewropa tutuşlygyna diýen ýaly Germaniýa tarapyndan eýelendi. 24 Soraglar we ýumuşlar 1. Birinji we ikinji jahan uruşlarynyň başlanmagynyň sebäplerini deňeşdiriň. 2. Ikinji jahan urşy haçan we nähili başlandy? 3. Näme üçin Polşa Germaniýanyň we SSSR-iň arasynda paýlaşyldy? 4. «Gyş urşy» barada gürrüň beriň. 5. Germaniýa Fransiýany haçan basyp aldy? 6. Afrikadaky, Ortaýer deňzi sebitindäki we Balkanlardaky uruş hereketlerini karta boýunça düşündiriň.

§4. Germaniýanyň SSSR-iň ustiine çozmagy

Germaniýanyň SSSR-e garşy urşa taýýarlygy. Germaniýa ikinji jahan urşunyň başynda SSSR bilen ýakynlaşypdy. Emma SSSR-e garşy uruşmak niýetinden hiç wagt el çekmändi. Gitler Sowet ýolbaşçylaryny arkaýynlaşdyrmak we SSSR-e garşy çozuşy mümkin boldugyea gizlin alyp barmak isläpdi. Germaniýa 1940-njy ýylyň ahyrlaryndan başlap, SSSR-e garşy urşa taýýarlanýar. Gitleriň buýrugy bilen german harby ýolbaşçylary SSSR-iň üstüne çozmagyň anyk meýilnamasyny işläp düzdüler. Oňa şertli «Barbarossa meýilnamasy» diýlip at berildi. Oňa laýyklykda Germaniýa SSSR-i 1941-nji ýylyň güýzüne çenli doly basyp almalydy. Uruş «ýyldyrym çaltlygynda» bolmalydy. Germaniýanyň urşa taýýarlygy gaty ýokarydy. 1941-nji ýylyň ortalaryna çenli Germaniýa we Italiýa Yewropanyň 12 döwletini basyp alypdy. Ýewropanyň ilaty we çig mal gorlary Germaniýa tarapyndan täze basybalyjylykly uruşlar üçin ulanylýardy. Germaniýa 1941-nji ýylyň başyndan baslap, öz goşunlaryny SSSR-iň serhetlerine ýakyn getirip başlady.

25 Germaniýa özünde bar bolan 7 mln 250 müň esgeriniň 80 %-ini SSSR-e garşy urşa gönükdirdi. 01 190 diwiziýasyny SSSR-e garşy taýýarlapdy. Germaniýanyň öz tarapdarlary bilen bilelikde SSSR-e garşy iberen 5,5 mln adamly goşuny uruşlarda taplanan, tejribeli esgerlerden düzülipdi. Ýewropadaky uruşlarda ýeňilmänsoň, olaryň söweşjeň ruhlary belentdi. SSSR-iň urşa taýýarlygy. SSSR-de urşuň öňüsyrasyndaky köpçülikleýin jezalandyryş syýasatynyň dowamynda tejribeli harby serkerdeleriň aglabasy jezalandyrylypdy. Bu ýagdaý Gyzyl Goşunyň söweşe ukyplylygyny gowşadypdy. Ikinji jahan urşunyň başlanmagy bilen SSSR hem urşa taýýarlygy güýçlendirdi. 1939-njy ýyldan 1941-nji ýylyň iýun aýyna çenli 125 sany täze diwiziýa taýýarlanyldy. Gyzyl Goşunyň sany 5 million adama ýetirildi. Emma Sowet goşunlarynyň ýaraglanyşy gowşakdy. Täze kysymly tanklar, harby uçarlar az öndürilýärdi. SSSR öz düzümine täze girizen ýerlerini goranyşa taýýarlamaga ýetişmändi. Döwlet serhetleri üýtgedilensoň köne serhediň goranyşy gowşadylypdy. Stalin Germaniýanyň SSSR-den bahana tapmagyna ýer goýmajak bolýardy. Habar beriş serişdelerine Germaniýany ýazgarýan habarlary ýaýratmazlyk buýrulypdy. Stalin urşy yza çekmek isläpdi. Çünki SSSR urşa taýýar däldi. Germaniýanyň SSSR-iň üstüne çozmagy. Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy. Germaniýa 1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda daňdan 3 sagat 30 minutda SSSR-e garşy ähtiýalanlyk bilen urşa başlady. German goşunlary «Demirgazyk», «Merkez», «Günorta» atly toparlara bölünip, olaryň hersiniň hereket etmeli ugry kesgitlenildi. «Demirgazyk» bölümi Baltikaýaka döwletlerini eýeläp, Leningrada tarap, «Merkez» topary 26 Smolenskiniň üsti bilen Moskwa tarap, «Günorta» goşun topary Kiýewe tarap hüjüme başladylar. Germa- niýanyň ýaranlary — Rumy- niýa, Wengriýa, Finlýan- diýa, Slowakiýa, Italiýa we Horwatiýa SSSR-e garşy urşa goşuldylar. Nemes gosunlarynyň SSSR-e çozmaly ugurlary SSSR-iň düzüminde ýaşaýan halklar, şol sanda türkmenler hem fasistik basybalyjylara garşy aýaga galdy. Beýik Watançylyk urşy başlandy. Germaniýa çozandan soň Sowet Soýuzy adalatly, azat edijilik, watançylyk urşuny alyp barýardy. Gitlerçi Germaniýa tarapyndan alnyp barylýan uruş basybalyjylyklydy, adalatsyz uruşdy. Urşuň ilkinji günlerinde sowet goşunlary uly ýitgiler bilen yza çekildiler. Ilkinji üç hepdäniň dowamynda nemes goşunlary SSSR-iň 350-600 km çemesi jümmüşine aralaşdylar. Germaniýa gysga wagtda Latwiýany, Litwany, Estoniýanyň günorta bölegini, Sagkenar Ukrainany basyp aldy. 170 sowet diwiziýasynyň 28-si doly ýok edildi. Galany hem uly ýitgilere sezewar boldy. Döwlet Goranmak Komitetiniň döredilmegi. 1941- ■nji ýylyň 31-nji iýunynda Döwlet Goranmak Komiteti döredildi. Oňa I.W.Stalin başlyklyk etdi. 01 ähli döwlet, harby, partiýa häkimiýetlerini öz elinde jemledi. 1941- ~nji ýylyň 3-nji iýulynda Stalin radio arkaly halka yüzlendi. Onda duşmanyň ýurduň içine çuň aralasandygyny habar berdi we halky basybalyjylara berk gaýtawul bermäge çagyrdy. Staliniň ýüzlenmesini «Doganlar!» diýip başlamagy bolsa halkyň watançylyk ruhuny göterdi. «Stalin üçin!» diýip urusýanlar köpeldi. 27 Ykdysadyýetiň harby ugra gönükdirilmegi. Urşuň ilkinji günlerinden başlap ykdysadyýeti harby ugra gönükdirmek başlandy. «Ähli zat front üçin, ähli zat ýeňiş üçin!» diýen görkezme baş şygar boldy. SSSR-iň ähli maddy, maliýe, zähmet serişdeleri, ilkinji nobatda, fronty üpjün etmäge gönükdirildi. Adaty önümleri öndürýän senagat kärhanalarynyň mümkin bolany harby önümçilige gönükdirildi. Zähmet düzgün- -nyzamy harbylaşdyryldy. Ýurduň Günbatar böleginden 10 mln adam we 1,5 miiň senagat kärhanasy göçürilip, howpsuz sebitlere, şol sanda Türkmenistana geçirildi. Sowet-german frontundaky ýagdaý. 1941-nji ýylyň güýzünde Germaniýanyň SSSR-e garşy gönükdirilen goşun toparynyň 3-üsi hem üstünlikli hereket etdi. Germaniýanyň «Merkez» goşun topary iýunyň ahyrynda Minskini, iýulyň ahyrynda Smolenskini eýeledi. «Günorta» topary Kiýewiň gündogarynda sowet goşunlarynyň uly bölegini ýeňdi. Şu söweşde 700 müňe golaý sowet esgerini ýesir aldylar. Rumyn goşun bölümleri Odessany eýelediler. «Demirgazyk» goşun topary 8-nji sentýabrda Leningradyň daşyny gabady. Şäheriň gahrymançylykly goralyşy başlandy. Moskwanyň etegindäki söweş. Germaniýa Moskwany eýelemäge aýratyn ähmiýet berýärdi. Şonuň üçin Germaniýa harby güýçleriniň üçden iki bölegini Moskwany almaga gönükdirdi. 1941-nji ýylyň noýabrynyň ahyrynda Moskwanyň eteginde duşmanyň hüjümi saklanylyp, eýýäm 5-6-njy dekabrda sowet goşunlary garşylyklaýyn hüjüme geçdiler. Şol hüjüm netijesinde nemes goşuny Ikinji jahan urşy başlaly bäri ilkinji uly ýeňlişe sezewar boldy. Bu söweş nemes goşunynyň ýeňilmezligi baradaky toslamalary ýalana çykardy. Ýeňişli söweş halkyň we 28 esgerleriň ruhuny göterdi. 01 Germaniýanyň «ýyldyrym çaltlygyndaky uruş» meýilnamasyny puja çykardy. Dünýäde faşizme garşy göreşýän güýçleriň ýeňşe ynamyny güýçlendirdi. Şeýlelikde, nemesleriň Moskwany eýelemek baradaky meýilleri puja çykaryldy.

Soraglar we ýumuşlar 1 . Germaniýanyň we SSSR-iň urşa taýýarlygyny deňeşdiriň. 2. Urşuň başynda sowet goşunlarynyň ýeňilmeginiň we yza çekil- meginiň sebäplerini düşündiriň. 3. Ykdysadyýetiň harby ugra gönükdirilmegi diýip nämä düşünýär- siňiz? 4. Gitler näme üçin Moskwany basyp almaga aýratyn üns berdikä? 5. Moskwanyň etegindäki söweşde sowet goşunlarynyň ýeňşiniň ähmiýetini düşündiriň.

§5. Ýuwaş okeanynda urşuň baslanmagy. Faşizme garşy bileleşigiň döremegi

Uzak Gündogarda Ýaponiýa köpden bäri urşa taýýarlanýardy. Ýaponiýa 1931-nji ýylda Mançžuriýany basyp alandan soňra, 1937-nji ýylyň iýulyndan başlap, Hytaýa garşy uruş alyp baryp, Ikinji jahan urşy baslanýança, onuň uly bölegini eýeläpdi. Basylyp alnan Hytaý ýerlerinden we Ýaponiýa bakna bolan Koreýadan gelýän peýdanyň hasabyna ýaraglanyşygy güýçlen- dirýärdi. Ikinji jahan urşy başlanandan soň Ýaponiýa Yewropadaky dawalara gosulmajakdygyny jar etdi. Emma Fransiýanyň uruşda ýeňilmegi bilen Ýaponiýa onuň Aziýadaky eýeçiliklerini basyp almaga girisdi. 1940-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Fransiýanyň Hindi- -Hytaý ýarymadasyndaky bakna ýurtlaryna gosun girizdi. Yaponiýa SSSR-e garşy urşa uzak wagtlap taýýarlandy. 01 taýýarlygy gizlin saklamak üçin SSSR-e 29 birek-biregiň üstüne çozmazlyk hakynda şertnama baglaşmagy teklip etdi. Sowet-ýapon gepleşikleri geçirilip, 1941-nji ýylyň 13-nji aprelinde birek-biregiň üstüne çozmazlyk hakynda şertnama baglaşyldy. Berlinde geçirilen ýapon-german gepleşiklerinde (1941- -nji ýylyň mart—aprel aýlary) Ýaponiýa Germaniýanyň SSSR-e garşy urşuna goşulmaga-da razylaşdy. Ýapon-amerikan gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegi. 1941-nji ýylyň ýazynda ýapon-amerikan gapma- -garşylyklary barha ýitileşdi. Ýaponiýanyň Indoneziýada täsiriniň güýçlenmegine ABŞ-nyň garşy bolmagy ýapon- -amerikan dawalaryny ýene-de güýçlendirdi. Ýaponiýa urşa taýýarlygyny gizlemek we wagt utmak üçin ABŞ bilen gepleşikleri geçirmegi teklip etdi. 1941-nji ýylyň martynda Waşingtonda ýapon- -amerikan gepleşikleri başlandy. Gepleşiklerde ABŞ Ýaponiýanyň talaplarynyň esasy bölegi bilen razylaşdy, hatda Hytaýy eýelemegine-de garşy bolman, ony köşeşdirjek boldy. Emma Ýaponiýa ABŞ-a garşy uruşmak kararyna gelipdi. Ýaponiýanyň urşa goşulmagy. 1941-nji ýylyň 2-nji iýulynda Ýaponiýanyň döwlet we harby ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda uly maslahat geçirildi. Onda Ýaponiýanyň urşa goşulmak meselesine seredildi. Maslahatda ABŞ we Beýik Britaniýa garşy urşa başlamak we Hindistana çenli Aziýa ýurtlaryny basyp almak karar edildi. Ýaponiýa bu döwre çenli Hytaýyň esasy bölegini we Fransiýanyň bakna ýurtlary bolan Wýetnamy, Laosy, Kambojany eýeläpdi. 1941-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Ýaponiýa ABŞ-nyň Gawaý adalaryndaky harby güýçleriniň (Pýorl-Harbor bazasynyň) üstüne duýdansyz çozup, urşa başlady. Ýaponiýanyň 360 sany harby uçary ABŞ-nyň harby 30 bazasynyň üstüne çozuş gurap, ilkinji söweşde amerikanlaryň bu ýerdäki harby flotuny doly diýen ýaly hatardan çykardy. Yzysüre ýaponlar Günorta Hytaý deňzinde ýerleşen iňlis harby gämileriniň birnäçesini gark etdiler. Ýapon basybalyjylary Tailanda hem-de iňlislere bakna bolan Malaýziýa we Mýanma (öňki Birma) garşy çozuşa başlaýarlar. ABŞ we Beýik BritaniýaÝaponiýa garşy uruş yglan etdiler. Germaniýa we Italiýa hem ABŞ-a garşy urşa girişdi. Ýuwaş okeanynda uruş başlandy. Ýapon goşunlary tiz hem duýdansyz hereket edip, urşuň başynda uly üstünlikler gazandylar. Ýuwaş okeany sebitindäki urşuň ilkinji günlerinde Ýaponiýa häzirki Filippinleri, Malaýziýany, Mýanmany (Birmany), Tailandy, Indoneziýany eýeledi. Wýetnam, Laos, Kamboja we Hytaýyň köp ýerleri Ýaponiýanyň gol astyndady. Şeýlelikde,Ýaponiýanyň basyp alan ýerleri Günortada täze Gwineýadan başlap, Demirgazykda Aleut adalaryna çenli, Günbatarda Hindistandan başlap, Gündogarda Marşal adalaryna çenli ýaýrap, gaty giňäpdi. Hatda basyp alan ýerleri boýunça Ýaponiýa Germaniýadan hem öňe geçipdi. Ýaponiýanyň basyp alan ýerleriniň ilaty hem Germaniýanyň eýelän ýerleriniň ilatyndan köpdi. Uzak wagtlap uruş alyp barmaga Ýaponiýanyň ykdysady mümkinçiligi ýokdy. Eýýäm 1942-nji ýylyň ortalaryndan başlap, Ýaponiýanyň hüjümi saklandy. 1942-nji ýylyň 4-8-nji maýynda Koral deňzindäki söweşi, 1942-nji ýylyň 4-6-njy iýunyndaky Midueý adalaryna Ýaponiýanyň hüjümi şowsuz gutarýar. Şundan soňraky söweşlerde ruhy rüstemlik we harby artykmaçlyk amerikan-iňlis goşunlarynyň tarapynda bolup, Ýaponiýa goranyşa geçmäge mejbur boldy. Ýuwaş okeanyndaky 31 urşuň hem Günbatardaky ýaly uzak dowam etjekdigi aýan boldy. Wagt bolsa ýaponlaryň garşydaşlarynyň hasabyna işleýärdi. Faşizme garşy harby bileleşigiň emele gelmegi. Germaniýa we onuň ýaranlarynyň SSSR-iň üstüne çozmagy, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň garşysyna urşa başlamagy, Germaniýanyň hem-de Italiýanyň ABŞ-nyň garşysyna uruş yglan etmekleri, faşizme we basybalyjylara garşy göreşýän güýçleriň bir bütewi frontunyň döremegine getirdi. Faşizme garşy göreşýän ýurtlar bolan Beýik Britaniýa, ABŞ we SSSR barha ýakynlaşyp başladylar. 1941-nji ýylyň awgustynda Kanadanyň Atlantika kenarýakasynda F.Ruzwelt we U.Çerçil Atlantika ylalaşygyny baglaşdylar. Olar basybalyjylara garşy bilelikde göreşmegi, dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde arkalaşmagy, basyp alyşlardan ýüz öwürmegi, basylyp alnan ýurtlaryň özbaşdaklygyny dikeltmek ugrunda bileleşip göresmegi wadalaşdylar. Atlantika ylalaşygyna soňra Sowet Soýuzy hem goşuldy. 1941-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda faşizme garşy göreşýän üç esasy döwletiň — SSSR-iň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň arasynda ilkinji üçtaraplaýyn şertnama baglaşyldy. ABŞ we Beýik Britaniýa SSSR-e azyk we ýarag kömegini bermäge söz berdiler. Söz berlen harby kömegiň ilkinji tapgyry — tanklar we harby uçarlar eýýäm Moskwa söweşine ýetişdi. Germaniýa Eýrany öz tarapynda urşa goşmaga hyýallanýardy. Eger bu iş başa barmasa, Eýranda döwlet agdarylyşygyny geçirip, soňra Eýranyň ýerlerini öz harby maksatlary üçin ulanmakçydy. Beýik Britaniýa we SSSR Germaniýanyň bu niýetini duýup, şa hökümetinden faşistik howpy ýok etmegi talap etdiler. 32 Eýran Germaniýa bilen ýakynlasmagyny bes etmänsoň, 1941-n ji ýylyň 25-nji awgustynda sowet we iňlis goşunlary Eýrana girizildi. 1942-nji ýylyň ýanwarynda iňlis-sowet-eýran şertnamasy baglasylyp, SSSR we Beýik Britaniýa Eýrany fasistik howpdan gorap saklamaga söz berdiler. Eýran hem olara öz ýerlerini we harby desgalaryny ulanmaga rugsat berdi. SSSR-iň we Beýik Britaniýanyň Eýrana gosun girizmegi eýran we türkmen halklary üçin hem bähbitli boldy. Çünki Germaniýa Eýranyň üsti bilen SSSR-e eozmagy-da niýet edinýärdi. Şeýle bolanda Türkmenistanyň hem urus alnyp barylýan ýere öwrülmegi mümkindi. 1941-nji ýylyň noýabrynda ABŞ öz harby tehnikasyny, ýaraglaryny SSSR-e lend-liza boýunça bermek hakynda karar etdi. ABŞ SSSR-e bir milliard dollar möçberinde karz pul hem berdi. ABŞ we Beýik Britaniýa 1941-nji ýylyň noýabryndan başlap, Murmansk, Arhangelsk portlarynyň, Uzak Gündogaryň we Eýranyň üsti bilen harby kömeklerini berip başlady. Şeýdip üç döwletiň — ABŞ-nyň, SSSR-iň we Beýik Britaniýanyň syýasy bilelesigi döredi. 1942-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda 26 sany döwlet faşizme garşy Birlesen milletleriň Jarnamasyna gol goýdular. Bu Jarnama fasistik basybalyjylara garşy dünýä bilelesiginiň emele gelendigini görkezýärdi.

Soraglar we ýumuşlar 1. Yaponiýanyň basybalyjylykly daşary syýasatynyň sebäplerini düşündiriň. 2. Yaponiýa näme üçin Germaniýa bilen ýakynlaşdy? 3. Uzak Gündogarda ýapon-amerikan garşylyklarynyň ýitileşme- giniň sebäplerini düşündiriň. 4. Yuwaş okeanynda uruş haçan we nähili başlandy? 3- Sargyt M 693. 5. Ýaponiýanyň basyp alan we baknalyga öwren ýurtlaryny karta- dan görkeziň. 6. Faşizme garşy bitewi front nähili döredi? 7. SSSR-iň we Beýik Britaniýanyň Eýrana goşun girizmeginiň sebäplerini düşündiriň. 8. Uruş döwründe ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň SSSR-e beren kömegi barada gürrüň beriň.

§6. Ikinji jahan ursunyň barsynda beýik öwrülisik

Ýaraglanyşykda öwrülişik. Häzirki zaman urşunda ýeňiş, köplenç, ýaraga, onuň netijeli ulanylyşyna bagly. Ýaraglaryň we beýleki harby tehnikalaryň öndürilişinde 1942-nji ýylda uly öwrülişik bolup geedi. Şol ýyl ABŞ, Beýik Britaniýa we SSSR tanklary we harby uçarlary öndürmek boýunça Germaniýadan ep-esli öňe geediler. Germaniýa we onuň ýaranlarynyň harby önümçilik babatda garşydaşlaryndan ep-esli yza galmagy urşuň barşynda beýik öwrülişigiň baslanmagyna getirdi. Ursuň barsynda beýik öwrülişik. Urusda beýik öwrülisik Ýuwaş okeanynda başlandy. 1942-nji ýylyň iýun aýynda Midueý adasynyň alkymynda amerikanlar ýaponlar bilen bolan gazaply söweşde ýeňiş gazandylar. Söweşde Ýaponiýanyň floty uly ýitgiler çekdi. Şu söweşden soňra Ýaponiýa deňizde agalyk etmegini ýitirdi we hiç wagt özüni dürsär ýaly bolmady. Ýaponiýa Ýuwas okeany sebitindäki urusda goranysa geçmäge mejbur boldy. Iňlis goşunlary general B.L.Montgomeriň ýolbaşçylygynda Demirgazyk Afrikada 1942-nji ýylyň oktýabrynda italýan-german gosunlaryny derbi-dagyn etdiler. 1942-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Duaýt Eýzenhaueriň ýolbaşçylygynda amerikan goşunlary 34 Demirgazyk Afrika düsürildi. Olar iňlisler bilen sazlaşykly hereket edip, 1943-nji ýylyň 13-nji maýynda italýan-german gosunlarynyň garsylygyny syndyrdylar. Emma urşuň ykbaly Gündogar frontda çözülýärdi. 01 frontda beýik öwrülisik Stalingradda baslandy. Stalingrad söwesi. 1942-nji ýylyň tomsundan baslap Germaniýa Stalingrady (häzirki Wolgograd) eýelemäge aýratyn üns berdi. Bu wezipe general fon Paulýus tarapyndan baştutanlyk edilýän saýlama 6-njy goşun birikmesine ynanylypdy. Bu ýerde Germaniýanyň goşunlary san taýdan-da, harby uçarlarynyň sany babatda hem sowet gosunlaryndan artykmaçdy. Emma olara Stalingrady gysga wagtda eýelemek başartmady. 1942-nji ýylyň 28-nji iýulynda Staliniň 227-nji belgili buýrugy sowet esgerleriniň ähli harby bölümlerinde okaldy. Bu buýruk gaty gysgady: «Ýekeje ädim yza ýol ýok!». Gitler bolsa öz gosunlaryna nähili-de bolsa Stalingrady eýelemegi buýurdy. 1942-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda nemes goşunlarynyň Stalingrad säherine eozuşy baslandy. Her köçe, her jaý ugrunda aldym-berdimli söwesler boldy. Diňe Stalingradyň demirýol wokzaly üein iki hepde urus boldy. 01 13 gezek elden-ele geedi. Şäher ugrundaky söweşler iki aý eemesi dowam etdi. 1942-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Stalingradyň eteginde sowet gosunlary garsylyklaýyn hüjüme geçdiler. 1943-nji ýylyň 2-nji fewralyna eenli nemes gosunlary ýeňlip, fon Paulýusyň ýolbaseylygyndaky saýlama 6-njy goşun birikmesi tutuslygyna ýesir düsdi. Faşistik basybalyjylar iiein Kawkaz ugrundaky söweşler hem sowsuz gutardy. 1943-nji ýylyň iýulynda Germaniýa 500 kilometr uzap gidýän Kursk sebitinde hüjüme geçdi. Söwesde nemes basybalyjylary uly ýeňlise 35 sezewar edildi. Stalingrad we Kursk söweslerindäki SSSR-iň ýeňisleri diňe bir sowet-german frontunda däl, eýsem Ikinji jahan urşunyň gidisinde düýpli öwrülisik hökmünde taryha girdi. Italýan fasizminiň synmagy. 1942-nji ýylyň ahyrlaryndan baslap, faşistik Italiýanyň gosunlary ähli söweşlerde diýen ýaly ýeňildi. Ýurduň ykdysadyýeti çöküp, aelyk başlandy. Faşistik düzgünden närazylyk güýçlenip, uruşdan çykmagy talap edýänler köpeldi. Şeýle ykdysady, syýasy dartgynlylyk döwri, ABŞ we Beýik Britaniýa Germaniýanyň Ýewropadaky baş ýaranyny — Italiýany uruşdan çykarmagy karar etdiler. 1943-nji ýylyň 10-njy iýul gijesi Italiýanyň Sisiliýa adasyna iňlis-amerikan gosunlary düşürildi we olar harby herekete başladylar. Italiýanyň döwlet ýolbaşçylary aljyradylar. Mussolini Gitlerden kömek sorady. Kursk söwesi gidýän mahaly Gitler Italiýa kömek berip biljek däldi. Italiýanyň koroly Mussolinini hökümet baştutany wezipesinden boşatdy we ony tussag etdi. Täze hökümete marşal Pýetro Badalýo ýolbaşçy bellendi. Marşal Badalýo faşistik partiýany dargatdy. 01 Germaniýa bilen gepleşikler geçirip, harby bileleşikden Italiýanyň çykarylmagyny haýyş etdi. Muňa jogap edip, Germaniýa Italiýadaky goşunynyň sanyny artdyrdy. Faşistik Germaniýa bilen üzül-kesil arany açmak üçin Badalýonyň hökümeti indi ABŞ we Beýik Britaniýa bilen gepleşiklere başlady. 1943-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Italiýanyň urusdan eykýandygy baradaky ylalasyga gol eekildi. Mussolininiň agdarylmagy, Italiýanyň urusdan eykmagy Gitler üein has agyr ýitgidi. 01 Italiýany basyp almaklygy, Mussolinini bendilikden azat etmekligi buýrupdyr. Germaniýanyň goşunlary Demirgazyk we

36 Merkezi Italiýany basyp aldylar. Basylyp alnan ýerlerde bendilikden azat edilen Mussolininiň ýolbaşeylygynda faşistik Germaniýanyň yzyna eýerýän döwlet döredildi. Germaniýa ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň gosunlarynyň Italiýanyň demirgazygyna tarap hereketini wagtlaýynça saklamagy başardy. Badalýonyň hökümeti Germaniýa garşy uruş yglan etdi. Italiýadaky wakalar faşistik toparlanyşygyň dargap başlandygynyň şaýadydyr. Tähran maslahaty. Urşuň gidişinde harby babatda artykmaçlygyň SSSR-iň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň tarapyna geçmegi bilen, bilelesigiň döwlet ýolbaşçylary ýokary derejede duşuşyk guramak barada ylalaşdylar. Duşuşyk Tähranda I.Staliniň, F.Ruzweltiň, U.Çerçiliň gatnaşmagynda 1943-nji ýylyň 28-nji noýabry — 1-nji dekabry aralygynda bolup geçdi. Maslahatda 1944-nji ýylda Fransiýanyň demir- gazygyna amerikan-iňlis goşunlarynyň düşürilmegi — ikinji frontuň açylmagy barada, 1944-nji ýylda harby hereketleri utgaşykly alyp barmak barada ylalaşdylar. Germaniýanyň, Polşanyň uruş gutarandan soňky ykbaly barada maslahatlaş- dylar. Maslahatda SSSR Germaniýa ýeň- lenden soň Ýaponiýa garşy ursa goşulmaga söz berdi. ABŞ we Beýik Britaniýa SSSR- -iň Ýewropada eýelemek islän ýerlerini bermäge razylaşdylar. I.Stalin, F.Ruzwelt, U.Çerçil Tähran maslahatynda 37 Soraglar we ýumuşlar 1. 1942-nji ýylda ýaraglanyşykdaky bolan öwrülişik barada aýdyp beriň. 2. Urşuň barşynda beýik öwrülişigi alamatlandyran söweşler bara- da gürrüň beriň. 3. Italiýada Mussolininiň faşistik düzgüni nähili syndyryldy? 4. Maslahat näme üçin Tähranda geçirildikä? 5. Tähran maslahatynda haýsy meselelere seredildi?

§7. Germaniýanyň boýun egdirilmegi

Ikinji frontuň açylmagy. 1944-nji ýylyň 6-njy iýunynda, Demirgazyk Fransiýada iňlis-amerikan gosunlary düsürildi. Şol gün taryha ikinji frontuň açylan güni hökmünde girdi. Bir aýyň dowamynda iňlis- -amerikan goşunlarynyň sany 1 mln adama ýetirildi. Faşizme garşy birleşen döwletleriň gosunyna amerikan generaly Duaýt Eýzenhauer umumy ýolbaşçy bellenipdi. Bu goşunyň düzüminde ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň goşunlaryndan başga-da Kanadanyň, Fransiýanyň harby bölümleri-de bardy. Germaniýa ikinji frontuň açyljagyndan habarlydy. Emma goşunyň düşüriljek ýeri we wagty barada dürli ýollar bilen ýalan maglumatlar berlip, Gitler aldawa salnypdy. Germaniýa garşy birleşen ýurtlaryň gosunynyň Fransiýada düşüriljek wagty Gündogarda sowet goşuny hem hüjüme başlap, Germaniýanyň ünsüni özüne çekdi. Şeýlelikde, ikinji frontuň açylmagyna Germaniýa päsgel berip bilmedi. Ikinji frontuň açylmagy, sowet goşunlarynyň aýgytly hüjüme başlamagy Germaniýada uly howsala döretdi. Nemes harby serkerdeleriniň bir topary Gitleri öldürip, urşy bes etmek barada dildüwşik guradylar. 1944-nji ýylyň 20-nji iýulynda german harby serkerdesi

38 Ştaufenberg Gitleriň ýygnak geçirýän jaýynda bomba goýdy. Bomba partlasa-da, garaşylýan netijäni bermedi. Gitler aman galdy. Ikinji frontuň açylmagy bilen Fransiýada faşistlere garsy halk hereketi güýçlendi. Fransuzlaryň özleri birnäçe şäherleri basybalyjylardan azat etdiler. 1944-nji ýylyň 19- -njy awgustynda Parižde halk gozgalaňy başlanyp, iňlis- -amerikan goşunlary gelýänçä şäherden nemes goşunlary kowlup çykaryldy. Fransiýada Wişi hökümeti agdarylyp, general Şarl de Golluň ýolbaseylygynda wagtlaýyn fransuz hökümeti döredildi. 1944-nji ýylyň ahyryna çenli faşizme garşy birleşen döwletleriň gosuny Fransiýany, Belgiýany faşistlerden doly azat etdiler. Olar Germaniýanyň döwlet serhetlerine ýakynlaşdylar. Gyzyl Goşunyň aýgytly hüjümi. Ikinji frontuň açylmagyna garamazdan, Germaniýa we onuň ýaranlary sowet-german frontunda esasy harby güýçlerini - 4 mln esgerini saklamagy dowam etdiler. SSSR-iň gowy ýaraglanan 6,5 mln esgeri Germaniýa garşy uruşýardy. Güýçleriň mynasybeti SSSR-iň peýdasynady. Indi Germaniýanyň ýeňiljekdigi hemmä aýandy. Emma Germaniýa garşylygyny dowam etdirýärdi. 01 özüne garşy birleşen döwletleriň arasynda agzalalygyň başlanmagyna garaşýardy. 1944-nji ýylyň güýzüniň ortalaryna çenli Belorussiýadaky, Baltikaýaka döwletlerdäki, Günbatar Ukrainadaky, Moldowadaky aldym-berdimli söwesler netijesinde SSSR-den basybalyjylar doly kowlup Çykaryldy. 1944-nji ýylda sowet esgerleri SSSR-iň döwlet serhetlerinden geçip, Ýewropa halklaryny faşistik gulçulykdan azat etmäge girişdiler. 1944-nji ýylyň 20- 'nji iýulynda Gyzyl Goşun Polşa girizildi. Polşanyň 39 paýtagty Warşawada 1944-nji ýylyň 1-nji awgustynda fasistlere garsy gozgalaň başlan- dy. Angliýanyň we ABŞ-nyň Stalinden kömek barada eden haýyslaryna garamaz-

Germaniýanyň basyp alan ýurtlarynda dan, SO W et gOŞUnlary okkupasion düzgüni Warşawa gozgalaňçy- laryna kömege barma- dy. Nemes gosunlary bilen gozgalaňçylar tä oktýabryň başyna çenli başa-baş söweşmeli boldular. Polýaklar ýowuz dusmana garşy gahrymançylykly söweşdiler. Stalin gozgalaňyň ýolbaşçylaryny «häkimiýete dalas edýän jenaýatçylaryň üýşmeleňi» hökmünde häsiýetlendiripdi. Gozgalaň ýeňse, Beýik Britaniýanyň täsirindäki adamlar Polsada häkimiýete geler öýdüp, Stalin olara kömek bermändi. 01 urusdan soň SSSR bilen ýakynlaşmagyň tarapdarlary bolan adamlaryň polýak hökümetini düzmegini isleýärdi. 1944-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda faşistler gozgalaňy basyp ýatyrdylar. Warşawa şäheri bolsa weýran edildi. Polşanyň bir bölegini SSSR-iň Gyzyl Goşuny nemes basybalyjy- laryndan azat etdi. Ýugoslawiýada Iosip Broz Tito, Bolgariýada Georgiý Dmitrow, Fransiýada $arl de Goll, Çehoslowakiýada Lýudwig Swoboda faşistik Germaniýa garşy öz halklarynyň milli azat edijilik göreşine baştutanlyk etdiler. Hytaýda Mao Szedun, Hindistanda Mahatma Gandi, Mongoliýada Suhe Bator, Wýetnamda Ho $i Min dagylar urşa garşy çykyş etdiler we öz halkynyň azatlygy ugrunda göreşdiler. 40 Gyzyl Goşun fasistik Germaniýanyň ýaranlary bolan Rumyniýany, Bolgariýany ursy bes etmäge mejbur etdi. Italiýanyň, Finlýandiýanyň, Rumyniýanyň we Bolgariýanyň, soňrak Wengriýanyň uruşdan çykmagy bilen Germaniýa Ýewropada ýaransyz, ýeke galdy. Sowet gosuny 1944-nji ýylyň sentýabrynda Ýugoslawiýa girip, onuň esasy bölegini faşistlerden azat etdi. Sowet goşunlary Wisla bilen Oder derýalarynyň aralygynda duşman bilen aldym-berdimli söweşleri alyp bardy. 1945-nji ýylyň fewral aýynda Gyzyl Goşun Berline tarap ýolda iň soňky tebigy böwet bolan Oder derýasyndan geçmegiň hötdesinden geldi. Iňlis-amerikan goşunlary-da nemes gosunlarynyň hüjümini togtadyp, 1945-nji ýylyň mart aýynda garşylyklaýyn hüjüme geediler. Faşizme garşy birlesen döwletleriň ýolbaşçylarynyň Krym maslahaty. 1945-nji ýylyň 4-11-nji fewraly aralygynda Krymyň Ýalta şäherinde I.Staliniň, F.Ruzweltiň we U.Çerçiliň gatnaşmagynda maslahat boldy. Maslahatda, ilkinji nobatda, Germaniýanyň geljekki ykbaly hakyndaky meselä seredildi. Birleşen döwletleriň ýolbaşçylary faşizmi we Germaniýanyň ýaragly güýçlerini ýok etmek, harby jenaýatçylary bilelikde jezalandyrmak barada ylalaşdylar. Maslahatda Germaniýanyň Gündogar bölegini Sowet Soýuzynyň, Demirgazyk-Günbataryny Beýik Brita- niýanyň, Günorta-Günbataryny ABŞ-nyň goşunlarynyň eýelemegi barada ylalaşyldy. Germaniýa garşy urşa gatnaşan hökmünde Fransiýa-da Germaniýadan paý berildi. Germaniýanyň paýtagty Berlin hem paýlaşyldy. Polşanyň serhetlerini üýtgetmek hakynda-da ylalaşyk gazanyldy. Krym maslahatynda SSSR-iň Ýaponiýa garşy urşa goşulmagy hakyndaky meselä-de seredildi. Germaniýa 41 boýun egdirilenden 2-3 aýdan soňra SSSR-iň Ýaponiýa garşy urşa başlamagy hakynda gizlin ylalaşyk baglaşyldy. Ruzwelt we Çerçil Günorta Sahaliniň we Kuril adalarynyň SSSR-e berilmegi hakyndaky Staliniň talaby bilen razylaşdylar. Üç döwletiň ýolbaşçylary Ýewropada demokratik düzgünli döwletleriň dikeldilmegine bilelikde ýardam bermek hakynda hem ylalaşdylar. Maslahatda Birleşen Milletler guramasyny döretmek hakynda karar kabul edildi. Germaniýanyň doly boýun egdirilmegi. 1945-nji ýylyň ýazynda Günbatardan iňlis-amerikan goşunlary, Gündogardan sowet goşunlary hüjüme başladylar. 1945- -nji ýylyň aprelinde ABŞ-nyň Prezidenti F.Ruzwelt aradan çykdy. Gitler Ruzweltiň ýogalmagy bilen faşizme garşy birleşen döwletleriň agzybirliginiň bozulmagyna garaşdy. Emma beýle bolmady. 1945-nji ýylyň 16-njy aprelinde Gyzyl Goşun Berliniň daşyny gabap, ony eýelemek ugrunda söweşe başlady. Iňlis-amerikan goşunlary Elba derýasyna tarap okgunly hereket etdiler. 1945-nji ýylyň 25-nji aprelinde Elba derýasynyň boýunda amerikan we sowet gosunlary duşuşdylar.

Marsal G.K.Zukow Sowet esgeri Reýhstaga baýdak dikýär Berliniň goralyşyna Gitleriň hut özi ýolbasçylyk etdi. Sowet goşunlarynyň Berlini eýelemek ugrundaky hereketlerine marşal G.K.Žukow baştutanlyk edýärdi. 1945-nji ýylyň 29-njy aprelinde Italiýada Mussolininiň tutulyp, aýylganç jezalandyrylandygyny esiden Gitler hem janyna kast etmek kararyna geldi. Jesedini ýakyp ýok etmekligi wesýet etdi. 30-njy aprelde Gitler öz-özüni atdy. Onuň jesediniň üstüne ýangyç guýup otladylar. 1945-nji ýylyň 2-nji maýynda Berlin Gyzyl Goşun tarapyndan doly eýelendi. Reýhstagyň üstüne gyzyl baýdak dikildi. 1945-nji ýylyň 8-nji maý gijesi Berlinde Germaniýanyň doly boýun egýändigi hakyndaky akta gol çekildi. Ýewropada uruş gutardy. Germaniýa SSSR-iň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň harby wekillerinden düzülen Gözegeilik geňeşi tarapyndan dolandyrylyp baslandy. Potsdam maslahaty. SSSR-iň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň döwlet ýolbaşçylarynyň üçünji maslahaty Berliniň golaýyndaky Potsdam şäherinde 1945-nji ýylyň 17-nji iýulynda başlanyp, 2-nji awgustda tamamlandy. Maslahatda iňlis wekilçiligine ilki Uinston Çerçil, soňra Klement Ettli ýolbaşçylyk etdi. Sebäbi maslahat gidip durka Beýik Britaniýada parlament saýlawlary geçirilip, onda K.Ettliniň ýolbaşçylygyndaky leýboristik partiýa ýeňiş gazanypdy. Beýik Britaniýada hökümet ýolbaşçysynyň çalyşýandygy sebäpli 25-28-nji iýulda maslahatyň gidişinde arakesme yglan edildi. F.Ruzweltiň ýogalmagy bilen ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine geçen Garri Trumen amerikan wekilçiligine ýolbaşçylyk edýärdi. Sowet wekilçiligine I.Stalin baştutanlyk edipdi. Maslahatda, ilkinji nobatda, german meselesine seredildi. Germaniýany ýaragsyzlandyrmak we ýarag öndürmäge niýetlenen harby senagat kärhanalaryny, faşistik partiýalaryny ýok etmek, ýurtda demokratiýany 43 ösdürmäge ýardam bermek, harby günäkärleri jezalandyr- mak ýaly düýpli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda, Polşanyň serhetlerini üýtgetmek meselesi dawaly boldy. Germaniýanyň territoriýasynyň bir böleginiň Polşa berilmegi, german-polýak Ýeňijiieriň Germaniýadaky serhediniň Oder-Neýs derýasy eýelän ýerleri boýunça geçirilmegi barada ahyrsoňy ylalaşykly karar kabul edildi. Germaniýanyň Kenigsberg şäherini we onuň golaý-goltumyny (häzirki Russiýanyň Kaliningrad oblasty) SSSR-e bermek barada ylalaşyldy. Maslahatda SSSR-iň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň daşary isler ministrleriniň halkara geňeşi döredildi. Bäş döwletiň daşary işler ministrleriniň maslahaty urusda ýeňlen döwletler bilen baglaşyljak parahatçylyk şertnamasynyň taslamasyny taýýarlamalydy. Üç döwletiň ýolbasçylary Potsdam maslahatynda Ýaponiýa babatda ýörite jarnama gol çekdiler. Onda Ýaponiýanyň doly boýun egmegi talap edilýärdi.

Soraglar we ýumuşlar 1. Ikinji front haçan we nirede açyldy? 2. Sowet-german frontundaky harby hereketler hakda gürrüň beriň. 3. Krym maslahatynda nähili meselelere seredildi? 4. Berlin söweşi we Germaniýanyň boýun egdirilmegi barada gür- rüň beriň. 5. Potsdam maslahatynda nähili kararlar kabul edildi?

44 §8. Ýaponiýanyň boýun egdirilmegi. Ikinji jahan ursunyň tamamlanmagy

Ýaponiýa garşy harby hereketler. Ýuwaş okeanyndaky urşuň başynda Ýaponiýa öz garşydaşlaryny uly ýeňlişlere sezewar edipdi. Emma 1942-nji ýyldaky Midueý söweşindäki ýeňlişden soňra ýaponlar goranysa geçmäge mejbur boldular. 1943-nji ýylyň tomsuna çenli amerikan-iňlis goşunlary-da hüjüme geçmediler. Bu aralykda iki tarap hem täze söweşlere taýýarlandy. ABŞ harby uçarlary eekýän gämileri (awianoses) gurmaklygy güýçlendirdi, täze harby berkitmeleri gurdy. Ýaponlar goranyşy güýçlendirdiler. 1943-nji ýylyň ikinji ýarymynda iňlisleriň we awstraliýalylaryň goldamagynda amerikan goşunlary Solomonow we Gilbert adalaryny eýelediler. Ýöne 1944- -nji ýylyň başyna çenli Ýaponiýa entek Ýuwas okeanynda we Günorta-Gündogar Aziýada, Hytaýda agalyk edýärdi. 1944-nji ýyldaky harby hereketler, esasan, amerikan- -iňlis gosunlarynyň peýdasyna boldy. Amerikan gosunlary Ýuwaş okeanynda Marşal, Korolin, Marian adalaryny eýeläpdiler. 1944-nji ýylyň oktýabrynda Filippinleri azat etmek ugrunda söweşler başlandy. Filippinleriň bir bölegi azat edildi. Iňlisler Birmada (häzirki Mýanma) ýaponlara garsy hüjüme başladylar. 1945-nji ýylyň başynda Ýaponiýa özüniň harby- -ykdysady mümkinçiliginiň azalandygyna garamazdan, uzak wagtlap garşylyk görkezmäge ukyplydy. 1945-nji ýylyň ýazynda iňlis-amerikan gosunlary Filippinleri, Birmany azat etdiler. Indoneziýany azat etmek ugrunda söweşler başlandy. Ýaponiýa Germaniýanyň uruşda ýeňlendigine garamazdan, urşy

45 dowam etdirdi. Ýapon harbylary urşy uzaga çekdirip, uruşdan soňky ylalaşygyň şertlerini ýumşatmak isleýärdiler. Ýaponlar dürli keselleri ýaýradyjy bakteriologik ýaragyna bil baglaýardylar. Ýaponlar ähli goşun bölümlerinde diýen ýaly ölüme köre-kör taýýar bolan uçarmanlar toparlaryny - kamikadzeleri* döredip, olara uly ynam edýärdiler. ABŞ-nyň Hirosima we Nagasaki şäherlerine atom bombasyny taşlamagy we onuň weýrançylykly netijeleri. ABŞ dünýä jemgyýeteiligini, aýratyn-da, uruş ýyllary halkara abraýy mese-mälim artan SSSR-i gorkuzmak we öz harby kuwwatyny mazamlamak üçin Ýaponiýa garşy uruşda atom bombasyny ulanmagy karar etdi. ABŞ 1942-nji ýyldan «Manhetten taslamasy» adyny alan atom bombasyny taýýarlamak işlerini ýaýbaň- landyrdy. 1945-nji ýylyň 16-njy iýulynda, Potsdam maslahatynyň başlanmaly wagtyndan bir gün öň ABŞ atom bombasyny ilkinji gezek synag edipdi. 1945-nji ýylyň awgus- tynda ABŞ-da iki sany atom bombasy bardy. Şolaryň biri 1945-nji ýylyň 6-njy awgus- tynda Hirosima, beýlekisi 9-njy awgustda Nagasaki Hirosimadaky parahatçylyk şäherleriniň üstüne taşla- seýilgähi nyldy. Iki şäherden ýarym

* 1281-nji ýylda ýapon adalaryny basyp almaga iberilen mongol- -tatar harby gämilerini ýok eden harasada «kamikadze» diýlip at berlipdi. 01 «Hudaýdan gelen semal» diýmegi aňladýar. 46 mln golaý parahat ilat heläk boldy ýa-da maýyp edildi. Şäherleriň ikisi-de weýran boldy. Ýaponiýanyň uruşda ýeňiljekdigi görnüp duran ýagdaýynda, SSSR-iň Ýaponiýa garşy urşa goşuljak wagty atom bombasyny ulanmak harby zerurlyk däldi. Ýaponiýa häzirem atom betbagteylygynyň yzasyny çekýär. Radiasiýa şöhlelenmesinden ejir çekenleriň nesilleriniň-de ömür tanapy wagtyndan öň kertilip dur\ SSSR-iň Ýaponiýa garşy urşa goşulmagy. SSSR Ýaponiýa garşy urşa gosulmak üçin 1945-nji ýylyň aprel aýyndan başlap sowet-german urşundan boşan goşun bölümlerini Gündogara geeirip başlady. Ähli taýýarlyk işleri gizlin geçirildi. Hatda Ýaponiýa güman etmez ýaly harby serkerdeleriň atlaryny we harby derejelerini üýtgedipdiler. Mysal üçin, umumy ýolbaşçy edilip bellenilen Sowet Soýuzynyň marşaly A.M.Wasilewskiý Uzak Gündogara general-polkownik Wasilýew ady bilen gelipdi. SSSR-iň maksady Ýaponiýa garşy duýdansyz urşa başlamakdy. Ýapon harby ýolbaşçylary SSSR-iň urşa goşuljagyny duýýardylar. Sebäbi SSSR 1945-nji ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa bilen 1941-nji ýylda baglaşylan birek-biregiň üstüne çozmazlyk hakyndaky şertnamany ýatyrypdy. Ýaponiýa SSSR-iň ursa goşulmagyndan howatyr- lanyp, 1944-nji ýyldan baslap Mançžuriýada, Demirgazyk Koreýada, Günorta Sahalinde harby goranyş desgalaryň ulgamyny döretmäge girişdi. Ýapon harbylary SSSR urşa gosulsa, berkidilen goranyş

* Hirosimanyň Parahateylyk seýilgähinde adaty bolmadyk ýadygärlik bar. Atom bombasyny ýatladýan bu binanyň depesinde duran gyzjagaz durna eagajygyny elleri bilen kellesiniň ýokarsyna göterip dur. Ýaponiýada durnalaryň müň ýasaýandygy, olaryň uzak ýaşamagyň alamatydygy hakdaky ynanç bu ýadygärlige hasam euňňur many berýär. 47 desgalarynyň üstünden uly ýitgiler çekip, kynlyk bilen geçer diýip çaklaýardylar. Gyzyl Goşun geçmesi kyn Uly Hingan daglarynyň ýa-da köp suwly Amur we Ussury derýalarynyň üstünden geçer diýip ýaponlar asla-da pikir etmeýärdiler. Sowet harby serkerdeleri olaryň eaklamaýan ýerinden geçmegi dogry tapdylar. 1945-nji ýylyň 8-nji awgustynda SSSR Ýaponiýa garsy uruş yglan etdi. SSSR-iň Gyzyl Goşuny 9-njy awgustda Ýaponiýanyň Mançžuriýada ýerleşen 1 mln adamly Kwantun goşunyna garşy hüjüme geçdi. Germaniýa garşy uruşda taplanan, kämil ýaraglar bilen ýaraglanan sowet esgerleri, tejribeli harby serkerdeleriň ýolbaşçylygynda dagdan, derýadan, ýapon harby- -goranyş desgalaryndan üstünlikli geçip, okgunly çozuşa basladylar. Agyr ýaragly goşuna uly Hingan daglaryndan geçmek aşa hupbatly boldy. Sowet goşunlarynyň gaty tiz hereket etmegi ýaponlara bakteriologik ýaragy ulanmaga mümkinçilik hem bermedi, kamikadzeleri-de olary ýeňlişden halas etmedi. Ýaponlaryň Hytaýyň jümmüşine yza çekilip, urşy uzaga çekdirmek baradaky niýetleri-de Sowet goşunlarynyň gaty tiz hereket etmegi bilen puja çykaryldy. Ýaponiýa öň beýle okgunly, tiz hereket edýän garşydas bilen uruşmandy. 1945-nji ýylyň 14-nji awgustynda Ýaponiýa uruşda ýeňlendigini ABŞ-nyň, SSSR-iň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň hökümetlerine ýetirdi. ABŞ-da we Beýik Britaniýada iki günläp ýeňiş toýuny toýladylar. Emma Kwantun goşun bölüminiň tä 19-njy awgusta çenli garşylygyny bes etmändigi üçin sowet goşunlary hüjümini dowam etdiler. Iş ýüzünde Ýaponiýa SSSR urşa başlandan soňra bir hepdäniň dowamynda boýun egdirildi. Emma sowet goşunlary Koreýanyň

48 demirgazygyny, Günorta Sahalini, Kuril adalaryny doly eýeleýäneäler harby hereketleri dowam etdirdiler. 19-njy awgustdan soňra ýaponlar uly garşylyk görkezmediler. Ýaponiýanyň boýun egdirilmegine Hytaý, Mongoliýa, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary, Koreýa, Täze Zelandiýa, Awstraliýa uly gosant gosdular. 1945-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Tbkio aýlagynda «Missuri» atly amerikan harby gämisinde Ýaponiýanyň doly boýun egýändigi hakynda akta gol çekildi. Uzaga çeken ikinji jahan urşy tamamlandy. Ursuň jemleri we sapaklary. Ikinji jahan ursy 1939- -njy ýylyň 1-nji sentýabryndan 1945-nji ýylyň 2-nji sentýabryna eenli 6 ýyllap dowam etdi. Urus mahaly 110 mln adam gosun gullugyna çagyryldy. Uruş şol wagtky 61 döwleti, Ýer togalagynyň 80% ilatyny öz içine aldy. Uruş Ýewropada, Aziýada, Afrikada, dünýäniň ähli okeanlarynda alnyp baryldy. Ikinji jahan ursunda soňky maglumatlara görä 60 mln çemesi adam wepat boldy. Emma uruşda ýogalanlar hakynda anyk, doly maglumat henizem ýok. 90 mln adam maýyp ýa-da ýaraly boldy. Uruşda iň köp adam ýitiren SSSR boldy (27 m ln). Urusdan gaýdyp gelmedikleriň ýüz müňlerçesi biziň watandaslarymyz — türkmenistanly gerçeklerdi. Urusda ýeňlen döwletleriň arasynda iň köp ýitgi çekeni Germaniýa boldy. 01 doly anyklanmadyk maglumatlara görä 10 mln-a golaý adam ýitirdi. Ýaponiýadan 2,5 mln adam wepat boldy. Faşistik Germaniýa we onuň ýaranlary basyp alan ýerleriniň halklaryny wagşyçylykly horladylar. German faşistleri basyp alan ýerlerinde döreden elhenç dolandyryş ulgamyny «täze düzgün» diýip atlan-

4. Sargyt M 693. 49 dyrdylar. «Täze düzgüne» garşy çykanlary, harby ýesirleri beýlekilerden daslasdyrmak üçin bendihana toplumlaryny (konslagerler) döretdiler. Konslagerlerde adamlary köpçülikleýin gyrmak üçin ýörite desgalar guruldy. Oswensim, Maýdenek, Treblinka, Dahau, Buhenwald, Zaksenhauzen, Rawensbrýuk, Mauthauzen bendihanalarynda zäherli gaz bilen adamlary köpçülikleýin gyrdylar. Şeýle bendihanalarda saklanylanlaryň 18 millionyndan 12 milliony öldürildi. Fasistler ýewreý, slawýan milletinden bolan adamlary aýratyn yzarlap gyrdylar. Olar ýewreý milletini ýer ýüzünden doly ýok etmäge synanyşdylar (genosid syýasaty). Uruş baslanandan soň Germaniýada ýewreý bolsa, esigine sary ýyldyzjyk dikmeli edildi. 1942-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, ýewreý maşgalalaryny uçdantutma gyrmaga başladylar. Faşistler ýewreýleriň 6 millionyny ýok etdiler. Urus ýyllary basylyp alnan ýerlerden millionlarça adamlar Germaniýada işletmek üçin alnyp gidilip, dogduk mekanyndan jyda düşürildi. Ýewropada ägirt köp ilat uruşdan gaçyp, başga ýurtlara siňdi. Uruş gutarandan soňra olar köpçülikleýin öz watanlaryna dolandylar. Birnäeesiniň yzyna dolanmaga mümkineiligi bolman, ýat illerde ömürlik galyp, watanyndan jyda düsdüler. Urus diri galanlaryň hem müňlerçesini dogan- -garyndaşlaryndan, masgalasyndan, emläginden mahrum etdi. Uruş döwri adamlary köpeülikleýin gyrýan ýaraglar köpeldi. Urşuň ahyrynda uzak aralyga atýan raketalar, hatda iň bir elhenç ýarag — atom bombasy ulanyldy. Uruş halkara möeberinde güýçleriň gatnasygyny düýpli özgertdi. 50 Soraglar we ýumuşlar 1. 1944-1945-nji ýyllarda Ýaponiýa garşy iňlis-amerikan goşun- larynyň harby hereketleri barada gürrüň beriň. Kamikadzelerkim? 2. Hirosima we Nagasaki şäherlerine haçan we näme üçin atom bombasy taşlanyldy? 3. SSSR-iň Ýaponiýa garşy urşa taýýarlygy barada gürrüň beriň. 4. SSSR-iň Ýaponiýa garşy urşa goşulmagynyň sebäpleri barada gürrüň beriň. 5. Ikinji jahan urşy haçan we nähili gutardy? 6. Urşuň jemleri barada aýdyp beriň.

II BAP DÜNÝÄ ÝURTLARY URUŞDAN SOŇKY DIKELDIŞ ÝYLLARYNDA

§9. Parahateylyk sertnamalary. Birlesen Milletler Guramasynyň döredilmegi

Pariž parahateylyk maslahaty. 1946-njy ýylyň 29- -njy iýulyndan 15-nji oktýabryna eenli Parižde ýarasyk sertnamalarynyň sertini taýýarlamak üçin maslahat boldy. Maslahatda fasizme garsy bilelesige girýän döwletler bilen faşistik Germaniýanyň, onuň ozalky ýaranlary bolan Italiýanyň, Bolgariýanyň, Wengriýanyň, Rumyniýanyň we Finlýandiýanyň arasyndaky parahateylyk sertnamalarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň gidişinde diňe bir ýeňijileriň däl-de, Italiýanyň, Bolgariýanyň, Wengriýanyň, Rumyniýanyň we Finlýandiýanyň wekilçilikleriniň-de pikirleri diňlenildi. Pariž parahatçylyk şertnamalary. 1946-njy ýyldaky Pariž parahatçylyk maslahatynda ylalaşylan taslamany tassyklamak we gutarnykly parahatçylyk şertnama- laryny baglaşmak meselesi-de Parižde (1947-nji ýylda) 51 amala aşyryldy. Pariž parahatçylyk sertnamalary ikinji jahan urşunda ýeňen döwletler bilen faşistik Germaniýanyň ozalky ýaranlary bolan Italiýanyň, Bolgariýanyň, Wengriýanyň, Rumyniýanyň we Finlýandiýanyň arasynda 1947-nji ýylyň 10-njy fewralynda baglasyldy. Şol şertnamalara laýyklykda dünýäniň syýasy kartasyna ýeňijileriň peýdasyna üýtgetmeler girizildi. Urusda ýeňlen döwletlere bellenilen kontri- busiýalaryň möçberi tassyklanyldy. Ýaponiýa bilen parahatçylyk sertnamasy. Ýaponiýa bilen parahatçylyk sertnamasy meselesinde ABŞ bilen SSSR-iň arasynda gapma-garşylyklar ýitileşdi. Ýaponiýa urusda ýeňlenden soňra amerikan goşunlary tarapyndan eýelenipdi. Ýapon hökümeti dargadylyp, ýurdy amerikan harbylary dolandyrýardy. 1945-nji ýylyň ahyrynda ABŞ- -nyň, SSSR-iň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň wekillerinden ybarat Arkadaşlar maslahaty we 11 döwletiň wekilleriniň gatnasmagynda Uzak Gündogar komissiýasy döredilipdi. 1951-nji ýylda San-Fransiskoda Ýaponiýa bilen urşuň jemini jemleýän parahatçylyk şertnamasy baglaşyldy. Bu şertnama dünýäniň 49 döwletiniň wekilleri öz goluny goýdular. Emma HHR, SSSR öz talaplary hasaba alynmandygy üçin Ýaponiýa bilen baglaşylan şertnama goşulmadylar. SSSR bilen Ýaponiýanyň arasynda parahatçylyk şertnamasy tä Sowet Soýuzy dargaýança- -da baglaşylmady. Nýurnberg sud seljermesi. Nýurnbergde (Germaniýa) harby jenaýatçylaryň üstünden 1945-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 1946-njy ýylyň 1-nji oktýabryna çenli halkara sud seljermesi guraldy. Bas harby günäkärlere parahatçylygyň we adamzadyň garşysyna harby dildüwsügi guramakda we uruş alyp 52 barmakda aýyplamalar bildirildi. Sud seljermesiniň netijesinde baş harby jenaýatçylar hökmünde 12 adama ölüm jezasy berildi. Galan günäkärler dürli möhletli bendilige höküm edildi. Nýurnberg halkara harby sud seljermesi Ýewropany we dünýäni faşistik jenaýatçylaryndan arassalamak işiniň başyny başlady. Dünýäniň ähli ýerinde faşistleriň üstünden sud seljermesi guralyp başlandy. Germaniýada we beýleki Ýewropa ýurtlarynda faşistler bilen harby hyzmatdaşlykda bolup, olara ýardam beren adamlara temmi berildi. Dönüklere Fransiýada aýratyn ýowuz daradylar. 1946-njy ýylyň 3-nji maýynda Tokioda-da halkara harby sud seljermesi başlandy. Ýapon harby jenaýat- kärleri-de etmişlerine görä jezasyny çekmeli boldular. Sud seljermesinde 28 sany harby jenaýatça günä bildirildi. Halkara harby sudy 1948-nji ýylyň noýabrynda ýaponiýaly harby jenaýatçylaryň 7-sini ölüm jezasyna, galanlaryny dürli möhletli tussaglyga höküm etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) döredilmegi. BMG-ni döretmek üç sany beýik döwletiň ýolbaşçyla- rynyň Krym maslahatynda karar edilipdi. 1945-nji ýylyň 25-nji aprelinden 26-njy iýunyna çenli aralykda San-Fransiskoda (ABŞ) bolan maslahatda faşizme garşy bileleşige goşulan 51 döwletiň gatnaş- magynda BMG döredildi. 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda onuň düzgünnamasy kabul edildi. Şol gün BMG-niň döredilen güni hökmünde bellenilýär. Düzgünnama laýyklykda BMG-niň iň ýokary organy onuň Baş Assambleýasydyr. 01 ýylda bir gezek çagyrylýar. BMG-niň hemişelik hereket edýän edarasy Howpsuzlyk Geňeşidir. Onuň 5 sany hemişelik agzasy (SSSR, ABŞ, Beýik Britaniýa, Hytaý, Fransiýa) bolup, 53 -i

galan 10 agzasy Baş Assambleýa tarapyndan iki ýyllyk möhlet bilen saý- lanýar. SSSR dargandan soň Russiýa Federasiýasy onuň hukuk mirasdüşeri hökmün- de BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agza- sydyr. BMG halkara möçbe- rinde parahatçylygy gorap saklamak, halklaryň arasyn- da dostlugy ýola goýmak, ykdysady, durmuş, medeni hem-de ynsanperwer gatna-

BMG-niň edara binasy şyklary ösdürmek, adam hukuklaryny goramak mak- sady bilen döredildi. BMG-niň merkezi jaýy Nýu-Ýorkda ýerlesýär. Ýewropadaky merkezi bolsa Zenewadadyr. BMG-niň başga-da BMG-niň nysany birnäçe edaralary we gura- malary bardyr. Olar: ykdysady we durmuş Maslahaty, hossarlyk boýunça Maslahat, halkara sud, ylym, medeniýet we bilim işleri boýunça ýörite gurama (UNESKO), bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) we beýlekilerdir. Garassyz Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Şol günden bäri Garaşsyz Diýarymyzyň döwlet baýdagy BMG-niň jaýynyň öňünde parlaýar. 54 Soraglar we ýumuşlar 1. Pariž parahatçylyk maslahatynyň işi barada gürrüň beriň. 2. Pariž parahatçylyk şertnamalary haýsy döwletleriň arasynda baglaşyldy? 3. Parižde baglaşylan parahatçylyk şertnamalarynyň mazmunyny düşündiriň. 4. San-Fransiskoda Ýaponiýa bilen parahatçylyk şertnamasy haçan baglaşyldy we oňa näme üçin SSSR, HHR ýaly ýurtlar gatnaşmady? 5. Nýurnberg we Tokio halkara harby sud seljermesi barada gürrüň beriň. 6. BMG haçan we nirede, näçe döwletiň gatnaşmagynda döre- dildi?

§10. Dünýäniň iki syýasy ulgama bölünmegi

Ýewropada we Aziýada kommunistik düzgünli döwletleriň döremegi. Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagy dünýä taryhynyň ösüşini täze ugra gönükdirdi. Dünýä biri-birine gapma-garsy iki syýasy ulgama bölündi. Iki ulgamyň birine ABŞ, beýlekisine SSSR ýolbaşçylyk etdi. Olaryň arasyndaky özara dawalar köp ýurtlaryň ykbalyna täsir etdi. SSSR öz ýurdunda dowam edýän düzgüni dünýä ýaýratmak we ýaranlarynyň sanyny artdyrmak üçin aýratyn işjeňlik görkezdi. Entek Ikinji jahan ursy dowam edýärkä, faşistik basybalyjylaryň zulmuna garşy Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinde garşylyk görkeziş hereketi başlanypdy. 01 ýurtlarda bu hereket uly halk gozgalaňlaryna öwrülipdi. Şeýle gozgalaňlar Gündogar Ýewropada: Polşada, Rumyniýada, Bolgariýada, Ýugoslawiýada, Çehoslowa- kiýada, Wengriýada bolup geçdi. Gozgalaňlaryň ählisine diýen ýaly çepçi güýçler, köplenç, kommunistler ýolbaşçylyk etdiler. Gündogar Ýewropa kommunistleri 55 SSSR-iň kömegine bil baglap, faşistlere garşy hereketi häkimiýet ugrundaky göreş bilen utgaşdyrdylar. Dogrudan-da, SSSR olara ählitaraplaýyn kömek hem berdi. Çünki Sowet Soýuzy Gündogar Ýewropany öz täsiri astyna düşürmegi maksat edinipdi. SSSR gozgalaňlara «öz adamlary» ýolbaşçylyk etmese ýa-da häkimiýete başga adamlar dalaş etse, her edip, hesip edip, beýle çykyşlaryň basylyp ýatyrylmagyny gazanýardy. Muňa 1944-nji ýylyň awgustynda başlanan Polşadaky Warşawa gozgalaňy mysal bolup biler (seret: §5). SSSR Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde dürli ýollar bilen kommunistleriň ýolbaşçylygyndaky gozgalaňlary taýýarlapdy. Şeýle gozgalaňlar 1944-nji ýylyň awgust—oktýabr aýlarynda Rumyniýada, Bolgariýada, Ýugoslawiýada, Çehoslowakiýada bolup geçdi. Rumyniýada halk Antoneskunyň fa şistik düzgünini agdardy. Bolgariýada kommunistleriň ýolbaşçylygyndaky gozgalaňçylar häkimiýeti basyp aldylar. Ýurtda K.Georgiýewiň ýolbaşçylygynda «Watançylyk bileleşigi» döredildi. Ýugoslawiýada Iosip Broz Titonyň baştutanlygynda döredilen halk-azat edijilik goşuny 1944-nji ýylyň başyna çenli ýurduň uly bölegini faşistlerden azat etmegi başardy. 1944-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda sowet goşunlarynyň kömegi bilen ýurduň paýtagty Belgrad fasistlerden azat edildi. Ikinji jahan urşundan soň Aziýa yklymynda hem kommunistik düzgünli döwletler döredi. Uruş wagtynda Ýaponiýa Aziýanyň uly bölegini basyp alypdy. Ýapon sütemine düşen ýurtlaryň içinde iň uzak baknalykda ýaşany Koreýady. K oreýa 1910-njy ýyldan bäri Ýaponiýanyň baknasydy. Koreýada milli azat edijilik hereketi hiç wagt hem bes edilmändi. Ikinji jahan urşunyň ahyrynda Koreýanyň özbasdaklygy ugrunda 56 göreş has-da güýçlendi. 1945-nji ýylyň awgustynda Koreýanyň demirgazyk bölegi sowet, günortasy bolsa amerikan goşunlary tara- pyndan azat edildi. 1948-nji ýylda ýurduň günor- tasynda ABŞ-da 40 ýyllap ýaşan Li Syn M anyfi ýolbaşçylygynda Koreýa Respublikasy döredildi. Bu döwlet ABŞ-nyň täsiri astyndady. Ýurduň demirgazygynda Kim Ir Li Syn Man Seniň ýolbasçylygynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasy (KHDR) döredildi. SSSR-iň täsiri astynda döredilen KHDR sosialistik özgertmeler ýoluna düşdi. Şeýlelikde, ABŞ-nyň we SSSR-iň alyp baran syýasatlary netijesinde Koreýa iki bölege bölündi. Bu iki bölegi birleşdirmek koreý halkyna uzak wagt bäri başartmaýar. Ýaponiýanyň derbi-dagyn edilmegi Wýetnamda baknalyk düzgüniniň synmagyna getirdi. W ýetnam ikinji jahan urşuna çenli Fransiýa garaşly ýurtdy. Soňra ony Ýaponiýa basyp alypdy. Ýaponiýanyň derbi-dagyn edilýän pursady, öňki hojaýynlary — fransuzlar entek gaýtadan gelip ýetişmänkäler, Wýetnam wýetnamly- laryň özlerine galypdy. Ine, şu amatly pursatda, kommunistleriň ýolbaşçylygynda 1945-nji ýylyň awgustynda Wýetnamda ýaragly gozgalaň başlandy. Imperator Bao Daý agdarylyp, 1945-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Wýetnam Demokratik Respublikasy (WDR) jar edildi. Respublikanyň Prezidentligine Ho $i Min saýlandy. Sowet gosunlarynyň H ytaýy ýapon basybalyjy- laryndan azat etmäge gatnaşmagy bu ýerde-de 57 rewolýusion wakalaryň ýaýbaňlanmagyna itergi berdi. Hytaýdan ýapon basybalyjylary kowlandan soňra, kommunistik partiýanyň ýolbaşçylygynda Gomindan düzgünine garşy ýaragly uruş başlandy. 1946-1949-njy ýyllarda bolup geçen raýatara urşunda hytaý kommunist- leri ýeňiş gazandy. Hytaý Halk Respublikasy (HHR) döredi. Şeýlelikde, Aziýada Koreýa, Wýetnam ýaly ýurtlar baknalyk düzgünini agdaryp, özbaşdaklygyny jar etdiler. HHR, KHDR, WDR ýaly ýurtlarda häkimiýeti kom- munistler eýelediler. Dünýä döwletleriniň gapma-garşylykly toparlara bölünmegi. Ikinji jahan urşy netijesinde SSSR-iň halkara abraýy mese-mälim artdy. Uruşdan soňra SSSR Ýewropada we Aziýada birnäçe ýurtlarda kommu- nistleriň häkimiýete gelmegini hem-de olarda sosializm gurluşygyna geçilmegini gazandy. Olara SSSR howandar- lyk edip başlady. Şeýlelikde, Sowetler ýurdunyň ýakyndan täsir etmeginde sosializmiň dünýä ulgamy döredi. Uruşdan soň Ýewropadan amerikan goşunlarynyň esasy böleginiň çykarylandygyna garamazdan, sowet goşunlary ol ýerde saklanýardy. Aziýada hem ýagdaý Ýewropadan öwerlik däldi. Hytaýdan, Koreýadan sowet goşunlary wagtynda çykarylmandy. Iňlis goşunlarynyň Eýrandan çykaryl- magyna garamazdan, SSSR bu ýerden hem goşunlaryny wagtynda çykarmady. Eýran BMG-niň howpsuzlyk geňeşine ýüz tutdy. Eýranyň we ABŞ-nyň zor salmagy bilen SSSR 1946-njy ýylyň 6-njy maýynda Eýrandan goşunlaryny çykardy. SSSR-iň ýolbaşçylary entegem dünýä rewolýusiýa- synyň ýeňmegine garaşýardy. 1946-njy ýylda I.Stalin 58 «kapitalizm bilen kommunizmiň çaknyşjagy gutul- gysyzdyr» diýen beýannamany aýtdy. Sowet Soýuzynyň sürünmesine böwet basmak niýeti bilen ABŞ birnäçe halkara meselelerinde SSSR-e garşy çykyş edip başlady. Dünýäniň bazar ykdysadyýetli döwletleriniň aglabasy ABŞ-ny, sosialistik döwletler bolsa SSSR-i goldadylar. Dünýä biri-birine gapma-garşy toparlarabölündi. Olaryň arasynda göreş başlandy. Bu göreş taryha «Sowuk uruş» ady bilen girdi.

Soraglar we ýumuş 1. Ýewropada we Aziýada kommunistik düzgünli döwletleriň döreýşi barada gürrüň beriň. 2. Näme üçin Koreýa iki bölege bölündi? 3. Näme sebäpden SSSR öz goşunyny GündogarÝewropa döwlet- lerinden wagtynda çykarmady? 4. Ikinji jahan urşundan soň dünýä haýsy ulgamlara bölündi?

§11. «Sowuk urşuň» baslanmagy

Ikinji jahan urşundan soň tä SSSR-iň dargamagyna çenli döwür dünýä taryhyna «Sowuk uruş» ýyllary hökmünde girdi. Onuň başlanmagy Beýik Britaniýanyň premýer- -ministri U.Çerçiliň ady bilen baglydyr. U.Çerçil dünýä de- mokratiýasynyň kommunistler tarapyndan ýok edilmezligi üçin SSSR-e garşy bileleşip göreşmek hakynda çykyş etdi (1946-njy ýylyň 5-nji marty, «Fulton çyky$y»). Bu çykyşy diňlemäge ABŞ-nyň Prezidenti G.Trumen hem gatnaşdy. U.Çerçil uruşdan soňky 59 çekilen «demir perdäniň» Gündogar Ýewropany ýewropa siwilizasiýasyndan üzňe saklaýandygyny aýtdy. 01 «anglo-sakson» dünýäsini kommunizm howpuna garşy göreşe birleşmäge çagyrdy. U.Çerçiliň şu çykyşyny taryhçylar «Sowuk urşuň» başlanan güni hökmünde kabul etdiler. Çünki şondan soň göreş açyk häsiýete geçipdi. «Sowuk uruş» tä SSSR dargaýança dowam etdi. ABŞ- -nyň Prezidenti G.Trumen 1947-nji ýylyň 12-nji martynda SSSR bilen ABŞ-nyň özara göreşini demokratiýa bilen hökmürowanlyk düzgüniniň arasyndaky göreş hökmünde häsiýetlendirdi. Şol çykyşynda Gresiýa we Türkiýä 400 mln amerikan dollary möçberinde kömek puluny bermekçidigini aýtdy. Geljekde-de erkin halklaryň azatlygyny içki we daşky duşmanlardan goramak ABŞ- -nyň syýasatynyň esasy ugry boljakdygyny belledi. Muňa taryhda «Trumeniň doktrinasy» diýilýär. Kommunizm howpuna garşy göreş ABŞ-nyň syýasatynyň baş ugruna öwrüldi. Trumeniň şu çykyşyndan soňra sowet-amerikan duşmançylygy açyk häsiýete geçdi. Şundan soňra ABŞ- -da we beýleki bazar ykdysadyýetli ýurtlarda kommunizm we sowet howpunyň dabarasy aşa çişirilse, SSSR-iň we sosialistik ýurtlaryň halklary amerikan imperializminiň howpy bilen gorkuzyldy. Berlin krizisi. «Sowuk urşuň» başlanmagy Germaniýanyň ykbalyna täsir etdi. Günbatar döwletleri Germaniýadaky öz paýlaryny birleşdirmekçi bolýandygyny aýdanlarynda, Stalin muňa Berlini gabamak bilen jogap berdi. Berlin gabaw ýagdaýynda 324 gün saklandy. Bu ýagdaý SSSR-iň Günbatara garşy ilkinji açykdan-açyk garşylygydy. 1949-njy ýylyň maý aýynda ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa özleriniň Germaniýadaky gözegçilik edýän böleklerini birleşdirip, 60 Germaniýa Federatiw Respublikasyny (GFR) döretdiler. Onuň ilkinji kansleri Konrad Adenauer boldy. Oktýabr aýynda SSSR özüniň gözegçilik edýän zolagynda Germaniýa Demokratik Respublikasyny (GDR) döretdi. GDR-iň ilkinji Prezidenti Wilgelm Pik boldy. Harby-syýasy bileleşikleriň döredilmegi. SSSR bilen ABŞ-nyň arasyndaky garşylyklaryň ýitileşmegi bilen, iki tarap hem harby-syýasy bileleşikleri döredip başlady. 1949-njy ýylyň 4-nji aprelinde 12 ýurduň gatnaşmagynda Demirgazyk Atlantika şertnamasy Guramasy (NATO) döredildi. NATO-nyň düzümine ABŞ, Kanada, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Belgiýa, Daniýa, Islandiýa, Italiýa, Lýuksemburg, Niderlandlar, Norwegiýa, Portugaliýa ýaly döwletler girdi. NATO-nyň agzalygyna 1952-nji ýylda Türkiýe we Gresiýa, 1955-nji ýylda GFR, 1982- -nji ýylda Ispaniýa kabul edildi. 1999-2004-nji ýyllarda Polşa, Wengriýa, Çehiýa, Slowakiýa, Sloweniýa, Rumyniýa, Bolgariýa, Baltikaýaka döwletleri hem NATO-nyň agzalary boldy. NATO-nyň döredilmegine jogap edip, SSSR-iň ýolbaşçylygyndaky sosialistik ýurtlar 1955-nji ýylda Warşawa şertnamasy guramasy atly harby birleşmäni döretdiler. Oňa: SSSR, Polşa, Bolgariýa, Albaniýa, Wengriýa, GDR, Rumyniýa, Çehoslowakiýa döwletleri girdi (Albaniýa soňrak bu guramadan çykdy). 1954-nji ýylda ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Günorta- -Gündogar Aziýa şertnamasy Guramasy (SEATO) atly harby gurama döredildi. Oňa dünýäniň 8 döwleti: ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Päkistan, Tailand, Filippinler girdi. 1955-nji ýylda Beýik Britaniýa, Yrak, Eýran we Türkiýe Bagdat paktyny baglaşdylar. Merkezi Şertnama Guramasy (SENTO) adyny alan bu guramanyň baş maksady kommunizm 61 howpuna garşy göreşmekdi. Şeýlelikde, ABŞ bilen SSSR- -iň arasyndaky gapma-garşylyklar dünýä harby toparlanyşyklarynyň döremegine we olaryň biri-birine garşy durmagyna ösüp ýetdi. Ýaraglanyşygyň haýdadylmagy. «Sowuk urşuň» başlanmagy bilen ýaraglanyşyk haýdadyldy. ABŞ we SSSR-iň arasynda harby eykdajylary köp goýbermek, täze-täze ýaraglary edinmek boýunça uzaga çeken ýaryş başlandy. Ikinji jahan urşy tamamlanandan soňraky ilkinji ýyllarda atom ýaragy diňe ABŞ-da bardy. Şoňa daýanyp, ol «atom diplomatiýasyny» ulanyp başlapdy. Sowet Soýuzy-da ýaraglanyşykda ABŞ-dan kem oturmady. 1949-njy ýylyň awgustynda SSSR-de ilkinji gezek atom bombasy synag edildi. SSSR-de ilkinji atom bombasy I.W.Kurçatowyň ýolbaşçylygynda sowet alymlarynyň tagallasy bilen, şeýle hem Los-Alamos amerikan ýadro merkezinde işlän sowet razwedkaçylarynyň işi netijesinde döredildi. 1952-nji ýylda ABŞ, 1953-nji ýylda SSSR ilkinji wodorod bombasyny synag i.w.Kureatow etdiler. Ýaraglaryň beýleki görnüşleri boýunça-da bäsdeşlik güýçlendi. Ýaraglanyşygyň haýdadylmagy we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ägirt köp möçberde öndürilmegi adamzat siwilizasiýasyny ýok etjek uly uruşlara ösüp geçmek howpuny döretdi. Öndürilen ýaraglar adamzadyň umumy öýüni — Ýer togalagyny ençeme gezek ýok etmäge ýetjekdi. Koreýadaky uruş. «Sowuk uruş» döwrüniň ilkinji gyzgyn urşy Koreýada başlandy. Koreýa 38-nji parallel boýunça iki bölege bölünýärdi (seret: §10). Onuň 62 demirgazygyndaky KHDR SSSR-iň, günortasyndaky Koreýa Respublikasy ABŞ-nyň goldamagynda biri-birine garşy urşa taýýarlanypdy. Demirgazyk Koreýany Hytaýyň döwlet ýolbaşçylary-da goldaýardy. 1950-nji ýylyň iýunynda KHDR SSSR-iň goldawy bilen Günorta Koreýa garşy urşa başlady. Hytaý meýletinçileri Demirgazyk Koreýanyň tarapynda durup urşa goşuldylar. ABŞ Günorta Koreýany goldap, (BMG-niň goldamagy bilen) urşa gatnaşdy. SSSR ABŞ-ny, ABŞ SSSR-i urşuň başlanmagynda aýypladylar. Şeýlelikde, Ikinji jahan urşundan soňra, ilkinji uly halkara dartgynlylygy döredi. ABŞ we SSSR Koreýada ýaraglaryny synap gördüler. Güýçler deňeçer geldi. 1953-nji ýylda Koreýa urşy hiç-hili ýeňijisiz tamamlandy. Serhetler öňküligine galdyryldy. Koreý urşy 4 mln adam pidasyna getirdi. Uruş koreý halkyny bir bütewi döwlete birleşdirmegi maksat edinenem bolsa, bu meseläni çözüp bilmedi.

Soraglar we ýumuş 1. «Sowuk uruş» haçan başlandy? 2. «Trumeniň doktrinasynyň» maksady näme? 3. NATO haçan we nähili döredi? 4. Warşawa şertnamasy guramasy näme maksat bilen döredildi? 5. SSSR-de ilkinji atom bombasy haçan döredildi? 6. Koreýa urşy barada gürrüň beriň.

§12. Günbataryň ösen ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň dikeldilmegi

ABŞ-nyň, Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň uruşdan soňky ýyllarda ykdysady ýagdaýy. Ikinji jahan urşy amerikan ykdysadyýetini Günbataryň beýleki ýurtlarynyňky ýaly çökermändi. ABŞ-nyň öz ýerlerinde 63 urşuň alnyp barylmandygy üçin, ýurtda weýrançylyk bolmandy. Emma uruş ýurduň ykdysadyýetini harby döwrüň talabyna görä üýtgetmäge mejbur edipdi. ABŞ-da uruş döwri döwletiň hasabyna birnäçe kärhanalar gurlup, olar harby önümleri öndürýärdi. Indi olary parahatçylykly döwürde ilata zerur önümi öndürmäge geçirmelidi. Bu wezipäni hususyýetçiler gowy çözüp biljekdi. Gysga wagtda döwlet eýeçiligindäki 2800 sany senagat kärhanasy arzan bahadan hususyýetçilere satyldy. Uruşdan soňky ýyllarda ABŞ-nyň ykdysady ösüşiniň depgini gaty ýokary boldy. Ykdysady ösüş babatda şol wagt onuň bilen deň gadam urjak ýurt dünýäde ýokdy. Çünki ABŞ-nyň öňki bäsdeşleri Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa uruşda ýeňlipdi, ykdysadyýetleri-de has pese düşüpdi. Uruşdan soň Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň öňki ykdysady kuwwaty ýokdy. ABŞ-nyň hökümeti «ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym» etmedi-de, Günbatar Ýewropanyň tozan ykdysadyýetini dikeltmäge kömek berdi. Günbatar Ýewropa döwletleriniň ykdysadyýetiniň dikeldilmeginde ABŞ-nyň kömegi. ABŞ-da Ikinji jahan urşunda tozan Günbatar Ýewropa döwletlerine maliýe kömegini bermegiň meýil- namasy işlenilip düzüldi. 01 döwletlere kömek bermek, Günbatar Ýewropanyň ykdysadyýetini dikeldip, deň derejeli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak teklibi ABŞ-nyň döwlet sekretary Jorj Marşal Jorj Marsal tarapyndan 1947-nji ýylyň 64 5-nji iýunynda öňe sürüldi. Şonuň üçin ABŞ-nyň Gün- batar Ýewropa berjek kömegi «Marşalyň meýilnamasy» ady bilen taryha girdi. «Marşalyň meýilnamasy» boýunça Ýewropanyň 16 döwletine dört ýylyň dowamynda, şol wagtyň puly bilen, 17 milliard amerikan dollary möçberinde kömek berilmelidi. Maliýe goldawyny aljak Ýewropa ýurtlary ykdysadyýetiniň ýagdaýy barada anyk maglumatlary ABŞ-nyň hökümetine bermelidi. Kime näçe we nähili şertlerde kömek bermelidigini ABŞ-nyň özi kesgitledi. Köplenç, kömek puly yzyna gaýtarylmasyz şerti bilen berilýärdi. Käbir ýurtlara ýeňillikli we uzak wagtlaýyn karz pul bermek görnüşinde kömek berildi. Mysal üçin, ABŞ Daniýa, Norwegiýa ýaly ýurtlara yzyna gaýtarylmasyz maliýe kömegini, Şwesiýa bolsa, karz pul kömegini berdi. Ýewropanyň 16 döwletiniň wekilleri 1948-nji ýylyň aprel aýynda Amerikadan pul kömegini almak barada ylalaşyga gol çekdiler. Şol kömek hem tüýs wagtynda diýilýäni boldy. 01 tozan Ýewropanyň ykdysadyýetiniň dikeldilmeginde uly goltgy boldy. ABŞ üçin dünýä ykdysadyýetiniň tozmagy bähbitli däldi. Şonuň üçin ol Ýewropanyň gözgyny ykdysa- dyýetini dikeltmekde kömek beripdi. Meseläniň syýasy tarapy hem bardy. ABŞ syýasy taýdan durnuksyz, ykdysadyýeti has pese düşen Ýewropa döwletlerine kommunistik täsiriň aralaşmagyny islemeýärdi. Şonuň üçin Amerikadan pul kömegini almak isleýän döwletler kommunistleri hökümetiň düzüminden çykarmalydy. 1948-nji ýylda pul kömegini alan 16 döwletiň hökümetlerinde ýekeje-de kommunist galdyrylmady. Netijede, 50-nji ýyllaryň başlaryna çenli Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň ykdysadyýeti dikeldilip, uruşdan öňki derejesine ýetdi. 5. Sargyt M® 693. 65 Germaniýanyň ykdysadyýetiniň dikeldilmegi. Ikinji jahan urşunda Germaniýa ýeňlipdi. Eger birinji jahan urşunda Germaniýanyň çäklerinde uly bir uruş hereketleri alnyp barylmadyk bolsa, Ikinji jahan urşunda beýle bolmandy. Germaniýanyň ýerlerinde söweşler bolup, onuň hojalygy tozdurylypdy. Üstesine-de, Germaniýa birbada ýeňijiler tarapyndan eýelenilip, şolar hem ýurdy dolandyrdylar. Germaniýadan birnäçe senagat kärhanalary, tehniki enjamlar alnyp gidilipdi. Mundan başga-da, öň Germaniýa degişli bolup, soňra beýleki ýurtlaryň düzümine giren ýerlerden 9 mln adam ýurda göçüp geldi. Germaniýa ol gelenleri-de azyk, jaý bilen üpjün etmelidi. «Sowuk urşuň» başlanmagy bilen Germaniýa ikä bölündi. Günbatarynda bazar ykdysadyýetli Germaniýa Federatiw Respublikasy (GFR) atly döwlet döredildi. GFR-iň döremegi bilen ondan alynýan kontribusiýany almak bes edildi. ABŞ «Marşalyň meýilnamasy» boýunça GFR-e kömek bermekde aýratyn jomartlyk etdi. Günbatar Germaniýanyň senagat kärhanalary täze tehniki enjamlary bilen üpjün edildi. ABŞ-nyň GFR-e aýratyn uly kömek bermäge synanyşmagynyň düýp maksady, ony sosialistik Germaniýa bilen deňeşdirende ähli babatda ösen ýurda öwürmekdi. Dünýä jemgyýetçiligi sosialistik döwletden bazar ykdysadyýetli döwletiň artykmaçlygyny gözleri bilen görmelidi. 01 hakykatda şeýle hem boldy. GFR-iň ykdysadyýetini dikeltmekde onuň içki mümkineilikleri giň möçberde ulanyldy. Ilki bilen hümmeti gaean pul çalşyldy, her bir adamyň köne puldan 60 markasyna, täze nemes markasyndan 60-sy berildi. Şondan artykmaç pullaryň 100 markasyna 6,5 täze nemes markasy berildi. Şeýlelikde, ähli ilat üçin deň maliýe 66 mümkinçiligi döredildi. Puluň üýtgedilmegi bilen onuň hümmetiniň gaçmagynyň öňi alyndy. Basga-da birnäçe özgertmeler geçirilip, 1949-njy ýylda ykdysadyýet uruşdan öňki derejesine ýetdi. GFR basym Ýewropada iň bir çalt depginler bilen ösýän ýurda öwrüldi. Italiýanyň ykdysadyýetiniň dikeldilmegi. Italiýa hem uruşda ýeňlenleriň biridi. Ýöne uruşda onuň ykdysadyýeti Germaniýanyňky ýaly güýçli tozduryl- mandy. Onuň tölemeli kontribusiýasy-da juda köp däldi. Italiýanyň ykdysadyýetiniň dikeldilip, 50-nji ýyllarda örän tiz ösýän ýurda öwrülmegine ýurduň içinde döredilen şertler täsir etdi. Italiýada Mussolininiň döwründe döredilen faşistik döwlet erkin telekeçilige, baýamaga mümkinçilik bermändi. Ýurt haýal ösmäge öwrenişipdi. Uruşdan soňra monarhiýa agdarylyp, ýurt respublika öwrülenden soňra, erkin bazar ykdysa- dyýetiniň ösmegine giň ýol açyldy. Ilatyň arkaýyn işlemegine döredilen şertler halkyň işjeňligini artdyrdy, olary gurplandyrdy, ahyr netijede ýurt baýady. Ýaponiýanyň ykdysadyýetiniň dikeldilmegi. Uruşdan soňky ýyllarda ýapon ykdysadyýetini dikeltmekde-de ABŞ-nyň täsiri uludyr. ABŞ uruşdan soň, 1945-1952-nji ýyllarda Ýaponiýadan goşunlaryny çykarman, ýurdy iş ýüzünde özi dolandyrypdy. Ýaponiýany amerikanlaryň dolandyran wagtyny-da şertli iki döwre bölmek mümkin. Onuň birinji döwri 1945- -1947-nji, ikinjisi bolsa 1948-1952-nji ýyllary öz içine alýar. Birinji döwürde Ýaponiýanyň harbylaşdyrylan ykdysadyýeti, syýasy döwlet gurluşy demokratik ülňülere laýyk üýtgedildi. 1948-nji ýylyň başyndan başlap, ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek üçin düýpli özgertmeler geçirildi. Maliýe ulgamy, salgytlar, býujet, zähmet gatnaşyklary, umuman, Ýaponiýanyň halk hojalygy tertibe salyndy. 67 Ýewropa bileleşiginiň döremegi. Ikinji jahan urşundan soňra Günbatar döwletleriniň ykdysady ösüşi biri-biri bilen özara bähbitli ykdysady gatnasyklaryň ösmegi netijesinde mümkin boldy. Uruşdan soň utgaşykly ösýän Ýewropa emele geldi. Ýewropada birlesmek meýli ösdi. Ykdysady kynçylyklar olary has-da ýakynlaşdyrdy. «Marşalyň meýilnamasy» Ýewropada ykdysady bileleşige ymtylyşy ösdürdi. 1951-nji ýylda Ýewropanyň alty ýurdy: Belgiýa, Italiýa, Lýuksemburg, Niderlandlar, GFR, Fransiýa kömri we polady öndürmegiň Ýewropa bileleşigini döretdiler. Alty döwlet birek-birekden gelýän demir- -magdan, kömür önümlerine gümrük paçlaryny ýatyrdylar. Bu döwletler 1957-nji ýylda atom sena- gatynda işleri utgaşykly alyp barmak barada ylalaşyga geldiler. 1957-nji ýylda şol 6 döwlet, Ýewropa ykdysady hyzmatdaşlygyny döretmek barada Rimde şertnama baglaşdylar. 01 «umumy bazar» adyny aldy. Oňa soňra Ýewropanyň uly döwletleriniň ählisi goşuldy. «Umumy bazara» girýän ýurtlar 60-njy ýyllaryň ahyrlaryna çenli gümrük päsgelçiliklerini aradan aýryp, harytlaryň erkin hereket etmegine şert döretmegi ylalaşdylar. Oňa barha köp döwletler goşulyp, ykdysady gatnaşyklary utgaşdyrýan Ýewropa bileleşiginiň döremegine getirdi. 01 ýurtlar dünýä söwdasyndan ägirt uly girdejiler alyp başladylar.

Soraglar we ýumuş 1. «Marşalyň meýilnamasynyň» ähmiýetini düşündiriň. 2. ABŞ näme üçin Ýewropanyň ykdysadyýetini dikeltmäge kömek etdi? 3. GFR-iň, Italiýanyň ykdysadyýeti nähili dikeldildi? 4. Utgaşykly ösýän Ýewropa diýip nämä düşünýärsiňiz? 5. Ýewropa bileleşigi nähili döredi? 68 §13. Ösen ýurtlarda dikeldiş ýyllaryndaky syýasy ýagdaý

ABŞ-nyň uruşdan soňky ýyllardaky syýasy ösüşi. Entek uruş tamamlanmanka, Ruzweltiň aradan çykmagy sebäpli, ABŞ-da 1945-nji ýylyň aprel aýynda Garri Trumen prezidentlik wezipesini eýeledi. Çünki ol ýurduň wise-prezidentidi. 01 entek ýurdy dolandyrmak ýaly uly wezipä taýýar däldi. Ruzwelt dirikä, oňa syýasatçy, döwlet işgäri hökmünde ýokary baha bermändi. Onuň halkara işlerinde tejribesi azdy. ABŞ-da halkyň söýgüli prezidenti, ökde syýasatçy F.Ruzweltden soň ýurduň ýolbaşçysy bolup, özüni ykrar etdirmek Trumene ýeňil düşmedi. Ruzwelt ýogalandan soň, demokratik partiýanyň täsiri gowşap başlady. Respublikaçylar partiýasynyň syýasy işeňňirligi artdy. Iki partiýanyň arasynda häkimiýet ugrunda göreş güýçlendi. 1946-njy ýylda respublikaçylar kongresiň iki palatasynda-da köplükdiler. 1948-nji ýylyň prezident saýlawlarynda G.Trumen halka «adalatly ugry» wada berip, ýeňiş gazandy. Indi ol halkyň saýlan ýolbaşçysydy. ABŞ-da saýlawlar bilen baglanyşykly syýasy dart- gynlylyk gowşady. G.Trumen «Sowuk uruş» bilen baglanyşykly çepçi güýçleriň ýurduň içinde güýç- lenmeginiň öňüni almak üçin çäreler geçirdi. Ýurduň içinde kommunistlere — «gyzyl howpa» garşy göreş güýçlendirildi. Kommunistlere garşy göreşde J ozef Makkarti aýratyn tapawutlanýardy. 01 50-nji ýyllar- da döwlet gullugynda işleýän 205 adamyň kommu- nistdigini, olaryň ählisiniň atlaryny bilýändigini aýdyp, kommunistlere we içalylara garşy döwlet syýasatyny ýöretdi. 1950-nji ýylda «içki howpsuzlyk hakynda» kanun kabul edilip, ähli syýasy partiýalar, gurama- lar hasaba alyndy. Ýurtda 2,5 mln döwlet gullukçysy- nyň döwlet gurluşyna wepa- lylygy barlanyldy. Diňe 50- -nji ýyllaryň ahyrlarynda makkartieileriň hereketi bes edildi. Trumeniň abraýynyň peselendigini 1952-nji ýylyň prezident saýlawlary görkezdi. Halk ony däl-de, urşuň gahrymany Duaýt Eýzenhaueri goldady. Beýik Britaniýada ikinji jahan urşundan soňky ýyllardaky syýasy ýagdaý. Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň içinde Beýik Britaniýada içerki syýasy ýagdaý durnuklydy. Emma daşary syýasatda şowsuz- lyklar köpdi. Ettliniň hökümeti daşary syýasatynda ABŞ bilen ýakynlaşypdy. Ikinji jahan urşundan soň dünýäde demokratik hereketleriň ýaýbaňlanýan wagty Britan imperiýasy birnäçe ýerlerini — Hindistany, Seýlony, Palestinany, Iordaniýany elden giderdi. Ettliniň hökümetiniň ýüzleý özgertmeleri 50-nji ýylyň parlament saýlawlarynda leýboristlere doly ýeňiş getirmedi. Parlamentde konserwatorlaryň wekilleri-de leýboristlerçe ses alypdylar. Şonuň üçin 1951-nji ýylda nobatdan daşary täze parlament saýlawlary geçirildi. Onda konserwatorlar häkimiýete geldiler. 1951-1955-nji ýyllarda U. Çerçiliň baştutanlygynda hökümet düzüldi. Beýik Britaniýanyň resmi döwlet ýolbaşçysy monarh hasaplanýar. 1936-1952-nji ýyllarda Beýik Britaniýanyň 70 patyşasy Georg VI, soňra onuň gyzy Ýelizaweta II bu wezipäni eýelediler. Fransiýada syýasy krizis. Dördünji respublikanyň jar edilmegi. Fransiýada uruşdan soň, wagtlaýyn hökümet döw- ründe syýasy göreş ýitileşdi. Wagtlaýyn hökümet 1944-1946- -njy ýyllarda ýurdy edara edipdi. Oňa «Azat Fransiýa» hereketiniň Iňlis korolewasy baştutany general Şarl de Goll Ýelizaweta II ýolbaşçylyk edýärdi. Fransiýada wagtlaýyn hökümete girýän syýasy partiýalaryň arasynda dawalar başlandy. Aýratyn-da, ýurduň täze Konstitusiýasynyň taslamasynyň üstünde we ýurduň indiki ösüş ýoluny kesgitlemek meselesinde syýasy garaýyşlar deň gelmedi. Ýurtda syýasy krizis döredi. Bu ýagdaýdan baş alyp çykyp bilmän, Şarl de Goll wezipesini taşlap, «Fransuz halkynyň Birleşmesi» atly täze partiýa döretdi. 1946-njy ýylyň oktýabrynda Konstitusiýa kabul edildi. Täze Konstitusiýa laýyklykda Fransiýa Prezidentiň ýolbaşçylygyndaky parlament respublikasy diýlip jar edildi. Emma Prezidentiň hukuklary ep-esli çäklendirildi. Şu ýagdaý tä 1958-nji ýyla çenli dowam etdi. 1947-nji ýylyň ýanwarynda Fransiýanyň Prezidentligine Wensan Oriol saýlandy. Konstitusiýanyň kabul edilmegi bilen Dördünji respublika jar edildi. 01 1946-1958-nji ýyllarda ýaşady. Dördünji respublikanyň ähli hökümetleri gatyşyk hökümetlerdi. Şonuň üçin syýasy oňşuklylyk ýokdy. Dördünji respublikanyň ýaşan 12 ýylynda 14 gezek hökümet täzelendi. 71 Italiýada respublikanyň jar edilmegi. Italiýada uruşdan soňky ýyllarda hristian demokratlaryň, kommunistleriň we sosialistleriň arasynda syýasy göreş başlandy. 1947-nji ýylyň maý aýyna çenli üç partiýanyň wekilleri-de hökümetiň düzümine girýärdiler. Soňra kommunistler hökümetiň düzüminden çykaryldy. 1947- -nji ýylda ähli halka sala salyşlygyň netijesinde, Italiýada monarhiýa düzgüni ýatyryldy. 1947-nji ýylyň Konstitusiýasy boýunça Italiýa respublika diýlip jar edildi. Parlament saýlawlarynda hristian demokratik partiýasy ýeňiş gazanyp, Alçido de Gasperiniň ýolbaşçylygynda hökümet düzüldi. Ýewropa ýurtlarynda demokratik düzgüniň pugtalandyrylmagy. Halkyň ýaşaýyş derejesi. Günbataryň beýleki ýurtlarynda-da demokratik häsiýetli özgerişler bolup geedi. Olarda täze Konstitusiýalar kabul edilip, demokratik düzgünler berkidildi. Köp ýurtlarda aýallara erkekler bilen deň hukuklar berildi. Günbatar ýurtlarynda jynsparazlyk, milletçilik ýazgaryldy. Günbatarda 40-50-nji ýyllarda ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün edýän, demokratik ýörelgelerden ugur alýan, bazar ykdysadyýetli, eşretli ýaşaýyşly döwlet guramaklyk başlandy. Beýle döwletlerde adam hakyndaky aladany döwlet özüniň baş wezipesi edipdi. Uruşdan soňraky Günbatar ýurtlaryň ykdysady ösüşi ilatyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin çykdajylary artdyrmaga mümkineilik döretdi. Uruşdan soňra ilatdan alynýan salgytlar azaldylyp, olaryň girdejileriniň artmagyna şert döredildi. Jemgyýetiň zähmete ýarawsyz adamlaryna: çagalara, garrylara, maýyplara döwlet tarapyndan kömek pullary berlip başlandy. Işsizlere, eklenjini ýitirenlere, ýetimlere, köp 72 çagaly, az girdejili maşgalalara kömek bermegi Günbatar döwletleriniň köpüsi öz üstüne aldy. Halkyň saglygy hakynda alada güýçlendi. Iýmitiň hili gowulandy. Netijede, ilatyň maddy hal-ýagdaýy oňatlaşdy.

Soraglar we ýumuşlar 1. Uruşdan soňky ýyllarda ABŞ-da syýasy ýagdaý nähilidi? 2. Fransiýadaky syýasy krizisiň sebäplerini düşündiriň. 3. Fransiýada birinji, ikinji, üçünji we dördünji respublikalaryň ýaşan döwürlerini anyklaň. 4. Italiýada monarhiýa düzgüni haçan we nähili ýatyryldy? III BÖLÜM DÜNÝÄ DÖWLETLERI XX ASYRYŇ IKINJI ÝARYMYNDA WE XXI ASYRYŇ BAŞLARYNDA

IBAP ÝEWROPA WE AMERIKA ÝURTLARY

§14. ABŞ 50-60-njy ýyllarda

50-60-njy ýyllarda ABŞ-da ykdysadyýetiň we halkyň durmuş derejesiniň ösüşi. Respublikaeylar partiýa- syndan bolan Duaýt Eýzenhauer 1952-nji ýylyň saýlawlarynda ýeňip, 1953-1961-nji ýyllarda ABŞ-nyň Prezidenti wezipesini eýeledi. Onuň dolandyran döwründe amerikan ykdysadyýeti gaty çalt bolmasa- -da, ösüşini dowam etdirdi. Eýzenhauer ilkinji nobatda ýurduň býujetini tertiplesdirmäge synandy. 01 döwlet harajatlaryny azaldyp, salgytlary peseltmekçi we dollaryň hümmetini güýçlendirmekçi bolýardy. 50-nji ýyllarda amerikan ykdysadyýetiniň häsiýetli aýratynlygy dürli pudaklarda iri-iri hususy birleşmeleriň döremegidir. ABŞ-nyň oba hojalygy agyr pursatlary başdan geçirdi. Fermerleriň birnäçeleri birleşip, iri oba hojalyk fermalaryny döredýärdiler. Maşgala fermerleri bolsa iri fermalar bilen bäsdeşlige çydaman tozýardylar. Söwdada birleşmek meýli güýçlüdi. Dürli görnüşli harytlary satýan iri-iri söwda merkezleri köpeldi. Söwda merkezleriniň ýanynda oňaýly awtoulag goýulýan ýerleriň bolmagy we ähli gerek harytlarynyň bir ýerden tapylmagy alyjylara oňaýlylyk döredýärdi. 74 Ýurduň merkezi bilen onuň çet-gyralaryny birleşdirmek üçin gara ýollaryň gurluşygynyň güýçlendirilmegi ykdysadýetiň ösmegine itergi berdi. 1956-njy ýylda gara ýollaryň gurluşygyna 26 mlrd amerikan dollary goýberildi. Bu Amerikanyň taryhynda döwlet işine goýberlen iňňän uly maýa goýumydy. Ýurduň ähli ýerini birleşdirjek ýollaryň 64 müň kilometri gurulmalydy. 50-nji ýyllary ilatyň maddy durmuş derejesiniň gowulanan döwri hökmünde häsiýetlendirmek mümkin. Bu döwürde hususy jaýly maşgalalaryň sany iki esse artdy. Amerikalylaryň ýarysyndan gowragy girdeji- leriniň möçberi boýunça orta gatlaga öwrüldi. Maşgalalaryň köpüsi diňe bir telewizorly ýa-da sowadyjyly we beýleki durmuş enjamly bolman, eýsem awtoulagly, gurply hojalyga öwrüldi. Martin Lýuter King. ABŞ-da akýagyzlar bilen garaýagyzlar deň hukukly däldi. Amerikan jemgyýe- tinde garaýagyz amerikalylyar öz hukuklarynyň akýagyzlar bilen deňleşdirilmegi ugrunda göreşe başladylar. Garaýagyz ilatyň deňhukuklylyk ugrundaky göreşine parasatly we Martin Lýuter King dilewar ruhany Martin LýuterKing ýolbaşçylyk etdi. Prezident Eýzenhaueriň özi-de garaýagyzlaryň deňhukuklylygynyň tarapdarydy. Netijede, akýagyzlar bilen garaýagyz çagajyklara bir mekdepde okamaga rugsat berildi. Şäher awtoulag- larynda jynsy kemsidilmeler ýatyryldy. Garaýagyzlaryň akýagyzlar bilen saýlaw hukuklary deňleşdirildi. 75 Jon Kennediniň we Lindon Jonsonyň liberal özgertmeleri. 1960-njy ýylyň prezident saýlawlarynda demokratik partiýadan bolan, 43 ýaşly Jon Kennedi ýeňiş gazandy. 01 saýlawçylara täze, düýpli özgertmeleri durmuşa geçirip, täze sepgitlere ýetmegi söz berip, ýeňiş gazanypdy. Şonuň üçin onuň syýasatyny, köplene, «Täze sepgitler» diýip atlandyrýarlar. Jon Kennedi ilki bilen ýurduň ykdysady pese gaçmasyny tog- tatmagy başardy. 01 liberal özgertmeleriň käbirini durmuşa geçirdi. Jon Kennedi iş hakynyň ýokarlandyrylmagyny durmuşa geçirdi. Raýatlaryň hukuklary hakynda kanunyň kabul edil- megini-de gazandy. Kosmos Jon Fisjerald barlaglaryny güýelendirmegi Kennedi , , amala aşyrdy. Kennedi daşary syýasat meselesinde SSSR we sosialistik ýurtlar bilen gatnaşyklarda ylalaşykly syýasatyň tarapdarydy. Ýöne onuň eglişikli daşary syýasatyna SSSR-iň baştutany N.Hruşýow ABŞ-nyň ejizligi hökmünde nädogry düşünipdi. Dogrusy, «Sowuk urşuň» soňuna çykmaga Hruşýowda mümkinçilik bolupdy. Ýöne ol bu taryhy mümkinçiligi ulanyp bilmedi. Kennedi 1963-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Tehas ştatyndaky Dallas şäherinde üsti açyk maşynda barýarka atyldy. Ony öldüreniň kimdigi barada anyk maglumat bolmandan soňra dürli pikirler ýöredildi. 01 özgertmeler ugrunda göreşen Prezident hökmünde halkyň ýadynda galdy. J.Kennediniň ölüminden soňra, ýurduň wise- -prezidenti L.Jonson Prezidentiň wezipesini ýerine 76 ýetirip başlady. 01 Kennediniň başlan özgertmelerini dowam etdirdi. Jonson ýurtda garyplygy ýok etmek ugrunda göreşdi. Garyp gatlagyň sowat almagyna şert döretdi. Aşa garyplara medisina hyzmatynda ýeňillikler berildi. Garyplary arzan jaý bilen üpjün etmegi ýola goýdy. Bu çäreleriň ählisi «garyplyga garşy göreş» diýlip atlandyryldy. Elbetde, bu çäreler garyp adamlaryň sanynyň azalmagyna getirdi. Jonson 1964-nji ýylda «Beýik jemgyýet» meýilna- masyny yglan etdi. Şol meýilnama we Jonsonyň adamlary ynandyrmaga ukybynyň güýçli bolmagy, ökde dilewarlygy 1964-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda oňa iistünlik getirdi. 60-njy ýyllarda jynsy kemsidilmelere garşy garaýagyz amerikalylaryň göreşi täzeden güýçlendi. Olaryň köpiisi güýç ulanmazdan, gan dökmezden, parahatçylykly ýollar bilen jynsparazlyga garşy göreşdiler. Garaýagyzlar deňhukuklylygy talap edip, köpçülikleýin köçelere çykýardylar. Netijede, jemgyýetiň sagdynlygyny saklamagyň hatyrasyna jynsparazlygy gadagan edýän kanunlar kabul edildi. Şol kanunlara laýyklykda garaýagyz raýatlary akýagyzlardan mejbury çetleşdirmek (segregasiýa) düzgüni ýatyryldy. 60-njy ýyllar ABŞ-da bidüzgünçilikleriň güýçlenen döwri boldy. Prezident saýlawlaryna gatnaşmaga meýil bildiren, öldürilen J.Kennediniň dogany Robert Kennedi 1968-nji ýylda öldürildi. Şol ýyl garaýagyzlaryň deňhukuklylygy ugrunda göreşiji, beýik ynsanperwer, Nobel baýragynyň eýesi Martin Lýuter King hem öldürilipdi. Onuň öldürilmegi bolsa garaýagyzlaryň tolgunyşygynyň ösmegine getirdi. 77 Wýetnam urşunyň ABŞ-nyň içeri syýasatyna täsiri. Jonsonyň Prezidentlik döwründe başlanan Wýetnam urşy we harby çykdajylar ABŞ ýaly baý ýurtda-da maliýe kynçylygyny döretdi (seret: §48). Wýetnam urşy üçin puluň biderek harelanmagy ýaş amerikalylary öz döwle- tiniň ýöredýän syýasatynyň dogrulygyna ikirjiňlenmäge mejbur edýärdi. Ýaşlar Wýetnam urşunyň ýatyryl- magyny talap edýärdiler.

Soraglar we ýumuş 1. 50-nji ýyllarda ABŞ-nyň ykdysady ösüşi nähili bolupdyr? 2. 50-nji ýyllarda amerikalylaryň durmuş derejesi nähili gowulaşdy? 3. Garaýagyzlaryň öz deňhukuklylygy ugrunda göreşi nähili neti- jelerberdi? 4. J.Kennediniň liberal özgertmeleri barada gürrüň beriň. 5. L.Jonson garyplyga garşy nähili göreşdi? 6. Wýetnam urşy amerikan jemgyýetine nähili täsir etdi?

§15. ABŞ 70-80-nji ýyllarda

Riçard Niksonyň döwri. L.Jonson hernäçe gowy çäreleri durmuşa ornaşdyrsa-da, Wýetnam urşy oňa abraý getirmedi. 1968-nji ýyldaky prezident saýlaw- larynda ol öz kanditaturasyny prezidentlige hödür- lemedi. Wýetnam urşuny ýatyrmagy we ýurduň içindäki bidüzgünçilikleri tertibe salmagy söz berip, respublikaçy Riçard Nikson üstünlik gazandy we respublikaçylaryň döwri başlandy. Jemgyýetiň urşa garşy topary täze Prezidentden Wýetnam urşuny ýatyrmagy talap etdi. Amerikan jemgyýetiniň mundan buýana bölünmeginiň öňüni almak üçin Nikson urşy bes etmek barada gepleşikler geçirip başlady. R. Nikson ykdysady krizisden ýurdy alyp çykmak

78 üçin 1971-nji ýylda «täze ykdysady syýasaty» öňe sürdi. 1972-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda ýene-de Riçard Nikson ýeňiş gazandy. Saýlaw- lardan soň 1973-nji ýylda Wýet- namdan amerikan goşunlary çykaryldy. Emma ikinji möhletde doly Prezident bolmak oňa miýesser etmedi. Çünki saýlaw Rieard Nikson döwri demokratik partiýanyň saýlaw merkezinde — Uotergeýt myhmanhanasynda ses diňleýän enjamlary oturtmaga edilen synanyşyklaryň üstüniň açylmagy ( «Uotergeýt dawasy») uly dawalara getirdi. Ýurduň kongresinde Prezidentiň halkyň gözünden düşendigi sebäpli, oňa ynanmazlyk (impiçment)* meselesini ara alyp maslahatlaşmagy sese goýmak talap edilip başlandy. Şeýle şertlerde 1974-nji ýylda Nikson wezipesinden ýüz öwürmäge mejbur boldy. Nikson iş başyndan aýrylandan soň indiki saýlawlara çenli ýurduň wise-prezidenti Jerald Ford Prezident boldy. Onuň döwründe ykdysady kynçylyklar artdy. ABŞ 70-nji ýyllaryň ykdysady krizisi döwründe. ABŞ Jimmi Karteriň döwründe. Ikinji jahan urşundan soňra dünýäniň ykdysadyýeti 30 ýyl çemesi birsydyrgyn ösüpdi. 1974-1975-nji we 1980-1982-nji ýyllaryň ykdysady krizisleri ol ösüşi haýallatdy. 70-nji ýyllaryň ykdysady krizisiniň häsiýetli aýratynlygy puluň hümmetiniň pese gaçmagynyň giň gerime eýe bolmagy, energetika ýetmezçiligi bilen

* Impiçment - döwlet ýolbaseysynyň haýsydyr bir etmişi üein gözden düşmegi zerarly ýokary kanun çykaryjy organyň depntatlarynyň oňa ynam bildirmezligi. 79 utgaşdy. Arap-ysraýyl urşy bilen baglanyşykly 1973-nji ýylda arap ýurtlary Günbatara nebit satmagy kemeltdiler. 70-nji ýyllaryň ahyryna çenli nebitiň bahasy 10 esseden gowrak ýokarlandy. Ykdysady krizis dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň ýolbasçylarynyň ünsüni ylalaşykly ykdysady syýasat ýöretmegiň zerurdygyna eekdi. ABŞ, Beýik Britaniýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Ýaponiýa, Fransiýa, Italiýa we Kanada ýaly ösen döwletleriň ýolbasçylary 1975-nji ýylda duşuşyp, onda her ýyl şeýle dusuşyklary guramagy we onda dünýä derejesinde ylalaşykly ykdysady syýasaty ýöretmegiň meselelerine seretmegi maslahatlaşdylar. Bu duşusyklar «Uly ýediligiň» ýurtlarynyň duşuşygy adyny aldy. (Soňra olara Russiýa hem goşulyp, «Uly sekizlik» adyny aldy). 70-nji ýyllarda döwlet tarapyndan ilatyň mätäçlik çekýän gatlagyna goldaw güýçlendirildi. Işsizlik zerarly pensiýa alýanlaryň sany köpeldi. Durmus ätiýaçlan- dyrma düzgüni, azyk talonlaryny paýlamak girizildi. 70-nji ýyllaryň ortalarynda ABŞ-da 33 mln adam döwlet goldawyndan peýdalanýardy. Görşümiz ýaly, 60-70-nji ýyllarda ABŞ-nyň alyp baran syýasaty netijesinde ilatyň durmuş goraglylygy gowulaşdy. Döwlet halkyň ýaşaýyş derejesi hakyndaky aladany içerki syýasatynyň özenine öwürdi. 1976-njy ýylda ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň jar edilmeginiň 200 ýyllyk toýy dabaraly tutuldy. Şol ýyl prezident saýlawlary hem geçip, onda demokratik partiýadan J.Karter Prezident saýlandy. Onuň dolandyran ýyllarynda (1977- -1981) döwlet düzgünleşdirmesi güýçlendirilip, ykdysady krizisden çykmaga synany- şyldy. Emma bu ýol bilen ykdysady kynçylykdan çykmak başartmady. 70-nji ýyllaryň ortalarynda ABŞ-nyň daşary syýasa- tynda hem özgerişler boldy. Wýetnamdan goşunlaryny çykarmagy, onuň esasy garşydaşy bolan SSSR bilen garşylyklaryny gowşatdy. SSSR bilen ýaraglanyşygy çäklendirmek hakynda, iki syýasy ulgamyň parahat- çylykly ýaşaşmagy barada şertnamalar baglaşyldy. Müsür bilen Ysraýylyň arasynda 1978-nji ýylda Kemp- -Dewid* şertnamasynyň baglaşylmagynda ABŞ araçy boldy. Netijede halkara dartgynlygy gowşady. ABŞ 80-nji ýyllarda. R.Reýgan. 1980-nji ýylyň ahyrynda bolan saýlawlarda respublikaçylar partiýa- syndan Ronald Reýgan Prezident- lige saýlandy. ABŞ-nyň taryhynda 40-njy Prezident bolan R.Reýgan öň meshur kinoartist, soňra Kaliforniýa ştatynyň gubernatory bolupdy. Ronald Reýgan ýurdy ösdür- megiň giň meýilnamasyny öňe sü rdi. 01 döw letiň ykdysady gatnaşyklara goşulmasyny eäklen- dirmäge, salgytlary azaltmaga, hususyýetçileriň işine we nyrhlary düzgünlesdirmäge döwletiň gosul- Ronald Reýgan masyny çäklendirmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyna çykarylýan çykdajylary azaltmaga, harby çykdajylary artdyrmaga gönükdirilen eäreleriň uly toplumyny öz içine alýardy. Harby çykdajylaryň

ABŞ-nyň Prezidentiniň şäheriň daşyndaky Kemp-Dewid köşgüniň ady bilen baglanyşykly.

6. Sargyt Ns 693. 81 artdyrylmagynyň hem ýeterlik sebäbi bardy. 1979-njy ýylyň ahyrynda SSSR-iň Owganystana goşun girizmegi bilen baglanyşykly «Sowuk urus» täzeden möwjäpdi. Reýgan özüni ödemeýän, döwletden alýan dürli ýeňillikleriniň hasabyna saklanýan döwlet senagat kärhanalaryny hususylaşdyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirdi. Özgertmeler tiz netijesini hem beripdir.l983-nji ýyldan başlap amerikan ykdysadyýeti täzeden ösüp baslady. Ýurt ykdysady krizisden çykdy. Reýganyň döwründe telekeçiligiň we hususy söwdanyň ösmegine amatly şertler döredildi. Haryt çykarmaga we getirmäge çäklendirmeler ýatyryldy, gümrük paçlary azaldyldy. Ownuk telekeçiler salgytdan boşadyldy. Täze bir işe başlan töwekgel telekeçilere döwlet tarapyndan ýardam berildi. Bu çäreler telekeçilik bilen meşgullanmaklyga ählihalk bolup girişilmegine getirdi. Netijede, täze iş ýerleri döredi, täze-täze tehniki aeyşlar artdy. 1984-nji ýylyň saýlawlarynda üstünlik gazanyp, R. Reýgan ikinji möhletde hem Prezident boldy. Reýgan durmuş taýdan goraglylyk meselesine täzeden seretdi. 01: «adam öz öňünde we hudaýyň öňünde özüniň hem-de ýakyn garyndaşlarynyň gowy ýaşamaklaryny üpjün etmäge jogapkärdir, döwletiň wezipesi oňa azar berilmezligini üpjün etmekdir» diýip düşündiripdir. Reýganyň alyp baran syýasaty halkyň arasynda onuň abraýynyň aşa ýokary bolmagyna getiripdir. Prezidentlik wezipesinden gidenden soň hem, ol halkyň arasynda meşhurlygy boýunça tapawutlanypdyr. Reýganyň dolandyran ýyllarynda ABŞ-nyň dasary syýasatyny iki dowre bölmek mümkin. Olaryň birinjisinde, ýagny 80-nji ýyllaryň birinji ýarymynda SSSR-iň harby hereketlerine jogap edip, ABŞ ýaraglanyşygy ösdürmäge, hatda kosmosda täze, giň mümkinçilikli raketa garşy goranyş ulgamyny döretmek 82 baradaky meýilnamany işläp taýýarlady. Ony amala aşyrmak üçin milliardlap pul goýberildi. 01 SSSR-i ykdysady taýdan tapdan düşürmek üçin, uly çykdajylary çykarmaga mejbur etmegiň gerekdigi baradaky pikiri öňe sürdi. SSSR-i «şeriň imperiýasy» diýip atlandyrdy. R.Reýgan daşary syýasatynyň ikinji döwründe, ýagny 80-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda, SSSR-de M.S. Gorba- çýowyň häkimiýete gelmegi bilen baglanyşykly dörän sagdyn pikirlenmäni ýerlikli ulanyp, ýaraglanyşygy çäklendirmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirdi. Umuman, respublikaçylar partiýasyndan bolan R.Reýganyň döwründe ABŞ durnukly ösüşe eýe boldy. Şonuň üçin 1988-nji ýyldaky saýlawlarda hem şol partiýanyň wekili, Reýganyň döwründe wise-prezident wezipesini eýelän Jorj Buş ýeňiş gazandy.

Soraglar we ýumuşlar 1. Näme üçin R. Nikson ikinji möhletde doly Prezident bolmady? 2. «Uly ýedilik» ýurtlarynyň duşuşygy näme üçin geçirilýär? 3. 70-nji ýyllaryň ykdysady krizisi barada gürrüň beriň. 4. R. Reýganyň halkyň arasynda abraýynyň ýokary bolmagynyň sebäplerini düşündiriň. 5. ABŞ-nyň R. Reýganyň döwründäki daşary syýasaty barada gürrüň beriň.

§16. ABŞ iki asyryň sepgidinde

J.Buşuň prezidentlik ýyllarynda ABŞ-nyň içeri we daşary syýasaty. XX asyryň soňky çärýeginde ABŞ-ny, köplenç, respublikaçylar partiýasynyň wekilleri dolandyrdylar. 1981-1989- -njy ýyllarda ABŞ-nyň Prezidenti şol partiýadan bolan R.Reýgan bolupdy. J orj Buş 83 Onuň ornuna 8 ýyl ABŞ-nyň wise-prezidenti bolan, agzalan partiýanyň wekili Jorj Buş häkimiýete geldi. 01 ABŞ-nyň 41-nji Prezidenti boldy. 01 Reýganyň ykdysady syýasatyny dowam etdirdi. J.Buş daşary syýasatda hem Reýganyň ýoluny dowam etdirdi. Gündogar ýurtlary, şol sanda Sowet Soýuzy bilen ABŞ-nyň gatnaşyklaryny gowulandyrmaga goşant goşdy. Hut Buşuň döwründe «Sowuk ursuň» soňuna çykyldy. J.Buş bilen M.Gorbaçýow 1989-njy ýylda Maltada duşuşyp, üstünlikli gepleşikleri ge- çirdiler. Buşuň hökümeti 1990-njy ýylyň fewral aýynda Sowet Soýuzy bilen ýaraglanyşygyň üstünden gözegçiligi ýola goýmak barada we Gündogar hem-de Günbatar Germaniýany birleşdirmek hakynda gepleşikler geçirdi. Kuweýtden Yrak goşunlarynyň çykarylmagynda- -da ABŞ-nyň uly hyzmaty bardyr. Demokratik partiýanyň häkimiýete gelmegi. B.Klinton. 1992-nji ýylyň saýlawlarynda demokratik partiýadan bolan 46 ýaşly Bill Klinton ýeniş gazanyp, ABŞ-nyň 42-nji Prezidenti boldy. Klintonyň Prezident saýlanmagy bilen 12 ýyl arakesmeden soň demokratik partiýa gaýtadan döwlet dolandyryşyna geldi. Prezident Klinton ozaly bilen saglygy goraýyş we bilim ulgamyny özgertmäge girişdi. 90-njy ýyllarda ABŞ-nyň ykdysa- dyýeti. XX asyryň ikinji ýarymynda ABŞ-nyň jemi milli önümi üç esse Bill (Uilýam) artdy. 90-njy ýyllarda ABŞ dünýä K lin to n senagat önümçiliginiň 1/5 bölegini berýärdi. Klintonyň prezidentlik eden 8 ýylynda ýurduň ykdysady ösüşi durnukly boldy. Dasary döwletler

84 amerikan ykdysadyýetine uly maýa goýumlaryny goýdular. Esasy maýa goýujy döwletleriň arasynda Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Gollandiýa, Kanada we Germaniýa bardy. ABŞ täze iş ýerlerini döretmekde hem uly isleri etdi. Klinton prezidentliginiň birinji möhletinde 20 milliondan gowrak täze iş ýerini döretmegi başardy. Klintonyň döwründe işsizlik şol wagta çenli geçen 30 ýylyň dowamynda iň pes derejä (4%) çenli azaldy. 15 mln işçi üçin salgytlar azaldyldy. Netijede, ilatyň durmus derejesi ýokarlandy. B.Klintonyň döwründe ABŞ-nyň daşary syýasaty. ABŞ XX asyryň 90-njy ýyllarynda halkara gatnaşyk- larynda esasy güýçdi. 1992-1993-nji ýyllarda raýatara urşunyň soňuna çykmak üçin Somalä amerikan goşunlary girizildi. Klinton Ýakyn Gündogar meselesini düzgünleş- dirmekde arap-ysraýyl dawalarynda araçyllyk etdi. Eger R.Reýgan ykdysady ösüşe bat beren bolsa, B.Klinton ykdysady ösüşi durmuş taýdan goraglylyk bilen utgaşdyrdy. Klinton öz ýörelgesini «üçünji ýol» diýip atlandyrypdy. Jorj Buş. 2000-nji we 2004-nji ýyllarda bolup geçen prezident saýlawlarynda respublikaçylar par- tiýasyndan bolan J orj Buş ýeňiş gazandy we ol 2001-2008-nji ýyllarda ABŞ-nyň taryhynda 43-nji Prezidenti boldy. 01 1989-1993-nji ýyllarda ABŞ- nyň Prezidenti bolan Jorj Buşuň ogludyr. Jorj Buş «eýeçiligiň täze eýýamynyň» baslanýan- dygyny jar etdi. 01 ilatyň aglaba böleginiň baýlaşmagyny özüniň esasy maksady hasaplaýandygyny aýtdy. Şol maksat bilen birnäçe çäreleri durmusa geçirdi. Az girdejili 85 gatlagyň jaý satyn almagyna amatly şertler döredildi. Netijede, jaý bilen üpjünçilik gowulaşdy. J. Buş ownuk telekeçiligi goldady, olara salgytlary azaltdy. Netijede, olaryň sany artdy. ABŞ-nyň hökümeti diňe ownuk telekeçiligi goldamak bilen çäklenmän, eýsem ähli hususyýetçiligi goldady, telekeçileriň töleýän salgytlary azaldyldy. J. Buşuň döwründe-de sosial üpjünçilige ähmiýet berildi. Çagalary we garrylary goramak boýunça ep-esli işler edildi. 2006-njy ýyldan başlap 40 mln pensionerlere we maýyplara satyn alýan dermanlarynyň bir bölegi mugt berlip başlandy. 2005-nji ýylda ABŞ-nyň öndüren jemi içerki önüminiň möçberi 13 trillion dollara barabar bolupdy. Biziň köpimiz ABŞ diýlende senagat taýdan ösen we ýokary derejeli senagatlaşan döwleti göz öňüne getirýändigimiz tebigydyr. Emma ol ösen oba hojalykly döwlet hem hasaplanýar. Dünýäde öndürilýän bugdaýyň we arpanyň bäşden birini, mekgejöweniň tas ýarysyny diýen ýaly, pagtanyň tas bäsden birini, ösümlik ýagynyň dörtden birini ABŞ-nyň fermerleri öndürýär. XXI asyrda ABŞ-nyň daşary syýasatynyň özenini halkara terrorizmine garşy göreş düzýär. 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Halkara söwda merkeziniň iki sany belent jaýlarynyň terroristler tarapyndan uçarlar arkaly tozdurylmagy netijesinde müňlerçe parahat ilatyň heläk bolmagy bilen baglanyşykly ABŞ-nyň hökümeti ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmäge mejbur boldy. Halkara terrorizmine garşy göreş bilen baglanyşykly amerikan goşunlary Owganystandaky talibanlara (2001-nji ý.), Yrakdaky Saddam Hüseýiniň düzgünine (2003-nji ý.) garşy harby hereketleri alyp bardylar. ABŞ ýadro ýaragynyň ýaýramagyna garşy göreşini dowam etdi. 86 ABŞ daşary syýasatynda Bitarap Türkmenistana aýratyn üns berýär. 01 Türkmenistanyň Bitaraplygyny goldaýar. Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli nebit-gaz taslamalaryna gatnaşýar. Türkmenistan ABŞ-dan häzirkizaman tehnikalaryny, oba hojalyk maşynlaryny, «Boing» kysymly howa uçar- laryny satyn alýar. Türkmenistandan ABŞ, esasan, dokma senagat önümlerini satyn alýar. Täze Galkynyş zamanasynda ABŞ bilen Türkmenis- tanyň gatnaşyklarynda hil taýdan täze döwür başlandy. 2007-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-a baranda Kolumbiýa uniwersitetinde çykyş edip, onda Garaşsyz Watanymyzyň taryhy, medeniýeti, tebigy baýlyklary, ýurdumyzyň şu günki ösüşi, bilim ulgamyndaky özgertmeler, umuman alnyp barylýan içeri we daşary syýasat barada giirrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz şol çykysynda Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistana ABŞ-nyň beren goldawy üçin minnetdarlygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz saparyň barşynda ABŞ-nyň döwlet ýolbaşçylary, şol sanda Jorj Buş bilen duşuşdy. ABŞ-da Türkmenistanyň lideriniň ylym, bilim ulgamynda alyp barýan syýasatyny goldap, onuň bu ugurdaky işine ýokary baha berdiler. Hormatly Prezidentimize Ösüp barýan bazarlar akademiýasynyň hormatly akademiginiň diplomy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Soraglar we ýumuşlar 1. J. Buş haýsy ýyllarda ABŞ-nyň Prezidenti boldy? 2. J.Buşuň Prezidentlik eden döwründe ABŞ-nyň daşary syýasa- tynyň esasy ugurlaryny aýdyp beriň. 3. Klinton Prezident bolan döwründe ilatyň saglygyny goramaga degişli nähili çäreleri geçirdi?

87 4. XXI asyryň başlai7nda ABŞ-nyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň beriň. 5. Amerikan-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşi barada aýdyp beriň. 6. Internetiň maglumatlaryndan peýdalanyp, ABŞ-nyň ykdysa- dyýetiniň häzirki ösüş ýagdaýyny düşündiriň.

§17. Beýik Britaniýa 50-70-nji ýyllarda

Ikinji jahan urgundan soň Beýik Britaniýa haýal depgin bilen ösüp başlady. Ýurduň uruşdan soňky ýagdaýyny U.Çerçill: «Ajaýyp ýeňiş we betbagtçylyk» diýip häsiýetlendiripdi. Olaryň birinjisi faşistik Germaniýanyň üstünden gazanylan ýeňşe degislidi. ABŞ-a we beýleki ýurtlara bergidar bolmagy bolsa ýurduň betbagtçylygydy. Ýurduň daşary ýurtlara bergisi 7 esse artypdy. Bakna ýurtlar bilen gatnaşyklar ýaramaz- lasypdy, olarda milU azat edijilik hereketi güýçlenipdi. Urşuň yzysüresi konserwatorlaryň we leýboristleriň bilelikdäki gatysyk hökümeti dargapdy. 1945-1951-nji ýyllarda ýurdy leýboristler partiýasy dolandyrdy. Klement Ettliniň hökümeti birnäçe sosial özgertmeleri geçirdi. Leýboristik hökümet özgertmeleriň üsti bilen ýurdy abadançylykda ýasaýan döwlete öwürmäge synandy. 50-nji ýyllaryň başynda ykdysadyýetde uruşdan öňki derejä ýetildi. Ykdysady görkezijiler ýokarlanyp başlady. Emma sosi^l maksatly özgertmelere çykdajy- laryň artmagy maliýe kynçylyklaryny döretdi. Daşary syýasatda ýurt «Sowuk urşuň» işjeň tarapdarlarynyň birine öwrüldi. Beýik Britaniýa NATO-ny döretmegiň öňbaşçylarynyň biri bolup çykyş etdi. Konserwatorlaryň häkimiýete gelmegi. 1951-nji ýylyň nobatdan da§ary parlament saýlawlarynda konserwatorlar ýeňis gazandylar. Olar 1951-1964-nji ýyllarda ýurdy doländyrdylar. Bu döwürde konser- 88 watorlar birnäçe gezek premýer-ministri ' çalyşmaly boldular. 1951-1955-nji ýyllarda U.Çerçill, 1956-njy ýylda Eden, 1957-1963-nji ýyllarda G. Makmillan, 1964-nji ýylda Duglas Hýum dagylar ýurduň premýer- -ministri boldular. Konserwatorlaryň hökümeti leýboristleriň geçiren sosial özgertmelerini üýtget- mediler. Ykdysadyýetde welin, tersine olar hususylaş- dyrmak syýasatyny ýöretdiler. Döwlet düzgünleşdirişi güýçlendirildi. Beýik Britaniýanyň ykdysady ösüşiniň bady peselipdi. Uruşdan soňra Beýik Britaniýa ykdysady kuwwaty boýunça GFR-den, Ýaponiýadan, Fransiýadan yza galdy. Eýsem, Beýik Britaniýanyň yza galmagynyň nähili sebäpleri barka? Beýik Britaniýanyň ykdysady taýdan yza galmagynyň sebäplerini ýurduň geçmiş taryhyndan agtarmalydy. Beýik Britaniýa öz döwründe hususy territoriýasyndan 48 esse uly meýdanly birnäçe ýurtlary bakna öwürip, olaryň bazarlarynda hojaýynlyk etdi. Iňlis harydynyň bu ýerlerde bäsdeşi ýokdy. Şonuň üçin iňlis senagaty öz önümleriniň hilini kämilleşdirmäge ünsi gowşadypdy. Bakna ýurtlar Beýik Britaniýany çig mal we azyk önümleri bilen-de üpjün edýärdi. Bakna halklar özbaşdaklygyny gazananlaryndan soňra, çig mallaryny öňküsi ýaly arzan bermegi bes etdiler. Beýik Britaniýanyň senagat önümlerini satyn almaga isleg azalypdy. Ine, şu ýagdaý Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetiniň pese gaçmagynyň bas sebäbi bolupdy. Ýewropadan çetleşmek syýasaty. Beýik Britaniýanyň döwlet ýolbaşçylarynyň ýurdy Ýewropadan çetleşdirmek

* Beýik Britaniýada ýurt parlament korollygy bolup, korol resmi döwlet ýolbasçysy hasaplanýardy. Emma is ýüzünde parlament saýlawlarynda ýeňis gazanan partiýanyň ýolbasçysy hökümeti düzüp, ýurdy şol dolandyrýar. Hökümet ýolbaşçysyna premýer-ministr diýilýär. 89 syýasaty ýurduň goňşulary bilen gatnaşyklaryna erbet täsir etdi. 01 diňe ABŞ bilen ýakynlaşdy. 1952-nji ýylda Beýik Britaniýa ýadro ýaragyny edindi. Daşary syýasatda «Sowuk urşuň» işjeň agzasy bolmagynda galdy. Haçan-da Ýewropa ýurtlary ýakynlaşyp, 1957- -nji ýylda Ýewropa Ykdysady Hyzmatdaşlygyna (ÝYH) birleşen wagty, Beýik Britaniýa oňa girmedi. ÝYH-nyň ähmiýetine düsünip, oňa agza bolmaga isleg bildiren wagty bolsa, Fransiýanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Ýewropadan çetleşmek syýasatyny alyp barýandygyny göz öňünde tutup, onuň kabul edilmegine garşy boldy. Diňe 1973-nji ýylda Beýik Britaniýa ÝYH-nyň agzalygyna kabul edildi. Şeýlelikde, Ýewropadan çetlesmek syýasaty Beýik Britaniýany yza galdyran sebäpleriň ýene biridir. G.Wilsonyň leýboristik hökü- meti. 1964-nji ýylyň parlament saýlawlarynyň netijesinde leýbo- ristleriň ýolbaşçysy Garold Wilso- nyň ýolbaşçylygynda hökümet düzüldi. Bu hökümet mümkin bolan ähli ugurlarda puly we çykdajylary tygşytlamak esasynda ykdysa- dyýeti ösdürmäge synanyşdy. Garold Wilson Wilsonyň hökümeti zähmet hakla- rynyň we nyrhlaryň ösmegini saklamaga çalyşdy. G.Wilson ýurduň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini ykdysadyýeti ösdürmekde giňden ulanmaga synandy. Ylmy önümçilik bilen ýakynlasdyrmaga synanyşygy üçin onuň hökümetine «tehnokratlaryň hökümeti» hem diýilýärdi. 1965-nji ýylda «milli ykdysadyýeti ösdürmegiň bäşýyllyk meýilnamasy» kabul edildi. Iş taşlaýyşlary gadagan edýän kanunyň taslamasy welin, parlamentde kabul edilmedi. 90 Wilsonyň hökümeti döwletiň ykdysadyýete gatyşmagyny güýçlendirdi. Emma Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetini beýle ýüzleý çäreler bilen düýpli ösdürmek başa barmady. Leýboristler özleriniň esasy daýanjy bolan kärdeşler arkalaşyklarynyň hukuklaryny çäklendirmäge synandy. Bu bolsa olaryň indiki parlament saýlawlarynda ýeňilmegine sebäp boldy. Olster krizisi. Irlandiýanyň esasy bölegi garaşsyzlyk gazanyp, Irlandiýa Respublikasy döräpdi. Emma demirgazyk Irlandiýanyň 6 sany graflygy Beýik Britaniýanyň düzüminde galypdy. Demirgazyk Irlandiýada (Olsterde) iňlis protestantlarynyň köplügine seretmezden, ilatyň az bölegini düzýän katolik irlandlar syýasy hukuklarynyň giňeldilmegi ugrunda göreşýärdi. Bu göreş 60-njy ýyllaryň ahyrlaryndan başlap, dini gapma-garşylyk häsiýetine ösüp geçdi. Iňlis hökümeti 1968-nji ýyldaky oňşuksyzlygy göz öňünde tutup, 1969- -njy ýylda Olstere goşun girizdi. Katolikleriň hem Irland respublikan goşuny atly gizlin guramasy bardy. Bu gurama iňlislere garşy ýaragly göreşe başlady. Olster krizisiniň raýatara urşuna geçmek howpy döredi. Olsterdäki ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin iňlis hökümeti Demirgazyk Irlandiýanyň özbaşdak dolandyrylyşyny ýok edip, Olsteri gönüden-göni Londona — merkeze tabyn etdi. Britan Arkalaşygy. Baknalyk düzgüniniň dünýä möçberinde synýan döwri, Britan imperiýasyny öňküsi ýaly saklamak mümkin däldi. Beýik Britaniýa üçin bakna ýurtlarynda goşun saklamak hem barha kynlaşýardy. 1931-nji ýylda Milletleriň Britan Arkalaşygy* döräpdi.

Bu gurama 1949-njy ýyldan baslap BritanArkalasygy adyny aldy. Britan Arkalasygyna 50-ä golaý döwlet girýär. Dünýäniň ilatynyň dörtden biri şol döwletlerde ýasaýar. 91 Iňlis hökümeti öň Britan imperiýasyna bakna bolan, soňra garaşsyzlygyny gazanan ýurtlaryň ählisini diýen ýaly, Britan Arkalaşygynyň düzüminde saklamagy başardy. Britan Arkalaşygyna girýän, iş ýüzünde garaşsyz bolan Kanada, Täze Zelandiýa, Awstraliýa ýaly döwletler Beýik Britaniýanyň patyşasyny öz döwletleriniň resmi döwlet ýolbaşçysy hökmünde ykrar edýärdiler. Britan Arkalaşygynyň käbir agzalary (Gana, Keniýa, Şri-Lanka) iňlis patyşasyny özleriniň döwlet ýolbaşçysy diýip ykrar etmediler. Şeýlelikde, imperiýadan Britan Arkalaşygyna geçildi. Arkalaşyga girýän döwletler, olaryň raýatlary, Beýik Britaniýa bilen gatnaşykda birnäçe ýeňilliklerden peýdalanýarlar. Bu bolsa, ol ýurtlarda belli bir derejede, iňlis täsirini saklamaga mümkinçilik berýärdi. 70-nji ýyllarda Beýik Britaniýanyň içerki syýasaty. 1970-1974-nji ýyllarda konserwatorlar häkimiýetde boldular. E. Hitiň hökümetiniň dolandyran döwri dünýä ykdysady krizisi ýyllaryna gabat gelipdi. Onuň her edip, hesip edip ykdysady ösüşi gazanmak pikiri başa barmady. E.Hitiň hökümeti kärdeşler arkalaşyklarynyň hukugyny çäklendirmäge synandy. Bu bolsa 1973-nji ýylyň ählumumy iş taşlaýşyna getirdi. Nobatdan daşary saýlawlarda leýboristler ýeňiş gazandy. G.Wilsonyň we J.Kallageniň hökümetleri «sosial şertnama» syýasatyny ýöretdiler. Oňa laýyklykda kärdeşler arkalaşyklarynyň Britan kongresi we hökümet öz arasynda ylalaşyk gazandylar. Ylalaşyga görä aýlyk haky ýylda 5%-den köp bolmadyk möçberde artdyrylmalydy. Hökümet bolsa bahalaryň galmagynyň öňüni almalydy we işçileriň bähbidine özgertmeleri geçirmelidi. Emma 70-nji ýyllarda önümçilik pese gaçdy. Puluň hümmeti peseldi. Iňlis hökümetine ykdysady we sosial pudaklarda uly üstünlikleri gazanmak başartmady. Ykdysady krizisden 92 çykmagyň «Dogry çemeleşiş» atly maksatnamasyny işläp düzen konserwatorlar partiýasy 1979-njy ýylyň saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Olaryň öňbaşçysy Marga- ret Tetçerdi. Beýik Britaniýanyň taryhynda täze eýýam başlandy.

Soraglar we ýumuşlar 1. Konserwatorlaryň hökümeti 1951 -1964-nji ýyllarda nähili özgert- meleri geçirdi? 2. Beýik Britaniýanyň ykdysady ösüşiniň Günbatar ýurtlaryndan pesdiginiň sebäplerini düşündiriň. 3. Ýewropadan çetleşmek syýasaty nähili netijelere getirdi? 4. Olster krizisi barada gürrüň beriň. 5. Leýboristik hökümetiň geçiren sosial özgertmeleri hakda gürrüň beriň. 6. Britan Arkalaşygy näme maksat bilen döredildi?

§18. Beýik Britaniýa XX asyryň ahyrlarynda — — XXI asyryň başlarynda

Margaret Tetçeriň hökümetiniň ykdysady syýasaty. Margaret Tetçeriň ýolbaşçylygynda konserwatorlaryň hökümetiniň dolandyran döwründe (1979-1990) Beýik Britaniýa ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Häkimiýete gelen konserwa- torlar krizisden çykmagyň ýoluny gözlediler. Hökümet «täze konser- watorçylyk» meýilnamasyny işläp düzdi. 01 «Tetçerçilik» adyny aldy. Meýilnama ozaly bilen dolanyşyk- daky pullary azaltmaga, çykdajy- lary kemeltmäge gönükdirilendi. Krizisden çykmak üçin puluň hümmetiniň pese gaçmagynyň Margaret Hilda öňüni almalydy. Dolanyşykdaky Teteer 93 pullar çäklendirildi. Çykdajylar azaldyldy. Hatda sosial hajatlara goýberilýän pullar, bank göterimleri kemeldildi. Hökümetiň 80-nji ýyllarda geçiren çäreleriniň netijesinde puluň hümmeti birneme ýokarlandy. Emma işsizlik welin, artdy. Konserwatorlar öňki hökümetiň «iş bilen ählumumy üpjünçilik», «abadan ýaşaýyşly döwlet» ýörelgesinden sowlupdy. Döwlet nyrhlara we aýlyk haklaryna gözegçilik etmekden el çekdi. Pul süýşürintgilerine we maýa goýumlaryna salgyt kemeldildi. Netijede, Beýik Britaniýa önümçilikde uly böküş gazanmagy başardy. Zähmet öndürijiligi boýunça bolsa ol Ýewropanyň ösen döwletlerinden öňe geçdi. 01 bu babatda diňe Ýaponiýadan yza galýardy. Konserwatorlar döwlet düzgünleşdirişini çäklen- dirdiler. Tfetçer hususyýetçiligi giňeltmegiň tarapdarydy. Ykdysadyýetiň döwlet pudagynyň bir bölegi hususylaşdyryldy. Döwlet öz elindäki özüni ödemeýän kärhanalary hususyýetçilere satdy. «Güýçlini gowşadyp, ejizi güýçli edip bolmaz. Baýlary ýok edip, garyplara kömek edip bolmaz. Adamlaryň özleriniň başarýan işini edip berip, olara kömek edipbolmaz» — ABŞ-nyň Prezidenti A.Linkolnyň ýokarky sözleri M.Tetçeriň sosial syýasatynda esasy ugur alyş nokady boldy. Tetçer mydama döwletiň kömegi bilen ýaşaýanlara däl-de, öz durmuşyny gowulandyrmaga çalyşýan anyk adamlara sosial goldaw bermegiň tarapdary bolupdyr. Beýik Britaniýa asyryň ahyrynda. 1990-njy ýylda Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Tetçer wezipesinden aýryldy. Ökde Jon Meýjor syýasatçy Tetçer partiýa ýolbaş- çylyk etmegini hem bes etdi. Onuň ornuna Jon M eýjor geçdi (1990-1997). 01 hem konserwatorlar partiýa- syndandy. 01 hususylaşdyrmak syýasatyna üns berdi. Bu konserwatorlaryň yzygider üçünji gezek häkimiýete gelşidi. Olar 1979-1997-nji ýyllarda Beýik Britaniýany 18 ýyllap dolandyr- dylar. Tetçerden soňra konser- watorlar partiýasynyň meşhurlygy pese gaeyp başlady. Şonuň üçin 1997-nji ýylyň maý aýyndaky Entoni Bleýer saýlawlarda olar ýeňildi. Häki- miýete leýboristler partiýasy geldi. Onuň ýolbaşeysy Entoni Bleýeriň ýolbaşçylygynda hökümet düzüldi. E.Bleýer leýboristler partiýasynyň sosial ugurly maksatnamasyna gaýtadan seretdi. E.Bleýer öz syýasy maksatnamasyny «täze leýbo- rizm», ýa-da «üçünji ýol» diýip atlandyrdy. E.Bleýer syýasy maksatnamasyny özüniň «Üçünji ýol»: täze müň- ýyllyk üein täze syýasat» atly kitabynda esaslandyrdy. Eýsem, iki asyryň sepgidinde britan jemgyýetini kämilleşdirmegiň bu «üçünji ýolunyň» özeni näme? «Üçünji ýol», ozaly bilen, tetçerçiligiň berk galyba salnan käbir çärelerini inkär edýär. Ýöne ol onuň hususyýetçiligi goldamak tejribesini welin, kabul edip alýar. 01 ykdysadyýeti sosializm ruhunda döwlete tabyn etmek babatdaky leýboristleriň öňki ýörelgesinden hem el çekýärdi. Täze, gatyşyk ykdysadyýeti döretmek teklip edilýärdi. Döwlet hususy eýeçiligiň ösmegine ýakyndan goldaw bermelidi. Döwlet raýatlaryň baş sosial gorageysy bolmalydy. * Halk täze maksatnamany goldady. Bu maksatnama Entoni Bleýeriň baştutanlygyndaky leýboristlere 2001- -nji we 2005-nji ýyllaryň saýlaw- larynda hem ýeňiş getirdi. Bleýer Beýik Britaniýada 3 gezek yzly- -yzyna prem ýer-ministr saýlanan ýeke-täk syýasatçydyr. Emma ol üçünji möhleti tamamlanmanka 2007-nji ýylyň 27-nji iýunynda iş başyndan meýletin aýryldy we Ýakyn Gündogarda parahatçylyk meseleleri bilen meşgullanýan halkara derejeli diplomatyň wezipesine girişdi. 01 Leýboristik partiýanyň öňbaşçysy we saýlawlara çenli ýurduň premýer-ministri wezipelerine 10 ýyl maliýe ministri bolan egindeşi Gordon Brauny teklip etdi. XXI asyrda Beýik Britaniýanyň ykdysady ösüşi. E.Bleýeriň hökümeti hususylaşdyrmagy giňden goldady. 2000-nji ýylda poçta ulgamy hususylaşdyryldy. Angliýanyň bankynyň üstünden döwlet gözegçiligi aýryldy. Sosial syýasatda uly öňegidişlikler gazanyldy. Bu babatda Beýik Britaniýa dünýäde öňdebaryjy ýurda öwrüldi. Zähmete bir sagatda tölenýän iş hakynyň iň aşaky möçberi kesgitlenildi. 01 Günbataryň ösen döwletlerindäki iň az zähmet hakyndan iki esse ýokarydyr. Işsizlik azaldy. 2005-nji ýylda soňky 30 ýylyň dowamynda bu görkeziji iň az möçbere geldi. Netijede, işsizler üçin tölenýän kömek pullary tygşytlanyldy. Tygşytlanan 5 mlrd funt sterling saglygy goraýşy ösdürmäge gönükdirildi. Bilim ulgamy kämilleşdirildi. Beýik Britaniýa dünýä ylmynyň ösmegine saldamly goşant goşýan ýurtdur. Ýurduň alymlary ABŞ-dan soň Nobel baýraklaryna iň köp mynasyp bolanlardyr (2007-nji ýyla çenli 70 sanysy 96 Nobel baýragyna mynasyp bolupdy). Ilatyň ortaça ýaşynyň dowamlylygy ýokarlanyp, 2005-nji ýylda 80 ýaşa ýetdi. Beýik Britaniýanyň daşary syýasaty. Harby-syýasy babatda Beýik Britaniýa ABŞ-nyň iň ygtybarly hyzmatdaşy hasaplanýar. 01 NATO-nyň agzalarynyň köpeldilmeginiň we täsiriniň artmagynyň tarapdarydyr. 1982-nji ýylda Argentina Beýik Britaniýa degişli Folklend (Malwin) adalaryny basyp almaga synanyşdy. Bu ýagdaý 25 günlük iňlis-argentin urşuna getirdi. Ýeňiji bolan Beýik Britaniýa ol adalary öz eýeçiliginde saklamagy başardy. Beýik Britaniýa NATO-nyň Owganystanda, Yrakda, Ýugoslawiýada geçiren harby hereketlerine gatnaşdy. Beýik Britaniýa Ýewropabileleşiginiň resminamalaryny taýýarlamaga işjeň gatnaşdy. Bu onuň Ýewropadan çetleşmekden ötri onuň bilen hyzmatdaşlyk etmäge geçendigini aňladýardy. Halkara terrorçylygyna garşy göreş Beýik Britaniýa- nyň syýasatynyň aýrylmaz bolegine öwrüldi. Iňlis-türkmen gatnaşyklary. Beýik Britaniýa Merkezi Aziýa sebitindäki täze garaşsyz döwletler bilen hyzmatdaşlyk alyp barýar. Türkmenistan hem onuň bu sebitdäki ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Iki döwletiň arasynda söwda, ykdysady, bilim, aragatnaşyk ugurlarynda hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Aşgabatdan Londona howa gatnawy ýola goýuldy. Londonda Türkmenistanyň, Aşgabatda Beýik Britaniýanyň ilçihanasy hereket edýär. Iňlis alymlary Türkmenistanda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýarlar.

Soraglar we ýumuşlar 1. M. Tetçeriň konserwator hökümeti ykdysady krizisden çykmak üçin nähili çäreleri durmuşa geçirdi?

7. Sargyt JML> 693. 97 2. M.Tetçeriň «täze konserwatizm» maksatnamasynyň ýörel- gelerini düşündiriň. 3. M.Tetçeriň hökümeti sosial syýasatda nähili özgertmeleri geçirdi? 4. E.BIeýeriň «üçünji ýol» syýasaty Beýik Britaniýa nähili üstün- likleri getirdi? 5. XXI asyryň başynda leýboristik hökümet nähili sosial öňe gidiş- likleri gazandy? 6. Internetiň maglumatlaryndan peýdalanyp, Beýik Britaniýanyň häzirki ösüşi hakda gürrüň beriň.

§19. Fransiýa 50-80-nji ýyllarda

Dördünji Respublikada syýasy krizis. 1946-1958- -nji ýyllarda Fransiýada Dördünji respublika dowam etdi. Dördünji respublikanyň ýasan 12 ýylynda 14 gezek hökümet täzelendi (seret: §12). Çalt-çaltdan çalyşýan hökümetler halkyň göwnünden turýan aýgytly çäreleri durmuşa geçirmäge ýetişmeýärdiler. Olar bakna ýurtlary saklap galmaga dyrjaşdylar. Ilki Wýetnamda (1946-1954), soňraAlžirde (1954-1962) alnyp barlan uruşlar Fransiýa agyr düşdi. Olar Fransiýanyň bähbidine tamamlanmady. Şowsuz daşary syýasat ýurtda syýasy krizisi güýçlendirdi. Syýasy dartgynlylygy ýitileşdiren ýagdaýlaryň esasysy hem Alžir krizisi bolupdy. Alžir meselesi. Bakna ýurtlarda başlanan milli azat edijilik hereketi Fransiýanyň içeri we daşary syýasatynda uly kynçylyklary döretdi. 50-nji ýyllarda Fransiýa Hindi-Hytaý ýarymadasyndaky öz bakna ýurtlaryndan çykmaly bolupdy. 1956-njy ýylda Marokka we Tunise garaşsyzlyk bermeli boldy. 1954-nji ýyldan başlap Alžiri golastynda saklamak üçin alnyp barlan 8 ýyllyk uruş Fransiýany halys gowşatdy. Fransiýa Marokka we Tunise özbaşdaklyk

98 berse-de, Alžiri elde saklamaga çalyşdy. Fransiýanyň goşun serkerdeleri Alžirde has aýgytly uruş alyp barmagy hökümetden talap etdiler. Hatda fransuz goşun serkerdeleri 1958-nji ýylda gozgalaň turzup, Alžiri elde saklap biläýjek adam hökmünde Şarl de Golly hökümet baştutany bellemegi talap etdiler. Halk gozgalaňeylary goldady. Gozgalaň netijesinde Şarl de Goll hökümet baştutany boldy. Halk bu şahsda Fransiýanyň halasgärini görýärdi. Oňa çäklendirilmedik hukuklar berlip, täze Konstitusiýasynyň taslamasyny taýynlamak tabşyryldy. Dördünji Respublika ýerini Bäsinji Respublika berdi. Bäşinji Respublika. Şarl de Goll (1890-1970). 1958-nji ýylyň güýzünde Fransiýanyň täze Konstitusiýasy kabul edildi. Bu Konstitusiýa boýunça parlament Fransiýasy prezident Respubli- kasyna öwrüldi. 1958-nji ýylyň dekabr aýynda täze Konstitusiýa boýunça Prezident saýlawlary şarl de Goll Şarl de Goll geçirildi. Onda general Şarl de Goll ýeňiş gazanyp, Bäşinji Respublikanyň ilkinji Prezidenti boldy. 1962-nji ýylda prezident saýlawlarynyň tertibine üýtgesmeler girizildi. Täze kanuna laýyklykda Prezidenti parlament däl-de, halk saýlamalydy. 01 7 ýyl möhlete saýlanýardy. Şarl de Goll häkimiýete gelenden soň, ilkinji nobatda, Alžiriň watançylaryna garsy ursy ýaýbaňlandyrdy. Güýç bilen Alžiri saklap bilmejegine göz ýetirip, 1959-njy ýylyň sentýabrynda oňa özbasdaklyk bermegiň zerurdygy barada çykys etdi. Prezidentiň bu kararyna garşy 1960- 1961-nji ýyllarda Alžirde ýasaýan fransuzlaryň 99 gozgalaňy boldy. Gozgalaň basyp ýatyryldy. 1962-nji ýylyň 18-nji martynda Ewian ylalaşygy (Şweýsariýa) boýunça Alžire özbaşdaklyk berildi. 60-njy ýyllaryň birinji ýarymynda «beýik Fransiýany» täzeden dikeltmek ugrunda çäreler durmuşa geçirildi. Ýurtda aerokosmos senagaty we atom energetikasy pudaklary döredildi. 1960-njy ýylda Fransiýa ýadro ýaragyny edindi. Ykdysadyýete döwletiň gözegçiligi güýçlendi. Şarl de Goll «umumyýewropa öýi» pikirini öňe sürdi. Fransiýa 1966-njy ýylda NATO-nyň harby düzüminden çykdy. Şundan soň NATO-nyň merkezi jaýy Parižden Brýussele (Belgiýa) geçirilipdi. 1968-nji ýylyň maý aýyndaky krizis. 1965-nji ýylda Şarl de Goll ikinji möhlete Prezident saýlanyldy. 01 kanun boýunça ýene-de 7 ýyl Prezident bolmalydy. Emma 1968-nji ýylyň maý aýynda Fransiýada duýdan- syz syýasy harasat gopdy. Fransuz kommunistleriniň täsiri bilen talyp ýaşlar pitnä baş galdyrdy. 01 gandöküsiklige getirdi. Telewizor arkaly bu wakany bütin Fransiýa gördi. Tblyplary goldap, kärdeşler arkalaşygy we Fransiýanyň kompartiýasy çykyş etdi. Halk köpçüligi hökümetden sosial özgertmeleri geçirmegi talap edip, iş taşlaýyşlara başlady. 10 mln adam iş taşlady. Şarl de Goll kynlyk bilen tolgunyşygy basyp ýatyrdy. Şarl de Goll 1969-njy ýylda ýerli öz-özüňi dolandyrmagy üýtgedip gurmak barada kanunyň taslamasyny ählihalk sala salyşlygyna goýdy. Onuň kabul edilmegi ýerlerde häkimiýeti berkitjekdi. Üstesine, ol Prezidentiň gözegçiliginde boljakdy. Eger şu taslama kabul edilmese, özüniň prezidentlik wezipesinden aýryljakdygyny aýtdy. Halkyň ýarysyndan gowragy bu taslama garşy ses berdi. Şarl de Goll sözünde durdy. 100 1969-nji ýylyň aprelinde prezidentlik kürsüsini Jorj Pompidu (1911-1974) eýeledi. Täze hökümet ykdysa- dyýete döwlet gözegçiliginiň saklanmagynyň tarapdarydy. Bu döwürde sosial maksatnamalar üçin býujet serişdeleri azaldyldy. Fransiýa NATO guramasyna gaýtadan dolanyp geldi. 1974-1981-nji ýyllarda Waleri Žiskar d Esten Bäşinji Respublikanyň 3-nji Prezidenti boldy. 01 syýasatda aramçyl (liberal) ugruň wekilidi. Onuň prezidentligi 1974-1975 we 1980-1981-nji ýyllardaky dünýä ykdysady krizisine gabat geldi. 01 iri senagat kärhanalaryny goldamaga ýykgyn etdi. Döwlet sosial maksatnamalary goldady. Emma ykdysady krizis ýurduň maliýe durnuklylygyna ýaramaz täsir etdi. Şarl de Golluň esaslandyran güýçli prezident häkimiýeti ondan soň hem dowam etdi. Onuň oruntutarlary döwletiň ykdysadyýete gatyşmak meselesine seresabrak çemeleşip basladylar. Hususy işewürleriň işine döwletiň goşulmaga hukugy baradaky mesele ýurduň syýasy partiýalarynyň arasynda gyzgyn jedele öwrüldi. Hut şu mesele partiýalaryň biri-birinden arasynyň açylmagyna ýa-da garaýyşlarynyň ýakynlygy sebäpli birleşmegine getirýärdi. 1971-nji ýylda sosialistik ugurly toparlar Fransiýanyň sosialistik partiýasyna birleşdiler. Onuň öňbaşçysy Fransua Mitteran boldy. Fransuz kommunistleri bu partiýany goldap çykyş etdiler. 1976-njy ýylda sagçy ugry goldaýan partiýalar «Respublikany goldamak bileleşigi» atly bileleşigi döretdiler. Bu bileleşik Golluň syýasatynyň tarap- darlarydy. Olaryň öňbaşçysy Žak Şirakdy. 101 1981-nji ýylyň prezident saýlawlarynda çepçi güýçler ýeňiş gazandy. Sosialist Fransua M itteran (1916-1996) 1981-1995- -nji ýyllarda Fransiýanyň Prezi- denti boldy. Sosialistler we kommunistler bileleşip, gatyşyk hökümeti düz- düler. Hökümet krizisden çykmak üçin döwlet düzgünleşdirilişine giň Fransua Mitteran ýol açdy. Banklaryň we iri senagat kärhanalarynyň ählisi diýen ýaly döwletiň hasabyna geçirildi. Puluň hümmetiniň gaçýan şertlerinde nyrhlara we iş hakyna döwlet gözegçiligi girizildi. Bäş hepdelik tölegli zähmet rugsady, 39 sagatlyk iş hepdesi girizildi. Emma 1984-nji ýyldan başlap hökümet ähli özgertmeleri ýatyryp, tygşytlylyk düzgünine geçdi. Şeýlelikde, döwlet düzgünleşdirişi arkaly ykdysady kynçylykdan çykmak synanyşygy şowsuz tamamlandy. 1986-njy ýylyň parlament saýlawlarynda çepçiler ýeňildi. Çepçi Prezident Mitteran sagçy Žak Şiragy hökümete baştutan bellemäge mejbur boldy. Premýer- -ministr Žak Şirak Tetçeriň täze konserwatorçylyk syýasatyny nusga edinip, ykdysadyýetiň döwlet pudagyny hususylaşdyryp başlady. 01 ykdysadyýetde döwlet düzgünleşdirişinden el çekdi. Emma özgertmeler garaşylan netijäni bermedi. Ýurtda işsizlik artdy. Sosial meseleleri çözmek hem doly başartmady. 1986-1998-nji ýyllarda Fransiýada ýurdy dürli partiýalardan ybarat bolan gatyşyk hökümetler bilelikde dolandyrdylar.

Soraglar we ýumuş 1. Fransiýada Dördünji Respublika haýsy ýyllarda dowam etdi? 2. Şarl de Goll Alžir meselesini nähili çözdi? 102 3. 1968-nji ýylyň maý aýyndaky wakalar hakda gürrüň beriň. 4. 70—80-nji ýyllarda Fransiýada nähili ykdysady we sosial özgert- meler geçirildi? 5. Fransua Mitteran haýsy ýyllarda Fransiýanyň Prezidenti boldy?

§20. Fransiýa iki asyryň sepgidinde

Žak Şiragyň döwründe Fransiýanyň ösüşi. 90-njy ýyllarda Fransiýanyň syýasy durmuşynda birnäçe özgerişler bolup geçdi. 1995-nji ýylyň prezident saýlawlarynda Žak Şirak ýeňiş gazandy. Žak Şirak «Respublikany goldamak bileleşigi» atly partiýanyň öňbaşçysydy. 01 partiýa sagçy ugry goldanýardy. 01 «Fransiýa hemmeler üçin! » diýen şygar bilen saýlawlarda ýeňiş gazanypdy. Özi sagçy hem bolsa, öz maksatnamasyna çepçileriň sosial deňsizlige we işsizlige garşy göreşmek hakdaky ýörelgelerini Žak Şirak goşupdy. Ýurt durnukly ösüp başlady. Şol sebäpli 90-njy ýyllarda Fransiýada daşary ýurt maýa goýumlarynyň goýluşy artdy. Bu babatda ol Ýewropada birinji orna geçdi. 1997-nji ýylda Milli ýygnaga saýlawlar geçirildi. 01 Prezidentiň garaşan netijesini bermedi. Çepçi güýçler ýeňiş gazandy. Mitteranyň döwründäki syýasy ýagdaý tersine gaýtalandy: sagçy Prezident eepçi hökümet bilen ylalaşmaly boldy. 1997-2002-nji ýyllarda fransuz hökümetine sosialist L.Žospen baştutanlyk etdi. 2000- -nji ýylda geçirilen ählihalk referendumyna laýyklykda Prezidentiň ygtyýarlyk möhleti 7 ýyldan 5 ýyla çenli azaldyldy. 103 2002-nji ýylda Žak Şirak prezidentlige gaýtadan saýlanyldy. Bu gezek ol prezidentliginiň birinji möhletindäki şowsuzlyklary gaýtalamazlyga çalyşdy. Hususyýetçilige giň erkinlik berdi. Ykdysadyýete döwletiň gatyşmagyny çäklendirdi. XXI asyrda Fransiýada birnäçe sosial meseleler ýüze çykdy. Olar Fransiýada daşary döwletlerden göçüp gelenler bilen baglydy. Ýurtda araplaryň we garaýagyz ilatyň sany köpdi. Milletara we sosial meseleler 2006-njy ýylyň başynda tolgunyşyklara getirdi. 01 Pariži, Liony we beýleki şäherleri gurşap aldy. Bu tolgunyşyk ýurtda ýaşlaryň arasyndaky işsizligiň artandygy bilen baglydy. Nikolo Sarkoziniň prezidentlige gelmegi. Fransiýada 2007-nji ýylyň baharynda prezident saýlawlary geçirildi. Bu gezekki saýlawlara fransuzlar has işjeň gatnaşdylar. Saýlawlaryň öň ýanyndaky bäsleşikde sagçylaryň 52 ýaşly öňbaşçysy Nikolo Sarkozi «Men ähli fransuzlaryň Prezidenti bolaryn» diýip, çykyş etdi. Saýlawlarda Nikolo Sarkozi ýeňiş gazandy we 2007- -nji ýylyň 16-njy maýynda Şirakdan resmi suratda häkimiýeti aldy. 2007-nji ýylyň iýunynda ýurduň parlamentine saýlawlar geçdi. 01 saýlawlarda hem Nikolo Sarkoziniň bastutanlygyndaky «Halk hereketi ugrundaky bileleşik» partiýasy ýeňiş gazandy. Bu saýlawlardaky üstünlik N.Sarkozä öz öňe süren pikirlerini parlamentden geçirmäge mümkinçilik berýär, ýurtda syýasy durnuklylygyň saklanmagyna Nikolo Sarkozi ýardam edýär.

104 Soňky ýyllarda, aýratyn-da XXI asyryň başyndan başlap Fransiýanyň ykdysady ösüşi haýallapdy. Soňky 25 ýylyň dowamynda Fransiýa milli önüminiň jemi möçberi boýunça dünýäde ýedinji orunda bolanlygyndan ikinji onlugyň ýurtlarynyň hataryna geçdi. Fransiýada ykdysady galkynyşy döretjek özgertmeleriň zerurdygyny aýdyp, çykyş edýänler köpeldi. Saýlawlaryň öňüsyrasynda N. Sarkozi ýurtda giň özgertmelere başlajakdygy barada söz beripdi. 2007-nji ýylyň prezident we parlament saýlawlary bolsa fransuz halkynyň özgertmelere garaşýandygyny, bu meselede N.Sarkozä bil baglaýandyklaryny görkezdi. N. Sarkozi ýurtda býujet ýetmezçiligini ýok etmek ugrunda çäreleri durmuşa geçirýär. Fransiýanyň daşary syýasaty. Asyryň ahyrynda Fransiýanyň halkara abraýy has berkedi. Fransiýa BMG- -niň işine işjeň gatnaşýar. UNESKO-nyň merkezi edarasy bolsa Parižde ýerleşýär. Fransiýa Ruandada, Somalide parahatçylygy dikeltmek işlerine işjeň gatnaşdy. N. Sarkozi prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, ilkinji sözünde «Fransiýa Ýewropa dolanar» diýip, ilkinji nobatda Ýewropa ýurtlary bilen giň gatnaşyklara ýol açjakdygyny, Ýewropa bileleşiginiň işine işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy. Fransiýanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary. Fransiýa Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Iki döwletiň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar giň gerim bilen ösýär. Fransiýanyň dünýäbelli «Buig» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Prezident köşgi, Ruhyýet köşgi, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi, Türkmen Döwlet Çeperçilik Akademiýasy, adyndaky TDU-nyň täze binasy, Buzly köşk, asma tanap ýoly, Sergi 105 köşgi, banklaryň jaýlary, Gökdepedäki we Gypjakdaky metjitler we beýleki binalar guruldy. Fransuz kompa- niýalary Türkmenistanyň howa menzilleriniň gözegçilik nokatlaryny häzirki zaman aragatnaşyk enjamlary bilen üpjün etmäge ýakyndan gatnaşýarlar.

Soraglar we ýumuşlar 1. 1997-nji ýylyň parlament saýlawlarynda kimler ýeňiş gazandy? 2. Žak Şirak nähili sosial-ykdysady özgertmeleri geçirdi? 3. 2005-nji ýylyň güýzünde Fransiýada nähili wakalar bolup geçdi? 4. 2007-nji ýylyň prezident saýlawlarynyň netijesi barada gürrüň beriň. 5. Fransiýanyň daşary syýasaty hakda aýdyp beriň. 6. Internet maglumatlaryndan peýdalanyp, Fransiýanyň häzirki ösüş depgini hakda gürrüň beriň.

§21. Italiýa

Ikinji jahan urşundan soňra Italiýada monarhiýa agdarylyp, ýurt respublika diýlip jar edilipdi. Respub- likanyň ilkinji hökümet ýolbaşçysy Alçido de Gasperi boldy. 01 1953-nji ýyla çenli ýurdy dolandyrdy. Hristian demokratik partiýasynyň ýurdy dolandyrmagy. Partiýalaryň arasynda syýasy göreşde ýeňiji bolan Hristian demokratik partiýasy 1948-nji ýyldan başlap 30 ýylyň dowamynda ýurdy dolandyrdy. Bu döwürde 40 sany hökümet çalyşdy. 1948-1962-nji ýyllarda HDP ýeke özi, 1962-1972-nji ýyllarda Italiýanyň sosialistik partiýasy bilen bilelikde hökümet düzdi. 80-nji ýyllaryň başyna çenli ýurduň syýasy durmuşynda HDP-niň täsiri uly boldy. 50-60-njy ýyllardaky ykdysady ösüş. «Italiýa gudraty». Italiýany tä 50-nji ýyllara çenli Ýewropada gowşak ösen ýurtlaryň hataryna goşýardylar. Emma 50- 106 -60-njy ýyllarda onuň ykdysady ösüşi düýpgöter öňe ilerledi. Bu ýagdaý «italýan gudraty» adalgasynyň döremegine getirdi. Ykdysady ösüşiň depgini ýylda 6% -e golaýlady. Bu görkeziji boýunça Italiýa ösen ýurtlaryň arasynda Ýaponiýadan we Germaniýa Federatiw Respublikasyndan soňra üçünji orna çykdy. Eýsem, «italýan gudratynyň» döremeginiň nähili sebäpleri bardy? «Italýan gudratyny» italýanlaryň özi döredipdi. Ýurduň ýerasty gazma baýlyklaryna garyp bolmagy adamlaryň ykdysady gudraty öz elleri bilen döretmegine, işjeňliginiň ýokarlanmagyna getirdi. Haçanda italýan ykdysatçylarynyň birinden Italiýanyň ykdysady üstünlikleriniň sebäbini soranlarynda, ol «Italiýada dogrudanam tebigy baýlyklar ýok, emma biz işewür adamlary taýynlamagy başarýarys» diýip, jogap beripdir. Italiýanyň «ykdysady gudratynyň» esasy açary onuň ylmyň gazananlaryna daýanmagydyr. 01 senagat taýdan ösen ýurtlardan ylmy aeyşlaryň patentlerini we ygtyýarnamalaryny köpçülikleýin satyn alypdyr. Senagat düýpli özgerdilip gurlupdyr. Ownuk we orta derejeli telekeçileriň sany artypdyr. Olar aýakgap, geýim, trikotaž we taýýar azyk önümlerini öndüripdirler. Ykdysadyýetde iri önümçilik birleşmeleriniň täsiri hem artypdyr. Meselem, «FIAT» dünýäde iri awtoulag senagat kärhanasyna öwrülipdi. Italiýanyň ykdysady ösüşi ýurduň ähli ýerinde birmeňzeş däldi. Sebitleriň ösüşindäki deňsizlik ýurtda sosial meseleleriň ýitileşmegine, guramaçylykly jenaýatyň we korrupsiýanyň artmagyna getiripdir. Mafiýanyn döwlet syýasatyna täsiri güýçlenipdir. 1950-

«Mafiýa» sözi häzirki wagtda jenaýatçylykly topary aňladýar. Mafiýa orta asyrlarda Sisiliýada daýhanlaryň öz-özüni goraýyş guramasy hökmünde döräpdir. 107 -nji ýylda yzagalak sebitlere maliýe kömegi berlip başlandy. Döwletiň maýa goýum syýasaty netijesinde ýurduň günortasy yzagalaklykdan çykypdyr. 60-njy ýyllaryň ahyryndan başlap Italiýanyň ykdysadyýetiniň öňki ösüş depgini gowşap başlady. 70-80-nji ýyllarda Italiýada syýasy-ykdysady ýagdaý. Italiýada syýasy partiýalaryň arasynda oňşuklylyk ýokdy. Dolandyryjy partiýa bolan hristian demokratlar sagçy we çepçi güýçler üçin aralyk syýasaty alyp bardylar. Emma 60-njy ýyllarda bu syýasat özüni ödemän başlady. Hristian demokratlaryň arasynda jemgyýetde sosial özgertmeleri geçirmegiň zerurdygyny goldaýan toparlanyşyk döredi. Olar sosialistleri hyzmatdaşlyga çagyrdylar. Netijede, çepçi-merkezçi bileleşik döredi. 70-nji ýyllaryň ortasynda çepçi- -merkezçi bileleşik şowsuzlyga sezewar boldy. Bu şowsuzlyk HDP-niň hem şowsuzlygydy. 1976-njy ýylyň saýlawlarynda HDP we kompartiýa deňeçerräk ses aldy. HDP-niň görnükli wekili Aldo Moro «üçünji görnüş» syýasatyny öňe sürüpdir. 01 kompartiýany ýurdy dolandyrmaga çekmegi teklip edipdir. 1977-nji ýylda ýurduň 6 sany partiýasy hökümetiň syýasatyny kesgitlemek barada ylalaşyga gol çekdiler. Olar öňde goýlan bilelikdäki maksatnamany amala aşyrýança hökümetiň iş başyndan aýrylmagyny talap etmezlige ylalaşdylar. Emma 1978-nji ýylda terroristleriň Aldo Morony öldürmegi bilen bu ylalaşyk bozulyp, hökümet iş başyndan aýryldy. HDP indi hökümeti düzmekde agdyklyk ediji güýjüni ýitirdi. 80-nji ýyllarda hem ýurdy gatyşyk hökümetler dolandyrdy. Täze syýasy partiýalar. Silwio Berluskoniniň, Romano Prodiniň hökümete baştutanlyk etmegi. 1994- -nji ýylda parlament saýlawlary geçirildi. Saýlawlarda 108 düýbünden täze we öň mälim bolmadyk syýasy toparlar ýeňiş gazandylar. Olaryň arasynda S.Berluskoniniň «Öňe, Italiýa!», U.Bossiniň «Demirgazyk Ligasy», sagçy güýçleriň «Milli bileleşik» atly toparlary bardy. Bu sagçy syýasy partiýalar «Azatlyk polýusy» atly birleşmäni döret- diler. S.Berluskoni gatyşyk Silwio Berluskoni hökümete baştutanlyk etdi. Bu hökümet 1994-nji ýylyň ahyryna çenli häkimiýetde saklandy. 90-njy ýyllarda kommunistler öňki däp bolan ýörelgelerinden ýüz öwrüp, aram-demokratik ýola tarap ýykgyn edip başladylar. Olar hatda 1991-nji ýylda partiýanyň adyny üýtgedip, çepçi güýçleriň Demokratik partiýasy diýip atlandyrdylar. 1996-njy ýylyň parlament saýlawlarynda Romano Prodiniň baştutanlygynda ol partiýa ýeňiş gazandy we 1998-nji ýyla çenli ýurdy dolandyrdy. 1998-nji ýylda ýurduň Prezidenti çepçilerden Masimo d Alema hökümet düzmegi tabşyrdy. Täze hökümet 1999-njy ýylyň baharynda konstitusiýa üýtgetmeler girizmek barada ählihalk sala salyşlygyny geçirdi. Oňa laýyklykda ählihalk tarapyndan saýlanylýan prezident güýçli ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutany bolmalydy. Emma bu syýasy çäre şowsuz tamamlandy. Saýlawlara saýlawçylaryň ýarysyndan hem az bölegi gatnaşdy. Ýurduň premýer-ministri Masimo d Alema iş başyndan aýryldy. 2001-nji ýylyň parlament saýlawlarynda S.Berluskoniniň baştutanlygynda sagçylaryň bileleşigi häkimiýete geldi. X X asyryň başynda belli bir derejede 109 syýasy ýagdaý durnuklasdy. Berluskoniniň hökümeti 2006-njy ýyla çenli iş başynda boldy. Uruşdan soňra Italiýanyň taryhynda ilkinji gezek hökümet doly möhletde iş başynda boldy. Hökümet täze konserwator- çylyk ugurly çäreleri durmuşa geçirdi. Ýurduň ykdysadyýetinde uly ähmiýetli bolan ownuk telekeçilere salgyt azaldyldy. Emma hökümet ykdysady kynçylyk- laryň öňüni alyp bilmedi. 2006-njy ýylyň saýlawlarynda Romano Prodiniň baştutanlygynda çepçi-merkezçi toparlanyşyk ýeňiş gazandy. 01 2006-njy ýylyň maýyndan 2008-nji ýylyň başyna çenli Italiýanyň premýer-ministri boldy. Yrakda italýan goşun kontingentiniň sanyny artdyrmak bilen bagly hökümet krizisinden Romano Prodi soň 2007-nji ýylyň 21-nji fewralynda iş başyndan aýrylýandygyny mälim edýär. Emma ýurduň Prezidenti Jorj Napolitano şol wagt ony wezipesinde galdyrypdyr. 2008-nji ýylyň başynda parlamentde tarapdarlarynyň köplügini ýitirip, premýer- -ministr wezipesinden aýrylýar. 2008-nji ýylyň maýyndaky parlament saýlawlarynda Silwio Berluskoniniň ýolbaşçylygyndaky sagçy bileleşik ýeniş gazandy. Umuman, ikinji jahan urşundan XXI asyryň başyna çenli Italiýada hökümetleriň tiz-tiz çalşylyp durmagy adaty ýagdaýa öwrüldi. Ikinji jahan urşundan soň 2008- -nji ýyla çenli geçen 63 ýylyň içinde 61 gezek hökümetiň çalyşmagy munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda Italiýa dünýäde ösen senagat-oba hojalyk döwletidir. Soraglar we ýumuşlar 1. Italiýada monarhiýa düzgüni haçan ýatyryldy? 2. Italiýada haçan Konstitusiýa kabul edildi? 3. «ltalýan gudraty» barada näme bilýärsiňiz? 4. 70—80-nji ýyllarda Italiýadaky bolan syýasy göreş barada gürrüň beriň. 5. Silwio Berluskoni haçan Itaiiýany dolandyrdy? 6. Romano Prodiniň baştutanlygyndaky hökümetiň syýasaty barada aýdyp beriň. 7. Halkara Internet ulgamynyň maglumaty esasynda Italiýanyň Ýewropa Bileleşiginde tutýan orny hakda gürrüň beriň.

§22. Germaniýa Federatiw Respublikasy

«Sowuk urşuň» başlanmagy bilen Germaniýa, ozal belläp geçişimiz ýaly, ikä bölünipdi (seret: §11). Günbatarynda Germaniýa Federatiw Respublikasy (GFR) döredildi. 1949-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda GFR-iň Konstitusiýasy kabul edildi. Oňa laýyklykda ýurt parlament respublikasyna öwrüldi. Prezidentiň hukuklary çäklendirildi. 01 parlament tarapyndan saýlanýardy. Premýer-ministri — kansleri parlamentiň aşaky palatasy — bundestag saýlaýardy. Ýurduň syýasy durmuşynda Hňstian demokratik bilelesiginiň we Sosial demokratik partiýanyň täsiri uludy. Hristian demokratik bileleşi- giniň öňbaşçysy Konrad Adenauer (1876-1967) GFR-iň ilkinji hökümetini düzdi. Ilatyň durmuş goraglylygy. 50-60- Konrad Adenauer -njy ýyllarda Günbatar Germaniýada bazar ykdysadyýetine geçmek üçin çäreleriň birnäçesi amala aşyryldy. Konrad Adenaueriň hökümetiniň geçiren bu çäreleri «sosial bazar hojalygy» adyny alypdy. 111 Adenaueriň bu syýasaty buýruk beriji dolandyryşa garşy goýlupdy. Oňa laýyklykda, döwlet hojalyk işlerini düzgünleşdirmäge gatnaşmaýardy. 01 diňe hususy hojalyklaryň işlemegi üçin düzgünleri we kadalary işläp taýýarlaýardy. Bu düzgünleriň esasyny erkin bäsdeslik düzýärdi. Bu syýasaty amala aşyrmaga ýurduň ykdysa- dyýet ministri Lýudwig Erhard jogapkärdi. Erhard bu ykdysady ulgamda döwletiň ähmiýetini futbol meýdançasyndaky emin (oýna gatnaşman, kesgitli düzgünleriň berjaý edilmegine gözegçilik edýän) bilen deňeşdiripdi. 50-60-njy ýyllarda Adenaueriň syýasaty Germaniýa üstünlik getirdi. Bu döwür ýurduň taryhyna «german ykdysady gudraty» hökmünde girdi. Senagat önümçiliginiň ösüş depgini ýylda 8,5% -e ýetdi. Bu babatda ol dünýäde ikinji orna (Ýaponiýadan soň) geçdi. Ilat iş bilen doly üpjün edildi, GFR-iň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan köprägi «orta gatlaga» degisli boldy. Sosial özgertmeler L.Erhardyň kansler bolan döwründe (1963- -1966) hem dowam etdirildi. Emma 1966-1967-nji ýyllarda önümiň aşa artykmaç öndürilmegi netijesinde ykdysady krizis başlandy. Bu ýagdaý 80-nji ýyllaryň başyna çenli dowam etdi. 80-nji ýyllaryň ahyryndan başlap Germa- niýa çalt depginler bilen ösüp baş- lady. GFR 70-80-nji ýyllarda. 1969- -1982-nji ýyllarda GFR-de hökümeti Germaniýanyň Sosial demokratik partiýasy düzdi. Hökümete ilki şol partiýadan Willi Brandt (1913-1992) baştutanlyk W illi Brandt etdi. 112 W.Brandtyň hökümetiniň dolandyran döwrüniň soňy dünýä ykdysady krizisiniň güýçlenen döwrüne (1974- -1975) gabat geldi. Önümçiligiň depgini peseldi. Sosial maksatnamalar üçin goýberilen çykdajylar azaldyldy. Erkin Demokratik partiýa hökümeti goldamagyny bes etdi. W.Brandtyň hökümeti iş başyndan aýrylmaga mejbur boldy. Täze kansler Gelmut Şmidt (1974-1982) aýgytly çäreleri durmuşa geçirip, krizisiň öňüni almagy başardy. Emma german ykdysadyýetine öňki ösüş depginine ýetmek başartmady. Gelmut Kol. 1982-1998-nji ýyllarda GFR-iň kansleri Gelmut K ol boldy. Kol 1990-njy ýylda birleşdirilen Germaniýanyň birinji kansleri boldy. Germaniýanyň birleşdirilmeginde onuň bitiren hyzmaty örän uludyr. 01 Ýewropa utgaşygy ugrunda işjeň çykyş edýär. Onuň işjeň gatnaşmagynda 1993-nji ýylda Maastrihtde Ýewropa bile- Gelmut Kol leşigini döretmek hakyndaky şertnama gol çekildi. Gelmut Kol erkin bazar ykdysadyýetini ösdürmek syýasatyny ýöretdi. Onuň baştutanlygynda salgyt-maliýe özgertmesi geçirildi. Senagaty ösdürmek üçin maýa goýýanlara ýeňillikler berildi. Orta işewür gatlak döwletiň goldawyndan peýdalandy. Nemes markasynyň hümmeti artdy. Germaniýanyň ykdysadyýeti gaýtadan ösüş ýoluna düşdi.

Soraglar we ýumuşlar 1. «Sosial bazar hojalygynyň» aýratynlyklaryny düşündiriň. 2. GFR-iň syýasy durmuşynda haýsy partiýalara uly orun berilýär? 3. K.Adenaueriň dolandyran döwründe GFR-iň ykdysady ösüşi nähili boldy?

8. Sargyt M 693. 113 4. «German ykdysady gudratynyň» sebäplerini aýdyp beriň. 5. 70-80-nji ýyllarda GFR-iň syýasy-ykdysady ýagdaýy hakda gürrüň beriň. 6. Gelmut Kol haçan GFR-iň kansleri boldy?

§23. Germaniýanyň birlesdirilmegi

Germaniýa Demokratik Respublikasy 50-80-nji ýyllarda. Germaniýanyň sowet goşunlary tarapyndan eýelenen böleginde 1949-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Germaniýa Demokratik Respublikasy (GDR) döredilipdi (seret: §11). Ýurt öz ösüşinde SSSR-i nusga edindi. SSSR beýleki sosialistik döwletlere garanda GDR-e has köp kömek berýärdi. GDR-iň üstünligi sosialistik gurluşyň artykmaçlygy hökmünde görkezilýärdi. Germaniýanyň bitewi sosialistik partiýasy 1952-nji ýylda GDR-de sosializmiň esaslaryny gurmaga tarap ugry resmi taýdan jar etdi. Staliniň aradan çykmagy bilen onuň Ýewropada dikelden düzgünine garşy halk köpçüliginiň çykyşlary başlandy. Şeýle çykyşlar ilki GDR-de boldy. Bu ýerde urşuň tozgunçylygy, SSSR-iň GDR-den kontribusiýa almagy, üstesine-de, ilatyň gündelik zerur harytlar bilen üpjünçiligindäki bökdençlikler halk tolgunyşyklarynyň başlanmagyna getirdi. GDR-de 1953-nji ýylyň 16-njy iýunynda Berliniň köçelerinde işçiler zähmet haklarynyň azaldylmagyna garşy parahatçylykly närazyçylyk ýörişini guradylar. 17-nji iýunda GDR-iň ähli iri şäherlerinde işçileriň müňlerçesi iş taşlady. Hökümetiň syýasatyndan närazy halk erkin saýlawlaryň geçirilmegini talap etdi. Syýasy talaplaryň öňe sürülmegi sowet ýolbaşçylaryny howatyrlandyrdy. 17-nji iýunda sowet goşunlary we GDR-iň polisiýasy halk hereketini basyp ýatyrdy. GDR- -iň hökümeti halkyň ýaşaýyş şertlerini ösdürmäge 114 gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmäge mejbur boldy. SSSR GDR-den kontribusiýa almagyny-da bes etdi. Ýöne halkyň dowam edýän gurluşdan närazylygyny ýok etmek başartmandy. 1958-nji ýyla çenli GDR-de zerur önümler kartoçka ulgamy boýunça paýlanýardy. Närazy adamlar Gündogar Germaniýadan GFR-e köpçülikleýin gaeýardylar. Şol sebäpli serhet ýapylyp, 1961-nji ýylda Berlin diwary gurlupdy. Ony goraýjylar gaemaga synanyşýanlary şobada atyp öldürýärdiler. GDR-iň hökümetiniň 60-njy ýyllarda geçiren özgertmeleri birneme öňegidişliklere getirenem bolsa, ol dowamly bolmady. E.Honekkeriň dolandyran döwründe ýurtda ýagdaý ýene-de çylşyrymlaşdy. Döwlet bergisi 20 mlrd amerikan dollaryndan hem aşdy. Kommunistik Germaniýada syýasy krizis. GDR-de 1989-njy ýyldaky «Mahmal rewolýusiýa». 80-nji ýyllaryň ahyrynda GDR-däki syýasy düzgünden närazy adamlaryň Günbatara gaemagy hasam artdy. Berlin diwary gurlan wagtyndan bäri 20 mln adam GFR-e gaçyp geçipdi. GDR-däki rewolýusion wakalar 1989-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda respublikanyň 40 ýyllygy baýram edilýän güni başlandy. Bu wakalar «Mahmal rewolýusiýa» adyny aldy. Halkyň köpçülikleýin çykyşlarynyň öňüni almaga synanyşan E.Honekker 1989-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda iş başyndan gitmäge mejbur boldy. Onuň ýerine gelen Egon Krenz hem özgertmeleriň ganym duşmanydy. 01 Germaniýanyň birleşdirilmegine garşydygyny aýdypdy. Emma oňa rewolýusion wakalaryň öňüni almak başartmady. 1989-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Berlin diwary ýykyldy. Egon Krenz häkimiýet başyndan aýryldy. Germaniýanyň birleşdirilmegi. GFR-iň kansleri G.Kol Günbatar we Gündogar Germaniýany birleşdirmek 115 barada 1989-njy ýylyň 28-nji noýabrynda meýilnamany orta atdy. 01 ozaly bilen iki döwletiň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmagy, soňra olaryň konfede- rasiýa birleşmegini göz öňünde tutýardy. Iň soňunda olar bütewi döwlete birleşmelidi. Birleşmek üçin kesgitli bir wagt möhleti bellenmändi. Şuňa meňzeş meýilnama 1990-njy ýylyň 1-nji fewralynda GDR-iň täze ýolbaşçysy Gans Modrow tarapyndan-da öňe sürlüpdi. «Kem-kemden birleşmeli» Germaniýa geljekde bileleşiklere goşulmaýan bitarap döwlet bolmalydy. Emma bu şerti Günbatar Germaniýa şobada ret etdi. Germaniýany birleşdirmek meselesi, ozaly bilenABŞ- -ny, SSSR-i, Beýik Britaniýany we Fransiýany gyzyklandyrýardy. Sebäbi Ýalta maslahatynyň kararyna laýyklykda olar Germaniýanyň geljekki ykbalyny öz üstüne alypdylar (seret: §7). Ikinji bir mesele Polşanyň kepillendirilmesidi. Çünki ikinji jahan urşundan soň SSSR Polşanyň belli bir bölegini özüne birleşdirip, oňa Gündogar Germaniýadan ýer beripdi. Oder-Neýs derýalarynyň basseýni Polşanyň we Gündogar Germaniýanyň serhedi diýlip kesgitlenipdi. Eger bu serhet üýtgese, onda Polşa bilen SSSR-iň arasyna tow düşjekdi. Geljekde ýüze çykaýjak serhet dawalarynyň öňüni almak üçin 1990-njy ýylyň 13-nji fewralynda Osloda «4 + 2» duşuşygy (SSSR, ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa + GDR we GFR) bolup geçdi. 1990-njy ýylyň 18-nji martynda GDR-de geçirilen ilkinji demokratik saýlawlarda Germaniýanyň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýän demokratik güýçler ýeňiş gazandy. 1-nji iýunda GDR-de günbatar german markasy girizildi. 12-nji sentýabrda Moskwada 4 sany ýeňiji döwletler (ABŞ, SSSR, Beýik Britaniýa, Fransiýa) bilen GDR-iň 116 we GFR-iň arasynda Germaniýadaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek hakynda şertnama gol çekildi. Onda Ýewropada serhetleriň üýtgemezligi, sowet ýaragly güýçleriniň Gündogar Germaniýadan çykarylmagy, Germaniýanyň köpeülikleýin gyryş ýaraglaryny edinmezligi kesgitlendi. 1-nji oktýabrda bolsa agzalan döwletleriň daşary işler ministrleri Germaniýada basyp alys düzgüniniň ýatyrylýandygy baradaky resminama gol çekdiler. 1990-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda uly taryhy waka boldy — Germaniýa birleşdirildi. Bismark öň Germaniýany «gylyç syryp, gan döküp» birleşdiren bolsa, Gelmut Kol diplomatik ýol bilen bu işiň hötdesinden geldi. Germaniýanyň birleşdirilmegi dünýäde sosialistik ulgamyň dargamagynyň başyny başlady.

Soraglar we ýumuş 1. GDR-de bolan 1953-nji ýylyň wakalary hakda gürrüň beriň. 2. Berlin diwary haçan we näme maksat bilen gurlupdyr? 3. 1989-njy ýylyň «Mahmal rewolýusiýasy» nähili bolup geçdi? 4. «4 + 2» duşuşygy haçan geçirildi? Ol haýsy meselä seretdi? 5. Germaniýa haçan we nähili birleşdirildi?

§24. Germaniýa XX asyryň ahyrlarynda - XXI asyryň başlarynda

Gündogar Germaniýanyň bazar ykdysadyýetine geçirilmegi. Ýurt birleşdirilenden soň Germaniýanyň öňünde uly meseleler keserip durdy. Ozaly bilen Gündo- gar Germaniýada ykdysadyýeti ýokary götermelidi. Öň sosialistik ykdysadyýet esasynda ösdürilen Gündogar Germaniýa hojalyk taýdan yzagalakdy. Ony ýeňip geçmek üçin döwletiň uly möçberdäki maýa goýumynyň 117 Gündogar Germaniýa goýulmagy gerekdi. Birlesen Germaniýany ykdysady, syýasy, medeni, ruhy taýdan bitewileşdirmelidi, birmeňzeş sosial ulgamy döretmelidi. Gelmut Koluň hökümeti Gündogar Germaniýanyň yzagalaklygyny ýok etmek üçin özüni ödemeýän döwlet kärhanalarynyň müňlerçesini gysga döwürde hususylaşdyrdy. 1990-1994-nji ýyllarda 12 müňe golaý döwlet kärhanalarynyň 2 müňüsi öňki eýelerine gaýtarylyp berildi, 6 müňi hususyýetçilere satyldy, öz- -özüni ödemeýän, döwletiň boýnunda oturan 4 müň kärhana bolsa ýatyryldy. Emma köp kärhanalaryň ýatyrylmagy diňe Gündogar Germaniýanyň däl, eýsem tutuş ýurt möçberinde wagtlaýyn ykdysady pese gaçyşlyga getirdi. 1993-njiýyl pese gaçyşlygyň iň güýçli duýlan ýyly boldy. Ykdysady ösüşi janlandyrmak üçin geçirilen çäreler, daşary ýurt maýa goýumlarynyň ýurda gelmegine şertleriň döredilmegi tiz netije berip başlady. 1994-nji ýyldan başlap Germaniýa birleşdirilenden soň ilkinji gezek ykdysady ösüş duýlup başlandy. 45 ýyl çemesi sosialistik gurluşda ýaşan Gündogar Germaniýanyň halky kynlyk bilen täze şertlere uýgunlaşýardy. 90-njy ýyllarda Germaniýa ilatynyň durmuş goraglylygy üçin uly alada etdi. Ilatyň arasynda işsizler köpelipdi. Olara geçiş döwründe ýardam gerekdi. Ykdysady ösüşi ýokarlan- dyrmak we işsizligi azaltmak üçin 1996-njy ýylda «zähmete ýardam etmek hakyndaky» kanuna düýpli üýtgeşmeler girizildi. Kärhanalara salynýan salgytlar azaldyldy. Telekeçilige ýardam edildi. Netijede, Gündogar Germaniýada bazar gatnaşyklary dikeldilip, 90-njy ýyllaryň ikinji ýarymyndan başlap tutuş Germaniýanyň ykdysadyýeti ösüp başlady. Germaniýada öndürilýän harytlaryň hili gowulandy. Ýurduň ekspor- tunyň möçberi ýokarlandy. 118 Germaniýa Gerhard Şrýoderiň döwründe. 1998-nji ýylda saýlaw- lar bolup, onda 16 ýyl arakesmeden soň sosial-demokratlar ýene-de häkimiýete geldiler. Olar «ýaşyl- lar» bilen bilelikde hökümet düz- düler. Gerhard Şrýoder 1998-2005- -nji ýyllarda Germaniýanyň kans- leri boldy. Gerhard Şrýoderiň hökümeti ilaty iş bilen üpjün etmäge, halka Gerhard Şrýoder edilýän durmuş hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga, pensiýa üpjünçiligini kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirdi. Iri biznese salgytlar artdy- rylyp, ownuk telekeçileriň töleýän salgytlary azaldyldy, az girdejili Angela Merkel gatlak üçin salgyt ýatyryldy. Bilimiň hilini gowulandyr- maga degişli özgertmeler geçirildi. A.Merkeliň hökümetiniň içeri syýasaty. 2005-nji ýylyň saýlawlarynyň netijesinde sosial-demokratlar ýeňildiler. Saýlawlarda ýeňiş gazanan hristian-demok- ratlaryň ýolbaşçysy Angela Merkeliň baştutanlygynda hökümet düzüldi. Bu hökümete ýurtda täsirli partiýa bolan, 2005-nji ýylyň saýlawlarynda gowy netijeleri gazanan sosial-demokratlaryň käbir wekilleri hem girizildi. Soňky döwürde Germaniýanyň ykdysady ösüşi mese- -mälim janlandy. 2002-2007-nji ýyllarda işsizleriň sany azaldy. Germaniýanyň birleşdirilmegi bilen bagly dörän wagtlaýyn kynçylyklar doly ýeňilip geçilip, ýurt durnukly ykdysady ösüş ýoluna düşdi. Beýle ösüş, ilkinji 119 nobatda zähmet bazarynda bolan öňegişlikleriň hasabyna gazanyldy. Germaniýa Ýewropada ykdysady babatda iň kuwwatly ýurda öwrüldi. Germaniýanyň daşary syýasaty dünýäde parahat- çylygy pugtalandyrmaga, demokratiýanyň ösdürilmegine we adam hukuklarynyň berjaý edilmegine gönükdiri- lendir. Häzirki wagtda Germaniýanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen diýen ýaly diplomatik gatnaşyklary bar. Onuň daşary ýurtlarda 230-dan gowrak wekilhanasy bar. Germaniýa sebitde we dünýäde parahatçylygy goramaga uly goşant goşýan döwletdir. Germaniýa dünýäde BMG-ä iň köp töleg töleýän döwletleriň biridir. NATO-nyň býujetiniň dörtden birini, Ýewropa Bileleşiginiň býujetiniň bäşden birini Germaniýa töleýär. BMG-niň Baş sekretarynyň haýyşy boýunça german goşunynyň harby-ulag bölümleri 1993-nji ýylda Somalide parahatçylygy üpjün etmäge gatnaşdyryldy. Olar 1995- -1997-nji ýyllarda Bosniýadaky we Gersogowinadaky söweş hereketlerine-de gatnaşdylar. Germaniýa ýaraglanyşygy haýdatmazlyk ugrunda işjeň göreşýär. 01 1996-njy ýylyň ahyrynda pyýada goşunlarynyň garşysyna ulanylýan minalary ulanmak- dan ýüz öwürdi. 1997-nji ýylyň aýagyna çenli onuň gorlaryny ýok etdi. 011996-njy ýylyň sentýabrynda 150 döwletiň we 5 sany ýadro ýaragy bar bolan döwletleriň gol çeken ýadro synaglaryny doly bes etmek hakyndaky Şertnamasyna hem goşuldy. Bütin dünýäde himiýa ýaragynyň ulanylmagyny bes etmek hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginde Germaniýanyň mynasyp paýy bar. Ýewropa ýurtlary, ABŞ, Kanada we Russiýa Germaniýanyň esasy hyzmatdaşlarydyr. Germaniýa Ýewropa Bileleşiginiň işine işjeň gatnaşýar. 2007-nji ýylyň birinji ýarymynda Germaniýa oňa baştutanlyk 120 etdi. Germaniýa «uly sekizligiň» ýurtlarynyň agzasy hökmünde halkara derejeli möhüm meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşýar. GFR Aziýanyň, Afrikanyň we Latyn Amerikasynyň ösýän ýurtlary bilen hem gowy gatnaşyklary saklaýar. Germaniýa Garaşsyz Türkmenistan bilen işjeň, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Ýurdumyzyň azyk, gaýtadan işleýän hem-de ýeňil senagat pudaklaryna, saglygy goraýyş edaralaryna Germaniýanyň tehnologik enjamlary giňden ornaşdyrylýar.

Ýumuşlar 1. Germaniýanyň birleşdirilmegi netijesinde dörän wagtlaýyn kynçylyklary düşündiriň. 2. G. Şrýoderiň we A. Merkeliň Germaniýany mundan beý- läk ösdürmekde durmuşa geçiren çäreleri barada aýdyp beriň. 3. Germaniýanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitläň. 4. Germaniýanyň Ýewropa Bileleşigindäki orny barada gürrüň beriň. 5. German-türkmen gatnaşyklarynyň soňky döwürde ösüşi bara- da metbugat täzelikleriniň esasynda aýdyp beriň.

§25. Latyn Amerikasy

40-80-nji ýyllarda Latyn Amerikasynyň umumy ýagdaýy. Ikinji jahan urşy ýyllarynda Latyn Amerikasy ýurtlarynyň aglabasynyň ösüşi birmeňzeş, umumy häsiýetlidi. Sebitiň ýurtlary uruşýan döwletleriň senagaty üçin zerur çig maly öndürýärdiler. Şol önümleriň bahasynyň aşa ýokarlanmagy, ýerli baýlaryň sanyny artdyrdy. Ýerli baýlarda bolsa, daşary ýurtlara ykdysady garaslylykdan dynmak meýli güýçlendi. Ikinji jahan urşundan soň olarda millileşdirmäniň we satyn almanyň hasabyna döwlet eýeçiligi döredildi. Kubada rewolýusiýa ýeňip, onuň SSSR-iň yzyna eýermegi ABŞ-ny Latyn Amerikasy sebiti babatda 121 syýasatyny işjeňleşdirmäge itekledi. 1961-nji ýylyň awgust aýynda ABŞ-nyň Prezidenti J.Kennedi «Ösüşiň hatyrasyna bilelesik» atly maksatnamany öňe sürdi. Ony 19 sany latynamerikan döwletleri goldadylar. Maksatnama 10 ýyla niýetlenip, sebitiň ösüşi üçin gönükdirilipdi. Maksatnama boýunça jemgyýetçilik- -syýasy durmuş demokratiýalaşdyrylmalydy. Oba hojalygynda özgertmeler geeirilmelidi. Bilim, saglygy goraýyş, ýaşaýyş jaý meseleleri çözülmelidi. Maksat- namany amala aşyrmak üçin ABŞ karz bermegi hem-de 20 mlrd dollarlyk beýleki kömekleri göz öňünde tutupdy. Emma bu maksatnama ýerine ýetirilmän galdy. 70-nji ýyllarda Latyn Amerikasy ýurtlarynyň esasy bölegi harby diktaturalaryň elinde boldy. 1964-nji ýylda Braziliýada harby öwrülişik boldy. 1976-njy ýylda Argentinada harbylar häkimiýete geldi. Çilide, Boliwiýada, Urugwaýda, Paragwaýda, Gondurasda, Gwatemalada, Ekwadorda hem harby diktatura dowam edýärdi. Kuba sosialistik ýol bilen ösen bolsa, Çilide diýdimzorlyk düzgüni agalyk etdi. Meksika bolsa özgertmeler ýoly bilen ösdi. Argentinada Huan Peronyň hökümeti. Argentinany Ikinji jahan urşundan soňky on ýylda dolandyran Prezident Huan Peron (1895-1974) ýurduň ykdysa- dyýetinde döwletiň täsirini güýç- lendirmäge başlady. Amerikanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň hususyýetçilerine degişli bolan telefon ulgamlary, demir ýollar satyn alnyp, senagatda kuwwatly döwlet eýeçiligi döredildi. Ýurduň Konstitusiýasynda zähmete, bilime bolan hukuk, H u a n P eron demokratik azatlyklar jar edildi. 122 Peron Argentinada adalatly döwletiň döredilýändigini yglan etdi. Hökümet işçileriň, döwlet edaralarynda işleýän gullukçylaryň aýlygyny artdyrdy. Ählumumy pensiýa üpjünçiligi, tölegli zähmet rugsatlary girizildi. Peron başarjaň syýasatçy we ajaýyp dilewar adam bolupdyr. 01 halky yzyna düşürmegi başaran syýasat- çydyr. Emma Prezidentiň syýasatyndan närazy general- lar 1955-nji ýylyň sentýabrynda döwlet agdarylyşygyny geçirdiler. Harby hökümdarlar Peronyň kabul eden köp kanunlaryny, Konstitusiýany ýatyrdylar. Meksika. Meksikanyň dolandyryjylary aram özgertmeler ösüş ýoluny saýlap aldy. Hökümet Kuba rewolýusiýasynyň Meksikada hem goldaw tapmagyndan heder edip, ilatyň durmuşyny gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirdi. 1973-1974-nji ýyllarda dünýäde nebitiň bahasynyň gymmatlamagy bilen Meksikanyň ykdysady ýagdaýy gowulandy. Çünki Meksika Latyn Amerikasy ýurtlarynyň içinde nebite baý döwlet hasaplanýar. 80-nji ýyllarda Meksikanyň ykdysady ýagdaýy erbetleşip, Halkara walýuta gaznasyndan kömek soramaga mejbur boldy. 80-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap, döwlet eýeçiligindäki senagat kärhanalary hususyýetçilere satylyp başlandy. 90-njy ýyllarda Meksikanyň ykdysadyýeti kynçylykly döwri başdan geçirdi. Ýurduň daşary ýurtlara bergisi artdy. Işsizleriň sany köpeldi. Kuba rewolýusiýasy. F.Kastro. Kubada 30-njy ýyllarda rewolýusiýa bolup, ýurtda köp partiýaly ulgam döredilipdi. Halkyň hal-ýagdaýy gowulanyp başlapdy. 1952-nji ýylda ýurtda harby agdarylyşyk geçirilip, häkimiýete F.B atista geldi. General Batistanyň diýdimzorluk düzgünine garşy Fidel Kastronyň ýolbaşçylygynda rewolýusionerler bäş ýyldan gowrak göreş alyp bardylar. Olar ýeňiş gazanyp, 1959-njy ýylyň 123 fewralynda rewolýusion hökumeti düzdüler. Ilkibada kommunist bolmadygam bolsa, F.Kastro SSSR bilen ýakynlaşmaga mejbur bolupdy we söweşjeň kommuniste öwrülipdi. 01 SSSR-iň mysalynda sosia- lizm gurup, ABŞ bilen duşman-

Fidel Kastro çylykly, SSSR bilen dostlukly gatnaşyklary alyp bardy. 1960-njy ýyllaryň ahyrlarynda ykdysadyýet millileşdirildi. Kuba özüniň milli girdejisiniň uly bölegini ýaraglanyşyga sarp etmäge mejbur boldy. Bu ýagdaý ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna päsgel berdi. SSSR-iň dargamagy, Ýewropada sosializmiň synmagy Kuba üçin uly urgy boldy. 49 ýyllap döwlet başynda bolan Fidel Kastro 2008-nji ýylyň fewral aýynda wezipesinden meýletin aýryldy. Ýurduň parlamenti Kubanyň döwlet baştutanlygyna onuň dogany Raul Kastrony saýlady. Çili. Salwador Alýendäniň we Augusto Pinoçetiň döwlet dolandyryşlary. Eger-de 60-njy ýyllarda dünýä jemgyýetçiligi Kubabilen aýratyn gyzyklanan bolsa, 70- -nji ýyllarda Çili dünýäniň ünsüni özüne çekdi. Çili Latyn Amerikasy ýurtlarynyň içinde demokratiýanyň ösen, bazar ykdysadyýetiniň berk ornaşan adalat jemgyýeti hasap- lanýardy. 60-njy ýyllarda E.Freý tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän hristian demokratlarynyň höküme- tiniň geçiren özgertmeleri jemgyýe- tiň asudalygyny bozdy. 1970-nji ýylyň prezident saýlawlarynyň Salwador Alýende öňüsyrasynda «Halk birligi» atly 124 büeleşik döredilip, oňa kommunistler, sosialistler, çep- çiler we «Bütewi halk hereketi» guramasynyň wekilleri girdiler. Bu bileleşigiň wekili sosialist SalwadorAlýende (1908-1973) saýlawlarda ýeňip, 1970-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda ýurduň Prezidenti boldy. S.Alýende özgertmeleriň üsti bilen sosializme geçmegiň tarapdarydy. 1971-nji ýylda ol birnäçe senagat kärhanalaryny döwletiň hasabyna geçirdi. Alýendäniň geçirýän özgertmeleri jemgyýetiň barly gatlagyna ýaramaýardy. 1973-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda general Augusto Pinoçetiň ýolbaşçylygynda dildüwişijiler harby pitne turuzdylar. Alýende öldürildi. Çilide Pinoçetiň harby diktaturasy gurnaldy. Pinoçetiň harby diktaturasy döwründe halkyň erkinligi, azatlygy gysyldy. Çilide ykdysady özgertmeler geçirildi. Dasary ýurt maýa goýumlaryna ýol aeyldy. Ýurt çalt ösdi. Dünýäde «çili ykdysady gudraty» hakda gürrüň edilip başlandy. Emma ol uzaga çekmedi. Ýurduň daşarky bergisi . , J ° Augusto Pmoeet ZO mlrd amerikan dollaryna ýetdi. Işe ukyply ilatyň 35% -i işsizdi. Pinoçet demokratiýany ösdürmezden ykdysady özgertmeleriň şowly bolup bilmejegine göz ýetirdi. Pinoçet ilki ýurduň Konstitusiýasyna öz bähbidine üýtgetmeler girizip, soňra 1989-njy ýylyň 14-nji dekabrynda prezident saýlawlaryny geçirmäge razylyk berdi. Bu saýlawlara özüniň gatnaşmajakdygyny hem aýdypdy. Halkyň özüne nähili ynam bildirýändigini barlamak üçin 1988-nji ýylda referendum geçirdi. Halk oňa garşy ses berdi. Pinoçet iş başyndan aýryldy. Çiliniň taryhynda täze döwür 125 başlandy. Ýurtda demokratik özgertmeler ýaýbaňlandy. Saýlawlarda Hristian demokratik partiýasy ýeňiş gazandy. Onuň öňbaşeysy P.Eýlwin täze hökümeti düzdi (1990-1994). 2000-nji ýylda sosialist Rikardo Lagos ýurduň Prezidenti boldy. Çili sebitiň çalt ykdysady depgin bilen ösýän döwletine öwrüldi. Latyn Amerikasy ýurtlarynda diktatorçylyk düzgünleriň ýatyrylyp, demokratik gurluşa geçilmegi. Dowam edýän diktatorçylyk (diýdimzorlyk) düzgün- lerden halk köpçüliginiň närazylygy barha artýardy. Halk demokratik azatlyklary talap edip, herekete başlady. Sebitde demokratik gurluşa gaýdyp gelmek başlandy. 1980-nji ýylda Peruda, 1982-nji ýylda Boliwiýada, 1983-nji ýylda Argentinada, 1985-nji ýylda Braziliýada, Gwatemalada, Gondurasda we Urugwaýda, 1989-njy ýylda Salwadorda we Paragwaýda demokratik düzgünler dikeldildi (Çilide demokratik düzgüne geçilendigi barada ýokarda aýdyldy.). 1978-1979-njy ýyllardaky rewolýu- siýanyň netijesinde Nikaraguada Samosyň diýdimzorluk düzgüni agdaryldy. Häkimiýete Daniel Ortega geldi. 1979-njy ýylda Grenadada hem rewolýusiýa boldy. 1990- -njy ýylda Nikaraguada, Salwadorda, Gwatemalada milli ylalaşyk gazanyldy. Erkin saýlawlar geçirilip, häkimiýete demokratik güýçler geldiler. Sebitde liberal (aram) özgertmeler baslandy. Asyryň ahyrynda sebitiň döwletleri utgaşykly ösüşiň tarapdary bolup çykyş etdiler.

Soraglar we ýumuşlar 1. 70-nji ýyllarda Latyn Amerikasynyň haýsy döwletlerinde harby diktaturalarguruldy? 2. Huan Peronyň geçiren özgertmeleri näme üçin şowsuz tamamlandy? 126 3. Kubadaky rewolýusiýa hakynda gürrüň beriň. 4. A.Pinoçetiň diktaturasy haçan tamamlandy? 5. Latyn Amerikasy ýurtlarynda harby diktatura düzgünleriniň ýykylmagy hakda aýdyp beriň.

II B A P GÜNDOGAR ÝEWROPA ÝURTLARY WE SSSR §26. 50-60-njy ýyllarda SSSR-de we Ýewropanyň kommunistik düzgünli ýurtlarynda ykdysady ýagdaý

50-60-njy ýyllarda SSSR-iň ykdysady ýagdaýy. Hruşýowyň ýüzleý özgertmeleri. 50-nji ýyllara çenli Sowet Soýuzynyň uruşda tozan ykdysadyýetini dikeltmek işleri tamamlandy. Eger Günbatar ýurtlary «Marşalyň meýilnamasy» boýunça, ABŞ-nyň kömegi bilen gysga wagtda ykdysady ösüşe gadam basan bolsa (seret: §12), Sowet Soýuzy dikeldiş üçin serişdäni ýurduň içinden agtarmaly bolupdy. Uruşda ýeňiji bolan SSSR- -iň halklarynyň zähmet joşguny bilen stalinçilik düzgüniň gazaply syýasatynyň utgaşdyrylmagy netijesinde dikeldiş işleri geçirildi. 1953-nji ýylda Stalin aradan çykyp, Nikita Hruşýow SSSR-iň döwlet ýolbaşçysy boldy. Hruşýow 50-nji ýyllaryň ikinji ýarymyndan başlap, ýurdy mundan beýläk ösdürmek üçin, dolandyryş ähmiýetli özgertmeleriň zerurdygyna göz ýetirdi. 01 Staliniň goýberen ýalňyşlyklaryny, jenaýatçylykly hereketlerini halka ýaýyp, özgertmeler geçirmäge girişdi. 01 ýurdy dolandyran 11 ýyla golaý döwründe, ilkinji nobatda, oba hojalyk önümçiligini ösdürmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirdi. Oba hojalyk Önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. 127 Eger öň kolhozçy daýhanlar bilen ýylda bir gezek hasaplaşyk geçirilýän bolsa, indi wagtly-wagtynda hasaplaşmak girizildi. Gazagystanyň, Sibiriň, Uralyň tarp ýerleri özleşdirilip başlandy. 1954-nji ýylda Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmek üçin Garagum derýasynyň gurluşygyna başlandy. Geçirilýän çäreler ilkinji ýyllarda gowy netije-de berdi. 1957-nji ýyldan başlap senagaty ösdürmekde hem özgertmeler başlandy. Önümçiligiň dolandyrylyşynyň merkeze — Moskwa garaşlylygy kem-käs gowşadyldy. 1958-nji ýylda halk hojalyk sowetleri (sownarhoz) döredildi. Olar ýerlerde birnäçe senagat kärhanasynyň işine ýolbaşçylyk edýärdi. Mysal üçin, Türkmenistanyň halk hojalyk soweti özünde 149 sany senagat kärhanasyny birikdirýärdi. Halk hojalyk sowetleriniň döredilmegi bilen merkeziň respublikalara täsiriniň gowşandygyny duýup, 1965-nji ýylda olar ýatyryldy. Ýene-de islendik kiçijik meseläni çözmek üçin merkeziň — Moskwanyň gatysmasy dikeldildi. Hruşýow sosialistik ýaryşa, kommunistik zähmet brigadalaryna bil baglap, zähmeti syýasatlaşdyryp, ykdysadyýeti ösdürmäge synandy. Zähmete görä hak tölemegi guramagy welin, başarmady. Netijede, SSSR- -iň ykdysady ösüşiniň bady gowşapdy. 1956-1960-njy ýyllara niýetlenen bäşýyllygyň görkezijileriniň ýerine ýetmejegi turuwbasdan aýan boldy. Hruşýow ýurduň öňünde ýerine ýetirip bolmajak maksatnamany goýandygyny, bäşýyllygy jemlese, aýbynyň açyljagyny duýdy. Şonuň üçin, bäşýyllygyň soňuna garaşman, 1959-1965-nji ýyllara niýetlenen ýediýyllyk meýilnama düzüldi. Emma ol ýene-de ýerine ýetirip bolmajak wezipeleri öňe sürýär. 01 partiýanyň XXI gurultaýynda 1970-nji ýyla çenli ilatyň jan başyna 128 düşýän önümiň mukdary boýunça ösen ýurtlaryň yzyndan ýetmek we ozup geçmek barada ýurduň öňünde wezipe goýdy. 1961-nji ýylda SSKP-niň XXII gurultaýynda 1980-nji ýyla eenli ýurtda kommu- nizm gurmak bellendi. Hruşýow 1959-njy ýylda ABŞ-a bolan saparynda bir amerikan fermeriniň mekgejöwenden köp g ird e ji alýanyny görü p d i. 01 N.S.Hrusýow ýurduna gelip, haýdan-haý köpçülikleýin mekgejöwen ekişine başlatdy. Mekgejöweniň nirede gowy, nirede erbet hasyl berjegine-de üns berilmedi. 50-nji ýyllaryň ahyrlaryndan başlap, mallaryň baş sany birden kemeldi gidiberdi. Mallara näme bolduka? Russiýanyň Rýazan oblastynyň ýolbaşeylary bir ýylda etiň öndürilişini 3 esse artdyrmakçydygyny aýdyp, Hruşýowa ýaranjaňlyk etdiler. Hruşýow ol başlangyjy sowetler ýurdunyň ähli ýerlerine ýaýratdy. Et önümlerini köp tabşyrjak bolup, maldareylyga birnäçe ýyllap özüni dürsemez ýaly zyýan ýetirildi. Halkyň şahsy mallaryny satyn alyp, döwlete tabsyrmak başlandy. Şäherlilere mal saklamak gadagan edilse, obalylara olary saklamakda eäklendirme giri- zildi. Şahsy hojalyklardaky mallara salynýan salgyt ýokarlandyryldy. Ilat deger-degmez bahadan mallaryny ýok etdi. 1964-nji ýylda Hrusýowy wezipesinden aýyrdylar. 1964-nji ýylyň oktýabrynda Hrusýow dyne alyşda wagty gyssagly Moskwa L.I.Brežnew

9. Sargyt 693. 129 çagyrylyp, wezipesinden gitmäge mejbur edildi. Leonid Brežnew döwlet baştutany boldy. Kommunistik düzgünli Ýewropa ýurtlarynda ykdysadyýet we durmuş. Kommunistik düzgünli Ýewropa ýurtlarynyň hataryna Polşa, GDR, Wengriýa, Rumyniýa, Çehoslowakiýa, Ýugoslawiýa, Bolgariýa, Albaniýa girýärdi. Bu ýurtlar 50-nji ýyllarda stalinçilik sosializme geçiş döwrüni başdan geçirdiler. Bu döwürde Ýewropanyň kommunistik düzgünli ýurtlarynda ykdysadyýet babatda, esasan, şu aşakdaky işler amala aşyryldy: 1. Ähli senagata, maliýe ulgamyna, söwda edaralaryna degişli kärhanalaryň millileşdirilmegi tamamlandy. Önümçiligi we taýýar önümleri paýlamagy döwlet doly öz eline aldy. Hususy eýeçilik doly diýen ýaly ýok edildi. 2. Gündogar Ýewropada diňe Çehoslowakiýa we GDR diýmeseň galanlarynyň ählisi oba hojalyk ýurdudy. Şol sebäpli agyr senagaty ösdürmeli boldy. 3. Oba hojalygynda ýerler ilki az ýerli we ýersizleriň arasynda paýlanyldy. Soňra SSSR-däki ýaly kolhoz gurluşygyna girişildi. Gündogar Ýewropada kolhoz gurluşygynyň we agyr senagaty ösdürmek syýasatynyň durmuşa geçirilmegi öňki ykdysady sazlaşygy bozupdy. Agyr senagata üns berlip, halkyň gündelik sarp edýän harytlaryny öndürmek barada ýeterlik alada edilmändi. Bu ýagdaý gytçylygyň döremegine getirýärdi. 60-njy ýyllaryň başlarynda oi ýurtlaryň kommunistik partiýalary geçis döwrüniň tamamlanyp, sosializmiň gurlandygyny jar etdiler. Soňra ol ýurtlaryň ýolbaşçylary SSSR-iň ykdysady ýörelgesini özlerine

130 nusga edindiler. Şonuň üçin olar sowetler imperiýasynyň ýalňyşlyklaryny hem üstünliklerini gaýtaladylar. Olaryň ählisi diýen ýaly Hruşýowyň «biziň neslimiz kommu- nizmde ýaşar» diýen sözlerini baýdak edindiler. Mysal üçin, Bolgariýada 80-nji ýyllara çenli kem-kemden kommunizme geçmek wezipesi bellendi. Sosialistik döwletleriň ýolbaşçylary Hruşýowyň geçirýän çärelerini ýürekden goldamaýardylar. Şonuň üçin Ýewropa ýurtlaryndaky syýasy, ykdysady özgertmeler ýüzleý häsiýetlidi. Olar diýdimzor düzgünleriň köki-damaryna täsir etmejek özgertmelerdi. Güni etek bilen ýapyp bolmaýşy ýaly, ykdysady durmuş derejesi boýunça Gündogar Ýewropanyň Günbatar ýurtlaryndan barha yza galýandygyny halkdan gizlemek mümkin däldi. Netijede, 50-60-njy ýyllarda halkyň öz durmuşyndan närazylygy güýçlendi. Kommunistik düzgünli Ýewropa ýurtlarynyň käbir ýolbaşçylary hem özbaşdak, Moskwa bilen öňünden gepleşilmedik ykdysady çäreleri durmuşa geçirip başladylar. Muňa garamazdan Polşa, Wengriýa, Çehoslowakiýa ýaly ýurtlarda halk syýasy göreşe aýaga galyp baslady. Halkyň närazylygy güýjäp, kommunistik düzgüniň agdarylmak howpy döredi. Bu ýurtlara SSSR- -iň we beýleki sosialistik ýurtlaryň goşunlary girizilip, halk hereketleri basylyp ýatyryldy.

Soraglar we ýumuşlar 1. SSSR-de N.Hruşýowyň geçiren ýüzleý özgertmeleri näme- den ybaratdy? 2. SSSR-de mallaryň baş sanynyň azalmagyna näme sebäp boldy? 3. Kommunistik düzgünli Ýewropa ýurtlarynda geçirilen ykdysady özgertmeler barada gürrüň beriň. 4. Kommunistik düzgünli Ýewropa ýurtlaryny kartadan görkeziň. 131 §27. 50-60-njy ýyllarda Ýewropanyň kommunistik düzgünli ýurtlarynda syýasy krizis

Syýasy krizisiň sebäpleri. Gündogar Ýewropada sosializm taglymatyny halkyň esasy bölegi ýürekden kabul etmeýärdi. Ikinji jahan urşunyň ahyryndaky wakalar bilen baglanyşykly, SSSR-iň ol ýerleriň köpüsini faşistlerden azat etmäge gatnasmagy we Sowet Soýuzynyň zor salmagy bilen ol halklar sosializm gurluşygyna girişmeli bolupdylar. Ýurtlarynda kommunistik düzgün dikeldilen Ýewropa halklary jahan urşy gutarandan soňra, parahatçylykly durmuşa garaşypdy. Emma halk demokratiýasynyň ornuna diýdimzorlyk düzgüni girizildi. Ykdysady kynçylyklar zerarly bu ýurtlarda halkyň ýasaýyş derejesi hem pese düşüpdi. Ýewropanyň umumy ösüşinden olaryň yza galýandyklary hem aýan bolup baslapdy. Üstesine-de, «Sowuk uruş» döwrüniň başlanmagy bilen, Günbatar döwletleri sosialistik Ýewropanyň halklaryny dowam edýän gurluşa garşy aýaga galmaga çagyrýardy. Bularyň ählisi 50-60-njy ýyllarda Ýewropanyň sosialistik döwletlerini syýasy krizise getirdi. GDR-däki we Polşadaky wakalar. Staliniň aradan çykmagy bilen onuň Ýewropada dikelden düzgünine garşy halk çykyşlary başlandy. Şeýle çykyşlar ilki GDR- -de boldy. GDR-de 1953-nji ýylyň 16-njy iýunynda işçiler zähmet haklarynyň azaldylmagyna garşy Berliniň köçelerinde parahatçylykly närazyçylyk ýörişini guradylar. 17-nji iýunda sowet goşunlary we GDR-iň polisiýasy halk hereketini basyp ýatyrdy (seret: §23). 132 1956-njy ýylda Polşada halk çykyşlary başlandy. 01 28-nji iýunda demirýolçularyň iş taşlaýşy bilen başlanyp, ählumumy iş taşlaýşa öwrüldi. Polşada syýasy ýagdaý has-da çylşyrymlydy. Halk jahan urşy döwründe faşistlere garşy göreşde abraý gazanan, W.Gomulkanyň syýasy taýdan aklanylmagyny talap edip başlady. SSSR Polşadaky öz goşunlarynyň üsti bilen, polýak halkynyň tolgunyşyklaryny basyp ýatyrmakçy boldy. Ýöne SSSR W.Gomulkanyň aklanylmagyna we Polşanyň işçiler partiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine geçmegine päsgelçilik döredip bilmedi. N.Hruşýow Polşa baranda Gomulka bilen gepleşikler geçiripdi. Şol gepleşiklerde Gomulka Polşadaky halk hereketini basyp ýatyrmakda sowet goşunlary ulanylsa, polýaklaryň garşylyk görkezjekdigini Hruşýowa duýdurypdy. Polşanyň sosialistik ösüş ýoly bilen ösjekdigini aýdyp, Gomulka Hruşýowy köşeşdiripdi. 1956-njy ýyldaky Polşadaky syýasy tolgunyşyklar sowet goşunlaryny ulanmazdan, ýöne Gomulkanyň aklanylmagy we häkimiýete gaýdyp gelmegi bilen kadalaşdyryldy. 1956-njy ýyldaky Wengriýa wakalary. Wengriýanyň döwlet ýolbaşçysy Motias Rakoşidi. 011919-njy ýyldaky Wengriýa rewolýusiýasynyň ýolbaşçylarynyň biridi. Rakoşi SSSR-de 20 ýyl gowrak ýaşap, stalinçilik döwlet gurluşynyň janly şaýady bolupdy. Wengriýanyň döwlet baştutany bolandan soňra, Rakoşi Staline wepalylygyny görkezjek bolýardy. 01 agyr senagaty ösdürmek, kolhoz gurmak, bigünä adamlary köpçülikleýin jezalandyrmak boýunça «ur diýseň, gözüni çykarýanlardandy». Rakoşiniň döwründe 9 mln ilatly Wengriýanyň 1 million adamy sud jogapkärçiligine çekilipdi. 133 Staliniň ýogalmagy Rakoşini aljyratdy. Çakdanasa stalinçi bolanlygy üçin, SSSR-iň täze döwlet ýolbaşçysy N.Hruşýow oňa ynamsyzlyk bilen garaýardy. Ýurtda 1956-njy ýylyň iýulyndan başlap halk tolgunyşyklary möwjäpdi. Wenger hökümeti düzgün-tertibi ýola goýup bilmedi. M.Rakoşi wezipesinden el çekmeli boldy. Imre Nadyň ýolbaşçylygynda täze hökümet düzüldi. Imre Nad irki kommunistleriň biri bolsa-da, ýurdy täzeçil dolandyrmagyň, özgertmeleriň tarapdarydy. Imre Nadyň hökümetiniň haýyşy boýunça 1956-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Wengriýadan sowet goşunlary çykaryldy. Onuň hökümetiniň düzümine beýleki partiýalaryň wekilleri girizildi. Kommunistik partiýa ýatyryldy. Sosial-demokratik partiýa dikeldildi. Imre Nadyň ýolbaşçylygyndaky Wengriýanyň hökümeti sosializme garşy halk hereketini goldaýardy. I.Nad Warşawa Şertnamasy guramasyndan Wengriýanyň çykýandygyny we döwlet bitaraplygyny mälim etdi. Bitarap ýurt bolmak bagty Wengriýa nesip etmedi. SSSR Wengriýadaky halk gozgalaňyny sosializme garşy hereket hökmünde häsiýetlendirdi. 1956-njy ýylyň 4-nji noýabrynda tussaglykdan ýaňy azatlyga çykan Ýanoş Kadaryň ýolbaşçylygynda Wengriýanyň wagtlaýyn hökümeti döredildi. 01 hökümet SSSR-iň ilçisiniň üsti bilen sowet goşunlaiynyň ýene ýurda girizilmegini haýys etdi. Öňden taýýar edilen sowet goşunlary tanklaryň kömegi bilen 4-nji noýabrda Budapeşti eýelediler. Ganly çaknyşykda müňlerçe adam wepat boldy. Sowet ýolbaşçylary Ýanoş Kadary döwlete ýolbaşçy goýup, onuň haýyşy boýunça garşydaşy Rakoşini SSSR-e alyp gaýtdylar. Imre Nad bolsa, noýabr wakalary döwründe sowet goşunlaryndan gizlenýärdi. Ýöne ol soňra tutulyp, 134 1957-nji ýylda döwlete dönüklikde aýyplanylyp, ölüm jezasyna höküm edildi.* 1968-nji ýyldaky Çehoslo- wakiýa wakalary. 1968-nji ýylyň ýanwarynda Çehoslowakiýanyň kommunistik partiýasynyň ýolbaş- çysy Antonin Nowotnyý işden aýrylyp, onuň ornuna Aleksandr

Dubçek (1921-1993) geçdi. Aleksandr Dubeek Dubçek ýurtda hususy eýeçiligi dikeldip, demokratiýany ösdürmäge girişdi. SSSR bilen deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmaga synanyşdy. Çeh we slowak halklary Dubçegi goldaýardylar. Emma Wengriýadan tapawutlylykda birbada Çehoslowakiýada gan döküşikli bidüzgünçilikler bolmady. Sowet Soýuzy ilkibaşda Dubçegi goldapdy. Çehoslowak metbugatynda Sowet Soýuzyna garşy makalalar peýda bolup, Moskwanyň öz bellän adamlarynyň wezipesinden aýrylyp başlamagy SSSR-iň ýolbaşçylaryna ýaramaýardy. L.I.Brežnew A.Dubçek bilen duşuşygynda SSSR-den rugsatsyz döwlet ýolbaşçylaryny üýtgetmezligi, metbugata gözegçiligi güýçlendirmegi ondan talap edipdi. Dubçek Moskwanyň talaplaryny ýerine ýetirmedi. Şondan soň SSSR we beýleki sosialistik ýurtlar Çehoslo- wakiýa wakalaryny sosializme abanýan howp hökmünde häsiýetlendirdiler. SSSR-iň, GDR-iň, Polşanyň, Wengriýanyň, Bolgariýanyň goşunlary 1968-nji ýylyň 21-nji awgustynda Çehoslowakiýa girizildi. Dubçek we beýleki çehoslowak ýolbaşçylary tussag edildi. Emma çehoslowak kommunistleri özleriniň gurultaýlaryny

Yurtda sosialistik gurluşyň synmagy bilen Imre Nad aklandy. 135 geçirip, Dubçegiň syýasatyny goldadylar. Halk şäherleriň köçele- rinde parahatçylykly närazylyk ýörişlerini gurady. SSSR Dubçegi tussaglykdan boşadyp, ony wezipesinden aýyr-

Sowet tanklary Praganyň maga çekindi. Brežnew köeelerinde, 1968-nji ýyl Sowet goşunlarynyň Çehoslowakiýada saklanmagyna Dubçegi razy etdi. Halk köşeşenden soňra, 1969-njy ýylda Dubçek wezipesinden boşadylyp, Gustaw Gusak Çehoslowakiýanyň döwlet baştutany boldy. GDR-däki, Polşadaky, Wengriýadaky, Çehoslowa- kiýadaky syýasy tolgunyşyklar halkyň sosializmden närazydygyny görkezýärdi.

Soraglar we ýumuş 1. Kommunistik düzgünli Ýewropa ýurtlarynda syýasy dartgyn- lylygyň ýüze çykmagynyň sebäplerini aýdyp beriň. 2 .1953-nji ýylda GDR-de syýasy ýagdaý nähilidi? 3 .1956-njy ýylda Polşada nähili wakalar boldy? 4 .1956-njy ýylda sowet goşunlary Wengriýa näme üçin girizildi? 5 .1968-nji ýylyň Çehoslowakiýa wakalary näme sebäpli başlandy?

§28. SSSR-de durgunlylyk ýyllary we üýtgedip gurmak syýasaty

SSSR-iň taryhynda 70-nji ýyllardan başlap 80-nji ýyllaryň ortalaryna çenli bolan döwür «durgunlylyk ýyllary» diýlip atlandyrylýar. Bu döwür L.I.Brežnewiň, Ý. W.Andropowyň, K.U.Çernenkonyň döwleti dolandyran ýyllaryna gabat gelýär.

136 Syýasy durgunlylyk. Durgunlylyk ýyllarynda jemgyýetde partiýanyň hökmürowanlygy has-da artdy. SSSR-iň 1977-nji ýyldaky Konstitusiýasy hem SSKP- -niň jemgyýetdäki ýolbaşçylyk we ugrukdyryjylyk wezipesini berkitdi. Partiýa komitetleriniň örän uly ygtyýarlyklary bardy. Derňewsizligiň, aç-açanlygyň ýoklugy partiýanyň içinde we tutuş jemgyýetde azgynlygyň kök urmagyna getirdi. L.Brežnew goşunyň we howpsuzlyk komitetiniň täsirini hasam artdyrdy. 1967-nji ýyldan başlap ýerasty şahtalarda kontinentara ballistik raketalar köpçülikleýin ornaşdyrylyp başlandy. 1967-nji ýylda SSKP-niň sekretary Ý.W. Andropowyň Döwlet Howpsuzlyk Komitetine (KGB) ýolbaşçylyk edip başlamagy bilen syýasy taýdan başgaça pikirlenýänleri yzarlamalar has giň gerime eýe boldy. 1977-nji ýylyň Konstitusiýasynda ýazylan azatlyklaryň we hukuklaryň köpüsi, şol sanda SSSR-iň düzümine girýän respublikalaryň deňhukuklylygy kagyz ýüzünde galypdy. «Ösen sosializmiň» ykdysadyýeti. 1965-nji ýylyň mart aýynda oba hojalygynda özgertmeleri geçirmeklik yglan edildi. Obanyň durmuş ýagdaýlaryny gowulan- dyrmak barada çäreler bellendi. Oba hojalyk önümlerini satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Şahsy kömekçi hojalygyny ýöredýänlere ýeňillikler berlip başlandy. Muňa seretmezden, oba hojalygy iki aýagy bilen agsaýar- dy. 25 ýylyň dowamynda (1964-1988) özleşdirilen sürümli ýerler 22 mln gektara çenli azaldy. 1965-nji ýylyň sentýabrynda partiýa ýolbaşçylary senagatda özgertmelere başlamagy karar etdi. 1979-nji ýylda hökümet öz möwritini ötüren hojalyk ulgamyny täzeden janlandyrmaga çalyşdy. 1982-nji ýylyň noýabrynda häkimiýete gelen Ý.W. Andropow 137 zähmet düzgün-nyzamyny berkitmek bahanasy bilen halkyň kanuny erkinligini gysdy. Andropowyň geçirýän çäreleri gazaply Stalini ýatladýardy. SSSR ylmyň birnäçe ugurlary boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biridi. Emma, muňa garamazdan, SSSR-de ylmyň gazananlary wagtynda önümçilige ornaşdyrylmaýardy. 1985-njiýyldaABŞ-daiňtäze 1,5 mln elektron hasaplaýyş enjamlary we 17 mln hususy kompýuter bar mahalynda SSSR-de şeýle emjamlaryň bary-ýogy onlarça müňüsi bardy. Durgunlylyk ýyllarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi pese gaçyp başlady. Ýaşaýyş jaýlarynyň ýetmezçiligi ýiti duýulýardy. Saglygy goraýşa goýberilýän döwlet çykdajylary azaldylypdy. 80-nji ýyllaryň başynda ilatyň ortaça ýaşynyň dowamlylygy boýunça SSSR dünýäde 35-nji orundady. Ilatyň artmagy hem-de oba hojalyk önümçiliginiň pese gaçmagy azyk ýetmezçiligine getiripdi. SSSR daşary ýurtlardan azyk önümlerini getirmäge mejbur bolupdy. Eýýäm 70-nji ýyllaryň ikinji ýarymyndan käbir ýerlerde azyk önümlerini paýlamagyň kartoçka düzgüni girizilipdi. Jemgyýetçilik durmuşynyň çendenaşa syýasat- laşdyrylmagy. Brežnew Oktýabr rewolýusiýasynyň 50 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasynda (1967- -nji ý.) SSSR-de «ösen sosialistik jemgyýetiň» gurlandygyny yglan edendigine garamazdan, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi pesdi. Şonuň üçin 1982-nji ýylda Ý.W. Andropow «ösen sosializmi kämilleş- dirmegiň» zerurdygyny, munuň uzak taryhy pursady öz içine aljakdygyny boýun almaly boldy. Çeper edebiýat we medeniýet syýasy galyba salyndy. Habar beriş serişdeleriniň, medeniýet edaralarynyň üstünden partiýa gözegçiligi güýçlendirildi. Sowet 138 adamlary daşary ýurtlaryň durmuşy barada ýazylan kitaplary okamakdan, filmlere seretmekden mahrumdy. Intelligensiýanyň dowam edýän gurluşdan närazy käbir wekilleri SSSR-i taşlap gitmäge mejbur bolupdy. 80-nji ýyllaryň başynda adam hukuklaryny goramak baradaky hereketiň öňbaşçylary tussag edildi. Üýtgedip gurmak şyýasaty. Sowet jemgyýetini düýpli üýtgedip gurmak syýasatyny başlan SSKP- -niň iň soňky Baş sekretary M.S.Gorbaçýowdyr. Onuň ilkinji ädimi kadrlary dogry seçip almak bilen baglanyşykly boldy. 1985- -1986-njy ýyllarda merkezi we ýerli häkimiýetiň partiýa-döwlet isgär- leri köpçilikleýin çalşyldy. Garry işgärleriň ýerini başarjaň ýaşlar eýeläp başlady. 1985-1990-njy M.s.Gorbaeýow ýyllarda SSKP MK-nyň ýolbaşçy işgärleriniň 85%-i çalşyryldy. XIX Bütinsoýuz partiýa konferensiýasynda (1988- *nji ý.) syýasy ulgamy özgertmegiň meselelerine seredildi. «Sosialistik hukuk döwletini» gurmak gerek diýlip hasap edildi. Parlament düzgünini girizmek üçin Gorbaçýowyň teklibi bilen häkimiýetiň täze iň ýokary organy — halk deputatlarynyň gurultaýy döredildi. Ýokary Sowet hemişelik «parlamente» öwrülmelidi. Saýlaw kanun- Çylygyna üýtgetmeler girizildi. 1990-njy ýylyň mart aýynda dolandyryşyň Prezident görnüşi girizildi. M.S.Gorbaçýow SSSR-iň ilkinji Prezidenti boldy. SSSR-iň Konstitusiýasyndan SSKP-niň jemgyýetdäki agalyk ediji ýagdaýyny berkidýän 6-njy maddanyň aýrylmagy köppartiýalylygyň döremegine ýol açdy. 139 Üýtgedip gurmak syýasaty döwründe SSKP-niň abraýynyň pese gaçmagy dowam etdi. Dürli sebäplere görä bu partiýa mejbury girenler onuň hatarlaryndan köpçülikleýin çykyp başladylar. Ykdysady özgertmeler. SSKP MK-nyň 1985-nji ýylyň aprel aýyndaky ýygnanyşygynda ýurduň durmus- -ykdysady ösüşini ealtlandyrmak syýasaty öňe sürüldi. Ykdysadyýeti üýtgedip gurmak başlandy. Maşgala potratçylygy, kärendeçilik, hojalyk hasaplaşygy, kärhanalaryň öz-özüni maliýeleşdirmegi ýaly täzelikler durmuşa ornaşdyryldy. Döwlet pudagyny özgertmekde gabat gelen ençeme şowsuzlyklardan soň Gorbaçýow bazar gatnaşyklaryna geçmek ýoluny saýlap aldy. Emma SSKP-niň köneçil ýolbaşçylary ony «sosializm işine dönüklik etmekde», «kapitalizmi täzeden dikeltmekde» aýypladylar. Konser- watorlardan gorkan Gorbaçýow batyrgaý başlan işlerini yzygider alyp gidip bilmedi. Onuň oba hojalygyndaky gijikdirilip başlan özgertmeleri-de garaşylan netijäni bermedi. Şeýlelikde, üýtgedip gurmak ýyllarynda başlanan ykdysady özgertmeleriň ýekejesi-de ahyryna çenli eltilmedi. Şeýle bolansoň, olar netije-de bermedi. 1988- -nji ýyldan başlap oba hojalygynda, 1990-njy ýyldan başlap senagatda önümçilik pese gaçyp ugrady. Azyk önümleriniň ýetmezçiligi, hatda Moskwada hem kartoçka düzgünini girizmäge mejbur edipdi. Puluň hümmeti peseldi. 1989-njy ýylyň tomsundan başlap iş taşlaýyşlar başlandy. «Aç-açanlyk» syýasaty. Gorbaçýowyň pikiriçe «aç-açanlyk» syýasaty «ynsanperwer sosializmi» gurmaga kömek etmelidi. Emma ol doly söz azatlygyna ýol açmaýardy. Durgunlylyk ýyllarynda ýazyjylaryň 140 gadagan edilen eserleri nesir edilip başlandy. Täze kino we sahna eserleri döredi. 20-50-nji ýyllarda nähak tussag edilen we jezalandyrylan adamlar aklandy. «Aç-açanlyk» sowet adamlaryna dünýäniň ösen ýurtlaryndaky hakyky ýagdaýy açyp görkezdi. SSSR-de syýasy krizis güýçlendi. Çüýrän sosialistik jemgyýeti halas ederden üýtgedip gurmak syýasaty ejiz bolup çykdy.

Soraglar we ýumuşlar 1. Syýasy durgunlylyk barada gürrüň beriň. 2. «Ösen sosializmiň» ykdysadyýetiniň yza galaklygynyň sebäplerini düşündiriň. 3. Durgunlylyk ýyllaryndajemgyýetçilik durmuşynyň çendenaşa syýasatlaşdyrylandygyny subut ediň. 4. Üýtgedip gurmak syýasaty näme? 5. Näme üçin Gorbaçýowyň ykdysady özgertmeleri şowsuz tamamlandy? 6. «Aç-açanlyk» syýasaty barada gürrüň beriň.

§29. Ýewropada sosializmiň synmagy

Kommunistik gurluşdan närazylygyň güýçlenmegi. Merkezi we Günorta Gündogar Ýewropadaky sosialistik ýurtlar (Polşa, GDR, Wengriýa, Bolgariýa, Rumyniýa, Çehoslowakiýa, Ýugoslawiýa, Albaniýa) köplenç Gündogar Ýewropa diýlip atlandyrylýar. SSSR-de başlanan üýtgedip gurmak syýasaty Gündogar Ýewropa ýurtlaryna has güýçli täsir etdi. Gündogar Ýewropa ýurtlarynda täze syýasy güýçler häkimiýete geldiler. Olar sosializm gurluşynyň nogsanlyklaryny görüp, ony ýok etmek ugrunda göreşe başladylar. Syýasy dartgynlylyk ykdysady kynçylyklar bilen utgaşdy. Onümçiligiň pese gaçmagy, bahalaryň galmagy, ilatyň

141 durmuş ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy kommunistik gurluşdan närazylygy güýçlendirdi. 1989-1991-nji ýyllaryň demokratik rewolýusiýalary. 1989-1991-nji ýyllarda Gündogar Ýewropa ýurtlarynda rewolýusiýalar boldy. 01 rewolýusiýalar demokratik häsiýetli bolup, kommunistik düzgüne garşy gönük- dirilendi. 1989-njy ýylda Berlin diwarynyň ýykylmagy, Germaniýanyň birleşdirilmegi demokratik herekete has-da itergi berdi. Rewolýusiýalar netijesinde syýasy düzgünler ýykylyp, oppozisiýadaky güýçler häkimiýete geldiler. Olar bazar ykdysadyýetine tarap ugur aldylar. Sosializmden ýüz öwrüldi. Demokratik özgertmeleriň toplumy durmuşa ornaşdyryldy. Gündogar Ýewropada sosializmiň synmagyna döwletleriň mysalynda seredip geçeliň. (Germaniýa bu ýerde aýratyn agzalmady. Çünki «Germaniýanyň birleşdirilmegi» diýen temada ol ýerdäki wakalara aýratyn seredilýär (seret: §24). Polşa wakalary. 1980-nji ýylda Polşada ýagdaý çylşyrymlaşdy. Hökümete garşy güýçler iş taşlaýyş hereketlerine başladylar. Olar «Raýdaşlyk» atly garaşsyz kärdeşler arkalaşygyna birleşdiler. 1981-nji ýylyň dekabrynda hökümet ýurtda harby ýagdaý girizdi. Emma bu çäre ony halas edip bilmedi. 90-njy ýyllaryň basynda Polşada demokratik özgertmeler amala aşyryldy. Döwlet pudagyna degişli kärhanalar hususylaşdyrylyp başlandy. Demokratik saýlawlaryň netijesinde 1991-nji ýylda «Raýdaşlyk» atly kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Leh Walensa hökümet başyna geldi. Wengriýa. 80-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap Wengriýany demokratik özgertmeler gurşap aldy. 1988- -nji ýylyň maýynda Wengriýanyň kommunistik 142 partiýasynyň 76 ýaşly baştutany Ýanoş Kadar iş başyndan aýrylyp, häkimiýete Karoliý Grosz geldi. 1990-njy ýylyň 25-nji martyndaWengriýada ilkinji gezek köppartiýaly saýlawlar geçirildi. Erkin demokratlar bileleşiginden Arpad Gonjz döwlet ýolbaşçysy boldy. Çehoslowakiýa. Dubçegiň «ynsanperwer kommu- nizmi» gurmak synanyşygy 1968-nji ýylyň «ganly Praga bahary» bilen tamamlanypdy (seret: §27). Ýurtdaky syýasy düzgüne garşy bolan güýeler Dubçegiň we ýazyjy Waslaw Gaweliň ýolbaşçylygynda adam hukuklaryny goraýjylaryň «77-leriň Hartiýasy» atly toparyna birleşdi. 1988-nji ýylyň 2-nji awgustynda, sowet tanklarynyň Praga kürsäp girenine 20 ýyl dolanda, bu ýerde uly halk çykyşy başlandy. Berlin diwarynyň ýykylmagy Çehoslowakiýadaky demokratik hereketi tizleşdirdi. Kommunistik düzgün ýykyldy. Çehoslowakiýanyň Federal ýygnagynyň başlyklygyna Dubçek saýlanyldy. 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Çehoslowakiýanyň bölünmegi netijesinde ol ýerde iki sany özbaşdak döwlet — Çehiýa we Slowakiýa Respublikalary döredi. Rumyniýadaky wakalar. Rumyniýanyň Prezidenti Nikolaýe Çauşesku goňşy döwletlerde bolýan demokratik özgerişlere göz ýumup, öňki hökmürowanlygy bilen häkimiýeti saklamaga dyrjaşýardy. 1989-njy ýylyň 20-24-nji noýabryndaky Kompar- tiýanyň gurultaýynda hiç hili özgertmeler hakynda gürrüň gozgalman, gaýtam Çauşeskä «Gahrymanlaryň Gahrymany» diýen döwlet sylagy berildi. 1989-njy ýylyň dekabrynyň ortalarynda özakymlaýyn halk çykyşlary başlandy. Goşun we howpsuzlyk gullugy ony basyp yatyrdy. Çauşesku sol wagt Eýranda resmi sapar bilen gezip ýördi. Eýrandan gaýdyp gelen Çauşesku bu 143 wakalary daşary ýurtlaryň duşmançylykly işi diýip düşündirdi. Hökümeti goldamaga halky eagyryp çykyş etdi. Emma halk hökümete garşy aýaga galypdy. Tertibi ýola goýmaly goşunyň aglabasy halkyň tarapyna geçipdi. Çauşeskä wepaly güýçler bilen halkyň arasynda ganly çaknyşyklar başlandy. Çauşesku gaçdy. 24-nji dekabrdaky söweş netijesinde Ion Ilieskunyň ýolbaşçylygynda «Milli halas ediş komiteti» häkimiýeti öz eline aldy. N.Çauşesku tutulyp jezalandyryldy. Rumyniýada demokratik özgertmelere tarap ugur alyndy. Bolgariýa. Bolgariýada 35 ýyl döwlet ýolbaş- çylygynda bolan (1954-1989) Teodor Žiwkow ýurtda «demir düzgüni» ornaşdyrypdy. GDR-de Erih Honekkeriň häkimiýetden el çekmegi Bolgariýa hem täsir etdi. 1989-njy ýylyň 9-njy noýabrynda 78 ýaşly Žiwkow kommunistik partiýanyň ýolbaşçylygyndan aýrylyp, ýerine 53 ýaşly Peter Mladenow geçdi. 1990-njy ýylyň 17-nji aprelinde demokratik saýlawlar geçirildi. Demokratik güýçler birleşiginiň lideri Želýu Želew sesleriň köpüsini alyp döwlet ýolbaşçylygyna geldi. Ýugoslawiýa wakalary. 23 m illion ilatly Ýugoslawiýa köpmilletli döwletdi. Federal gurluşly bileleşigiň düzümine Serbiýa, Horwatiýa, Sloweniýa, Bosniýa-Gersogowina, Makedoniýa, Çernogoriýa hem-de Kosowa we Woýewodina awtonom welaýatlary girýärdi. 90-njy ýyllaryň başynda Ýugoslawiýa dargamaga başlady. Onuň ýerinde birnäçe özbaşdak döwletler döredi. Ýugoslawiýanyň beýleki bölekleriniň düzüminde galan serb ilatynyň ýaşaýan ýerlerini Serbiýa birikdirmek meýli ganly çaknyşyklara getirdi. 1993-nji ýylyň başyna 144 çenli bu çaknyşykda 160 müň adam gyryldy. 01 ikinji jahan urşundan soň Ýewropada iň uly uruşdy. Şeýlelikde, Gündogar Ýewropada SSSR-iň zor salmagy bilen döredilen we saklanan emeli jemgyýetçilik gurluşy — sosializm agdarylyp, onuň ornuna bazar ykdysadyýetli jemgyýetçilik gurluşy döredildi. 1990- -1991-nji ýyllarda geeen ählumumy saýlawlarda öňki sosialistik ýurtlaryň ählisinde diýen ýaly demokratik güýçler häkimiýete geldiler. Emma bazar gatnaşyklaryna çalt geçilmegi bilen dörän wagtlaýyn kynçylyklar 1994- -nji ýyldaky saýlawlarda käbir Gündogar Ýewropa döwletlerinde köne kommunistik garaýyşly güýçleriň häkimiýete dolanmagyna we ol ýurtlardaky özgert- meleriň haýallamagyna sebäp bolupdy. 1996-1997-nji ýyllarda Polsada, Bolgariýada, Rumyniýada, Wengriýa- da kommunistik gurluşyň tarapdarlary häkimiýetden çetleşdirilip, bazar ykdysadyýetiniň we demokratiýanyň tarapdarlary dolandyryşa geldiler.

Soraglar we ýumuşlar 1. Ýewropada sosialistik ulgama giren ýurtlary kartadan görkeziň. 2. Sosializmiň stalinçilik ülňüsiniň synmagynyň sebäpleri näme? 3. 1989-1991-nji ýyllaryň rewolýusiýalarynyň häsiýetli aýratynlyk- lary nämeden ybarat? 4. Ýewropadaky sosialistik gurluşly döwletlerde sosializmiň synmagyny aýry-aýry ýurtlaryň mysalynda düşündiriň.

§30. SSSR-iň dargamagy

SSSR-iň dargamagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Taryhdan mälim bolşy ýaly, zor bilen döredilen imperiýalar ir-u-giç hökman dargaýar. Käbir syýasatçylar SSSR-iň dargamagynyň sebäplerini

!0. Sargyt M 693. 14 5 M.S.Gorbaçýowyň üýtgedip gurmak döwründäki alyp baran syýasatyndan agtarýarlar. SSSR-iň dargaýan pursadynda wakalaryň jümmü- şinde bolan Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy imperiýanyň dargamagynyň taryhy sebäplerini yzarlap, şeýle ýazýar: «Problema obýektiw çemeleşilende SSSR-iň bütewi giňişliginiň territoriýasynda hakyky garşylykly güýçler üýtgedip gurmak döwründe däl-de, ýetmiş ýyl mundan ozal gozganyp başlapdy. Onda-da köp milletli beýik döwletleriň — imperiýalaryň üçüsinde bir wagtda başlapdy. Men Awstro-Wengriýany, Osman imperiýa- syny, Russiýany göz öňünde tutýaryn». Size mälim bolşy ýaly, birinji jahan urşunyň netijesinde Awstro-Wengriýa we Osman imperiýalary dargapdy. Ýöne, Russiýa imperiýasynda bolşewikleriň häkimiýete gelip, «halklar deňhukukly bolarlar» diýen ýalan wagyzlary bilen 74 ýyl bu imperiýanyň dargamagyny emeli ýol bilen saklandygyny Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy baryp 1994-nji ýylda talyp ýaşlaryň öňünde eden çykyşynda düşündiripdi. Täzelenen soýuz şertnamasyny baglaşmaga synanyşyk. 80-nji ýyllaryň ikinji ýarymyndan başlap SSSR-iň dargamak döwri başlandy. Onuň düzümine girýän respublikalar garaşsyzlygyny talap edip başladylar. Respublikalaryň öz içinde hem milletara gapma-garşylyklar başlanyp, olar ýaragly çaknyşyklara çenli baryp ýetdi. SSSR-iň ýolbaşçylary olaryň öňüni almandy. Çünki Soýuz hökümetiniň maksady olaryň agzyny alartmakdy. Şeýle edibem Soýuzy göýä zerurlyk ýaly edip görkezjek bolýardy. SSSR-de ykdysady kynçylyklar güýçlendigiee respublikalaryň garaşsyzlyk ugrundaky hereketi güýjedi. 146 Indi merkeziň bu ýagdaýyň öňüni almaga mümkineiligi ýokdy. Respublikalar özygtyýarlylygy hakyndaky jarnamalary kabul etdiler. Şu öwrülişikli döwür barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada şeýle ýazýar: «Şol taryhy pursatda syýasy-ykdysady ýagdaýyň SSSR-de erbetleşýändigini duýup, özygtyýarlylygy isläp, 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda men Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň adyndan Jarnama bilen çykyş etdim. Şonda lygyny, özbaşdaklygyny, doly ygtyýarlylygyny, mizemezligini, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarda özüniň garaşsyzlygyny we deňhukuklygyny, döwlet özygtyýarlylygyny kanuny taýdan durmuşa geçirjekdigimizi yglan etdim». Iş ýüzünde SSSR atly imperiýa özüniň iň soňky pursatlaryny başdan geçirýärdi. Özygtyýarlylyk hakyndaky jarnamalar beýleki respublikalarda hem kabul edildi. 1991-nji ýylyň awgust wakalary. SSSR-iň dargamagy. Respublikalaryň köpüsiniň özygtyýarlylyk baradaky jarnamalary kabul edýän döwründe SSSR-iň Prezidenti M.S.Gorbaçýow täzelenen soýuzy döretmek üçin göreşdi. 01 1991-nji ýylyň iýulynda özüniň teleýaýlymdaky beýannamasynda 20-nji awgustda Moskwada respublikalaryň özbaşdaklygyny giňeltmegi göz öňünde tutýan täzelenen soýuz şertnamasyna gol çekiljekdigini yglan etdi. Şondan soň ol Kryma dynç almaga gitdi. SSSR-iň täzelenen däl-de, öňki bolşunda saklanma- gynyň tarapdarlary Gorbaçýowyň Krymda dynç alýandygyndan peýdalanyp, 1991-nji ýylyň 19-njy awgustyna geçilýän gije adatdan daşary ýagdaý barada Döwlet komitetini (GKÇP) döretdiler. Onuň düzüminde wise-prezident G.Ýanaýewiň baştutanlygynda ýurduň 147 hukuk goraýjy organlarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler bardy. GKÇP ýurduň käbir ýerlerinde adatdan daşary ýagdaýy girizdi. Häkimiýet bilen ylalaşmaýan partiýalaryň we hereketleriň işini, halkyň köpçülikleýin köçä çykmalaryny gadagan etdi. Köpeülikleýin habar beriş serişdeleriniň üstünden berk gözegçiligi ýola goýup, Moskwa goşun girizdi. B. Ýelsiniň russiýalylara ýüzlenmesinde GKÇP-niň hereketlerine Konstitusiýa garşy pitne hökmünde baha berildi. GKÇP-niň özi we onuň kararlary kanuny däl diýlip yglan edildi. Russiýanyň Prezidentiniň çagyryşy bilen moskwalylaryň onlarça müňüsi hökümetiň ýerleşýän ýerini goramaga aýaga galdy. GKÇP-niň agzalary tussag edildi. Şeýlelikde, SSSR-i saklap galdyrmak baradaky iň soňky synanyşyk şowsuz tamamlandy. SSSR iş ýüzünde dargapdy, ony diňe resmileşdirmek galypdy.

Soraglar we ýumuş 1. Respublikalaryň özbaşdaklyk ugrundaky hereketi barada gür- rüň beriň. 2. GKÇP-çileriň maksady nämedi? 3. SSSR-iň düzümine haýsy respublikalar girýärdi?

§31. GDA-nyň döremegi

Brest «üçlüginiň», Aşgabat «bäşliginiň» hem-de Ermenistanyň ýolbaşçylarynyň Almaata duşuşygy. 1991- -nji ýylyň awgust wakalaryndan soň respublikalaryň köpüsi soýuz şertnamasyna gol eekmek islemediler. 1991-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Belowežde (Brestiň golaýynda) Belorussiýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ukrainanyň ýolbaşçylary («Brest üçlügi») Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny (GDA) döretmek baradaky 148 ylaiaşyga gol çekdiler. Bu üç döwlet öňki SSSR-iň düzümine girýän döwletleri Arkalaşygyň düzümine girmäge çagyrdy. Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň teklibi bilen 13-nji dekabrda Aşgabatda Orta Aziýa respublikalarynyň we Gazagystanyň ýolbaşçylary («Aşgabat bäşligi») ýygnanyp, Arkalasygy döretmegiň meselelerine seretdiler. Olar Arkalaşygy döredijiler diňe Russiýa, Ukraina, Belorussiýa bolman, onuň düzümine girjek ähli döwletler bolmalydygy barada ylalaşdylar. 1991-nji ýylyň 19-21-nji dekabrynda Almaatada «Brest üçlüginiň», «Aşgabat bäşliginiň» we Ermenis- tanyň ýolbaşçylary duşuşdylar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilýändigi jar edildi. Bu duşuşykda halkara gatnaşyklarynyň subýekti hökmünde SSSR-iň ýaşamagyny bes edýändigi jar edilýärdi. 1991-nji ýylyň 25-nji dekabrynda M.S.Gorbaçýow teleýaýlym boýunça halka ýüzlenmesinde özüniň iş başyndan aýrylýandygyny yglan etdi. Taryhda 69 ýyl 360 gün höküm süren SSSR dargady. 1991-nji ýylyň ahyryna çenli GDA-nyň düzümine Moldowa we Azerbaýjan girdi. Synan Soýuzyň emläklerini paýlaşmak we hasaplaşyk meseleleri. Bu meseläni Türkmenistanyň çözüşi. Soýuzdan galan mirasy paýlaşmak we serhet meselesi barada öňki respublikalaryň arasynda ylalaşyk baglaşyldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada bu ylalaşyk boýunça çözülen meseleleri şeýle düşündiripdi: «Şol ylalaşykda, esasan, şu aşakdaky meseleler doly we gutarnykly çözüldi: 1. SSSR-iň düzüminden çykan garaşsyz döwletleriň serhetleriniň SSSR döwründäki çäklerinde mizemezligi ykrar edildi. 149 ■> 2. SSSR döwründe her döwletiň eäginde döredilen emläkler garaşsyz döwletleriň öz emläkleri diýlip ykrar edildi. 3. SSSR-iň daşary ýurtlardan algysy we bergisi, SSSR-iň almaz, walýuta gaznasynda, altyn hazynasynda saklanylýan altynyň, baýlygyň möeberi we garaşsyz döwletleriň algydaky, bergidäki paýy kesgitlendi». Türkmenistanyň Ilkinji Prezi- denti algy-bergi meselesinde geljekde dawalaryň turjakdygyny duýup, onuň hutma-hut nusgasy boýunça ylalaşdy. Mukaddes Ruhnamada bu meseläniň aýdyňlaşdyrylyşy şeýle beýan edilýär: «Türkmenistanyň SSSR-den 1991-nji ýylyň 4-nji dekabryna çenli döwürdäki algysy 1 milliard 87 m illion am erikan Türkmenistanyň dollaryna barabar boldy. Ukinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenistanyň SSSR-e bergisi Türkmenbasy 707 million amerikan dollary diýlip kesgitlenildi. Türkmenistanyň SSR Soýuzynyň düzüminden çykan döwründäki doly hasaplaşygyň netijesinde algysy 380 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu puly SSSR-iň mirasdüşeri bolup galan Russiýa Federasiýasy tölemelidi». Türkmenistan Russiýanyň tölemeli bergisini geçdi. SSSR-iň emlägini paýlaşmak meselesiniň iň çylşyrymlylarynyň biri ýaragly güýçleri paýlaşmak meselesidi. Ilkibada GDA ýurtlary bütewi harby güýçleri saklap galdyrmakçy boldular. Emma soňra olaryň hersi öz goşunyny döretmek ugrunda çykyş etdiler. Has jedelli we ýiti mesele Gara deňiz flotuny paýlaşmak boýunça Ukraina bilen Russiýanyň arasynda döredi. Russiýa özüniň ýadro döwleti derejesini saklap galdyrdy. Özlerini 150 ýadro ýaragsyz döwlet hasaplan Belorussiýa, Ukraina we Gazagystan ýadro ýaraglaryny Russiýa berdiler. Baltikaýaka ýurtlary GDA girmäge garşy bolup, rus goşunlarynyň öz çäklerinden çykarylmagyny talap etdi. 1994-nji ýylda bu sebitden rus goşunlarynyň çykarylmagy tamamlandy. GDA ýurtlarynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklar. GDA we Türkmenistan. GDA girýän döwletleriň arasynda dürli ugurlarda ýygjam gatnaşyklar dowam edýär. Diňe 1992-nji ýylda GDA girýän döwletleriň gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän 250- -den gowrak resminamanyň kabul edilmegem munuň aýdyň mysalydyr. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan GDA-nyň harby guramalaryna, düzümlerine hem-de çärelerine gatnaşmaýar. Türkmenistan häzirki wagtda GDA assosirlenen agza hökmünde gatnaşýar. Bu Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan halkara borçlary bilen baglydyr. Ýurdumyzyň bu başlangyjy GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň 2005-nji ýylda Kazanda bolan maslahatynda doly makullandy we goldandy. 01 degişli

GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Duşanbe dusuşygy, 2007-nji ýyl 151 resminamalar bilen berkidildi. Türkmenistan GDA-nyň Ustawyna agza hökmünde gol çekmedi. 01 GDA-nyň işine gözegçi hökmünde gatnaşýar. GDAýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly geçiş döwrüniň kynçylyklary ýeňlip geçilip, durnuklaşma döwri başlandy. 2006-njy ýylda GDA döwletleriniň ykdysady ösüşiniň ortaça derejesi 7% -e golaý boldy. Bu görkeziji Türkmenistanda 22%-e golaý, Gazagystanda 10%-e golaý boldy. Soňky wagtlarda Garaşsyz Türkmenistanyň GDA döwletleri bilen gatnaşyklarynda düýpli öňegidişlik başlandy. 2007-2008-nji ýyllarda hormatly Preziden- timiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanda, Russiýada we Täjigistanda GDA döwletleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryna gatnaşyp, Arkalaşyga girýan döwletleriň ýolbaşçylary bilen gatnasyklary ösdürmek hakynda gepleşikleri geeirdi.

Soraglar 1. Belowež ylalaşygy haýsy döwletleriň arasynda baglaşyldy? 2. GDA-nyň döredilýändigi gutarnykly ýagdaýda haçan resmileş- dirildi? Onuň düzümine haýsy döwletler girýär? 3. Dargan Soýuzyň emläkleri nähili ýagdaýda paýlaşyldy? 4. Türkmenistan GDA-nyň nähili agzasy?

§32. Russiýa

Prezident saýlawlary. B.N.Ýelsin. Russiýanyň täze Konstitusiýasynyň kabul edilmegi. Entek SSSR dargamanka, Russiýa özbaşdaklyk ugrunda herekete başlady. 1991-nji ýylyň 12-nji iýunynda geçirilen saýlawlarda Boris Nikolaýewiç Ýelsin (1931-2007) Russiýanyň prezidentligine saýlanyldy. B.Ýelsin syýasy we ykdysady özgertmelere girişdi. Russiýanyň täze Konstitusiýasynyň taslamasyny işläp 152 taýýarlamak meselesiniň üstünde ýiti syýasy göreş ýaýbaňlandy. Parlament Prezidentiň başlan özgertmelerini goldamady. Prezi- dentiň we parlamentiň arasynda ýiti gapma-garşylyk emele geldi. Sentýabr aýynyň ahyrynda — oktýabr aýynyň başynda syýasy dartgynlylyk has ýitileşdi. B.Ýelsin 1993-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Russiýanyň halk deputatlarynyň gurultaýynyň we Ýokary Sowetiniň ýatyrylýandygyny jar etdi. Prezidentiň bu kararyna Ýokary Sowet, Konstitusion suduň agzalarynyň köpüsi garşy çykdy. Olar Prezidentiň hereketlerini Konstitusiýa laýyk gelmeýär diýip hasaplap, ony wezipesinden boşadylan diýip yglan etdiler. Halk deputatlary Prezident B.Ýelsiniň garşysyna durmak üçin özleriniň nobatdan daşary gurultaýyna ýygnandylar. Muňa jogap edip, B.N.Ýelsin Moskwada adatdan daşary ýagdaý yglan etdi, garşylyk görkezi- jileriň ýolbaşçylary tussag edildi. 1993-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ählihalk ses berişliginiň netijesinde Russiýanyň täze Konstitusiýasy kabul edildi. Oňa laýyklykda Russiýa prezident respublikasyna öwrüldi. B.Ýelsin bazar ykdysadyýete geçmek üçin özgert- melere başlady. Nyrhlar erkine goýberildi. Hökümet döwletiň ykdysadyýeti düzgünleşdirmek wezipesinden el çekdi. Döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaş- dyrmaga girişildi. 1996-njy ýylyň prezident saýlawlarynda halk özgertmeleri dowam etdirmek ugrunda ses berdi. elsin ikinji möhlete prezidentlige saýlanyldy. 153 XX asyryň 90-njy ýyllarynyň ahyrlarynda, aýratyn- -da 1998-nji ýylda Russiýany ykdysady krizis gurşap aldy. Onuň sebäbi Russiýanyň esasy eksport girdejileri bolan nebitiň, nebit önümleriniň, tebigy gazyň dünýä bazarynda bahasynyň aşaklamagy bilen baglydy. Hökümet pensiýalary, sosial tölegleri, aýlyk haklaryny tölemekde kynçylyk çekdi. Ýurdy ykdysady kynçylykdan çykarmak üçin B.Ýelsin birnäçe gezek hökümet baştutanlaryny çalyşdy (W.N.Çernomyrdin, S.W.Ki- riýenko, Ý.M.Primakow, S.W.Stepaşin). Çeçenistanda Russiýanyň terrorizme garşy göreşi. 1991-nji ýylyň ahyrynda öňki sowet goşunynyň generaly Johar Dudaýewiň ýolbaşçylygynda Çeçenistanyň birtaraplaýyn ýagdaýda özbasdaklygy yglan edildi. Çeçenistan Russiýa Federasiýasynyň subýekti bolup durýar. Şol sebäpli Çeçenistanyň özbaşdaklygyny Russiýa we dünýä ýurtlary ykrar etmedi. 1994-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Çeçenistany Russiýadan bölüp aýyrmak isleýänlere garşy harby hereketler başlandy. Emma gysga wagtda bu dawany çözmek başartmady. Çeçenistana daşary ýurtlardan hakynatutma terroristler gizlin ýol bilen aralaşmaga başlady. Terrorçylaryň eden- -etdiliklerine garşy 1999-njy ýylyň awgust aýynda Çeçenistanda konstitusion düzgünleri dikeltmek ugrunda täze harby hereketler başlandy. Çeçenistanyň iri şäherlerinde harby düzgün girizildi. 2001-nji ýyla çenli Çeçenistanda kanuny häkimiýetiň gözegçiligi dikeldildi. W.W.Putin. XXI asyryň başlarynda Russiýanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi. 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda B.Ýelsin teleýaýlym arkaly halka ýüzlenmesinde indiki ýylyň ortasyna çenli özüniň prezidentlik ygtyýarlygynyň bardygyna garamazdan, meýletin iş başyndan aýrylýandygyny yglan etdi. Prezidentiň wezipesini ýerine ýetirmek hökümetiň 154 baştutany W.W.Putine tabşyryldy. Prezident saýlawlary 2000-n ji ýylyň martyna bellendi. Wladimir Putin Russiýanyň prezidentligine saýlandy. W.Putiniň prezidentliginiň bi- rinji möhletinde M.Kasýanow, ikinjisinde M.Fradkow, soňragynda W.Zubkow hökümete baştutanlyk etdiler. W.Putin Russiýanyň syýa- sy ulgamyny durnuklylaşdyrmaga, Wladimir Putin ýurtda agzybirligi pugtalandyrmaga, demokratik özgertmelere gönükdirilen syýasaty alyp bardy. Ykdysadyýetde salgyt we gümrük özgertmeleri geçirildi. Salgytlar 30%-den 13%-e çenli azaldyldy. Obada fermer hojalyklary döredildi. Ýere hususy eýeçilik girizildi. Daýhanlara ýeňillikli döwlet karz pullary berlip başlandy. Netijede, oba hojalygynda öňegidişlik başlandy. Hasyllylyk artdy. W.Putiniň geçirýän özgertmeleriniň netijesinde Russiýada ykdysady galkynyş başlandy. Ýurduň daşary ýurtlara bergisi üzülip başlandy. Sosial tölegler, aýlyk haklary, pensiýalar yzygider köpeldildi. Halkyň hal- -ýagdaýy gowulandy. Geçirilen çäreleriň netijesinde Russiýanyň ykdysady kuwwatlylygy artdy. XXI asyryň başlaryndan başlap Russiýanyň ykdysadyýeti durnuklylaşyp, içerki önümüň öndürilişiniň ýyllyk ösüşi 6-7 %-e çenli ösdi. Onuň beýle çalt ösmegi daşary ýurt maýadarlaryny gyzyklandyryp, olaryň Russiýanyň ykdysadyýetine uly maýa goýumlaryny goýmagyna getirdi. Bilim, ýaşaýyş jaý, agrosenagat toplumy, saglygy goraýyş babatda milli maksatnamalar işlenip düzüldi. Döwlet bu pudaklary goldamak üçin uly maýa

155 goýumlaryny goýdy. 2007-nji ýylyň güýzünde ýurdy ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli uzak möhletleýin maksatnamasy işlenip düzüldi. 2007-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Russiýanyň döwlet Dumasyna saýlawlar geçirildi. Saýlawlaryň netijesinde sesleriň köplügini «Bütewi Russiýa» partiýasy gazandy. Onuň partiýa sanawyna Prezident W.Putin öňbaşeylyk etdi. 2007-nji ýylyň dekabrynda «Bütewi Russiýa» partiýasynyň adyndan nobatdaky prezident saýlawlaryna kandidat hökmünde Dmitriý Medwedew hödürlenildi. Ony W.Putin hem goldady. D.Medwedew W.Putine özüniň prezidentlige saýlanan ýagdaýynda . ., , , hökümete baştutanlyk etmegi teklip Dmitriý Me we ew W.Putin teklip bilen ylalaşdy. 2008-nji ýylyň martynda Russiýada nobatdaky prezident saýlawlary geçirildi. Onda Dmitriý Anatolýewiç M edwedew Russiýanyň prezidentligine saýlandy. 01 maý aýynyň başynda bu wezipä girişdi. Russiýa Federasiýasynyň iki asyryň sepgidindäki daşary syýasaty. Milli bähbitlerini goramak Russiýanyň daşary syýasatynyň özenini düzýär. 2000-nji ýylda Russiýanyň daşary syýasatynyň baş ýörelgesi kabul edildi. Oňa laýyklykda ýurduň daşary syýasaty onuň içerki ösüşi üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. 2002-nji ýylda ol senagat taýdan ösen döwletleriň «sekizligine» (Russiýanyň «Uly ýediligiň ýurtlarynyň» hataryna goşulmagy bilen indi ol «Uly sekizlige» öwrüldi) girdi. 2006-njy ýylda Russiýa «Uly sekizligiň ýurtlaryna» ýolbaşçylyk etdi. 156 1992-nji ýylda Russiýa we ABŞ «Sowuk uruş» ýagdaýynyň bes edilýändigi hakda Kemp-Dewidde jarnama gol çekdiler. 1993-nji ýylyň başynda bu iki döwlet strategik hüjüm ediş ýaraglaryny çäklendirmek hakda şertama baglaşdylar. 01 2003-nji ýyla çenli iki tarapyň raketa-ýadro güýçlerini 66%-e çenli azaltmagy göz öňünde tutýardy. 2002-nji ýylda hem Russiýa ABŞ bilen strategik hüjüm ediş ýaraglaryny çäklendirmek baradaky şertnama gol çekdi. Russiýa halkara terrorçylygyna garşy işjeň göreş alyp barýar. 01 Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Russiýa daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklara aýratyn üns berýär. 01 ýurtlar Russiýanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaş- larydyr. 2001-nji ýylda Russiýanyň öňbaşçylygynda Russiýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň gatnasmagynda Sanhaý hyzmatdaşlyk guramasy döredildi. Russiýa Hytaýy we Hindistany strategik hyzmatdaşlary hasaplaýar. Russiýa Owganystanda terrorçylara ýardam berýän talybanlaryň düzgünine garşy harby hereketlere ýakyndan kömek etdi. 01 Yrakda, Ýakyn Gündogarda milli ylalaşygyň gazanylmagy ugrunda çykyş edýär. Arap ýurtlary bilen Russiýanyň ýygjam ykdysady gatnaşyklary bar. Afrika, Latyn Amerikasy ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär. Umuman, Russiýa halkara gatnaşyklarynda işjeň daşary syýasaty ýöredýär. Russiýanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary. Türkmenistan bilen Russiýany taryhy hoşniýetli gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Garaşsyzlyk 157 ýyllarynda bu iki döwletiň özara hyzmatdaşlygy hasam pugtalandy. Iki döwletiň ilkinji prezidentleri S.A.Nyýazow we B.N.Ýelsin tarapyndan baglaşylan dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky Şertnama gyşar- nyksyz berjaý edildi. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ykdysady ugurda, hususan-da ýangyç-energetika ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. 2003-nji ýylda iki döwletiň arasynda gaz pudagynda işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada 25 ýyllyk döwletara ylalaşygyna gol çekildi. Häzirki wagtda iki döwlet hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etdirýärler. Iki döwletiň arasynda gumanitar ulgamdaky özara gatnaşyklar has ösýär. Türkmen ýaşlarynyň birnäçesi Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda okadylýar. 2007-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi iş sapary boldy. Bu sapar Türkmenistanyň bu beýik ýurt bilen gatnaşyklarynda hyzmatdaşlyga täze badalga berdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 2007-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanda resmi iş saparynda boldy. Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň döwlet baştutanlarynyň 2007-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenbaşy şäherinde geçen duşuşygynda Hazarýaka gaz geçirijisini gurmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol ýylyň 20-nji dekabrynda Moskwada Hazarýaka gaz geçirijisini gurmakda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenis- tanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. Taraplar Nowyý Uzen (Gazagystan) — 158 (Türkmenistan) — Gürgen (Eýran) demir ýoluny gurmaga gyzyklanma bildirdiler. Onuň gurluşygyna 2007-nji ýylyň 1-nji dekabrynda ak pata berildi. Bu ýol «Demirgazyk — Günorta» demir ýol taslamasynyň amala aşmagynda möhüm ädimdir. 01 sebitiň döwletlerine Pars aýlagyna göni çykmak mümkinçiligini döredýär.

Soraglar we ýumuşlar 1. 1993-nji ýylda Russiýada Prezident bilen Ýokary Sowetiň ara- synda haýsy meselede gapma-garşylyk ýüze çykdy? 2. Russiýanyň täze Konstitusiýasy haçan kabul edildi? 3. 90-njy ýyllarda Russiýadaky ykdysady özgertmeler barada gürrüň beriň. 4. Russiýa Çeçenistanda terrorçylyga garşy nähili hereketleri alyp bardy? 5. W.Putiniň döwründe Russiýanyň ykdysady ösüşi hakda aýdyp beriň. 6. Iki asyryň sepgidinde Russiýanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary nähilidi? 7. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakda metbugat täzelikleri esasynda gürrüň beriň.

III B A P AZIÝA WE AFRIKA ÝURTLARY

§33. Hytaý 50-60-njy ýyllarda

Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmegi. Ikinji jahan urşy tamamlanandan soňra Hytaýda syýasy ýagdaý dartgynly bolmagynda galýardy. Çan Kaýşiniň ýolbaşçylygyndaky Gomindan partiýasy bilen Mao Szedunyň baştutanlygyndaky Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň (HKP) arasynda göreş dowam edýärdi. Hytaý halkynyň 1937-1945-nji ýyllardaky watançylyk 159 urşy döwründe Gomindan we HKP-niň arasynda wagtlaýyn oňşuklylyk dowam edipdi, ýaponlara garsy olar bilelikde göreşipdiler. Emma uruş gutarandan soňra agzalan partiýalaryň ikisi-de öz gurultaýlaryny geçirip, biri-biriniňkä düýbünden eapraz gelýän maksatnamalary kabul edipdiler. 01 maksatlaryň diňe biri durmuşa ornaşdyrylyp bilinjekdi, diýmek, bu iki partiýanyň arasynda uruş gutulgysyzdy. Gomindan partiýasy Hytaýy 1927-nji ýyldan bäri dolandyrýardy. Emma partiýanyň ýolbaşçysy Çan Kaýşiniň Hytaýyň ähli ýerine hökümi ýöremeýärdi. Yurt iki bölege bölünip, onuň uly bölegi Çan Kaýşiniň garamagyndady. Hytaýyň 300 mln ilatly bölegini Gomindan, 100 mln ilatly Demirgazyk-Gündogar bölegine (Mançžuriýa) bolsa Kompartiýa hojaýynçylyk edýärdi. Iki tarap hem sözde ýurdy parahatçylykly birleşdirmek barada çykyş etseler-de, iş ýüzünde olar täze urşa taýýarlanýardylar. HKP-niň 1 mln 280 miiňe golaý goşuny bardy. Gomindanyň bolsa 4 mln 300 müň adamly goşuny bardy. Ýaraglanyşyk babatda taraplar deňeçerdi. Emma urşuň ykbaly diňe goşunyň sanyna bagly däldi. Halkyň bu dawa gatnaşygy barada aýdylanda bolsa, uruş döwri Gomindan partiýasy barja abraýyny hem döküpdi. HKP-niň agzalary bolsa Ýaponiýa garşy uruş döwri watanyny goramakda watandaşlaryna nusga bolupdy. Uruş halkyň arasynda HKP-niň abraýyny artdyrypdy. Şonuň üçin bu dawada halk köpçüligi HKP- -ni goldaýardy. Üstesine-de, SSSR-iň kömegi bilen Hytaý kommunistleri söweşe ukyply goşun döredipdi. Ikinji jahan urşy gutaran badyna agzalan taraplar dessine biri-birine garşy urşa başlamaga milt edip bilmediler. Diňe 1946-njy ýylyň ortalarynda Gomindan 160 urşa taýýarlygy boldum edip, kommunistleriň eýeleýän ýerleriniň üstüne hüjüme geçdi. Raýatara urşy başlandy. 1946-1949-njy ýyllaryň raýatara urşunda HKP ýeňiş gazandy. Gomindan ýeňlip, onuň tarapdarlarynyň galanlary Taýwan adasyna gaçyp gitdiler. Kommunistleriň goşuny Taýwan adasyny zabt etmäge synanyşmady. Çan Kaýşi adanyň halkyna ömrüniň ahyryna çenli hökümdarlyk etdi. 1949-njy ýylyň 1-nji oktýabry Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) dörän güni hökmünde jar edildi. Döwlet baştutany wezipesine Mao Szedun (1893-1976) saýlandy. Netijede, Hytaýda 22 ýyllap dowam eden syýasy gapma-gar- şylyk öz çözgüdini tapdy. Mao Szedun. 50-60-njy ýyl- larda Hytaýyň ykdysady we syýasy Mao Szedun ýagdaýy. 1949-njy ýyldan başlap Hytaýda sosializm gurluşygy başlandy. Ilkinji nobatda XX asyryň birinji ýarymyndaky uruşlarda weýran edilen hojalyk dikeldildi. Dikeldiş üçin üç ýyllyk maksatnama kabul edildi (1950-1952). Üçýyllyk döwründe täze syýasy we ykdysady ýörelgeleri işläp düzmek, ýerleri daýhanlara paýlap bermek, täze hökümetiň meýilnamalaryny halka düşündirmek ýaly meseleler çözüldi. Gomindanyň tarapdarlarynyň taşlap giden senagat kärhanalary döwlet eýeçiligine geçirildi. Ykdysadyýetde döwlet pudagy döredildi. Geçirilen çäreleriň netijesinde 1952-nji ýylyň ahyryna çenli ykdysadyýet dikeldildi. Syýasy durnuklylyk gazanyldy. 1952-nji ýylyň ahyrynda 1953-1957-nji ýyllara niýetlenen birinji bäşýyllyk maksatnama kabul edildi. n . Sargyt M 693. 1 6 1 Bäşýyllygyň dowamynda Hytaýda 595 sany iri senagat kärhanalary guruldy. Öň hiç wagt öndürilmedik uearlary, awtoulaglary öndürýän täze senagat önümçilik pudaklarynyň işleri ýola goýuldy. Hytaý sosializmi turuwbaşdan özboluşlylygy bilen dünýäniň beýleki sosialistik ýurtlaryndaky we SSSR-däki gurluşdan tapawutlanýardy. Muňa mysal edip SSSR-de iri senagat kärhanalary gyssanmaçlyk bilen döwletiň haýryna geçirilip, raýatara urşunyň başlanmagyna kanunalaýyk hadysa hökmünde garalan bolsa, bu tejribe Hytaýda ulanylmady. Hytaýda senagat kärhanalary eýeleriniň elinden zorluk bilen alynmady. Diňe hususy önümçiligiň üstünden döwlet gözegçiligi ýola goýuldy. Hususy senagat kärhanalaryna döwlet tabşyrygy berlip, olaryň önümlerini döwlet satyn aldy. Elbetde, harytlaryň bahasyny döwlet kesgitledi. Hususy söwda bilen meşgullanýanlaryň dükanlarynyň üstünden döwlet gözegçiligi dikeldildi. Döwlet hususy söwdagärleri hakyna tutup işletdi. Oba hojalygynda hem hytaý sosializmi özboluşlydy. SSSR-däki ýaly ur-tut kolhoz gurluşyna geçilmän, Hytaýda köpçülikleýin daýhan zähmetini guramagyň ýönekeý görnüşlerinden başlandy. Döwlet wagtlaýyn, möwsümleýin daýhan birleşiklerini döretmäge ýardam berdi. Daýhanlar birlesmä goşan ýeriniň möçberine, orta goýan zähmet guralyna we öz çeken zähmetine görä hak alýardylar. 60-njy ýyllardaky krizis. Hytaýyň geçiş döwrüniň esasyny ikinji bäşýyllyk maksatnamasy düzmelidi. Emma Mao Szedun gysga wagtda ýurdy tiz ösdürmek isledi. Ikinji bäşýyllygyň görkezijilerine täzeden seredip, ýurduň öňünde öňkä seredende birnäçe esse artdyrylan maksatnamany goýdy. Mao Szedunyň gysga wagtda 162 ýurdy tiz ösdürmek baradaky syýasaty 1958-1961-nji ýyllarda has güýçlendirildi. Emma Hytaý ýaly iri ýurdy birnäçe esse ösdürmek üçin köp wagt gerekdi. Onda-da millionlarça adamlar ýurduň geljegi ugrunda jan aýaman zähmet çekdiler, ýöne zähmetine görä hak alyp bilmediler. Hytaý hökümetiniň alyp barýan içerki syýasatyna garşy halkyň närazylygy başlandy. Mundan peýdalanyp intelligensiýa we döwlet emeldarlarynyň bir bölegi halky döwlete garşy öjükdirip başlady. Döredijilik işgärleri Mao Szedunyň keşbini çeper obrazlaryň üsti bilen tankytlap basladylar. Özüne garşy hereketiň başlanandygyna düşünen Mao 1966-1976-njy ýyllarda intelligensiýa we döwlet, partiýa emeldarlarynyň bir bölegini özüne wepaly ýaşlaryň (hunweýbinler, szaofanlar) kömegi bilen jezalandyrdy. Bu ýagdaý jemgyýetde dartgynlylyk — krizis ýagdaýyny emele getirdi. Hytaýlylar 60-70-nji ýyllardaky öte geemeleri Maonyň garran çagy goýberen ýalňyşlyklary hökmünde düşündirýärler. Ýalňyşlyklar halka we ýurda uly zyýan beren kemçilikler hökmünde soňky döwürde häkimiýete gelen Den Sýaopin tarapyndan ýazgaryldy. Hytaýyň dasary syýasaty. 50-nji ýyllarda Hytaýyň daşary syýasatynyň esasy ugruny SSSR bilen gatnaşygy düzýärdi. Halkara meselelerinde SSSR we Hytaý bilelikde çykys edýärdi. 1950-1953-nji ýyllardaky Koreý urşy döwründe Hytaý SSSR-i goldap, Demirgazyk Koreýa ýardam beripdi (seret: §11). 60-njy ýyllarda sowet-hytaý gatnasyklary erbetleşdi. 1969-njy ýylda sowet-hytaý serhedinde harby eaknyşyklar boldy. ABŞ kommunistik düzgünli Hytaý hökümetini 50- -60-njy ýyllarda goldamandy. 01 Hytaý Halk 163 Respublikasyny ykrar etmändi. Ýaponiýabilen Hytaýyň arasynda hem bu döwürde diplomatik gatnaşyklar dikeldilmändi.

Soraglar we ýumuşlar 1. Gomindan partiýasy Hytaýy näçenji ýyllarda dolandyrdy? 2. HHR haçan döredi? 3. Mao Szedun barada gürrüň beriň. Ol haýsy döwürde HHR-e baştutanlyk edipdir? 4. Hytaý sosializminiň özboluşlylygy barada gürrüň beriň. 5. 50-60-njy ýyllarda Hytaýyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada aýdyp beriň.

§34. Hytaýda özgertmeleriň netijeleri

Den Sýaopin. 1978-nji ýylda baslanan özgertmeleriň Hytaýyň ykdysadyýetine oňaýly täsiri. 1976-njy ýylda 83 ýaşly Mao Szedun aradan çykdy. Hytaýda özgert- meleriň tarapdary bolan Den Sýaopiniň (1904-1998) täsiri artyp başlady. Onuň ýurtda özgertmeler syýasatyna başlamakey bolmagy birbada partiýanyň agzalarynyň arasynda goldaw tapmady. 1977-nji ýylda häkimiýete gaýtadan gelen Den Sýaopin ýene-de özgertmeleriň möhümdigini öňe sürdi. Hytaýda özgertmeler döwri 1978-nji ýylyň ahyrynda başlandy. 70-nji ýyllaryň ahyrynda Hytaý obalarynda kommunalar ýatyryldy. Kooperatiw gurluşyň ýerine maşgala potratçylygy girizildi. 1982-nji ýylyň sentýabrynda HKP-niň XII gurultaýynda eden

Den Sýaopin çykyşynda Den Sýaopin ilkinji 164 gezek «hytaý özboluşlylygy bilen sosializm gurmagyň» zerurdygyny orta atdy. Ähli zada hakyky ýagdaýlardan ugur alyp çemeleşmek onuň iş usuly bolupdy. Den Sýaopin Hytaýy özgertmegi tapgyrlaýyn geçirmegi öňe sürýär. Ilki oba hojalygynda, soňra senagatda, soňunda syýasy gurluşda özgerdişleri guramaçylykly geçirmegiň ýollaryny işläp düzýär. Özgerdişleriň netijesinde 2049- -njy ýyla, ýagny HHR-iň döredilmeginiň 100 ýyllygyna çenli Hytaýy ortaça ösen ýurtlaryň hataryna ýetirmek bellenildi. Hytaýda önümçilik serişdelerine jemgyýeteilik eýeçiligi saklanyp galýar. Eýeçiligiň beýleki görnüşleri hem döwlet goldawyndan peýdalanýar. Hususyýetçilige kem-kemden ýol arealdy. Jemgyýetçilik eýeçiligi bazar ykdysadyýeti bilen utgaşdyrylýar. Hytaý maddy nygmatlaryň paýlanylyşyny deňleşdir- mekden, hemmäni bir aýakdan sürmekden boýun gaçyrýar. Ykdysady höweslendirmeler ulanylýar. 1978- -nji ýylda başlanan Hytaýdaky ykdysady özgertmeleriň maksady sosialistik bazar ykdysadyýetine geçmek diýlip yglan edildi. 2004-nji ýylda Hytaýyň konstitusiýasynda raýatlaryň hususy eýeçilige bolan hukugy resmi dikeldildi. Hytaýda daşary ýurtlaryň maýa goýumlary. Hytaýyň 1978-nji ýylda özgertmeler we aç-açanlyk syýasatyna geçmegi bilen onuň daşarky dünýä bilen aragatnaşygy ýygjamlaşdy. 1997-nji ýylyň ahyryna çenli hytaý ykdysadyýetine goýlan daşary ýurt maýa goýumy 464 mlrd amerikan dollaryndan geçdi. Geçen asyryň ahyrynda daşary ýurt maýa goýumyny peýdalanmakda Hytaý dünýäde ABŞ-dan soň ikinji ýerde durýardy. Hytaýda daşary ýurt maýa goýumyny çekmegi höweslen- dirmek üçin erkin ykdysady zolaklar döredildi. Iki asyryň 165 Respublikasyny ykrar etmändi. Ýaponiýa bilen Hytaýyň arasynda hem bu döwürde diplomatik gatnaşyklar dikeldilmändi.

Soraglar we ýumuşlar 1. Gomindan partiýasy Hytaýy näçenji ýyllarda dolandyrdy? 2. HHR haçan döredi? 3. Mao Szedun barada gürrüň beriň. Ol haýsy döwürde HHR-e baştutanlyk edipdir? 4. Hytaý sosializminiň özboluşlylygy barada gürrüň beriň. 5. 50-60-njy ýyllarda Hytaýyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada aýdyp beriň.

§34. Hytaýda özgertmeleriň netijeleri

Den Sýaopin. 1978-nji ýylda başlanan özgertmeleriň Hytaýyň ykdysadyýetine oňaýly täsiri. 1976-njy ýylda 83 ýaşly Mao Szedun aradan çykdy. Hytaýda özgert- meleriň tarapdary bolan Den Sýaopiniň (1904-1998) täsiri artyp başlady. Onuň ýurtda özgertmeler syýasatyna başlamakçy bolmagy birbada partiýanyň agzalarynyň arasynda goldaw tapmady. 1977-nji ýylda häkimiýete gaýtadan gelen Den Sýaopin ýene-de özgertmeleriň möhümdigini öňe sürdi. Hytaýda özgertmeler döwri 1978-nji ýylyň ahyrynda baslandy. 70-nji ýyllaryň ahyrynda Hytaý obalarynda kommunalar ýatyryldy. Kooperatiw gurluşyň ýerine maşgala potratçylygy girizildi. 1982-nji ýylyň sentýabrynda HKP-niň XII gurultaýynda eden

Den Sýaopin çykyşynda Den Sýaopin ilkinji 164 gezek «hytaý özboluşlylygy bilen sosializm gurmagyň» zerurdygyny orta atdy. Ähli zada hakyky ýagdaýlardan ugur alyp çemeleşmek onuň iş usuly bolupdy. Den Sýaopin Hytaýy özgertmegi tapgyrlaýyn geçirmegi öňe sürýär. Ilki oba hojalygynda, soňra senagatda, soňunda syýasy gurluşda özgerdişleri guramaçylykly geçirmegiň ýollaryny işläp düzýär. Özgerdişleriň netijesinde 2049- _njy ýyla, ýagny HHR-iň döredilmeginiň 100 ýyllygyna çenli Hytaýy ortaça ösen ýurtlaryň hataryna ýetirmek bellenildi. Hytaýda önümçilik serişdelerine jemgyýetçilik eýeçiligi saklanyp galýar. Eýeçiligiň beýleki görnüşleri hem döwlet goldawyndan peýdalanýar. Hususyýetçilige kem-kemden ýol arçaldy. Jemgyýetçilik eýeçiligi bazar ykdysadyýeti bilen utgaşdyrylýar. Hytaý maddy nygmatlaryň paýlanylyşyny deňleşdir- mekden, hemmäni bir aýakdan sürmekden boýun gaçyrýar. Ykdysady höweslendirmeler ulanylýar. 1978- -nji ýylda başlanan Hytaýdaky ykdysady özgertmeleriň maksady sosialistik bazar ykdysadyýetine geçmek diýlip yglan edildi. 2004-nji ýylda Hytaýyň konstitusiýasynda raýatlaryň hususy eýeçilige bolan hukugy resmi dikeldildi. Hytaýda daşary ýurtlaryň maýa goýumlary. Hytaýyň 1978-nji ýylda özgertmeler we aç-açanlyk syýasatyna geçmegi bilen onuň daşarky dünýä bilen aragatnaşygy ýygjamlasdy. 1997-nji ýylyň ahyryna çenli hytaý ykdysadyýetine goýlan daşary ýurt maýa goýumy 464 mlrd amerikan dollaryndan geçdi. Geçen asyryň ahyrynda daşary ýurt maýa goýumyny peýdalanmakda Hytaý dünýäde ABŞ-dan soň ikinji ýerde durýardy. Hytaýda daşary ýurt maýa goýumyny çekmegi höweslen- dirmek üçin erkin ykdysady zolaklar döredildi. Iki asyryň 165 sepgidinde Hytaýda daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagyndaky kärhanalaryň sany 230 müňden gowrakdy. Iki asyryň sepgidinde Hytaýyň durnukly ykdysady we syýasy ösüşi. Hytaý soňky 30 ýylyň içinde özgertmeler ýoly bilen ösüp, ykdysady ösüşiniň depgini boýunça dünýäniň ilkinji onlugyna goşuldy. Hytaý Halk Respublikasy (HHR) döredilen mahaly oba hojalygy agdyklyk edýän döwletdi. XXI asyryň başynda Hytaý senagat taýdan ösen ýurda öwrüldi. Hytaý galla, pagta, et, ösümlik ýagy, kömür, polat, sement, dürli süýümleri we telewizorlary öndürmekde dünýäde birinji ýere geçdi. Reňkli metallary eretmekde, himiýa süýümlerini, gämileri, mineral dökünleri, şekeri, elektrik energiýasyny öndürmekde hem Hytaý öňde- baryjy döwletleriň hataryna girýär. Hytaý dünýä syýasatyna uly täsirini ýetirýän, ilatynyň sany boýunça dünýäde 1-nji ýerde durýan döwletdir. 2007-nji ýylda Hytaýyň ilaty 1 mlrd 317 mln adama ýetdi. Ýer şarynyň ilatynyň 22%-i şu ýerde ýaşaýar. Ýurduň ähli ilatynyň üçden biri şäherlerde, üçden ikisi obalarda ýaşaýar. Hytaý oba hojalygy babatda hem ösen döwletdir. Ozgertmeler syýasaty yglan edilensoň oba ýerlerindäki kärhanalaryň sany artyp, millionlarça adama iş ýeri döredildi. Häzirki wagtda Hytaý dünýäniň ähli döwletleri bilen diýen ýaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýar. 2001-nji ýylda Hytaý Bütindünýä söwda guramasyna girdi. 2004-nji ýylda ol ABŞ-dan, Ýaponiýadan soň dünýäniň 3-nji söwda merkezine öwrüldi. 2003-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy wezipesine Hu Szintao saýlanýar. 2008-nji ýylyň 166 martynda ol HHR-in Başlygy wezipesine täze möhlete saýlandy. Hu Szintao Hytaýda özgert- meler syýasatyny dowam etdirýär, hususyýetçilere, maýda telekeçi- ligiň ösmegine üns berýär. 2007-nji ýylda Hytaýda hususyýetçileriň öndürýän önüminiň jemi bahasy döwlet pudagynyň öndürýäni bilen deňleşdi. Hytaýyň daşary syýasaty. «Bir döwlet — iki gurluş» ýörelgesi. «Bir döwlet — iki gurluş» ýörelgesi boýunça täzeden Hytaýa gaýtaryljak ýerler (Taýwan, Gonkong, Makao) 50 ýylyň dowamynda öňki dowam edýän jemgyýetçilik gurluşyny saklamalydy. (Başgaça aýtsak, ol ýerler bazar gatnaşyklaryny 50 ýylyň dowamynda saklamaga hukuklydylar). Emma syýasy babatda Hytaýa tabyn bolmalydy. 1997-nji ýylyň 1-nji iýulynda öň Beýik Britaniýa tabyn bolan Sýangan (Gonkong) Hytaýa gaýtarylyp berildi*. Bu ýerde Aýratyn dolandyryş etrabynyň hökümeti döredildi. 1999-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Aomyn (Makao) Hytaýa gaýtarylyp berildi. 01 1553-nji ýyldan bäri Portugaliýanyň bakna mülki bolupdy. «Bir döwlet — iki gurluş» ýörelgesi boýunça Sýangan we Aomyn köp babatda erkinligini saklaýar. 1949-njy ýylda Hytaýda halk rewolýusiýasy ýeňen- den soň gomindançylar Taýwana gaçyp, ol ýerde «Hytaý Respublikasyny» jar etdiler. Den Sýaopiniň teklibi bilen

v: Gonkong 1898-nji ýylda Angliýa tarapyndan 99 ýyllyk kärendesine alnypdy. Hytaý hökümeti 1984-nji ýylda sol sertnamanyň möhletiniň 1997-nji ýylda tamamlanýandygyny iňlis hökümetine ýatladyp, degisli ylalaşygy baglasdylar.

167 1979-njy ýyldan başlap «Bir döwlet — iki gurluş» ýörelgesiniň esasynda Taýwany Hytaýa birikdirmek hereketi başlandy. Emma Taýwany parahatçylykly birleşdirmek meselesi XXI asyryň başyna çenli çözülmedi. 2000-nji ýylyň 18-nji martynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Taýwanda demokratik güýçler ýeňiş gazandy. Gomindan partiýasy häkimiýetden çetleşdi. Umuman, Hytaý daşary syýasatda ýurduň bütewüligini saklap galdyrmak syýasatyny ýöredýär. HHR Taýwany Hytaýyň aýrylmaz bölegi diýip ykrar edýän döwletler bilen gowy gatnaşyk saklaýar. Hytaý bilen Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyk- lary. Bilelikdäki türkmen-hytaý Jarnamasy. 1991-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Hytaý Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi. 1992-nji ýylda iki döwletiň arasynda ilçileriň derejesinde diplomatik gatnasyklar ýola goýuldy. 1992-nji ýylda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Hytaýa ilkinji, 1998-nji ýylda ikinji, 2006-njy ýylda üçünji resmi sapary boldy. 2000-nji ýylda HHR-iň şol wagtky baslygy Szýan Szeminiň Türkme- nistana resmi sapary boldy. Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynda, dokma önümçiliginde, aragatnaşyk ulgamynda, gurluşykda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyk- lary barha giň gerim alýar. Hytaý hünärmenleri ýüpekçilik pudagyny ösdürmekde türkmen kärdeşlerine ýakyndan ýardam berýärler. Demir ýol ulgamynda hem Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hytaýdan teplowozlar, ýolagçy wagonlary we beýleki tehnikalar satyn alynýar. 2007-nji ýylyň 17-18-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda 168 döwlet saparynda boldy. Hytaýyň gülläp ösýändigini ýene bir gezek gören hormatly Prezidentimiz ýurduň ösüşi barada şeýle diýýär: «Men her gezek siziň ýurduňyza gelenimde şäherleriň keşbinde ägirt uly özgertmeleri görýärin. Täze gurlan, owadan, uly-uly ymaratlar, häzirki zaman transport ulgamy, dükanlar — bularyň barysy siziň halkyňyzyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň örän çalt ösýändigine şaýatlyk edýär». Saparyň barşynda iki dost-dogan ýurduň döwlet ýolbaşçylary «Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek hakynda» bilelikdäki Jarnama gol eekdiler. Iki dostlukly ýurduň döwlet ýolbaşçylary Türkmenistandan Hytaýa geçiriljek gaz geçirijisini gurmagyň anyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda, ykdysady we gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga degişli ylalasyklar baglaşdylar. Türkmenistanly ýaşlaryň Hytaýyň ýokary okuw jaýlarynda okadylmagy barada ylalaşyldy. Hytaý Türkmenistany özüniň ygtybarly hyzmatdaşy hasaplaýar we hytaý-türkmen dostlugy ýyl-ýyldan ösýär. 2007-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan— Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygyna ak pata berdi. Onuň jemi uzynlygy 7 müň km golaý bolup, şonuň 188 km-i Türkmenistanyň, 530 km-i Özbegistanyň, 1300 km-i Gazagystanyň, 4500 km-i Hytaýyň çäklerinden geçer. Bu gaz geçirijisi boýunça 30 ýylyň dowamynda her ýyl Hytaýa 30 mlrd kub metr türkmen tebigy gazy iberiler.

Soraglar we ýumuşlar 1 .1978-nji ýylda başlanan Hytaýyň özgertmeler we aç-açanlyk syýasaty barada aýdyp beriň.

169 2. 90-njy ýyllarda Hytaýyň ykdysadyýetinde nähili özgertmeler bolup geçdi? 3. Hytaýda daşary ýurt maýa goýumlary nähili peýdalanylýar? 4. «Hytaý özboluşlylygy bilen sosializm» gurmak maksatnamasy haçan we kim tarapyndan öňe sürüldi? 5. «Bir döwlet — iki gurluş» ýörelgesi näme? 6. Hytaýyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary barada gürrüň beriň. 7. Internet ulgamynyň maglumatlaryna daýanyp, Hytaýyň häzirki ykdysady ösüş ýagdaýy hakda gürrüň beriň.

§35. Ýaponiýa 50-60-njy ýyllarda

Ýaponiýanyň ykdysady taýdan galkynmagy. Ikinji jahan urşundan soň Ýaponiýanyň taryhynda ykbal kesgitleýji öwrülişik başlandy. Ýapon ykdysadyýetiniň harbylaşdyrylmagynyň soňuna çykyldy. Uruş gutaran- soň Ýaponiýany birnäçe wagtlap amerikanlar dolandyrdy (seret: §12). Olaryň geçiren ykdysady we syýasy özgertmeleri ýurduň ykdysady taýdan galkynmagyna badalga boldy. 1949-njy ýylda ABŞ Ýaponiýadan kontribusiýa almagy bes etdi. 1951-nji ýylda Ýaponiýa senagat önümçiligi babatda uruşdan öňki derejesine ýetmegi başardy. 50-nji ýyllaryň ortalaryndan baslap ýapon ykdysady- ýeti haýran galdyryjy ösüşiň döwrüne gadam basdy. Onuň 15 ýyldan gowrak dowam eden ilkinji tapgyrynda ýurduň ösüş depgini Günbataryň ähli döwletlerinden ýokarydy. 1951-1970-nji ýyllarda önüm öndürilişiniň ortaça ýyllyk depgini 14,6% boldy. Bu görkeziji şol wagt dünýäde ortaça 5,5% -e deňdi. Jemi öndürýän milli önüminiň möçberi boýunea Ýaponiýa 1968-nji ýylda Fransiýadan, Beýik Britaniýadan we GFR-den ozup, dünýäde ikinji orna geçdi. Şol bir wagtyň özünde ol polat 170 öndürmek, gämi gurluşygy, tele-radio enjamlary, kserokopiýa maşynlaryny öndürmekde dünýäde birinjiligi eýeledi. Hut şu döwürden başlap Ýaponiýanyň dünýä ykdysadyýetindäki ähmiýeti görnetin artyp başlady. 1955-1973-nji ýyllardaky ösüş «ýapon gudraty* adyny aldy. Liberal demokratlar häkimiýet başynda. Urşuň yzysüresi amerikan goşunlarynyň Ýaponiýadan çykmazlygy onuň syýasy durmuşynyň demokratiýa- laşdyrylmagyna hem oňaýly täsir etdi. Uruşparaz syýasy toparlanyşyklar dargadyldy. Uruşdan soňra Ýaponiýada öňki partiýalar özlerini «dargadyp», liberal we progressiw partiýalara öwrülýändiklerini yglan etdiler. 1946-njy ýylda Ýaponiýanyň taryhynda ikinji Konstitusiýa kabul edildi. 01 öňki 1889-njy ýyldan bäri dowam edýän Baş kanuna garanda uly syýasy öňegidişlikdi. Ikinji Konstitusiýa 1947-nji ýylyň 3-nji maýynda güýje girdi. Bu Konstitusiýa boýunça Ýaponiýanyň harby çykdajylarynyň möçberi ýurduň milli girdejisiniň 1%-inden artyk bolmaly däldi. Goşun diňe goranyş üçin az mukdarda saklanylmalydy. Konstitusiýa boýunça ýurduň imperatorynyň hukuklary çäklendirildi. Onuň wezipesi milletiň ruhy ýolbaşçysy hökmünde saklanyldy. Imperatoryň wezipesiniň doly ýok edilmän saklanmagynyň sebäbi, onuň ýaponlaryň uýýan sintoizm dininiň esasy daýanjyna öwrülendigi, halk arasynda keramatlaşdyrylandygy bilen baglanyşyklydyr. Wezipesi saklansa-da, imperator indi döwlet işlerine gatyşmaýardy. Ýurda iş ýüzünde ýolbaşçylyk etmegi premýer-ministr amala aşyrýardy. 1955-nji ýylda liberal-demokratik partiýa döredildi. Şu partiýa XX asyryň ikinji ýarymynda 40 ýyla golaý Yaponiýany dolandyrdy. Ýaponiýanyň üstünlikleri bu 171 partiýanyň ýurda üstünlikli ýolbaşçylyk etmekligi bilen baglaşdyrylýardy. Şonuň üçin-de halk köpçüligi saýlawlarda, köplenç, şol partiýany goldapdy. 50-60-njy ýyllarda Ýaponiýanyň dasary syýasaty. 1945-1952-nji ýyllarda amerikan esgerleri saklanylan- dygy sebäpli, Ýaponiýa özbaşdak daşary syýasat ýöredip bilmedi (seret: §9). ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa we beýlekiler 1951- -nji ýylda San-Fransiskoda Ýaponiýa bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşdy. Şu şertnamanyň güýje girmegi bilen Ýaponiýadan amerikan goşunlary çykaryldy. Dogry, ABŞ bilen Ýaponiýanyň ikitaraplaýyn baglaşan harby howpsuzlyk hakyndaky şertnamasyna laýyklykda Ýaponiýada amerikan harby daýanç nokatlary we olardaky harby esgerler saklanyldy. 1960-njy ýylda ABŞ bilen Ýaponiýa «Hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk kepil- namasy hakyndaky» şertnamany baglaşdylar. Bu şertnama 10 ýyllyk möhlet bilen baglaşyldy. 1970-nji ýyldan başlap taraplaryň garsylygy bolmasa, ol öz- -özünden indiki möhlete uzalýardy. SSSR bilen Ýaponiýanyň arasynda 1956-njy ýylda diplomatik gatnaşyklary dikeltmek hakda ylalaşyk baglaşyldy. 50-60-njy ýyllarda Ýaponiýanyň Hytaý bilen gatnaşyklary çylşyrymly bolmagynda galýardy. Çünki Ýaponiýa HHR-i tä 1971-nji ýyla çenli ykrar etmändi. Ýapon jemgyýetiniň ösüş aýratynlyklary. Ýaponiýa- nyň XX asyryň ikinji ýarymynda dünýäniň ykdysady merkezleriniň birine öwrülmeginiň syry nämede-kä?! Ýapon «gudratynyň» üstünligi ozaly bilen döwletiň ykdysady syýasatyna bagly bolup durýar. Bu syýasat Ýaponiýanyň halkara derejesinde abraýyny ýokarlan- dyrmaga, söwda we telekeçilige goldawbermäge, ylmyň, bilimiň ösmegine hemaýat etmäge gönükdirilendir. 172 Uruşdan soňky ýyllarda ýapon jemgyýeti umumymilli ösüşiň hatyrasyna berk düzgün-nyzamly zähmet çekdiler. Olar kesekiniň tejribesini öwrenmegem özlerine kiçilik bilmediler. Ýapon hünärmenleri daşary ýurt tejribesini özlerindäki medeni-milli aýratynlyklar bilen utgaşdyryp ornaşdyrdylar. Başgaça aýdanymyzda, Ýaponiýa «Gündogar bilen Günbatary» sepleşdirip, «kebşirlemegi» başardy. Hut şu sepleşikde kämilleşmegiň ýapon nusgasynyň syry jemlenýär. Ýaponiýa goranmak üçin beýleki döwletlere garanda ep-esli az mukdarda harby çykdajy çykarýardy. Onuň ýerine Ýaponiýa özüniň senagatyna beýleki ýurtlaryňkydan köp maýa goýmagy başardy. Halkyň tygşytlap banklarda goýan pullary hem ykdysadyýeti ösdürmekde ýerlikli peýdalanyldy. Harytlary ýurduň dasyna eykarmak (eksport) ýapon ykdysadyýetiniň aýratynlyklarynyň biridir. Ýaponlaryň üstünliginiň syry diňe bir olaryň önüminiň ýokary hilli öndürilýänliginde däl-de, olaryň arzanlygyndady. Işçi güýjüne çykdajylaryň az sarp edilmegi harydyň gymmatynyň arzan düşmegine mümkinçilik berýärdi. Ýapon işçileri, inženerleri öz işini ýokary derejede bilýän, has düzgün-nyzamly hünärmenlerdi. Ýaponiýada işçini hakyna tutmak ömürlik diýen ýalydy: işçiler haýsydyr bir firmalara, köplenç, tä pensiýa çykýança işe alynýardy. Işgäriň öz firmasyna wepalylygy höweslendirilýärdi. Firma hem iň bir kynçylyga düşen pursady-da öz işgärini işden boşatmazlyga çalyşýardy. Yaponiýada işçiler hereketi we syýasy garşylyklar ýok diýen ýalydy. Ýurduň tiz baýaýan şertlerinde jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň arasyndaky garşylyk ýiteňkirläpdi. Şol sebäpli XX asyryň ikinji ýarymynda Yaponiýa üçin halk çykyşlary, gozgalaňlar, düýpli syýasy garşylyklar ýatdy. Soraglar we ýumuşlar 1. Uruşdan soňky ýyllarda Ýaponiýanyň ykdysady taýdan galkyn- magyna näme sebäp boldy? 2. Ýaponiýanyň dünýäniň ykdysady merkezleriniň birine öwrül- meginiň sebäplerini düşündiriň. 3. Ýaponiýanyň 1946-njy ýyldaky Konstitusiýasy barada gürrüň beriň, onuň aýratynlygyny 1889-njy ýylyňky bilen deňeşdirip görüň. 4. Ýaponiýanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny düşündiriň. 5. «Ýapon gudraty» näme? Ol nämäniň hasabyna gazanyldy?

§36. Ýaponiýa iki asyryň sepgidinde

Ykdysady ösüş. Liberal demokratik partiýa. Ýaponiýa 70-80-nji ýyllarda güýçli ykdysady ösüşi bilen dünýäni haýran etmegini dowam etdirdi. Asyryň ahyrlarynda, aýratyn-da, awtoulaglary öndürmek güýçli depgin bilen ösdi. 1964-nji ýylda Ýaponiýa awtoulaglary öndürmek boýunça Fransiýadan, 1966-njy ýylda Beýik Britaniýadan, 1967-nji ýylda Germaniýadan ozup geçdi. 1981-nji ýylda ýene bir haýran galdyryjy täsinlik bolup geçdi. Ýaponiýa awtoulag önümçiliginiň kerwenbaşysy hasaplanýan ABŞ- -dan hem bu ugurda ozup geçdi. Ýaponiýada X X asyryň soňky 30 ýylynda awtoulag öndürilişi 30 esse artdy. 1982-nji ýyldan başlap Ýaponiýa döwlet harajatlaryny çäklendirip, puluň hümmetiniň gaçmagyna garşy göreşdi. Bazar gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinip, telekeçilerden alynýan salgytlary azaltdy. Ýaponiýa ýurtdan haryt çykarýanlary höweslendirmek ýörelgesini alyp bardy. Netijede, 70-nji ýyllardan başlap ýapon harytlary dünýä bazarlarynda beýleki ýurtlaryň harytlaryny gysyp çykaryp başlady. Bu ýagdaý dünýä döwletleriniň köpüsine ýaramady. Olar ýapon haryt-

174 laryna gümrük paçlaryny ýokarlandyrdylar. Beýle ýagdaý Ýaponiýanyň daşary söwdasyna ýaramaz täsir etdi. Halkara Internet ulgamy, öýjükli telefonlar ýapon durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Senagatyň çalt depginlerde ösmegi şäher ilatynyň artmagyna getirdi. Eger ikinji jahan ursunyň öň ýanynda Ýaponiýanyň ilatynyň 40%-i şäherlerde ýaşan bolsa, 2000-nji ýylda ilatyň 90%-i şäherlilerdi. Senagatyň ösmegi ýurduň sebitleriniň arasyndaky ulag aragatnaşygynyň ösmegine getirdi. Bilşiňiz ýaly, Ýaponiýa adalar ýurdudyr. Ýurduň esasy bölegi dört sany iri adada — Kýusýu, Sikoku, Honsýu, Hokkaýdo adalarynda ýerleşýär. Eger-de Honsýu, Kýusýu, Hokkaýdo adalary deňizasty ötük arkaly birleşdirilen bolsa, Sikoku adasy suwuň üstünden uzyn köpriniň üsti bilen birleşdirildi. Bu desgalar häzirki zaman inženerçilik sungatyna uly goşant boldy. Ýurduň içki söwdasynyň ösmegine ýardam etdi. XX asyryň soňky 30 ýylynda oba ilaty 13 mln bolanlygyndan 5,7 mln adama çenli azaldy. Muňa seretmezden, Ýaponiýanyň oba hojalygy ýurduň halkynyň azyk önümlerine bolan isleginiň tas ýarysyny üpjün edýär. Kä ýyllar ýarysyndan artygragam öndürilýär. 90-njy ýyllaryň ikinji ýarymy Ýaponiýa üçin turuwbaşdan amatly bolmady. Bu döwürde jemi öndürilýän milli önümiň ösüş depgini bary-ýogy 1,7% boldy. Şonuň üçin ýaponlar 90-njy ýyllary «Ýitirilen °nýyllyk» hasaplaýarlar. Asyryň soňky iki ýylynda ol ikinji jahan urşundan soňra ilkinji gezek yza tesdi. Munuň üstesine-de 1995-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda güýçli ýertitreme bolup, 6,5 müňe ýakyn adam heläk oldy, 43 müň adam maýyp boldy. 175 Asyryň ahyryndaky yza tesmelere garamazdan, Ýaponiýa dünýäniň ykdysady merkezleriniň biri bolmagynda galýar. 2000-njiýyldaÝaponiýanyň umumy milli girdejisi 4 trln amerikan dollaryna barabar bolup, bu Germaniýanyňkydan iki esse, Beýik Britaniýa- nyňkydan we Fransiýanyňkydan 3 esse köp diýildigidir. Şol ýyl dünýäde öndürilen önümleriň 12% -i Ýaponiýada öndürildi diýildigidir. 2005-nji ýylda Ýaponiýada ilatyň jan başyna öndürilýän önüm 38,9 müň amerikan dollaryndan geçdi (Bütindünýä bankynyň maglumatlary boýunça). Jemi öndürilen milli önüm 4,96 trln amerikan dollaryna ýetdi. XX asyryň ikinji ýarymynda Ýaponiýanyň syýasy durmuşynda liberal demokratik partiýa esasy orun degişlidir. Bu partiýa 1955-nji ýyldan tä 1993-nji ýyla çenli ýurdy dolandyrdy. 1993-1996-njy ýyllardaky arakesmeden soň ol ýene-de häkimiýete geldi. 1999-njy ýylda liberal we liberal demokratik partiýalar bileleşip, gatyşyk hökümet düzdüler. Ýurduň syýasy durmuşynda imperatora özboluşly orun degişlidir. 1926-1989-njy ýyllarda — ýarym asyr gowrak imperator bolan Hirohito ýogalandan soňra onuň ogly Akihito tagta geçdi. 01 ýapon taryhynda 125-nji imperatordyr. D.Koidzuminiň XXI asyryň başlaryndaky özgertmeleriniň esasy ugurlary. «Ýitirilen on- ýyllyk» ýapon jemgyýetinde düýpli özgertmeleriň geçirilmeginiň zerurdygyny görkezdi. 2001-nji ýylda häkimiýete gelen premýer- -m inistr Dzýunitiro Koidzumi düýpli özgertmeleri durmuşa DzýunitiroJ Koidzumi geçirmage . .. başlady. u i j 176 Hökümet baradaky täze kanuna laýyklykda premýer- -ministriň ygtyýarlyklary artdyryldy. 01 ýurduň syýasy ugruny kesgitlemekde giň hukuklar aldy. Ýerli häkimiýetiň ygtyýarlyklary artdyryldy. Kazyýet ulgamy kämilleşdirildi. Döwletiň hususy işewürligi çäklen- dirýän ençeme düzgünleri aradan aýryldy. Kiçi kärhanalar döwlet goldawyny aldy. Salgytlar azaldylyp, salgyt ulgamy ýönekeýleşdirildi. Öňki «ömürlik hakynatutma» düzgüniniň ýerine wagtlaýyn düzgün girizildi. Bu bolsa ýaş hünärmenleri bir kärhana ömürlik «daňyp» goýman, iş saýlamak barada olaryň erkinligini artdyrdy. Pensiýalar işgäriň aýlyk hakynyň 50% -ne çenli artdyryldy. Ykdysadyýetde döwlet pudagyna degişli kärhanalar hususylaşdyryldy. Bu özgertmeleriň has düýplüligi üçin, ony Meýdziniň özgertmeleri bilen deňeşdirýärler. Eýsem, ýapon jemgyýetinde şeýle düýpli özgertmeleriň zerur- lygy nämededi? D.Koidzuminiň özi 2005-nji ýylyň awgustynda ýapon halkyna ýüzlenip, ony şeýle düşün- diripdi: «Döwlet nirede nämäniň zerurdygyny kesgitläp bilmez, ony telekeçiler gowy biler. Döwlet telekeçilik bilen meşgullanyp bil- Sindzo Abe mez. Sebäbi onuň bäsdeşi ýok. Bäsdeşlik bolmadyk ýerde, ösüş bolmaz». 2006-njy ýylyň sentýabrynda SindzoAbe, 2007-nji ýylyň sentýab- rynyň ahyrynda bolsa Ýasuo Fukuda Ýaponiýanyň premýer- -ministrligine saýlandy. Ýasuo Fukuda

12- Sargyt JVs 693. 1 77 Ýapon-türkmen gatnaşyklary. 1992-nji ýylda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Ykdysady hyzmatdaslyk boýunça türkmen-ýapon komiteti iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine ýardam edýär. Ýaponiýanyň belli «Itoçu korporeýşn» kompaniýasy Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplu- mynyň abatlanylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşdy. Ýapon işewür adamlary Türkmenistanda gazy arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşdylar. Olar türkmen polipropilenini dünýä bazaryna çykarmaga ýardam edýärler. Ýaponiýanyň «Komasu» kompaniýasynyň tehnikalary ýurdumyzda ýol gurluşygynda, Türkmen kölüniň gurluşygynda giňden ulanylýar. Türkmen-ýapon gatnaşyklary gumanitar ugurda hem ösdürilýär.

Soraglar we ýumuşlar 1. XX asyryň ahyrynda ýapon ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösendigini mysallar arkaly düşündiriň. 2. Näme üçin ýaponlar 90-njy ýyllary özleri üçin «Ýitirilen onýyllyk» hasaplaýarlar? 3. D.Koidzuminiň geçiren özgertmeleri barada gürrüň beriň. 4. Türkmen-ýapon gatnaşyklary haýsy ugurlarda dowam etdirilýär? 5. Internetiň maglumatlarynyň esasynda häzirki wagtda Ýapo- niýanyň ykdysady ösüşi barada aýdyp beriň.

§37. Hindistan

Beýik Britaniýanyň Hindistana özbaşdaklyk bermegi. Hindistanyň respublika diýlip yglan edilmegi. Ikinji jahan urşundan soňra Hindistanda milli azat edijilik hereketi täzeden ýokary göterildi. Bu herekete 178 uzaga çeken göreşde taplanan Jawaharlal Neru, Mahatma Gandi we beýlekiler ýolbaşçylyk edýärdiler. 1946-njy ýylyň ýazynda Beýik Britaniýanyň premýer- -ministri Ettli iňlis hökümetiniň Hindistana özbaşdaklyk bermäge taýýardygy barada çykyş etdi. Beýik Britaniýada Hindistana özbaşdaklyk bermegiň taslamasy işlenip düzüldi. Hindistandaky musulmanlar özbaşdak Päkistan döwletini döretmek ugrunda göreşýärdiler. Olara Muhammet Aly Jinna baştutanlyk edýärdi. Iňlisler Musulman Ligasynyň we Hindi Milli kongresiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirip, iki tarapyň-da ýurdy ikä bölmek isleýändigine göz ýetirdiler. Iňlis hökümeti Hindistany ikä bölüp, 1947-nji ýylyň 15-nji awgustynda olaryň garaşsyzlygyny yglan etdi. Dünýäde özbaşdak Hindistan we Päkistan döwletleri döredi. Hindistan dini alamat boýunça iki döwlete bölündi. Nirede induslar ýaşaýan bolsa Hindistana berildi. Musulmanlaryň ýaşaýan ýerleri Päkistanyň düzümine girizildi. Hindistanyň we Päkistanyň araçägindäki Jammu, Kaşmir, Penjap ýaly hanlyklaryň haýsy döwlete degişlidigi dawaly boldy. 01 dawa XX asyryň II ýarymynda hindi-päkistan gatnaşyklarynyň mydama dartgynly bolmagyna getirdi. 1950-nji ýylda Hindistanyň Konstitusiýasy kabul edildi we oňa laýyklykda ýurt respublika diýlip jar edildi. Hindistanyň syýasy ösüşi. Indira Gandi. Konstitusiýa laýyklykda Hindistan parlament respublikasydyr. XX asyryň ikinji ýarymynda Hindistanyň syýasy durmu- synda Hindi Milli Kongresi (HMK) atly partiýa görnükli orun degişlidir. Şol döwürdäki Hindistanyň görnükli döwlet ýolbaşçylary: J. Neru, L. B. Şastri, I. Gandi, Gandi bu partiýanyň wekilleridir. 179 Garaşsyz Hindistanyň ilkinji döwlet ýolbaşçysy Jawaharlal Neru bolup, ol 1964-nji ýyla çenli ýurdy dolandyrdy. 1964-1966-njy ýyl- larda Lal Bahadur Şastri döwlete baştutanlyk etdi. 1966-njy ýylyň ýanwar aýynda Päkistanyň ýolbaşçylary bilen Daşkent duşuşygy mahalynda ol tarpa- -taýyn ýogalandan soňra Indira Gandi (1917-1984) häkimiýete geçdi. 01 arakesme bilen 15 ýyl çemesi Hindistany dolandyrdy. Oppozisiýadaky partiýalar birleşip, Janata Parti atly täze partiýany döretdiler we 1977-nji ýylyň saýlawlarynda ýeňiş gazandylar. Partiýanyň düzüminde bolup geçen 1979-njy ýyldaky bölünişikden soňra ol häkimiýetden aýryldy. 1980-nji ýylda ýene-de Indira Gandiniň ýolbaşçylygyndaky HMK häkimiýete gaýdyp geldi. 80-nji ýyllaryň başynda Hindistanda milletara dawalar güýçlendi. Sikhleriň merkezi häkimiýetden bölünip aýrylmak meýilleri güýçlendi. I.Gandiniň hökümeti sikhleriň dini merkezi bolan Amritsardaky «Altyn ybadathanany» olaryň ýaragly toparlaryndan arassa- lamak üçin goşun girizdi. Bu ýagdaýy olar dini duýgularynyň depelenmegi hasaplap, hökümete garşy göreşini has güýçlendirdiler. I.Gandiniň pajygaly ölüminden soňra onuň ýerini ogly Rajiw Gandi (1944-1991) eýeledi. 011984-1989- Rajiw Gandi W ÝyHarda ýurduň premýer- ministri boldy. 180 R.Gandiniň döwründe Hindistanda syýasy durnuklylyk bolmady. HMK 1989-njy ýyla çenli ýurdy dolandyrdy. Täze saýlaw kampaniýasy döwründe 1991- -nji ýylda R.Gandi saýlawçylaryň öňünde çykyş edip durka partlaýjy enjamyň ýarylmagyndan wepat boldy. 1996-2004-nji ýyllarda Janata parti ýurdy dolandyrdy. Soňra ýene HMK häkimiýete geldi. Hindistan Respublikasynyň ykdysady ösüşi. Hindistanyň dini alamat boýunça bölünmegi geljekde ýurduň ykdysady ösüşine oňaýsyz täsirini ýetiripdi. Senagat kärhanalarynyň 90% -i Hindistanda galypdy. Gowaça ekilýän etraplar Päkistanyň, dokma kärhanalary bolsa Hindistanyň çäginde galypdy. J.Nerunyň hökümeti (1947-1964) senagatda döwlet we hususy pudagy utgaşykly ösdürmäge üns berdi. Demir ýollar, portlar, aragatnaşyk serişdeleri, iri suwaryş desgalary, elektrostansiýalar, harby zawodlar döwlet eýeçiliginde bolup, galan kärhanalar hususy pudaga degişlidi. 40-njy ýyllaryň ahyrynda — 50-nji ýyllaryň başynda Hindistanda agrar özgertme geçirildi. Iri ýer eýelerinden kärendesine alýan ýerlerini satyn almaga daýhanlara rugsat berildi. 70-nji ýyllaryň birinji ýarymynda Hindistanyň ykdysadyýeti iň bir kyn döwri başdan geçirdi. Bu döwürde kä ýyllar gurakçylyk, kä ýyllar güýçli sil suwlarynyň basmagy ýaly tebigy betbagtçylyklar ýurtda azyk ýetmezçiligini döretdi. 80-nji ýyllarda Hindistanyň ykdysady ösüşi durgunlylyk döwrüni başdan geçirdi. R.Gandiniň hökümeti telekeçiligi goldamaga üns berdi. Hindistan Respublikasy iki asyryň sepgidinde. 90- 'njy ýyllaryň başynda Hindistanda özgertmeler geçir- megiň zerurlygy ýüze çykdy. Kynçylyklardan çykmagyň maksatnamasyny işläp düzmek üçin premýer-ministr 181 Narasimho Rao hökümete Angliýada bilim alan, dünýä belli ykdysatçy Manmohan Singhi çagyrdy. Geçirilen özgertmeleriň netijesinde ykdysadyýete döwletiň gatyşmagy azaldyldy. Telekeçilige we erkin bäsdeşlige ýol açyldy. Nyrhlar öz ugruna goýberildi. Döwlet eäklendirmeleri ýatyryldy. Döwlete degişli kärhanalaryň köpüsi hususylaşdyryldy. Hindistan dünýä söwdasy üçin açyldy. 011995-nji ýylda Bütindünýä söwda guramasyna girdi. Dasary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin erkin ykdysady zolaklar döredildi. Ýurduň ykdysady ösüş depgini 6,5% -e ýetdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Hindistan sosial-ykdysady ösüşde uly üstünlikleri gazandy. Ýurt senagat önüminiň möçberi boýunça dünýä döwletleriniň ilkinji onlugyna girýär. Emma Hindistan milli girdejiniň ilatyň jan başyna düşüşi boýunça dünýäde yzdaky ýurtlaryň hataryndady. 2004-nji ýylyň saýlawlarynda Hindi Milli Kongresi ýeňiş gazan- dy. Manmohan Singh hökümete ýolbaşçylyk etdi. 01 özgertmeleri dowam etdirdi. Sosial meseleleri çözmäge üns berdi. Hökümet sebitleriň yzagalaklygyny, garyp- lygy> sow atsyzlygy ýok etmäge Manmohan Singh synanyşyk edýfir. Hindistanda ylmyň we tehnikanyň ösüşi. Hindistan ilkinji gezek 1974-nji ýylda atom bombasyny synag etdi we öz ýadro ýaragyny edindi. 1980-nji ýylda özüniň ilkinji emeli hemrasyny kosmosa uçurmagy başardy. 90-njy ýyllarda Hindistan kosmosy özleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy 10 döwletiniň birine öwrüldi. Hindistan demir ýollarynyň uzynlygy boýunça dünýäde 182 4-nji orna geçdi. Ýokary bilimde uly öňegidişlikler gazanyldy. Ýokary bilimli hünärmenleriň sany boýunça ýurt dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýär. Hindistanyň daşary syýasaty. Hindistan özbaşdak döwlet hökmünde dörän gününden baslap parahatçylyk söýüji daşary syýasat ýöredýär. Hindistanyň parahatçlyk söýüjiligi halkyň milli aňyýetinden gelip çykýar. Hindi halky öz tebigaty, dini-ygtykady boýunça zorlugy, urşy halamaýan halk. Hindistan daşary syýasatynda dünýäde parahatçylygy berkarar etmek ugrundaky göreşde birnäçe täze teklipler bilen çykyş etdi. Olaryň iň möhümi 1988- -nji ýyldaky dünýäni 2010-njy ýyla çenli ýadro ýaragyndan we zorlukdan halas etmek baradaky hereketleriň meýilnamasydyr. Hindistan 1985-nji ýylda döredilen Günorta Aziýa sebitiniň hyzmatdaşlygy bileleşiginiň agzasy bolup, Günorta Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklaryna üns berýär. Türkmen-hindi dostlugy. Hindistan özüniň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa sebitiniň garaşsyz döwletlerine, aýratyn-da Türkmenistan bilen däp bolan, gadymdan gelýän gatnaşyklary ösdürmäge üns berýär. Döwlet ýolbaşçylarynyň birek-biregiňkä resmi saparlary mahalynda özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýady goýuldy. Iki döwletiň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni babatda ýygjam gatnaşyklar däbe öwrüldi. Hindistana türkmen gazyny eltmegiň taslamasy iki ýurduň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň aýdyň şaýadydyr. Asgabatda bilelikdäki «Ajanta-farma» derman kärhanasy işleýär. Iki halkyň hem göz guwanjyna öwrülen Baýram han Türkmeniň 500 ýyllyk ýubileýi 2000-nji ýylda ýurtlaryň ikisinde-de dabaraly bellenip geçildi. 2007-nji ýylda hindi-türkmen 183 gatnaşyklaryny has-da ösdürmek üçin hormatly Prezi- dentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen hökümetara döwlet topary döredildi.

Soraglar we ýumuşlar 1. Hindistan haçan we nähili garaşsyzlyk gazandy? 2. Hindistanyň esasy syýasy partiýalary haýsylar? 3. XX asyryň ikinji ýarymynda haýsy nebere Hindistany uzak wagtlap dolandyrdy? 4. Halkara Internet ulgamynyň maglumatlaryndan peýdalanyp, Hindistanyň ykdysady ösüşi hakda gürrüň beriň. 5. Manmohan Singhiň geçiren özgertmeieri barada gürrüň beriň. 6. Hindistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasat ýörelgesi barada aýdyp beriň. 7. Türkmen-hindi dostlugy hakda gürrüň beriň.

§38. Päkistan we Bangladeş

Päkistan döwletiniň döremegi. Ikinji jahan urşunyň öňüsyrasynda Musulman Ligasynyň ýolbaşçysy Muhammet Aly Jinna aýratyn musulman döwletiniň döredilmeginiň zerurlygy barada çykyş edip başlady. Penjaply talyp Çadhuri Rahmat Aly geljekki dörediljek döwleti «Päkistan» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Onuň pikiriçe, bu söz bir tarapdan «arassalaryň, päk musulmanlaryň watany» diýen manyny berýär. Ikinji tarapdan, arap ýazuwynda Pakistan görnü- şinde ýazylýan bu at geljekde döre- diljek ýurdy emele getirjek welaýat- laryň atlarynyň baş harplaryndan durýar: P — Penjap, a — Afga- niýa, k — Kaşmir, s — Sind, tan — Bulujystan diýen adyň soňky Muhammet Aly Jinna bogny. 184 Päkistan 1947-nji ýylyň 15-nji awgustynda Hindistandan bölünip aýrylyp, özbaşdak döwlet bolupdy. Päkistan dörän wagty onuň paýyna köpräk oba hojalyk sebitleri düşüpdi. Senagaty tarpdan diýen ýaly döretmelidi. 1955-nji ýylda Päkistanyň Konstitusiýasy kabul edilip, ýurduň Yslam Respublikasydygy kanuny taýdan berkidildi. Hindistandan tapawutlylykda, Päkistanda dolandyryşyň prezident görnüşi girizildi. Hökümete premýer-ministr ýolbaşçylyk edýär. 1958-1969-njy ýyllarda Eýýup hanyň hökümeti ýurdy dolandyrdy. 1962-nji ýylda täze Konstitusiýa kabul edildi. 1969-njy ýylda general Ýahýa han häkimiýete geldi. Päkistanyň Hindistan bilen gatnaşyklary. Hindistanyň dini alamat boýunça bölünmegi geljekde iki döwletiň arasynda dawaly meseleleriň yzygiderli ýüze çykyp durmagyna getirdi. Garaşsyzlykdan soň dessine Hindistanda ýaşaýan 6 mln musulman Päkistana, Päkistanda ýaşaýan 4,5 mln hindi Hindistana göçmeli bolupdy. Bu göçüşlikde 1 mln-a golaý adam wepat boldy. Iki tarap hem biri-birinden öç aldy. Dinara gapma- -garşylygyň öňüni almakçy bolan Mahatma Gandiniň özi hem onuň pidasy boldy. Iki döwletiň arasynda dawaly meseleleriň biri Kaşmir welaýatydy. Kaşmir meselesi zerarly iki döwletiň arasynda 1948-nji ýylda uruş howpy döredi. Mesele BMG-niň çözmegine berildi. 1949-njy ýylda iki tarapyň arasynda harby çaknyşyklar bes edildi. Hindistan 1957- "nji ýylda Kaşmiriň öz çäklerine birikdirilendigini resmi taýdan yglan etdi. Kaşmir meselesi 1964-1965-nji ýyllarda ýene gaýtadan ýitileşdi. 1965-nji ýylda iki tarapyň arasynda ýaragly çaknyşyklar boldy. Meseläni 185 parahatçylykly ýol bilen çözmek üçin Hindistanyň premýer-ministri Lal Bahadur Şastri we Päkistanyň baştutany Eýýup han 1966-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda Daşkentde duşuşdylar. Gazanylan ylalaşyga laýyklykda taraplar öz goşunlaryny 1965-nji ýylda eýelän ýerlerinden yza çekdiler. 1970-nji ýyllaryň başlarynda iki döwletiň gatnaşyklary Gündogar Päkistanyň üstünde ýitileşdi. Päkistandan bölünip, Bangladeş döwletiniň döremegi. Päkistan döredilen mahaly ýurt biri-birinden üzňe Günbatar we Gündogar böleklerden ybaratdy. 60- -njy ýyllaryň ahyrynda Gündogar Päkistanda dartgynly ýagdaý güýjäpdi. Gündogar Päkistanda özbaşdaklyk ugrunda göreş ýaýbaňlandy. Mujibur Rahmanyň ýolbaşçylygyndaky Azatlyk ligasy (Awami lig) 1970- -nji ýylyň saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Emma Ýahýa hanyň ýolbaşçylygyndaky Yslamabat hökümeti saýlawlaryň netijesini ykrar etmedi. Muňa jogap edip bengallar garaşsyzlyk ugrunda göreşe başlady. Päkistan hökümeti bengallaryň hereketini basyp ýatyrmak üçin 1971-nji ýylyň 25-nji martynda M.Rahmany tussag etdi. Muňa jogap edip bengal watançylary 1971-nji ýylyň 26- -njy martynda Päkistandan bölünip aýrylyp, şol wagt türmede oturan M.Rahmanyň ýolbaşçylygynda garaşsyz Bangladeş Halk Respublikasynyň döredilýändigini yglan etdiler. Hindistan bengallaryň garaşsyzlyk ugrundaky göreşini goldady. Hindi-päkistan dawalary 1971-nji ýylyň dekabrynda olaryň arasynda urşuň başlanmagyna getirdi. 1972-nji ýylda Hindistan we Bangladeş dostluk, hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama gol çekdiler. 1974-nji ýylda Bangladeş bilen Päkistanyň arasynda ýaraşyk şertnamasyna gol çekildi. 1974-nji ýylda Päkistan Bangladeşiň garaşsyzlygyny ykrar etdi. 186 Päkistan 70-90-njy ýyllarda. Päkistanyň soňky ýarym asyrlyk taryhynda birnäçe gezek harby agdary- lyşyklar boldy. Raýat dolandyryşy parlament häki- miýetini, harby dolandyryş bolsa prezident häkimiýetini berkidýärdi. 1973-nji ýylyň Konstitusiýasy ýurtda parlament dolandyryşyny göz öňünde tutýardy. 70-nji ýyllarda ZülfikarAii Bhuttonyň ýolbaşçylygyndaky Halk partiýasy ýurdy dolandyrdy. Bhuttonyň hökümeti sebitde parahatçylygy berkitmekde birnäçe işleri etdi. Mysal üçin, 1972-nji ýylda Päkistan SEATO harby birleşmesinden çykdy. Hindistan bilen diplomatik gatnaşyklary dikeltdi (1976). 1977-nji ýylyň saýlawlarynda Z.A.Bhuttonyň hökümeti ýeňilse-de, saýlawyň netijelerini galplaşdyryp, häkimiýetde galmaga synanyşdy. Emma muňa häki- miýete garşy güýçler razy bolmady. Syýasy krizis emele geldi. Şeýle şertlerde 1977-nji ýylyň iýulynda Ziýa ul Hakyň ýolbaşçylygynda döwlet agdarylyşygy bolup, ýurtda ýene-de harby düzgün häkimiýete geldi. General Ziýa ul’Hak ýurtda düzgün-tertibi berkitdi. Daşary syýasatda Günbatar döwletleri bilen ýakynlaşdy. 01 SSSR-iň Owganystana goşun girizmegine garşy çykdy. Owganystanda sowet goşunlaryna garşy göreşýän güýçleri goldady. - 01 1988-nji ýylda awiaheläkçilikde aradan çykdy. 1988-nji ýylyň noýabryndaky saýlawlarda Halk partiýasy ýeňip, onuň öňbaşçysy Benazir Bhuttonyň (jezalandyrylyp öldürilen Z.A.Bhuttonyň gyzy) ýolbaşçylygynda hökümet düzüldi. 1990-njy ýylyň awgustynda dörän k syýasy galagoplulyk döwri Benazir Benazir Bhutto 187 Bhutto häkimiýetden çetleşdirildi. Üç ýyl arakesmeden soň, Bhutto gaýtadan häkimiýete geldi. 1993-nji ýylyň saýlawlary netijesinde ýurduň prezidentligine saýlanan Sardar Faruh Ahmet han Legari 1996-njy ýylyň ahy- rynda Bhuttony häkimiýetden çetleşdirdi. 01 birnäçe ýyl daşary ýurtda ýaşamaly boldy.* Päkistan iki asyryň sepgidinde. 1997-nji ýylda geçirilen saýlaw- larda Päkistanda iň irki partiýa bolan (1906-njy ýylda döredilen) Musulman Ligasy ýeňiş gazanyp, Mian Nawaz Şarif ikinji gezek häkimiýete geldi (ol 1990-1993-nji ýyllarda hem ýurdy dolandyrypdy). 1999-njy ýylyň ahyryndaky syýasy dartgynlylyk ýurtda ýene-de döwlet Perwez Müserref agdarylyşygyna getirdi. General Perwez Müşerref premýer-ministr boldy. 01 2001-nji ýylyň iýunyndan Päkistanyň prezidenti boldy. 2007-nji ýylyň noýabrynda ol ikinji möhlete Prezidentlige saýlanýar. Şondan soň ol Ýaragly güýçleriň baş serkerdebaşysy wezipesinden el çekýär. Dokma senagaty Päkistanyň ykdysadyýetiniň iň esasy pudagy hasaplanýar. Beýleki yslam ýurtlarynda bolşy ýaly, ýurduň ykdysady-syýasy durmuşy yslamyň ýörelgeleri boýunça alnyp barylýar. Päkistan daşary syýasatynda Hindistan bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrunda göreşýär. 01 Goşulmazlyk hereketiniň agzasydyr. Päkistan EKO

* 2008-nji ýylyň başynda boljak parlament saýlawlarynyň öňlisyrasynda Watanyna gaýdyp geldi. Emma ol terrorçylar tarapyndan öldürildi. 188 guramasynyň çäklerinde Türkiýe, Owganystan, Eýran hem-de Merkezi Aziýanyň garaşsyz döwletleri bilen işjeň gatnasyklaryny ýola goýdy. Türkmen-päkistan hyzmatdaşlygy. Päkistan- -türkmen gatnaşyklarynyň taryhy kökleri barada söz açyp, Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy «Biz Päkistana özümiz üçin iň ýakyn döwlet, taryhy ykballaryň umumylygy, milli häsiýetdäki haýsydyr bir çala göze ilýän meňzeşlik, dünýä garaýyşda, birinji nobatda bolsa, öz-özüňe garaýyşda umumylygy bolan halk hökmünde garaýarys» diýipdi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Päkistanyň ýakyn hyzmatdaşyna öwrüldi. EKO döwletleriniň Yslamabat maslahatynda (1995- -nji ýylyň mart aýy) Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ilkinji gezek Türkmenistanyň bitaraplygy hakyndaky teklibi orta atypdy. Päkistan guramanyň beýleki agzalary bilen bilelikde Türkmenistanyň bu teklibini ikelläp goldady. Geljekde Türkmenistan Owganystanyň üsti bilen Päkistana özüniň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny satmagy göz öňünde tutýar. Päkistanyň Prezidenti Perwez Müşerrefiň özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana guramagy päkistan-türkmen dostlugynyň ýene bir nyşanydyr.

Soraglar we ýumuşlar 1. Päkistan haçan garaşsyzlygyny gazandy? 2. Päkistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dart- gynly bolmagynyň sebäplerini düşündiriň. 3. Bangladeş döwleti nähili ýagdaýda döredi? 4. 70-90-njy ýyllarda Päkistanyň syýasy-ykdysady ösüşi barada gürrüň beriň. 5. Päkistanyň daşary syýasatynyň ugurlary barada gürrüň beriň. 6. Metbugat habarlaryny ulanyp, päkistan-türkmen gatnaşyklary barada aýdyp beriň. 189 §39. Türkiýe

Ykdysady ösüşde öňe gidişlik. Türkiýe respublikasy 1923-1980-nji ýyllar aralygynda etatizm* ýoly bilen ösdi. Bu syýasat ilkibada ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösmegini üpjün edipdi. Emma wagtyň geçmegi bilen türk ykdysadyýetiniň dünýäde bolup geçýän özgerişlere we ylmy-tehniki öwrülişigiň gazananlaryna haýal uýgunlaşýandygy äşgär boldy. Ýurduň ykdysady syýasaty içerki bazara niýetlenendi. 1980-nji ýyldan başlanan täze ykdysady ugry ýola goýan Turgut Özal (1923-1993) hasaplanýar. Täze ykdysady ugur boýunça döwlet hususy maýa goýmunyň senagat pudagyna içgin aralaşmagyna ýol arçamalydy. Türk milli önümini beýleki ýurtlaryň önümi bilen bäsleşip biljek derejä çykarmalydy. «Harydy- myzy dasarky bazara çykarmaly ya- -da tozup, ýok bolup gitmeli!» — ine, şeýle şygar 80-nji ýyllaryň başynda gaty meşhurdy. Daşary ýurt maýa goýumynyň Türkiýäniň ykdysadyýetine goýulmagyny höweslendirmek zerurdy. Bu babatda Turgut Özal «Ertirki gün Ýaponiýa deňleşmek üçin, bu gün karz alanyň aýby ýok» diýmegi gowy görerdi. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde döwlet puda- gynyň kärhanalary üýtgedip gurlup, olara goýberilýän býujet serişdeleri azaldylmalydy. Puluň hümmetsiz- lenmeginiň öňi alynmalydy.

*Etatizm — fransuzçadan terjime edilende «döwlet» diýmegi aňladýar. Ykdysady, sosial, medeni, ylmy we ş.m. beýleki babatlarda döwletiň gatysmasynyň güýçlenýändigini alamatlandyrmak üçin ulanylýan adalga. 190 1980-1989-njy ýyllar aralygynda türk ykdysa- dyýetiniň ortaça ýyllyk ösüsi 4,2% boldy. Ykdysa- dyýetde oba hojalyk önümleriniň paýy azalyp, senagat önümleriniň möçberi görnetin artdy. Türkiýe agrar- -senagatly döwletden ösen senagatly we söwdasy ösen döwlete öwrüldi. Daşary ýurtlara haryt çykarylyşy birnäçe esse artdy. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Halkara walýuta gaznasy Türkiýedäki özgertmeleri goldamak üçin 4 mlrd amerikan dollaryny karz berdi. Umuman, Turgut Özalyň döwründe Türkiýäniň ykdysady pese gaçyşlygynyň öňi alnyp, indiki ösüşler üçin dogry badalgalar tapyldy. Aslynda türk milleti örän watançy halk. Halkyň watansöýüjiligini ýerlikli ulanyp, öz döwründe Atatürk Türkiýäniň garaşsyzlygyny gazanypdy. Turgut Özal hem türk halkynyň şol duýgularyna daýanyp, ýurdy galkyndyrmagy başarypdy. 1993-nji ýylda Turgut Özal aradan çykansoň Süleýman Demirel Türkiýäniň Prezidenti boldy. Onuň döwründe ykdysady özgertmeleriň depgini biraz gowşady. Onuň esasy sebäbi ýurduň içindäki syýasy dart- gynlylyk we gatyşyk hökümetlerde partiýalaryň arasyn- daky oňşuksyzlyklar bolupdy. 2000-2007-nji ýyllarda Ahmet Neždet Sezer Türkiýäniň Prezidenti bolan döwri syýasy ýagdaý durnuk- laşyp başlady. Türkiýede köppartiýalylyk ulgamy. Türkiýede köppartiýalylyk ulgamy dowam edýär. 1982-nji ýylda ýurduň täze Konstitusiýasy kabul Süleýman edildi. Döwlet baştutany Prezident Demirel 191 bolup, ol parlament tarapyndan 7 ýyl möhlete saýla- nylýar. 2007-nji ýylyň oktýabrynda ýurduň Konstitu- siýasyna girizilen üýtgetmelere görä, ýurduň prezidenti mundan beýläk parlament däl-de, halk tarapyndan 5 ýyl möhlete saýlanýar. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutany premýer-ministrdir. Süleýman Demireliň prezident- lik döwründe ýurtda dürli syýasy partiýalardan düzülen gatyşyk hökümetleriň ençemesi çalyşdy. Olara Tansu Çiller (Dogry Ýol partiýasy), Nejmeddin Erbakan (Refah partiýasy), Mesut Ýylmaz (Ene Watan partiýasy), Bülent E jew it (Demokratik eepçiler partiýasy) ýolbaşçylyk etdiler. 2003-nji ýylyň 14-nji martyndan Adalat we galkynyş partiýasynyň baştutany Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň premýer- -ministri boldy. 01 Türkiýe Respublikasynyň taryhynda 59-njy hökümet baştutanydy. 2007-nji ýylyň iýulynda Türkiýede parlament saýlawlary geçdi. Saýlawlarda Rejep Taýyp Ärdoganyň baştutanlygyndaky Adalat we galkynyş partiýasy ýeňiş gazandy. 2007-nji ýylda geçirilen prezident saýlaw- larynda şol partiýanyň wekili bolan Abdylla Gül Türkiýäniň prezident- ligine saýlanyldy. Türkiýe senagat-agrar ýur- dudyr. Öndürilýän jemi milli önüm 2005-nji ýylda 612,3 mlrd ameri- kan dollaryna deň boldy. Bu görke- Abdylla Gül boýunça ol şol ýyl dünýä döw- 192 letleriniň arasynda 18-nji ýerde durýardy. Azyk, dokma, awtoulag, himiýa, elektrotehnika senagatlary ösendir. Türkiýäniň daşary syýasaty. Türkiýe 1952-nji ýyldan bäri NATO-nyň agzasydyr. 01 1987-nji ýylyň aprel aýynda özüniň Ýewropa Ykdysady bileleşigine kabul edilmegi barada ýüz tutdy. Emma Gresiýa onuň bu gurama kabul edilmegine garşy boldy. Sebäbi bu iki döwletiň arasynda Kipr meselesi bilen baglanyşykly düşünişmezlik dowam edýärdi. Türkiýe ABŞ bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýar. 80-nji ýyllarda Türkiýe Ysraýyldan we Müsürden soň amerikan harby kömegini alýan üçünji döwlete öwrüldi. Ýakyn we Orta Gündogaryň yslam ýurtlary bilen gatnaşyklar türk daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkiýe Magrib ýurtlary (Tunis, Alžir, Marokko) bilen hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýar. Yslam döwletleriniň goýan maýa goýumlary türk ykdysadyýetiniň ilerlemegine uly goşant boldy. T.Özalyň Ýaponiýa sapary (1985-nji ýylyň maý aýy) iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanma- gyna ýardam edipdi. Ýaponlaryň gatnaşmagynda Stambulda Bosfor bogazynyň üstünden ikinji uly köpri guruldy (1988). T.Özal 1990-njy ýylda Gara deňziň sebitindäki döwletleriň hyzmatdaşlyk guramasyny döretmek pikirini orta atypdy. SSSR-iň dargamagy Türkiýäniň daşary syýasatynda uly özgerişlere getirdi. 01 ilki bilen öňki SSSR-iň düzümindäki türki respublikalaryň garaşsyzlygyny goldap, olara doganlyk goluny uzatdy. Türk-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösmegi. Türkiýe respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk 1933-nji ýylda öz egindeşlerine: «Wagt geler, Orta i3. Sargyt Ko 693. 1 qq Aziýadaky türki doganlarymyz hem garaşsyzlyk gazanarlar, şonda siz, ol garyndaşlarymyza dessine kö- mek ediň!» diýip sargyt edipdi. Türkiýe Türkmenistana garaşsyzlygyny gazanandan soň doganlyk goluny uzadan ilkinji döwletdir. 01 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň özbaşdak döwletdigini ykrar etdi. 1992- -nji ýylyň 29-njy fewralynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. 1991-nji ýylyň 2-6-njy dekabry aralygynda Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkiýä ilkinji resmi sapary bolupdy. Şonda «Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk» baglaşylypdy. Türkiýänyň Prezidentleri Turgut Özal, Süleýman Demirel, Ahmet Neždet Sezer, Abdylla Gül, premýer-ministrler Tansu Çiller, Mesut Ýylmaz, Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanda saparda boldular. Türkiýäniň Prezidenti Abdylla Gül daşary ýurt saparlarynyň ilkinjileriniň birini 2007-nji ýylyň dekabrynda ata mekanyna — Türkmenistana amala aşyrdy. 01 türkmen we türk halklarynyň umumy mukaddesligi bolan Nejmeddin Kubranyň kümmedine zyýarat etdi. 2008-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi iş sapary boldy. Saparyň dowamynda ol Türkiýäniň Prezidenti Abdylla Gül, premýer-ministr Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Saparyň jemleri boýunça bilelikdäki beýanata gol çekildi. Türkmen-türk hökümetara komissiýasy döredildi. 2008-nji ýylyň başyna çenli Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda döwletara, hökü- 194 metara we pudagara derejesinde ikitaraplaýyn resminamalaryň 100-e golaýyna gol çekildi. 2008-nji ýylyň 15-nji martyna çenli Türkmenistanda türk maýa goýumynyň gatnaşmagynda 479 sany kärhana hasaba alyndy. Türk firmalary Türkmenistanyň gurluşyk meýdanlarynda öndürijilikli zähmet çekýärler. Türkiýe Türkmenistan üçin müňlerçe hünärmen ýetişdirip berýär. Bilim babatdaky hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňelýär. 1994-nji ýylda Aşgabatda Halkara türkmen-türk uniwersiteti açyldy. Türkmenis- tanda bilelikdäki türkmen-türk mekdeplerinde, kompýuter we dil öwrenmek merkezlerinde çagalara döwrebap bilim we terbiýe berilýär. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda hemme- taraplaýyn hyzmatdaşlyk barha rowaçlanýar.

Soraglar we ýumuşlar 1. 1980-nji ýylyň maksatnamasy Türkiýede nähili özgertmeleri amala aşyrmagy göz öňünde tutýardy? 2. Turgut Özalyň dolandyran döwründe Türkiýede nähili öňegi- dişlikler gazanyldy? 3. Türkiýedäki esasy syýasy partiýalaryň atlaryny aýdyp beriň. 4. Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösýändigi barada mysallara ýüzlenip gürrüň beriň.

§40. Eýran Yslam Respublikasynyň döremegi

60-njy ýyllaryň özgertmeleri. Eýrany 1925-nji ýyldan başlap Pehlewiler şanesli dolandyrýardy. Onuň iň soňky şasy Muhammet Reza Pehlewi 1964-nji ýylda ýurtda jemi 19 sany uly özgertmeler toplumyny durmuşa geçirmäge aşlady. Olar öz döwründe «ak ynkylap» adyny aldy. öwlet maýa goýmunyň hasabyna oba hojalygyny 195 özgertmek, senagaty ösdürmek, magaryfa we saglygy goraýşa ünsi güýçlendirmek göz öňünde tutulypdy. Özgertmeler oba hojalygyndan başlandy. Iri ýer eýeçiligi 100 gektara çenli ýer bilen çäklendirildi. Artykmaç ýerler tölegini uzak möhletleýin tölemek şerti bilen daýhanlara berildi. 70-nji ýyllarda dünýä bazarynda nebitiň bahasynyň ýokarlanmagy Eýrana ummasyz girdeji getirdi. Nebitden gelýän girdejiler Eýranyň yzagalaklygyny ýeňip geçmäge gönükdirildi. Ýurtda nebit-himiýa we gaz senagaty, metallurgiýa, maşyn gurluşygy pudaklary döredildi. Senagat önümçiliginiň depgini aşa ýokarydy. Ykdysa- dy ösüşi boýunça Eýran Ýaponiýadan soň Aziýada ikinji orna geeipdi. Ýurduň ykdysadyýetinde hususy pudak berkäpdi. Emma özgertmeler harsal we köplenç, oýlanyşyksyz geeirilipdi. Bu bolsa Eýran jemgyýetini öňünden görülmedik netijelere getirdi. Agrar özgertmeler oba- daky adaty durmuşy bozdy. Ilatyň gatlaklaýyn düzümini üýtgetdi: garyplar barha garyplaşdy, barlylar has baýady. Ýüz müňleree adam obadan şäherlere göçdi. Ilatyň köp jemlenen ýeri bolan şäherleriň öňem derdeseri ýetikdi. Ilatyň çalt köpelmegi işsizligiň artmagyna getirdi. Oba hojalyk önümçiligi azalyp, Eýran azyk önümlerini daşary döwletlerden satyn alyp başlady. 1978-nji ýylda Eýranyň daşardan getirden azyk harytlarynyň gymmaty 2 mlrd amerikan dollaryndan gowrakdy. Puluň hümmetiniň gaçmak derejesi 35% -e ýetipdi. Özgertmeler halkyň asyrlarboýy öwrenişen ýaşaýyş durmuşyna täsir etdi. Halk Günbataryň ýaşaýys nusgasyny kabul etmäge taýyn däldi. Şonuň üçin halkyň şa düzgünine garşy närazylygy göreşe ösüp geçdi. Bu 196 göreşe ruhanylar ýolbaşçylyk etdi. Olaryň öňbaşçysy A ýa tolla Homeýnidi. 1979-njy ýyly* yslam rewolýusiýasy. Aýatolla Homeýni (1900-1989). Aýatolla Homeýni 1953-nji ýylda Mosaddygyň hökü- meti agdarylyp, ýurtda şa düzgü- niniň güýçlenmeginden soň onuň garşysyna açykdan-açyk çykyş edip başlaýar. 1964-nji ýylyň noýab- rynda şa hökümeti ony Türkiýä gitmäge mejbur edýär. 1965-nji ýylda Homeýni Nejefe (Yrak) barýar. Bu ýerdäki şaýy dini merkezinde 13 ýyllap ders berýär. Şol ýerde dolandyryşyň yslam görnüşi hakynda «Yslam hökümeti» atly işini ýazýar. 1978-nji ýylyň oktýabrynda Homeýni Fransiýa gidýär. Şu ýerde ol öz tarapdarlary bilen eýran ynkylabyna ýolbaşçylyk edýär. Homeýni 1979-njy ýylyň 1-nji fewralynda Parižden Tährana gelýär. 3 mln adam ony garşylamaga çykýar. 1979-njy ýylyň başynda Eýranda syýasy krizis başlanypdy. Fewral aýynyň başynda halk çykyşlary has- -da güýçlendi. Hereketden gorkan şa ýurtdan çykyp gaçdy. 1979-njy ýylyň 10-11-nji fewralyndaky yslam rewolýusiýasynyň netijesinde halk asyrlarboýy dowam eden şa düzgünini agdardy.* Eýran Yslam Respublikasynyň döremegi. 1979-njy ýylyň l-nji aprelinde döwlet resmi taýdan Eýran Yslam Respublikasy (EYR) diýlip yglan edildi. Respublikanyň

Fewral aýy eýran ýylnamasy boýunça bahman aýy diýlip ,tndyrylýar- Wakalaryň, esasan, bahman aýynda bolany üein eýran nalkyna ol bahman ynkylaby ady bilen meshurdyr.

197 başynda onuň ruhy ýolbaşçysy — rehberi Aýatolla Homeýni durýardy (Homeýni aradan çykansoň, rehber wezipesini Aly Hameneýi eýeledi). Ösüş ýoluny saýlap alanda Eýran yslam däplerine artykmaçlyk berdi. 1979-njy ýylyň dekabrynda ýurduň Konstitusiýasy kabul edildi. Oňa laýyklykda geljekki yslam jemgyýetiniň ykdysady süňňüni touhid ykdysadyýeti (Alla tarapyndan sazlaşdyrylýan ýa-da öz- -özüni üpjün edýän ykdysadyýet) düzmelidi. Bu nazaryýeti EYR-iň ilkinji Prezidenti Abulhasan Banisadr öňe sürüpdi. Konstitusiýa laýyklykda EYR-iň ykdysady ulgamy döwlet, kooperatiw we hususy pudaklara daýanýardy. Döwlet pudagy ykdysadyýetiň agramly bölegini elinde saklaýar. Goranmak senagaty, nebit-himiýa toplumy, metallurgiýa senagaty ýaly ykdysadyýetiň saldamly pudaklary onuň elinde jemlenipdi. Touhid ykdysadyýeti maýa goýmunyň bir elde jemlenmegini çäklendirmekde özüni kapitalizmden, döwlet pudagyny çäklendirmekde bolsa sosializmden tapawutly hasaplaýardy. Homeýni daşary syýasatda «Ne Günbatara, ne Gündogara, diňe ortalyk ýola eýermeli!» diýen özboluşly ugry öňe sürdi. Bu syýasata Eýranda «Üçünji ýol» ýa-da «Homeýniniň ýoly» diýlip at berildi.

Soraglar 1. Muhammet şanyň geçiren, «ak ynkylap» adyny alan özgert- meler toplumy Eýrana nähili täsir etdi? 2. Eýranda haçan yslam rewolýusiýasy ýeňdi? Oňa kim ýolbaş- çylyk etdi? 3. «Touhid ykdysadyýeti» näme? 4. «Üçünji ýol» nähili ugry göz öňünde tutýar?

198 §41. Eýran Yslam Respublikasy iki asyryň sepgidinde

80-nji ýyllardaky özgertmeler. Ýurdy ösdürmegiň bäşýyllyk maksatnamalary. Aly Akbar Haşemi Rafsanjany. 80-nji ýyllaryň ahyryndan başlap, Eýran uly özgertmeler döwrüni başdan geçirýär. Ösüşiň yslam ýolunyň täze basgançagy Prezident Rafsan- Aly Akbar Hasemi janynyň ady bilen baglanyşyk- Rafsanjany lydyr. Geljekde Eýran haýsy ýol bilen ösmeli? Onuň geljegi nähili bolar? Ýurduň dolandyryjy toparlarynyň ählisi Eýranyň geljegini yslamyň ýaşyl baýdagynyň astynda göz öňüne getirýärler. Homeýniniň wesýetlerine wepalylygyna galýan Eýrandaky ruhany dolandyryjylar ýurduň ösüş ýoly meselesinde iki topara bölünýärler: 1. Özgertmeleriň tarapdarlary. Olar Homeýniniň ýoluny özgertmeler arkaly kämilleşdirmegiň tarap- darlary. 2. Homeýniniň ýoluny hiç hili üýtgewsiz tutmagyň tarapdarlary. Bu iki toparyň wekilleriniň ählisi hem Homeýniniň ýoluna wepaly bolmagynda galýar. Olaryň arasynda düýpli garşylyk duýulmaýar. Haşemi Rafsanjany birinji ugruň ykrar edilen öňbaşçysydyr. 01 özakymlaýyn bazar gatnaşyklaryny yslam däpleri bilen utgaşdyrmaga aýgytly synanyşyk etdi. Onuň tarapdarlarynyň işläp düzen özgertmeleri ýurduň ykdysady ösüşini üpjün etdi.

199 1989-njy ýyldan başlap ýurt uzak möhletleýin maksatnamalar boýunça ösdürilip başlandy. Halk hojalygyny ösdürmegiň birinji bäşýyllyk maksatnamasy 1989-1994-nji ýyllary öz içine aldy. Bu döwürde puluň hümmeti gaçmady. Önümçiligiň pese gaçmagynyň öňi alyndy. Rafsanjany hususy pudaga giň erkinlik bermäge çalyşdy. Erkin ykdysady zolaklar Eýranyň durmuşynda ädilen täze ädim boldy. 90-njy ýyllaryň başynda Pars aýlagyndaky Kiş we Keşm adalarynda şeýle zolaklaryň düýbi tutuldy. Bu sebitler Eýranyň beýleki ýerleri bilen deňeşdirilende has tiz ösdi. Muhammet Hatemi. 1997-nji ýylyň maý aýynda EYR-de 7-nji gezek prezident saýlawlary geçirildi. Saýlawlarda özgert- meleriň tarapdarlary bolan ugruň wekili Seýit Muhammet Hatemi ýeňiş gazandy. Hüjet-ül-yslam Seýit Muhammet Hatemi Eýranyň ulamalar guramasynyň özgert- meleriň tarapdarlary bolan Seýit Muhammet toparynyň we Prezident Rafsan- Hatemi janynyň öňe süren dalaşgäridi. Hateminiň döwründe Eýranda özgertmeler dowam etdirildi. 2000-2004-nji ýyllarda jemi milli önümiň ösüşi ýylda ortaça 5,6% -e deň boldy. 2002-nji ýylyň maglumatlaryna görä, Eýranyň jemi milli önümi 111 mlrd amerikan dollaryna barabardyr. Onuň 40%-den gowragyny senagat berýär. Oba hojalygynyň paýy 15%-e golaýdyr.

200 Nebit ýurduň walýuta gir- dejisiniň 95%-ini üpjün edýär. Eýranyň nebit gorlary 100 mlrd eemesi barrele* barabardygy çak edilýär. Eýran XXI asyryň basla- rynda. Mahmud Ahmadinejad. 2005-nji ýylyň prezident saýlaw- larynda öň Tähranyň häkimi bolan Mahmud Ahmadinejad ýeňiş MahmudAhmadinejad gazandy. Bilimi boýunça inžener bolan Mahmud Ahmadinejad Eýranyň ykdysady we goranmak kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýar. Dasary ykdysady aragatnaşyklary. Eýranyň daşary ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklarynda hem nebitiň ähmiýeti ýokarydyr. Daşary ykdysady aragatnaşyk- larynda Eýran öz nebitini satyn alýan ýurtlara ýeňillik berýär. Olara satyn alan nebitiniň bahasynyň 50%-ini haryt görnüşinde tölemäge ygtyýar edilýär. Ýaponiýa EYR-iň esasy söwda hyzmatdaşy bolmagynda galýar. 01 Eýrana polat, awtoulag, dokma önümlerini, stanoklary we enjamlary iberýär. 80-nji ýyllaryň ahyrynda Eýranda daşary ýurtlaryň kömegi bilen gurlan 30 binanyň 16-sy ýaponlaryň paýyna düşýär. Awstraliýa Eýrana oba hojalyk harytlaryny eksport edijidir. Bender-Abbasda ispanlaryň gatnasmagynda gämi zawody guruldy. Italiýa Kengan—Gazwin aralygyndaky gaz geçirijiniň gurluşygyna gatnasdy. Russiýa hem Eýranyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Asyryň ahyrynda rus hünärmenleri Busir säherinde atom elektrostansiýasynyň gurluşygyna gatnasdylar.

* Barrel — nebitiň halkara ölçeg birligi. 1 barrel 159 litre deňdir. Eýran sebitde parahatçylygy pugtalandyrmagyň tarapdarydyr. Eýranyň teklibi bilen 1985-nji ýylda sebitara hyzmatdaşlygynyň guramasy bolan EKO-nyň işi gaýtadan ýola goýuldy. 01 EKO we Hazarýaka döwletlerine işjeň hyzmatdaşlygy teklip edýär. Eýran-türkmen hyzmatdaşlygy. Eýran-türkmen hyzmatdaşlygy, esasan, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda alnyp barylýar. Eýran Türkmenistanyň eksport görkezijisinde ikinji ýerde durýar. 2007-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Türkmenistanda Eýran maýa goýmunyň gatnaşmagynda 124 sany kärhana hasaba alyndy. 90-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygy has-da pugtalandy. 1996-njy ýylyň 13- -nji maýynda — Sarahs— Maşat demir ýoly ulanmaga berildi. «Dobral» ýol gurluşyk kompaniýasy Asgabat— Arçman aralygyndaky gara ýoluň durkuny täzeledi. 1997-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Eýrana tarap Körpeje— Gurtguýy gaz geçirijisi açyldy. Eýran ýylda 7 mlrd kub metrden gowrak türkmen gazyny satyn alyp başlady. Eýranyň gatnaşmagynda Maryda agyz suwy zawody guruldy. Balkanabatdan Eýranyň Alyabat şäherine çenli ýokary kuwwatly elektrik geçirijiniň gurluşygy alnyp baryldy. Eýran Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň durkuny täzelemäge ýakyndan kömek berdi. 2000-nji ýylyň dekabrynda Artykdan Eýranyň Lýutfabat obasyna çenli täze gaz geçiriji açyldy. Türkmen-eýran serhedinde «Dostluk» suw bendi guruldy. Gumanitar ulgamda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň arasynda ysnyşykly medeni we ylmy gatnaşyklar ýola goýuldy. 202 Çgmmtmmwmrnim.....

2007-nji ýylyň 15-16-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýrana ilkinji resmi sapary boldy. Türkmenistan Eýrana Türkmenbasy—Gürgen aralygynda täze demir ýoly gurmak teklibi bilen ýüzlendi. Bu Demirgazyk— Günorta ulag geeelgesiniň möhüm halkasydyr. 01 Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň Pars aýlagyna çykmagyna giň mümkinçilik berýär. Saparyň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hakynda bilelik- däki resminama gol çekildi. 2007-nji ýylyň 14-15-nji awgustynda EYR-iň Prezidenti Mahmud Ahmadinejad resmi jogap sapary bilen Türkmenistanda boldy. Saparyň netijesinde iki döwletiň Prezidentleriniň bilelikdäki Beýannamasyna, teleradioýaýlymlar barada hyzmat- daşlyk etmek hakyndaky Ähtnama, söwda babatdaky hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama, iki döwletiň hökümetleriniň arasynda Şirdepe ilatly sebitinde Tejen (Gerirud) derýasynda suw paýlaýjynyň taslamasyny taýýarlamak, ony gurmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga, «Dostluk» suw howdany bendiniň ulanylmagyny guramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Soraglar we ýumuşlar 1. Aly Akbar Haşemi Rafsanjanynyň içeri we daşary syýasaty barada gürrüň beriň. 2. Eýranyň ykdysadyýetinde nebit-gaz pudagynyň ähmiýetini düşündiriň. 3. Seýit Muhammet Hatemi haýsy ýyllarda Eýranyň Prezidenti boldy? 4. Eýranyň daşary ykdysady aragatnaşyklary barada näme bilýärsiňiz? 5. Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy haýsy ugurlarda alnyp barylýar?

203 §42. Owganystan 60-70-nji ýyllarda

1973-nji ýylyň döwlet agdarylyşygy. Muhammet Dawut. Owganystanda 1973-nji ýyla çenli monarhiýa düzgüni höküm sürüpdi. 1933-1973-nji ýyllarda ýurtda Muhammet Zahyr şalyk etdi. 1973-nji ýylyň 17-nji iýulynda monarhiýa düzgüni agdaryldy (Muhammet Zahyr şa 2007-nji ýylyň 23-nji iýulynda Kabulda aradan çykdy). Owganystan respublikasy jar edildi. Zahyr şanyň dogan- oglany hem-de giýewsi bolan Muhammet Dawut özüni respub- likanyň premýer-ministri we goranmak ministri diýip yglan etdi. Muhammet Dawudyň döw- ründe ýurduň ady respublika bolsa- -da, is ýüzünde onuň şahsy hökmü- rowanlygy dowam etdi. Muhammet Muhammet Zahyr şa Dawudyň düzgüni 1978-nji ýylyň aprel wakalaryna çenli dowam etdi. 1978-nji ýylyň aprel wakalary. Nurmuhammet Taraki. Aprel wakalarynyň bas sebäpkäri Owganystanyň Halk Demokratik Partiýasy (OHDP) bolupdy. Bu partiýa Nurmuhammet Tarakiniň ýolbaşçylygyndaky «Halk», Babrak Karmalyň ýolbaşçylygyndaky «Parçam» («Baýdak») syýasy toparlanyşyklarynyň birleşmegi netijesinde 1965-nji ýylda döräpdi. Bu partiýa 10 ýyldan gowrak wagtlap hökümete garsy gozgalaňa taýýar- lanypdy. Onuň agzalarynyň esasy bölegi goşundaky ýaş serkerdelerdi. Şolara daýanyp, 1978-nji ýylyň 27-nji aprelinde Kabulda ýaragly gozgalaň başlandy. Ýurduň ýolbaşçysy Muhammet Dawut boýun egmän ýogaldy. Häkimiýete Nurmuhammet Tarakiniň ýolbaşçylygyndaky 204 çepçi toparlanyşyk geldi. Aprel wakalary rewolýusiýa diýlip atlandyryldy. 1978-nji ýylyň aprelinde häkimiýete gelen OHDP gysga wagtda ýurtda sosializm gurmaklygy maksat edindi. Kabulyň halkara aeroportunda «Sosialistik rewolýusiýanyň täze nusgaly ýurduna hoş geldiňiz!» diýen ýazgy asyldy. 30-njy aprelde ýurt resmi taýdan Owganystan Demokratik Respublikasy (ODR) diýlip yglan edildi. Respublikanyň premýer-ministri we partiýanyň baş sekretary Nurmuhammet Taraki boldy. Täze hökümet sosialistik özgertmelere girişdi. Obalarda iri mülkdarlaryň, şäherlerde senagat eýeleriniň emläkleri zorluk bilen ellerinden alnyp, döwletiň haýryna geçirildi. Asyrlarboýy dowam edip gelýän däp- -dessurlara, edim-gylymlara, dine garşy göreş baslandy. Kommunistik ruhly terbiýe berýän mekdepler açyldy. Bu zatlaryň ählisini ýurduň halky ýigrenç bilen garşy aldy. Bu çäreler dünýä jemgyýetçiligini-de, döwletlerini- -de biperwaý galdyrmady. Dünýäniň ünsi Owganystana gönükdi. SSSR-iň Owganystana goşun girizmegi we onuň halkara gatnaşyklaryna täsiri. Täze owgan hökümetiniň geçirýän çärelerine garşy Owganystanyň ilatynyň esasy bölegi aýaga galdy. Daşyndan goldaw bolmasa, bu hökümet uzak saklanyp biljek däldi. Ýeri gelende aýtsak, bu döwletiň ýolbaşçylary bolan Taraki bilen Hafizulla Aminiň arasynda garşylyklar başlandy. 1979-njy ýylyň sentýabrynda Amin Tarakini öldürip, döwlet baştutanlygyna özi geçdi. Syýasy krizisiň ýitileşen şertlerinde Owganystanyň ýolbaşçylarynyň bir toparlanyşygyny goldap, 1979-njy ýylyň dekabrynda SSSR Owganystana goşun girizdi. Bu goşun ilki 50 müň adamdan ybarat bolsa-da, soňra 150 205 müňe çenli köpeldildi. Döwletleriň içerki işlerine başga döwletler goşulyşanda oňuşmaýan taraplaryň birini goldan bolup gelýärler. Bu hakykat hut Owganystan babatda hem şeýle boldy. SSSR-e Aminiň alyp barýan syýasaty ýaramaýardy. Sowet goşunlary Ýewropa ýurtlarynyň birinde diplomatik işde gezip ýören Babrak Karmaly getirip, Owganystanyň döwlet ýolbaşçysynyň kürsüsinde dikdi. Amin bolsa sowet esgerleri tarapyndan atylyp öldürildi. SSSR-iň Owganystana goşun salmagy gohy ýetik dünýäniň ýene bir burçunda onlarça ýyla çeken dawanyň tutaşmagyna getirdi. SSSR-iň Owganystana goşun girizmegine garşy dünýä döwletleriniň ählisi diýen ýaly çykyş etdiler. SSSR-i bu hereketinde diňe öz ýaranlary goldady. Halkara gatnaşyklary ýene-de çylşyrymlaşdy. Owganystan meselesi sowet-amerikan gatnaşyklaryny hasam ýitileşdirdi. Owganystan «Sowuk urşuň» gyzgyn ojagyna öwrüldi. Owganystanyň içinde sowet goşunlaryna garşy dürli serkerdebaşylaryň ýolbaşçylygynda harby birikmeler döredilip, azat edijilik urşy başlandy. Olaryň köpüsi özlerini mojahedler* diýip atlandyrdylar. Olar diňe sowet goşunlaryna däl, olaryň dikmeleri bolan Kabul hökümetine garşy hem göreşýärdiler. Ýurtda ençeme ýyla çeken raýatara urşy başlandy. Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary baradaky komissiýasynyň 1985-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Owganystan boýunça taýýarlan hasabatynda sowet goşunlarynyň bu ýeriň parahat ilatyna beren güzaby hakda şeýle maglumatlar getirilýär: 1985-nji

* Mojahed — «din ugrunda göreşiji» diýmegi aňladýar. 206 ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň aralygynda sowet goşunlary 32 müfi 755 adamy öldüripdirler, 74 obany 1834 öýi weýran edipdirler. Uruş netijesinde Owganystanyň halkynyň 5 milliondan gowragy daşary ýurtlarda bosgun bolup, ýat illerde mysapyrlyk çekmäge mejbur boldy. 1988-nji ýyldan başlap SSSR öz goşunlaryny Owganystandan çykarmaga girişdi. 1989-njy ýylyň 15- -nji fewralynda iň soňky sowet esgeri Owganystandan çykdy. SSSR-iň beren resmi maglumatlaryna görä, onuň Owganystanda 13 müň 310 adamy öldürilipdi, 35 müň 478 adamy bolsa ýaralanypdy, 311 esgeri dereksiz ýitipdi. Owgan urşy türkmen halkynyň hem ýüreginde dagly yz galdyrdy. Birnäçe türkmen ýigitleri hem bu manysyz urşuň pidasy boldular.

Soraglar 1. Owganystanda monarhiýa düzgüni haçan agdaryldy? 2.1978-nji ýylyň aprelinde Owganystanda nähili wakalar boldy? 3. SSSR haçan Owganystana goşun girizdi?

§43. Owganystan iki asyryň sepgidinde

Sowet goşunlary çykarylandan soňra Owganys- tanda syýasy ýagdaý. SSSR-iň we beýleki döwletleriň Owganystanyň içerki işlerine gatyşmaklary Owganys- tanda milletara uruşlarynyň tutaşmagyna getirdi. Şu urşuň dowamynda Owganystanda ýaşaýan halklaryň ählisi diýen ýaly öz ýaragly güýçlerini döretdiler. Olar sowet goşunlary Owganystanda saklanýarka umumy duşmana — sowet esgerlerine garşy göreşýärdiler. Olary daşardan birnäçe döwletler goldaýardylar. Şol goldaw

207 netijesinde Owganystanda ägirt köp mukdarda ýarag jemlendi. Sowet goşunlary çykandan soňra, olar şol ýaraglary biri-birlerine garşy öwürdiler. 1986-njy ýylda Babrak Karmal häkimiýetden çetleşdirilip, ornuna Najibulla geldi. 011987-nji ýyldan başlap milli ylalaşyk syýasatyny öňe sürdi. Owganystandan gaeyp, daşary ýurda gidenleri yzyna çagyrdy. Hökümete garşy göreşýän güýçleriň ýaraglaryny tabşyryp, parahatçylykly ýaşaýşa dolansalar, «günäsini» geçýändigini yglan etdi. Emma milli ylalaşyk syýasaty garaşylýan netijäni bermedi. Tersine, garşydaşlary Najibullanyň hökümetine garsy göreşi güýçlendirdiler. Najibullanyň ýurduň resmi adyndan «Demokratik» sözüni aýyrmagy-da ýagdaýy kadalaşdyrmady. Mojahedler Kabula garşy harby ýöriş guradylar. 1992-nji ýylyň başynda Kabul olaryň eline geçdi. Najibullanyň hökümeti agdaryldy. Ornuna Sebgatulla Mojadedi geçdi. 01 gysga wagtdan soň ornuny mojahedleriň baştutany Burhanuddin Rabbanä berdi. Burhanuddin Rabbani. Talyplaryň hereketi. XX asyryň 90-njy ýylla- rynda Owganystanda birnäçe harby- -syýasy toparlanyşyklar bardy. Owganystanyň Yslam partiýasyna Gulbeddin Hekmatiýar, Owganysta- nyň Yslam jemgyýetine Burhanuddin Rabbani, Owganystany halas etmegiň milli frontuna Sebgatulla Mojadedi, Owganystanyň milli yslam hereketine Rabbani Abdyreşit Dostum ýolbaşçylyk edýärdi. 19 92 -n ji ýylyň baharynda BMG Owganystan meselesini düzgünleşdirmek barada meýilnamany işläp 208 taýýarlady. Oňa laýyklykda ýurduň prezidenti we hökümet iş başyndan aýrylmalydy. Geçiş döwri üçin bitarap hökümet düzülmelidi. Şol ýylyň martynda general Dostumyň serkerdeliginde iri milli-territorial birikmeler hökümeti goldamagyny bes etdi. Olar ýurduň möhüm ähmiýetli demirgazyk welaýatlaryny öz gözegçiligi astyna aldylar. Owgan toparlanyşyklarynyň arasynda agzybirlik bolmansoň, ýurtda gandöküşikli harby çaknyşyklar dowam etdi. 1994-nji ýylda Puştunlaryň arasynda dörän täze bir güýç — medrese talyplary (talibanlar) molla Omaryň ýolbaşçylygynda syýasy göreş sahnasyna çykdy. Talyplar 90-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda Owganystanyň ýüzden togsan böleginde ýaşaýan ilatynyň üstünden öz gözegçiligini ýola goýdular. Talyplar 1996-njy ýyldan 2001-nji ýylyň güýzüne çenli Owganystanyň esasy bölegini dolandyran döwründe yslam dinine duwlanyp, ýurtda harby düzgüni girizdiler. Olar halkara derejesinde birinji belgili terrorçy hasaplanan Usame ben Ladeniň maddy we harby goldawyna daýandylar. Talibanlar Owganystany emirlik diýip yglan etdiler. Molla Omar ýurduň emiri diýlip jar edildi. 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-da bolup geçen weýrançylykly wakalardan soň, Usame ben Laden we ony goldan talyplara garşy ABŞ dünýä döwletleriniň birnäçesiniň goldamagynda uruş alyp bardy. 2001-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda başlanan bu harby hereket «Synmajak erkinlik» adyny aldy. Olara bu urusda Owganystanyň talyplara garşy bolan Demirgazyk birleşigi ýardam berdi. Hamid Karzaýyň prezidentlige saýlanmagy. Owgan syýasy öňbaşçylarynyň 2001-nji ýylyň ahyrynda Bonnda bolan maslahatynda Karzaý Owganystanyň geeiş !4. Sargyt M 693. onq hökümetiniň baştutanlygyna bellenýär. 2002-nji ýylyň ortasynda Loýa Jirgä!: ony ýurduň prezident- ligine saýlady. 2004-nji ýylyň başynda kanun çykaryjy Loýa Jirgada Owganystanyň Esasy kanuny kabul edildi. Ýurtda prezident dolandyryşy girizildi. Şol ýylyň oktýabrynda ýurduň Prezidenti Hamid Karzaý täze Hamid Karzaý hökümeti düzdi. 2005-nji ýylyň güýzünde ýurduň parlamentine saýlawlar geeirildi. Tas 30 ýylyň dowamyndaky uruşlaryň netijesinde Owganystan ykdysady taýdan pese gaçdy. Hamid Karzaýyň ýolbaşçylygynda ýurtda dikeldiş işleri alnyp barylýar. Owganystanda 2007-nji ýyla çenli syýasy asudalygy gazanmak başartmady, käbir etraplarda talyplaryň ýaragly garşylyk görkezmegi dowam etdi. Owganystanda ABŞ-nyň we NATO-nyň ýaragly güýeleri ýerleşdirildi. 2007-nji ýylda Päkistanda 740 miiň, Eýranda 600 müň owgan bosguny ýaşaýardy. Türkmenistanyň Owganystana ýardamy. Türkme- nistan goňşymyz Owganystan döwletindäki harby dawalara goşulmady. Aşgabatda birnäçe gezek owgan taraplarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Owgan halkyna ynsanperwer kömeginiň berilmeginde Türkmenistan özüniň hyzmatyny gaýgyrmady. BMG-niň Owganystanyň halkyna kömek üçin iberen ýükleri Türkmenistanyň üstünden geçirilip, ol döwlete ýetirildi.

Owganystanda ýaşaýan ähli halklaryň, taýpalaryň we toparlanyşyklaryň öňbaşeylarynyň girýän Ýokary geňeşi. 210 Türkmenistan Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryna elektrik geeirijisini gurup berdi. XXI asyrdan başlap şol elektrik geeirijisi boýunça Owganystanyň halky ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasyny satyn alýar. Türkmenistan—Owganystan—Päkistan—Hindistan gaz geçirijisi taslamasynyň durmuşa geçirilmegine Owganystan gaty gyzyklanýar. 2007-nji ýylyň 5-6-njy iýulynda Owganystanyň Prezidenti Türkmenistanda resmi saparda boldy. Saparyň barşynda ýurdunda parahatçylygy we syýasy durnuklylygy pugtalandyrmaga, Türkmenistan bilen Owganystanyň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge goşan uly goşandy, şeýle hem ylym, bilim we medeniýet ulgamynda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Hamid Karzaýa Magtymguly adyndaky TDU-nyň hormatly professory ady berildi. Hamid Karzaý Türkmenistana saparynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen türkmen-owgan dost-dogan gatnaşyklaryny has-da berkitmäge gönükdirilen ylalaşyklara gol çekdiler. 2007-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy, owgan tarapynyň islegi bilen türkmen hünärmenleri tarapyndan durky täzelenen döwletara demir ýoly işe girizildi. Owganystanly talyplaryň birnäçesi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 28-nji aprelinde Owganystana bolan ilkinji resmi döwlet sapary iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalanmagyna itergi berdi.

211 Soraglar we ýumuş 1. SSSR haçan Owganystandan öz goşunyny çykardy? 2. Owganystanda häkimiýet ugrunda göreşýän nähili harby- -syýasy toparlanyşyklar bar, olaryň öňbaşçylary kimler? 3. Talibanlar kimler? Olar haçan Owganystanda häkimlik etdiler? 4. «Synmajak erkinlik» harby hereketi kimiere garşy geçirildi? 5. Hamid Karzaýyň ýolbaşçylygynda Owganystanyň içeri we daşary syýasaty hakda gürrüň beriň. 6. Türkmenistan Owganystana nähili ýardam edýär?

§44. Günorta Koreýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary

Aziýa «gaplaňlary». Ikinji jahan urşundan soň Günorta-Gündogar Aziýa sebitinde iki ulgamyň arasynda göreş güýçlendi. Olaryň käbirinde (Wýetnam, Kamboja, Demirgazyk Koreýa, Laos) SSSR-iň hem-de Hytaýyň täsiri bilen sosializm gurmaga synanyşyldy. Günorta Koreýa, Tailand, Singapur, Malaýziýa ýaly döwletler ABŞ-nyň we Ýaponiýanyň goldawy bilen ösdüler. Bazar ykdysadyýetiniň artykmaçlygyny subut etmek üçin ABŞ Günorta Koreýanyň ykdysadyýetini görnetin çalt ösdürmäge goltgy berdi. XX asyryň ahyrynda Günorta Koreýa, Tailand, Singapur, Malaýziýa özüniň ösüş depgini boýunça has öňe saýlandylar. Olar dünýäniň ösen, täze tehnologiýalaryna patentleri satyn alyp, öz ýurtlaryndaky arzan işçi güýji bilen ýokary hilii, arzan önümleri öndürip, dünýä bazarlarynda satmagyň hasabyna baýadylar. Şonuň üçin olara A ziýa «gaplaňlary» ýa-da «täze senagatlaşan döwletler» hem diýilýär. Agzalan döwletler Ýaponiýanyň tejribesini nusga edinýärdiler. Günorta Koreýa. Döwletiň resmi ady «Koreýa respublikasy» bolup, ol 1948-nji ýylyň 15-nji 212 awgustynda döredilipdi. Ýadyňyzda bolsa, Ikinji jahan urşundan soň, Koreýa 38-nji parallel boýunça ikä bölünipdi (seret: §10). Günorta Koreýa Respublikasy döräninden 1960-njy ýylyň aprel aýyna çenli ýurdy Li Syn M an, 60-70-nji ýyllarda general Pak Çžon Hi dolandyrdylar. 1979-njy ýylda Pak Çžon Hi öldürilenden soň, ýurtda adatdan daşary ýagdaý girizilip, general Çon Du Hwan prezident kürsüsini eýeledi. 1981-nji ýylda prezident saýlawlarynda üstünlik gazanyp, Çon Du Hwan tä 1988-nji ýyla çenli ýurdy dolandyrdy. Onuň dolandyran döwrüniň başlarynda demokratiýa gysylyp, diýdimzorlyk düzgüni höküm sürdi. 80-nji ýyllaryň ikinji ýarymyndan başlap demokratik düzgünler girizildi. 1988-1993-nji ýyllarda Ro De U ýurdy dolandyrdy. 01 ýurdy demokratik esaslarda dolandyr- magyň tarapdarydy. 1988-nji ýylda geçirilen ählihalk sala salyşlygynyň netijesinde täze Konstitusiýa kabul edildi. Oňa laýyklykda öňki basgançakly saýlawlar ýatyrylyp, göni prezident saýlawlary girizildi. Parlamentiň hukuklary giňeldildi, metbugat azatlygy berkidildi. 90-njy ýyllarda ýurtda demokratik özgertmeleriň tapgyry geçirildi. 1993-nji ýyldaky prezident saýlawlary mahaly Ro De U we onuň egindeşleri häkimiýeti öz şahsy bähbitlerine ulanmakda aýplandylar. Saýlawlarda Demokratik liberal partiýadan Kim Ýen Sam ýeňiş gazanyp häkimiýete geldi. «Durnuklylyk şertlerindäki özgertmeler» täze hökümetiň esasy şygaryna öwrüldi. Ýurtda syýasy dartgynlylyk dowam etdi. 1997-nji ýylda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryny gurşap alan ykdysady krizis sebäpli dörän kynçylyklary peýdalanyp, oppozisiýanyň ýolbaşçysy Kim De Çžun Prezident boldy. 01 daşary syýasatda Demirgazyk Koreýa bilen gatnaşyk- 213 lary gowulaşdyrmak boýunça köp işleri etdi. 2000-nji ýylyň ortalarynda ol KHDR-iň döwlet ýolbaşçysy Kim Çen Ir bilen duşuşyk geçirdi. Koreýa Respublikasy çalt ösýän senagatly, oba hojalykly döwlet hasaplanýar. 01 Aziýa «gaplaňlarynyň» arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. 70-80-nji ýyllarda onuň bir ýyldaky ykdysady ösüş depgini 8% töweregi boldy. 1986-1988-nji ýyllar aralygynda bu görkeziji 12%-e çenli ýokarlandy. 90-njy ýyllarda bolsa ykdysady ösüş depgini birneme haýallap başlady. Günorta Koreýada kömrüň, galaýynyň baý gorlary bar. Ýurt wolfram öndürmekde dünýäde esasy orny eýeleýär. Ykdysadyýetinde gaýtadan işleýän senagata möhüm orun degişlidir. Gämileri, ýeňil maşynlary, elektronika we elektrotehnika önümlerini, polat öndürmekde dünýäde öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýär. Ýurduň halk hojalygyny ösdürmekde bäşýyllyk meýilnamalara üns berildi. 60-90-njy ýyllarda bäşýyllyk meýilnamalaryň 6-sy kabul edildi. Ýurt ylma daýanýan önümçilige, ýokary tehnologiýalara geçilmegi arkaly halk hojalygyny üýtgedip gurmak meselesine üns berýär. Koreýada ylma uly üns berilýär. Bu ýerde 500-den gowrak ýokary okuw jaýy bolup, şonuň 400 çemesi hususy okuw jaýlarydyr. Tailand. Günorta-Gündogar Aziýada, Malakka we Hindi-Hytaý ýarymadasynda ýerleşip, ol 1939-njy ýyla çenli hem-de 1945-1949-njy ýyllarda Siam diýlip atlandyrylýardy. Tailand konstitusion monarhiýa gurluşly döwletdir. Döwletiň baştutany patyşa hasaplanýar. 1954-nji ýylda Tkiland SEATO harby bileleşiginiň agzalygyna girdi. Bu bileleşigiň merkezi jaýy Tailandyň paýtagty Bangkokda 214 ýerleşýärdi (SEATO 1977-nji ýylda ýatyryldy). Tkilandda harby düzgüniň dowam eden döwründe (1957- -1973-nji ýyllar) ýaraglanyşyga üns berildi. Tailandyň ykdysadyýeti eksporta ýöriteleşdirilip, ýurt çalt depgin bilen ösýär. Azyk, dokma, elektrotehnika we himiýa senagatlary ösendir. Syýahatçylyk pudagy uly girdejiler berýär. 1993-nji ýyldan bäri Goşulmazlyk hereketiniň agzasydyr. Singapur Malakka ýarymadasynyň günorta böleginde ýerlesen adalar döwleti hasaplanýar. Sanskrit dilinden terjime edilende ýurduň ady «ýolbarsyň şäheri» diýen manyny berýär. Umumy meýdany 639,1 inedördül km bolup, 50-den gowrak kiei adalary özüne birleşdirýär. Singapur parlament respublikasydyr. Ýurt Beýik Britaniýa tarapyndan baştutanlyk edilýän Bileleşige girýär. Singapur 1965-nji ýylyň 9-njy awgustynda Malaýziýa federasiýasynyň düzüminden çykyp, özbasdaklygyny yglan etdi. Singapur ykdysady babatda Günorta-Gündogar Aziýada has ösen ýurt hasaplanýar. Kompýuter- lesdirmegiň we robotlary önümçilige ornaşdyrmagyň derejesi boýunea Ýaponiýadan soňra ikinji ýerde durýar. Ýurtda nebiti gaýtadan işlemek ösendir. Deňiz ýalpaklygynda nebit agtarmakda baý tejribeleri bar. Ýolagçy we ýük dolanyşygy boýunça Singapuryň deňiz porty we aeroporty dünýäde iň öňdäki ýerleriň birini eýeleýär. Singapur iri maliýe merkezidir. 01 walýuta biržasynyň dolanyşygy boýunça öňdebaryjylaryň biridir. Bu görkeziji boýunça ol diňe Londondan, Nýu-Ýorkdan we Tokiodan yza galýar. Daşary döwletleriň maýadarlary Singapuryň ykdysadyýetine maýa goýumyny goýmaga gyzyklanýarlar. 215 Malaýziýa. 1957-nji ýylyň 31-nji awgustynda Malaýziýanyň garassyzlygy yglan edilipdi. Malaýziýa Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylygyndaky Bileleşige girýär. Ýurtda konstitusion monarhiýa düzgüni dowam edýär. Malaýziýa çalt ösýän senagatly, oba hojalykly ýurt hasaplanýar. Nebiti gaýtadan işleýän, elektronika senagatlary has ösendir. «Petronas» nebiti gaýtadan işlemekde dünýä belli kompaniýa hasaplanýar. Malaý- ziýa dünýäde galaýyny we tebigy kauçugy köp öndürýän ýurtdur. Dünýäde öndürilýän kauçugyň 20%-e golaýy bu ýerde öndürilýär. Ýaponiýa, Singapur, Beýik Britaniýa, Taýwan,Günorta Koreýa Malaýziýanyň ykdysadyýetine esasy maýa goýmuny goýujy döwletler hasaplanýar. Indoneziýa 1945-nji ýylyň 17- -nji awgustynda garaşsyzlygyny aldy. Ýurt prezident dolandyryşly respublikadyr. Garaşsyz Indoneziýanyň ilkinji döwlet ýolbaşçysy Sukarno boldy. Onuň döwründe kommunistler täsirli syýasy güýje öwrüldiler. 1965-nji ýylda kommunistler Sukarno döwlet agdarylyşygyny gurnamaga synanyşyp, pitne turuzdylar. Olaryň kömegi bilen Sukarno hem özüne ýaramsyz goşun serkerdelerinden dynmak isledi. Birnäçe serkerdeler ýok edildi. Emma diri galanlary general Suhartonyň baştutanlygynda Sukarno we kommunistlere garşy herekete başladylar. Sukarno öý tussaglygyna sezewar edildi. Kommunistleriň köpüsi jezalandyryldy. 1968-nji ýylda Suharto Prezident saýlanyldy. 1999-njy ýylyň saýlawlarynda Suhartonyň ornuna asly Ýawa adasynyň gündogaryndan bolan 216 Abdyrahman W ahyd geldi. 01 ýurtda demokratik özgertmelere baslady. Indoneziýa tebigy kauçugy we palma ýagyny öndürmekde dünýäde ikinji ýerde durýar. Indoneziýa 1995-nji ýylda milli ösüşiň täze 25 ýyllyk meýilna- masyny amala asyrmaga girişdi. Ýurduň ykdysadyýetine 1997-nji ýyldaky ykdysady krizis agyr täsir etdi. XX asyryň ahyrlarynda ýurt ykdysady taýdan pese düşüp başlady. Pese düsmeklikden XXI asyryň başlarynda çykmak basartdy. Ýurt ýene-de durnukly ösmäge başlady. Indoneziýa hem Aziýa «gaplaňlary» ýaly ykdysady babatda uly ösüşlere eýedir. Sebitiň döwletleriniň Türkmenistan bilen gatnaşyk- lary. Günorta-Gündogar Aziýa sebitiniň döwletleri Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýarlar. Indoneziýanyň we Malaýziýanyň döwlet baştutanlary Türkmenistanda resmi saparlarda boldular. Agzalan döwletler Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini almagynda goldaw berdiler. Malaýziýanyň kompaniýa- lary Türkmenistanyň nebit-gaz ulgamynda hyzmat- daşlyk edýär. Bu döwlet Türkmenistana dürli ugurlar boýunça ýokary hünärmenleri taýýarlamaga hem kömek edýär. Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnasyklar ýygjamlaşýar.

Sorag we ýumuşlar 1. Haýsy döwletler Aziýa «gaplaňlary» diýlip atlandyryldy? 2. Günorta Koreýanyň ykdysady ösüşi barada gürrüň beriň. 3. Sebitiň döwletleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy bara- da aýdyp beriň.

§45. Ýakyn Gündogar ýurtlary

Ysraýyl döwletiniň döremegi. Arap-ysraýyl gatnaşyklary. 1947-nji ýylyň 29-njy noýabrynda 217 Palestinada ýewreý we arap döwletlerini döretmek barada BMG karar kabul etdi. Ierusalym BMG-niň gözegçiliginde bolmalydy. Palestina ýerlerinde ýewreý döwletiniň döredilmegi baradaky bu karara araplar GOLAM SIRIYA BeýiWis garşy çykdylar. 1948-nji Aita alŞaab ýylda ýewreý döwleti — AlmaalŞaab Ysraýyl döredildi. Emma YSRAYYL 0 Mi! so Palestina araplary öz döwletini döredip bilme- diler. Araplaryň döwlet döretmeli ýerleri goňsular tarapyndan eýelenip başlandy. Ysraýyl Gaza sektoryny, Iordaniýa Iordan derýasynyň Günbatar kenaryny eýeledi. Araplara berlen ýerleriň ýewreýler we goňşy döwlet- ler tarapyndan eýelenmegi bilen eözmesi kyn bolan palestina meselesi döredi. Bu mesele arap-ysraýyl uruşlarynyň döremegine sebäp boldy. 01 uruslar halkara dartgynlylygyny ýitileşdirdi. Bu dawada ABŞ birini goldasa, SSSR beýlekisini goldady. Ýöne arap-ysraýyl dawasy XXI asyryň başynda hem öz oňyn çözgüdini tapmady (seret: §48-49). Saud Arabystany. Birinji jahan urşundan soň türk hökümdarlarynyň ornuna iňlis we fransuz hojaýynlary geldiler. Arabystan ýarymadasynda diňe häzirki Saud Arabystanyň ýerleri we Ýemen özbaşdaklygyny gazanyp bildi. Arap Gündogarynyň beýleki ýurtlary Günbatar döwletleriniň täsiri astynda galýardy. Birinji jahan urşundan soň Saud Arabystanynyň häzirki çäklerinde birnäçe kiçi döwletler bardy. Olar öz aralarynda oňuşmaýardylar. Olaryň biri daşary döwlete 218 gol ýapsa, beýlekisi ondan güýçlüräk döwlet bilen gatnaşjak bolýardy. Şeýdibem olar dasary döwletleriň täsirine düşýärdiler. 01 kiçiräk döwletleri birleşdirmezden sebiti ösdürmek mümkin däldi. Bu işiň başynda şol döwletleriň biriniň — Neždiň emiri Abdel Aziz Ibn Saud durdy. 01 1918-1921-nji ýyllarda ýurdy birleşdirm ek Abdel Aziz Ibll Saud syýasatyna başlady. 01 Neždiň soltany diýlip yglan edildi. Hijaz birleşmäge garşy boldy. 1924-nji ýylda Ibn Saudyň goşunlary Hijazyň çäklerine girdi. 1926-njy ýylyň ortasynda Ibn Saud Hijazyň hem patyşasy diýlip yglan edildi. 1927-nji ýylda täzeden birleşdirilen döwlet resmi taýdan «Hijaz, Nežd we birleşdirilen ýerler» diýlip atlandyryldy. 1932-nji ýylda bolsa ol Saud Arabystany diýlip atlandyryldy. Ýurdy birleşdirmegi tamamlap, Ibn Saud merkezi häkimiýeti berkitmäge girişdi. Döwlet tire-taýpa serdarlarynyň täsirini gowşatmaga gönükdirilen syýasat ýöretdi. Awtoulag ýollaryny gurmaga, radiotelegraf aragatnaşygyny ýola goýmaga girişildi. 30-njy ýyllaryň ortalarynda Yrak, Ýemen, Kuweýt, Iordaniýa bilen serhetler kesgitlenildi. Ýurda daşary ýurt maýa goýumlary aralaşyp başlady. 1933-nji ýylda ABŞ ýurduň nebit baýlyklaryny işläp bejermek üçin 66 ýyllyk şertnama baglaşdy. 1953-nji ýylda patyşa Ibn Saud aradan çykansoň, ýerine ogly geçdi. Saud Arabystany çäklendirilmedik monarhiýa gurluşly döwletdir. Döwleti Saudlar nesilşalygy dolandyrýar. 2005-nji ýyldan döwletiň patyşasy we ruhy 219 öňbaşçysy Abdylla ben Abdel Aziz al-Sauddyr. Saud Arabystany yslam dininde iki mukaddesligiň watanydyr. Mekgede ähli musulmanlaryň zyýarat edýän mukad- desligi Käbe, Medinede Muhammet pygamberiň gubury ýerleşýär. Saud Arabystany nebit gorlary (35,8 mlrd tonna) boýunça dünýäde 1-nji döwletdir. 2004-nji ýylda 451 mln tonna nebit gazylyp alnyp, şonuň 390 mln tonnasy daşary ýurtlara satyldy. Ýurt OPEK-iň esasy agzala- rynyň biridir. 1981-nji ýylda Saud Arabystanynyň öňbaşçylygynda Pars aýlagy ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk geňeşi döredildi. OňaBahreýn, Katar, Kuweýt, BirleşenArap Emirlikleri, Oman girýär. Birleşen Arap Emirlikleri. Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) Günorta-Günbatar Aziýada, Arabystan ýaryma- dasynyň gündogarsynda, Pars we Oman aýlaglarynyň kenarynda ýerleşýär. Döwletiň häzirki çäkleri XX asyryň 60-njy ýyllarynyň ahyryna eenli Beýik Britaniýanyň golastynda boldy. Beýik Britaniýa 1971-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Pars aýlagy sebitinden öz goşunlaryny çykarandan soň, Birlesen Arap Emirlikleri atly federatiw döwlet döredildi. Onuň düzümine 7 sany emirlik: Abu Dabi, Dubaý, Sarja, Ras el-Haýma, Ajman, al-Fujeýra, Umm el-Kaýweýn girýär. Olaryň hersi özbaşdak çäklendirilmedik monarhiýa gurluşly döwletdir. 1971-nji ýylyň Konstitusiýasyna laýyklykda iň ýokary döwlet häkimiýeti emirlikleriň hökümdar- laryndan durýan Ýokary geňeşe degişlidir. Olar öz aralarynda 5 ýyl möhlet bilen prezident saýlaýarlar. 2004-nji ýylda prezidentlige Abu Dabiniň hökümdary şeýh Halifa ben Zaid al-Nahaýýan saýlandy. 1990-njy ýyldan başlap Dubaýyň hökümdary şeýh Makdum Ben Rasid al-Makdum BAE-niň premýer-ministridir. 220 Ýurduň ykdysadyýetiniň esasyny nebit pudagy tutýar. Onuň barlanan gorlary 97,8 mlrd barrele barabardyr. 2004-nji ýylda döwlet gaznasyna nebit satmakdan 30 mlrd amerikan dollary möçberde girdeji girdi. 01 jemi milli önümiň 30%-ne deňdir. Jemi milli önümiň jan başyna düşüşi boýunça BAE Pars aýlagy sebitinde 1-nji ýerde durýar. Ýurtda daşary ýurt maýadarlaryny giňden çekmek üçin 15 sany erkin ykdysady zolak döredildi. Ýurduň işçi güýjüniň 90%-i daşary ýurtlulardyr. Kuweýt. Kuweýt 1961-nji ýyla çenli Beýik Britaniýa degişli boldy. 1961-nji ýylda garaşsyzlygyny aldy. Kuweýt — konstitusion monarhiýa gurluşly döwletdir. Ýurduň Konstitusiýasyna (1962) laýyklykda kanun çykaryjy häkimiýet emire degişlidir. Ýurdy Sabahlaryň şanesli dolandyrýar. 1977-nji ýyldan ýurduň emiri Jaber al-Ahmet al-Jaber as-Sabahdyr. 1990-njy ýylda Yrak Kuweýti basyp aldy (seret: §49). Urşuň netijesinde Kuweýt ykdysadyýeti 5 mlrd amerikan dollaryna barabar möçberde zyýan çekdi. girýär. Katar. Katar Arabystan ýarymadasynyň gündogar- synda ýerleşen döwletdir. 1871-1913-nji ýyllarda ýurt Osman döwletine degişli boldy. 1916-1971-nji ýyllarda Katary Beýik Britaniýa dolandyrdy. 1971-nji ýylyň 3- -nji sentýabrynda Katar garaşsyzlygyny gazandy. 01 çäklendirilmedik monarhiýa gurluşly döwletdir. Ýurdy köpden bäri Taniler şanesli dolandyrýar. 1995-nji ýyldan ýurduň emiri Hamad bin Halyfe al-Tanidir. 2005- 'nji ýylda ýurduň Konstitusiýasy kabul edildi. Kataryň ykdysadyýetiniň esasyny nebit-gaz pudagy düzýär. Ýurtda nebit-himiýa, metallurgiýa, ýeňil senagat kärhanalary guruldy. 221 Bahreýn. Bahreýn Pars aýlagy sebitinde ýerleşen döwletdir. Ýurduň ady «iki deňiz» diýen manyny berýär. 1783-nji ýyldan bäri ýurdy Halefalar şanesli dolan- dyrýar. 1861-nji ýylda Bahreýn resmi taýdan Beýik Britaniýanyň protektoraty diýlip yglan edildi. 1971-nji ýylda Bahreýn garaşsyzlygyny aldy. Bahreýn konstitusion monarhiýa gurluşly döwletdir. Ýurduň Konstitusiýasy (2002) patyşa giň ygtyýarlyklary berýär. Ýurt baştutany şeýh Hamad Ben Isa al-Halefadyr. Nebit- -gaz ykdysadyýetiň esasyny düzýär. Arap ýurtlarynyň Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary. Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan- dan soň arap döwletleriniň köpüsi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Beýik Saparmyrat Türkmen- başynyň daşary ýurtlara ilkinji resmi saparlarynyň biri Saud Arabystanyna — Mukaddes Käbä bolupdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Saud Arabystanynyň Patyşasy Abdylla ben Abdel Aziz al-Saud, 2007-nji ýyl 222 Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem daşary ýurtlara ilkinji resmi sapary 2007-nji ýylyň 13-16-njy apreli aralygynda musulmanlaryň iki mukaddesliginiň ýerleşýän ýerine — Saud Arabystanyna boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Abdylla ben Abdel Aziz al-Saud bilen gepleşikler geçirdi. Gepleşik- lerde dostlukly iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we gelejegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň baş maksady Mukaddes ýerlere zyýarat bolup, ýagşy dilegler edildi. Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň arasynda ýygjam gatnaşyklar ýola goýuldy. 2007-nji ýylyň 26-27-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine ilkinji resmi döwlet sapary boldy. Hormatly Prezidentimiz BAE-niň Prezidenti şeýh Halifa Ben Zaýed al-Nahaýýan bilen gepleşikleri geçirdi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek işine goşan ägirt uly goşandynyň ykrar edilmesiniň nyşany hökmünde BAE-niň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutanyna dabaraly ýagdaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary döwlet sylagy bolan Zaýediň Ordenini gowşurdy. Iki döwletiň arasynda saglygy goraýyş, bilim, medeniýet babatda hyzmatdaşlyk dowam edýär. Birleşen Arap Emirlikleri Aşgabatda ýetim çagalar üçin Döwletliler köşgüni gurup, sowgat berdi. 2008-nji ýylyň fewralynda BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa Ben Zaýed al-Nahaýýan Türkmenistanda resmi döwlet saparynda boldy. Türkmenistanyň we BAE-niň halklarynyň arasynda hosniýetli gatnaşyklary ösdürmekdäki, özara ylalaşygy, jebisligi we agzybirligi 223 saklamakdaky, parahatçylygy, dostlugy we hyzmat- daşlygy berkitmekdäki uly goşandy üçin Şeýh Halif a Ben Zaýed al-Nahaýýan Türkmenistanyň ýokary ordeni - «Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy» ordeni bilen sylaglandy.

Soraglar we ýumuşlar 1. Ysraýyl döwleti barada aýdyp beriň. 2. Saud Arabystany haçan garaşsyz döwlet boldy? 3. Birleşen Arap Emirlikleri haýsy emirliklerden ybarat? 4. Kuweýt, Katar, Bahreýn döwletleriniň ykdysadyýeti nämä daýanýar? 5. Sebitiň arap döwletleri bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy hakda gürrüň beriň.

§46. Afrikada baknalyk düzgüniniň synmagy

Aziýadaky bakna halklaryň garaşsyzlyk gazanmagy Afrika uly täsir etdi. «Gara sebit» adyny alan Afrika Ikinji jahan urşundan soňra gaflat ukusyndan oýandy. Afrikanyň iň baý we köp ilatly sebitleri Beýik Britaniýa degişlidi. Onuň bakna ýurtlarynyň içinde 1957-nji ýylda Gananyň özbaşdaklyk gazanmagy beýlekilerine görelde boldy. Dünýäde baknalyk ulgamynyň çagşaýan döwründe Fransiýa özüniň ähli bakna mülklerinde ýerli halka sala salyşlyk gurady. Sala salyşlykda halk bir mesele boýunça öz pikirini aýtmalydy. 01 hem öz ýurtlarynyň geljekki ykbaly hakyndaky meseledi. Fransiýanyň bakna ýurtlarynyň içinde ýeke-täk Gwineýanyň halky sala salyşlykda özbasdaklyga ses berdiler. Netijede, 1958- -nji ýylda Gwineýa özbaşdaklyk gazandy.

224 ÄFRIKANYfo BAKNALYKDAN fümi HALAS BOLMAGY *A»A7^) O R T A Ý E R D E $.

M A $.

w u A * * o rO

BA*A»0

HOWAKSf'- f«IT Al*V^v ^ ‘ A t O U ££KXi:2i AP. ■ORTO-SOWO R R Ş * » ö l .I K M O X»O Vit^v BAKOS

)IQ»»OK*

t«AXBAy

KCUü8AO*lA8y

;AXTanana* ih ('

fHITOI

C r .\ O R T A w A K RIK A ^ 'R K S P l 1 B LIK A S 'IF.S OT O 1 (GAJv)

Sanlar bilen beileniidi: 1945Ý. garaşsy/ dowlftier 1. G «m bi

2. G « ineyo-Btsau ] 973 ý. 8. Jibuti 1973ý- Beýik Britannauyň itaU>anyft 3. Snift li l u r jn o i eors da/£unlc-s960 GaraçsjTljKyfl jel»n wlilon >yh Strhfllfr 1999-ajj d6»lrt <«r(i«tlifj twfai «l> nJy

1960-njy ýyl — Afrika ýyly. Patris Lumumba. Gananyň we Gwineýanyň özbaşdaklyk gazanmagy Afrikanyň beýleki halklaryna garaşsyzlyk ugrundaky

15. Sargyt .NI' 693. 225 göreşde nusga boldy. Indi Afrikada milli azat edijilik hereketini saklamak mümkin däldi. 1960-njy ýylda Afrikanyň 17 döwleti garaşsyzlygyny gazandy. Şol ýyl «Afrika ýyly» ady bilen taryha girdi we şol ýyl BMG «Garaşly ýurtlara we halklara özygtyýarlylyk bermek hakynda» taryhy karar kabul etdi. Gysga wagtda Afrikada 50-ä golaý özbaşdak döwletler döredi. Afrikanyň käbir ýurtlarynda garaşsyzlyk üçin ganly eaknyşyklar başlandy. Afrikaly watançylaryň birnäçesi öz ýurtlarynyň özbaş- daklygy ugrunda göreşde janlaryny pida etdiler. Olaryň arasynda Patris Lumumba (1925-1961) aýratyn orun degişlidir. 01 Kongonyň Belgiýadan garaşsyz- lygyny almagy ugrunda yzygider göreşdi. Afrikada portugal kolonial imperiýasy has ir döränem bolsa, ol iň soňunda hem dargady. Portugaliýa tabyn bolan Angola we Mozambik Afrikanyň beýleki sebitlerinden yzagalakdy. Şonuň üçin bu ýurtlarda azatlyk hereketi-de gowşakdy. Iş ýüzünde bu ýurtlara garaşsyzlyk hojaýynynyň özi tarapyndan berildi. 1974- -nji ýylyň aprel aýynda Portugaliýada rewolýusiýa bolup geçdi. Täze hökümet 1975-nji ýylda Angola we Mozambige öz ykbalyny özi kesgitlemek hukugyny berdi. 1980-nji ýylda Günorta Rodeziýa garaşsyzlygyny gazandy. Ýurt Zimbabwe diýlip atlandyrylyp başlandy. 70-nji ýyllarda Namibiýa meselesi ýitileşdi. 1988- -nji ýylyň ahyrynda Angolanyň, Kubanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň arasyndaky gepleşikleriň

226 netijesinde 1989-njy ýylyň 1-nji aprelinden başlap, Namibiýanyň garaşsyzlygy yglan edildi. 01 ýerden Angolanyň, Kubanyň goşunlary çykaryldy. Afrikadaky gapma-garşylyklaryň köpüsi halkara gatnaşyklarynda dartgynlyga getirdi. Liwiýa bilen Çadyň arasyndaky dawa Fransiýa we ABŞ goşuldy. 80- -nji ýyllarda SSSR Angoladaky, Efiopiýadaky wakalara goşulypdy. 1993-nji ýylda Efiopiýanyň düzüminden bölünip aýrylyp, Eritreýa döwleti döredi. Şeýlelikde, Ikinji jahan urşundan soňra Afrikada baknalyk ulgamy doly we gutarnykly dargady. Nelson Mandela. Aparteidiň synmagy. 1910-njy ýylda Günorta Afrika bileleşigi döräpdi. 01 içerki syýasatda giň özbaşdaklykdan peýdalansa-da, daşary syýasatda Beýik Britaniýanyň diýeni bilen bolmalydy. Bu bileleşik ýeňiji iňlisler bilen ýeňlen burlaryň" arasynda baglaşylan gizlin ylalaşygyň netijesinde döräpdi. 01 Afrikanyň ýerli halkynyň bähbidini hiç hili göz öňünde tutmaýardy. Oňa laýyklykda ýurduň dörtden üç bölegini tutýan garaýagyz ilatyň hukuklary kemsidilýärdi. Jynsy, territorial, medeni taýdan kemsitmek syýasaty resmileşdirilip, ol aparteid** adyny alýar. 1961-nji ýylda Beýik Britaniýanyň dominionyndan çykyp, garaşsyzlygyny alan Günorta Afrika Respub- likasy (GAR) hem aparteid syýasatyny dowam etdirdi.

Burlar — Afrikanyň günortasynda ýaşaýan, golland gelip çykyşly akýagyz ilat. ‘'Aparteid sözüniň ýoýlan görnüşi bolup, aýratyn ýasatmak — jynsy kemsitmegiň iň ýiti görnüşi. Ýurtda ilatyň tutuş topary jynsy tapawudyna laýyklykda garaşly ýagdaýa düşürilýär. Olar ýörite bellenen aýratyn territoriýalarda ýasadylyp, syýasy, raýat we durmuş-ykdysady hukuklary çäklendirilýär ýa-da olardan düýbünden mahrum edilýär. 227 Işe alnanda-da, oňa hak tölände-de, hatda bilim berlende- -de ilatyň jynsy alamatlary göz öňünde tutulýardy. 1990- -njy ýylda GAR-yň Prezidenti Frederik de Klerk ýurtdaky adatdan daşary ýagdaýy ýatyrmaga mejbur boldy. Syýasy tussaglar türmeden boşadyldy. Afrikan milli kongresiniň öňbaşçysy Nelson Mandela 23 ýyllyk tussaglykdan soň azatlyga çykdy. Aparteid düzgüni doly ýatyryldy. 1994-nji ýylyň demokratik saýlawlarynyň netijesinde ilkinji gezek ýurduň garaýagyz raýaty — Nelson Nelson Mandela Mandela döwletiň Prezidenti boldy. 1999-njy ýylda bu wezipä Tabo Mbeki saýlanyldy. GAR Afrikanyň ösen döwletleriniň biridir. 01 dünýäniň altyn, almaz, uran, marganes, hromit gorlarynyň köp bölegine eýedir. Garaşsyz Afrika döwletleriniň ösüş ýollaryny saýlamagy. Garaşsyzlygyny gazanan Afrika döwlet- leriniň arasynda döwlet gurluşynyň görnüşlerini saýlap almak meselesi keserip durdy. Gananyň Prezidenti Kwame Nkrume sebitiň döwletlerini federatiw esasda bir döwlete — Afrikanyň Birleşen Ştatlaryna birleş- dirmek teklibi bilen çykyş etdi. Emma bu teklip goldaw tapmady. Döwlet gurluşynda ýeterlik tejribäniň bolmazlygy syýasy kynçylyklara getirdi. Ýewropa döwletlerinden parlament dolandyryşyny nusga edinmäge synanyşyldy. Köppartiýaly ulgamy nusga edinmek bolsa syýsy gapma- -garşylyklara, jemgyýetiň dürli toparlarynyň arasyn- daky oňuşmazlyga getirdi.

228 Afrika döwletleriniň köpüsinde tire-taýpa oňuşmazlygy zerarly raýatara uruşlary başlandy. SSSR garaşsyzlygyny alan Afrika döwletlerinde öz täsirini pugtalandyrmaga synanyşdy. 01 Müsür, Liwiýa, Efiopiýa, Somali, Mozambik, Angola ýaly döwletlere harby ýa-da ykdysady kömek bermek bilen olary öz gözegçiliginde saklamaga synanyşdy. Olaryň döwlet ýolbaşçylary şol döwürde sosializme ýykgyn etdiler. XX asyryň ahyrlarynda - XXI asyryň başlarynda Afrika ýurtlarynda çözmesi kyn bolan meseleler. Afrika sebitinde çözmesi kyn bolan meseleleriň ençemesi bardy. Olaryň ilkinjisi sebitiň dünýäniň ösen döwletlerine çig mal çesmesi bolup hyzmat edýänligidir. Günbataryň ösen döwletleri bu sebitiň çig malyny mümkin boldugyndan arzan alyp, oňa özüniň taýýar önümlerini we senagat enjamlaryny satýardy. Sebitiň döwletleri ösen döwletlere bergidar bolup durýar. Dünýäniň iň garyp döwletleriniň 36-synyň 26- -sy Tropiki Afrikada ýerleşýärdi. Yssy howa şertleri we gurakçylyk, açlyk ilatyň biwagt ýogalmagyna sebäp bolýardy. Diňe 80-nji ýyllarda 2 mln afrikaly şol zerarly ýogaldy. Sebitiň döwletleriniň arasynda serhet dawalary hem ýüze çykyp durýardy. 1992-1993-nji ýyllarda Somalide (Gündogar Afrika) raýatara urşunyň soňuna çykmak üçin bu ýurda amerikan gosunlary girizildi. Emma ABŞ bu ýurtda taraplary ylalaşdyrmagy başarmady. Sowatsyzlaryň sanynyň köp bolmagy, ýokanç keselleriň ýaýramagy hem çözmesi kyn meseleleriň hataryndadyr. Dünýäde SPID bilen kesellänleriň 70%-i Afrikadadyr. 229 Soraglar we ýumuşlar 1. Afrikanyň haýsy döwletleri baknalyga düşmändi? 2. Näme üçin 1960-njy ýyla «Afrika ýyly» diýilýär? 3. Afrikada iň soňky dargan kolonial imperiýa barada gürrüň beriň. 4. Aparteid näme? 5. Kartany ulanyp, Afrikadaky baknalyk düzgüninden halas bolan ýurtlar barada aýdyp beriň.

§47. Afrikanyň arap ýurtlary

Miisür. Gamal Abdel Naser. Birinji jahan urşundan soňra arap ýurtlarynda milli azat edijilik hereketi güýçlendi. Araplaryň garaşsyzlyk ugrundaky göreşleri käbir netijelerini-de berdi. 1922-nji ýylda Müsüriň garaşsyzlygy resmi ykrar edildi. Müsürde 1952-nji ýylyň 23- -nji iýulynda döwlet agdarylysy- gynyň netijesinde monarhiýa agdarylyp, respublika jar edildi. Häkimiýete Gamal Abdel Naser Gamal Abdel Naser (1918-1970) geldi. G.A.Naseriň döwründe Müsürde sosial-ykdysady özgerdişler geçirildi. Banklar we iri senagat kärhanalary millileşdirildi. Kuwwatly döwlet pudagy döredildi. SSSR-iň ýardam bermeginde kuwwatly Asuan bendi guruldy. Müsür hökümetiniň 1956-njy ýylda Sues kanalyny millileşdirmegi Beýik Britaniýa we Fransiýa döwletlerine ýaramady. Çünki kanalyň kenaryny iňlis- -fransuz goşunlary gorap, Suesden ägirt köp girdeji alýardylar. Beýik Britaniýa we Fransiýa kanaly elden gidermezlik üçin, Müsüre garşy urşa taýýarlyk görüp başlady. Olara Ysraýyl hem goşuldy. 1956-njy ýylda Beýik Britaniýa, Fransiýa we Ysraýyl Müsüre garşy urşa

230 başladylar. SSSR we ABŞ «üçleriň çozuşyny» bes etmegi talap etdiler. SSSR-iň, ABŞ-nyň we BMG-niň talaby bilen urus ýatyryldy. 1973-nji ýylda dördünji arap- -ysraýyl ursy bolup, ol hem Müsür üçin sowsuz tamamlandy. Urus Müsüriň ykdysadyýetine agyr zarba urdy (seret: §49). Ýurduň girdejisiniň esasy çeşmesi — Sues kanaly işlemegini bes edipdi. Gamal Abdel Naser ýogalandan soňra ýurduň döwlet baştutany bolan Anwar Sadat (1918-1981) Müsüriň syýasatyny bütinleý Muhammet Anwar başga ugra gönükdirdi. Sadat 1973-nji ýyldaky arap-ysraýyl ursundan soň Anwar Sadat arap birligi meýillerinden el çekdi. 01 Sues kanalyny we Sinaýy diňe Ysraýyl bilen ylalaşyp yzyna almagyň aladasyny etdi. 1978-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Kemp-Dewidde A.Sadat Ysraýylyň premýer-ministri Menahem Begin bilen ylalaşyk baglaşdy. 1979-njy ýylyň 26-njy martynda bolsa Waşingtonda Ysraýyl bilen Müsüriň arasynda parahatçylyk baradaky şertnama gol çekildi. Kemp- -Dewid ylalaşygyna laýyklykda Sinaý ýarymadasy Müsüre gaýtarylyp berildi. Müsür hem öz gezeginde Ysraýyla garşy urus syýasatyndan el çekmek barada ylalaşdy. Kemp-Dewid ylalaşygy we ýaraşyk şertnamasyndan soň Müsür arap ýurtlarynyň Ligasyndan çykaryldy. A.Sadat 1981-nji ýylda öldürildi. 231 1981-nji ýyldan başlap Müsü- riň Prezidenti Hosni Mübärekdir. Hosni Mübärege arap dünýä- sinde Müsüriň abraýyny dikeltmek başartdy. 01 tutuş Ýakyn Gündogar sebitini köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ähli görnüşlerinden saplamak baradaky teklip bilen Hosni Mübärek çykyş edýär. Hosni Mübärek 2005- -nji ýylda Müsüriň prezidentligine bäşinji gezek gaýtadan saýlanyldy. Liwiýa. X X asyryň başynda Liwiýa Osman döwle- tiniň tabynlygyndady. Soňra ony Italiýa eýeläpdi. Ikinji jahan urşunda ýeňlen Italiýa Afrikadaky eýeçiliklerinden (Somali, Eritreýa, Liwiýa) el çekmeli bolupdy. 1951-nji ýyla çenli bu ýerde iňlis-fransuz dolandyryşy dowam etdi. 19 51 -n j i ýylda Liwiýa garaşsy zlygyny yglan edýär. Idris as-Senusi Liwiýa patyşalygynyň patyşasy bolýar. 1969-njy ýylyň 1-nji sentýab- rynda liwiýa goşunynyň serker- deleri ýurtda monarhiýa düzgünini agdardylar. Bu herekete 27 ýaşly kapitan Muammar Kaddafi baştutanlyk etdi. Liwiýa Arap Muammar Kaddafi Respublikasy döredildi. Ýurduň garaşsyz ösüş ýoly M.Kaddafiniň «Ýaşyl kitabynda» öz beýanyny tapdy. «Üçünji dünýä taglymaty» adyny alan bu nazaryýetde arap sosializmi pikirini öňe sürýär. Kaddafi sosial adalatlylygyň yslamda, onuň mukaddes kitaby Kuranda jemlenendigini nygtaýar.

232 Liwiýada halk häkimliginiň göni usuly hökmünde Jamahariýa (halk köpçüliginiň döwleti) saýlanyp alyndy. Esasy kanunçylyk şerigat bolup, parlament, syýasy partiýalar, hökümet inkär edilýär. 1977-nji ýylda ýurt Liwiýa Sosialistik Arap Jamahariýasy diýlip yglan edildi. Liwiýa ýurtda hakyky sosialistik jemgyýetiň gurulýandygyny yglan edýär. Ýurduň nebit senagaty, banklary millileşdirildi. Gozgalmaýan emläge hususy eýeçilik çäklendirildi. Mugt bilim we saglygy goraýyş ulgamy girizildi. Baý nebit-gaz gorlary ýurduň ösüşini üpjün edýär. Nebit gorlary boýunça Liwiýa Afrikada 1-nji ýerde durýar. 1982-nji ýylda ABŞ Liwiýanyň nebtini satyn almaga çäklendirmeleri girizdi. Nebit we gaz geçirijileriniň uzynlygy müňlerçe kilometre ýetýär. 2004-nji ýylda Liwiýadan Sisiliýa adasyna (Italiýa) çenli uzynlygy 600 km bolan suwasty gaz geçirijisi ulanmaga berildi. XXI asyryň başyndan bäri Liwiýanyň ykdysa- dyýetinde aram özgertmeler geçirilýär. Döwlet esasy pudaklara öz gözegçiligini saklap galdyrýar. Hususy pudagy ösdürmäge üns güýçlendirildi. Bölek we lomaý söwda hususylaşdyryldy. 1988-nji ýylda şotland obasy Lokerbide «Pan. Amerikan» kompaniýasynyň uçarynyň partladylmagyna dahyllydygynda aýplanyp, Liwiýanyň garşysyna dünýäniň köp döwletleri çäklendirmeleri girizdi. Liwiýa 2003-nji ýylda bu pajygaly wakada özüniň eliniň bardygyny resmi taýdan boýun alansoň we ejir çekenleriň maşgalalaryna öweztölegini tölänsoň BMG-niň bu ýurda garşy çäklendirmeleri ýatyryldy.

233 Magrib ýurtlary* (Tunis, Alžir, Marokko). Magrib ýurtlary, esasan, Fransiýanyň bakna mülkleridi. 1921- -nji ýylda Marokkonyň rif taýpalarynyň 12-siniň birleşip, garaşsyzlyk ugrundaky başlan göreşi bütin dünýäniň ünsüni özüne çekdi. Olar Muhammed Abd al-Kerimifi ýolbaşçylygynda özbaşdak Rif respublikasyny jar etdiler. Birnäçe gezek ispan we f ransuz goşunlaryny derbi-dagyn edip, Rif taýpalary baknalyga garşy ýaragly göreşiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. 1926-njy ýylda Fransiýa we Ispaniýa bilelikde harby uçarlary ulanyp, kynlyk bilen Rif respublikasynyň ýaragly göreşini basyp ýatyrmagy başardy. Ikinji jahan urşundan soňra Marokkoda, Alžirde, Tunisde fransuz hojaýynlaryna garşy göreş başlandy. 1956- -njy ýylda Marokko we Tunis özbaşdaklyk gazandylar. Garaşsyzlygyny gazanandan soň Tunis respublika diýlip yglan edildi. Tunisiň ilkinji prezidentligine Habyp Burgiba saýlandy. Tunis güýçli prezident respublikasy gurluşly döwletdir. Iki asyryň sepgidinde ýurduň prezidentligine yzly-yzyna dört gezek Zin alAbiddin BenAly saýlandy. 01 2005-nji ýylda bu wezipä dördünji gezek saýlandy. Tunis agrar-senagat taýdan ösen döwletdir. Ýurduň ykdysa- dyýetiniň esasyny nebit we fosfat düzýär. Tunis Afrika ýurtlarynyň arasynda çalt ösýän döwletleriň biridir. Ýurduň ykdysady ösüş depgini 5%-e deňdir. 1962-nji ýylda Marokkoda sala salyşlyk geçirilip, ýurt konstitusion monarhiýa gurluşly döwlete öwrüldi.

* Müsürden günbatarda ýerleşen arap döwletlerine Magrib (günbatar) ýurtlary diýilýär. Olara Tunis, Alžir, Marokko degişlidir. 234 1957-1961-nji ýyllarda ýurdy patyşa Muhammet V, 1961-1999-njy ýyllarda Hasan II dolandyrdy. 1999-njy ýyldan ýurt baştutany Hasan II-niň ogly patyşa Muhammet VI-dyr. Marokko oba hojalykly we dag- -magdan senagatly döwletdir. Fosfatyň dünýä gorlarynyň 70% -i bu ýerde jemlenendir. Hökümet daşary ýurt maýasyny höweslendirmek, hususy telekeçiligi goldamak syýasatyny alyp barýar. 1954-nji ýyldan başlap Alžiri golastynda saklamak üçin alnyp barlan 8 ýyllyk uruş Fransiýany halys gowşatdy. 1962-nji ýylyň 18-nji martynda Ewian ylalaşygy (Şweýsariýa) boýunça Alžire özbaşdaklyk berildi (seret: §19). Alžir Halk Demokratik Respublikasy döredildi. Öňki fransuz hojaýynlarynyň eýeçilikleri millileşdirildi. Soňky 10 ýylyň dowamynda ýurtda raýatara uruş dowam edýär.

Soraglar we ýumuşlar 1. Müsürde haçan monarhiýa düzgüni ýatyryldy? 2. Kemp-Dewid ylalaşygy haçan we kimleriň arasynda baglaşyldy? 3. Liwiýanyň ösüşiň haýsy ýoluny saýlap alandygy barada aýdyň. 4. Magrib ýurtlary garaşsyzlygyny nähili gazandy? 5. Internet ulgamynyň maglumatlaryndan peýdalanyp, Afrikanyň arap ýurtlarynyň häzirki ösüş ýagdaýy hakda gürrüň beriň.

235 IV BAP XX ASYRYŇ IKINJI ÝARYMYNDA - XXI ASYRYŇ BAŞLARYNDA HALKARA GATNAŞYKLARY

§48. 50-60-njy ýyllaryň halkara gatnaşyklary

Dünýäniň iki syýasy ulgamynyň daşary syýasatynyň häsiýetli aýratynlyklary. 50-60-njy ýyllar halkara gatnaşyklarynyň iň bir dartgynly, howsalaly döwri boldy. NATO we Warşawa şertnamasyna gatnaşýan döwletler halkara möçberindäki dawalary güýç bilen çözmäge synanyşdylar. SSSR we ABŞ dünýäni öz täsir edýän zolaklaryna paýlaşmak ugrunda göreşdiler. Dünýä ýurtlary «olaryň- ka» we «biziňkä» bölündi. Dünýäniň däp bolan Gündogar we Günbatar diýen iki bölege bölünmegi-de syýasylaş- dyryldy. Indi bu düşünjeler döwletleriň geografiki taýdan ýerleşişini däl-de, olaryň haýsy syýasy ulgama girýändigi bilen kesgitlenýärdi. Mysal üçin, Kuba Gündogara, Ýaponiýa bolsa Günbatara degişli boldy. SSSR birnäçe bazar gatnaşykly döwletlere-de öz täsirini ýetirdi. Dünýäde baknalyk ulgamynyň darga- magy netijesinde dörän garaşsyz döwletleriň käbiri (Müsür, Siriýa, Yrak, Ýemen Halk Demokratik Respub- likasy, Gwineýa, Alžir we ş.m.) sosializme ýykgyn edip başlady. 1953-nji ýylda I.Stalin ýogalandan soňra sosia- listik ýurtlaryň «agzybirligi» gowşap başlady. 1956- -njy ýylda Staliniň şahsyýet kultunyň ýazgarylmagy Hytaýyň, Albaniýanyň SSSR-den daşlaşmagyna sebäp boldy. 236 Tersine, 1953-nji ýyldan sowet-amerikan gatnaşyk- lary birneme gowulaşyp başlady. Şol ýyl iki döwletiň-de döwlet ýolbaşçysy çalşypdy. Täze döwlet ýolbasçylary N.Hruşýow we D.Eýzenhauer «Sowuk uruş» syýasatyny ýöretseler-de, halkara meselelerini gepleşikler ýoly bilen çözmegiň tarapdarlarydy. 1953-nji ýylda Koreýadaky, 1954-nji ýylda Hindi-Hytaýdaky uruşlar barada ylalaşyk baglaşylyp, ol uruşlar ýatyryldy. 1955-nji ýylda Awstriýa baradaky dawa çürt-kesik çözüldi. Awstriýadan sowet we amerikan goşunlarynyň ikisi-de çykarylyp, Awstriýany bitarap döwlet etmek barada ylalaşyldy. Bularyň ählisi sowet-amerikan gatnasyklarynyň gowulaşyp başlandygyny aňladýardy. Hruşýow we Eýzenhauer 1959-njy ýylda duşuşyk geçirip, ýaragsyz- lanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Beýle duşuşyk Ikinji jahan urşy gutarandan soňra ilkinji gezek geçirilýärdi. 1961-nji ýylda ABŞ-nyň we SSSR-iň ýolbaşçylarynyň islegleri boýunça Wenada ABŞ-nyň täze Prezidenti Kennedi bilen Hruşýow duşuşdy. Şu duşuşykda Kennedi sosializmiň ähli ýerlerde ýeňjekdigi, kapitalizmiň geljeginiň ýoklugy baradaky Hruşýowyň çykyşyny diňlemeli bolupdy. Olar Berlin meselesinde hem dawalaşdylar. Duşuşykda ABŞ-nyň prezidenti ylalaşykly, oňşukly ýaşaşmak maksady bilen eglişikler etdi. Ýöne Hruşýow sowet-amerikan gatnaşyklaryny gowulan- dyrmak mümkinçiligini ulanyp bilmedi. Berlin meselesi çözülmän galdy. Şäheriň iki böleginiň arasynda 1961- -nji ýylda «Sowuk urşuň» simwolyna öwrülen «Berlin diwary» galdyryldy. Dünýäniň ol ýa-da beýleki sebitlerinde dörän syýasy dartgynlylyk, köplenç, halkara dawalarynyň döremegine getirdi. Şol döwürde Ýakyn Gündogar, Kuba, Koreýa, Wýetnam «Sowuk uruş» döwrüniň dartgynly sebitleridi. 237 Ýakyn Gündogar meselesiniň halkara gatnaşyk- laryna täsiri. Ýakyn Gündogar ikinji jahan urşundan soň galagoply sebitleriň birine öwrüldi. Palestinada iki döwletiň döredilmegi barada BMG-niň kararyndan soň arap-ysraýyl garşylyklary güýçlendi (seret: §45). 01 garşylyklar birnäçe uruşlara getirdi. 1948, 1956, 1967- -nji ýyllarda garşylyklar harby çaknyşmalara ösüp geçdi. Bu uruşlar halkara gatnaşyklaryna ýaramaz täsir etdi. Dünýäniň uly döwletleri uruşýan taraplaryň birini goldap, beýlekisini goldaýany ýazgardylar. Mysal üçin, 1967-nji ýylyň arap-ysraýyl urşunda SSSR arap ýurtlaryny, ABŞ Ysraýyly goldady. 6 günlük uruşda Ysraýylyň harby güýçleri Müsüriň, Siriýanyň we Iordaniýanyň goşunlaryny ýeňmegi başardy. BMG Ysraýylyň çozusyny ýazgardy. Ondan dessine urşy bes etmegi talap etdi. Emma Ysraýyl urşy dowam etdi. 1967-nji ýylyň 10-njy iýunynda SSSR Ysraýyl bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi we urşy bes etmegi talap etdi. Diňe şondan soň Ysraýyl urşy bes etdi. 6 gün- lük uruş netijesinde Ysraýyl Sinaý ýarymadasyny, Iordan derýasynyň Günbatar kenarýakasyny, Golan belentlik- lerini, Iýerusalimiň Gündogar bölegini eýeledi. 1956-njy ýylda Müsüriň Sues kanalyny millileş- dirmegi hem şeýle gapma-garşylyklaryň döremegine getiripdi (seret: §47). Halkara gatnaşyklaryny ýitileş- diren sowet-amerikan dawalarynyň biri-de 1962-nji ýylyň Karib krizisi boldy. Karib krizisi. Karib krizisi Kubanyň üstünde başlandy. 1959-njy ýylda Fidel Kastro Kubada häkimiýeti eýeländen soňra, ABŞ bilen Kubanyň gatna- şyklary has dartgynly häsiýete eýe boldy. ABŞ Fidel Kastronyň hökümetine garşy göreşýän asly kubaly bosgunlary gozgalaňa taýýarlady. 1961-nji ýylyň 238 baharynda ada düşürilen gozgalaňçylar Kubanyň hökümet goşuny tarapyndan derbi-dagyn edildi. ABŞ ýene-de Kuba howp salyp başlanda, Sowet Soýuzy Kubada ýadro raketalaryny ýerleşdirmäge F.Kastrodan «rugsat» aldy. Sowet raketalary Kuba ýerleşdirilip başlanyldy. 1962-nji ýylda harby gämileri bilen Kubanyň daşyny gabap, ABŞ SSSR-den raketalaryny yzyna alyp gitmegi resmi talap etdi. Dünýä ýadro urşunyň bosagasyna geldi. ABŞ-nyň we SSSR-iň döwlet ýolbaşçylary birnäçe howsalaly günden soňra, ylalaşykly çykalga tapdylar: SSSR Kubadan, ABŞ Türkiýeden raketalaryny çykarmaly edildi. Karib krizisi sowet-amerikan gatnaşyklarynda öwrülişik pursady boldy. Indi iki tarap hem gönümel harby çaknyşyklara getirip biljek dartgynlylyklary parahatçylyk ýoly bilen çözmegiň zerurdygyna düşündiler. 1963-nji ýylda ABŞ, SSSR we Beýik Britaniýa ýadro ýaragynyň synagyny çäklendirmek hakyndaky şertnama gol çekdiler. Wýetnam urşy. Hindi- -Hytaý «Sowuk urşuň» söweş meýdanlarynyň biri boldy. Ikinji jahan urşundan soň Wýetnam iki bölege bölündi. Wýetnamyň De- mirgazygynda kommunist- ler häkimiýeti eýeledi. Olary SSSR goldaýardy. Günortasynda ABŞ-nyň 239 täsirindäki döwlet döredildi. ABŞ 1965-nji ýyldan başlap Demirgazyk Wýetnama garşy urşa başlady. Wýetnam urşuna 500 müň amerikan esgeri ugradylypdy. ABŞ-nyň halky Wýetnamdaky urşy ýazgaryp çykyş edip başlady. Netijesiz urşy uzaga çekdirmegiň hajatynyň ýokdugyna düşünip, ABŞ-nyň hökümeti urşy bes etmek barada gepleşiklere başlady. Gepleşikler 1973-nji ýylda Parižde Wýetnamda parahatçylygy dikeltmek hakyn- daky şertnama bilen tamamlandy. Amerikan goşunlary Wýetnamdan çykaryldy. Olar ýurtdan çykarylandan soňra, 1975-nji ýylda Demirgazyk Wýetnamyň goşunlary ýurduň günortasyny-da eýeläp, ýurt birleşdirildi. 1976- -njy ýylda Wýetnam Sosialistik Respublikasy döredildi. Wýetnam urşy ABŞ üçin netijesiz tamamlandy. Üstesine-de, bu uruş oňa gaty gymmat düşdi. Urşa biderek 150 milliard dollar hare edildi. 58 miiň amerikan esgeri uruşda wepat boldy. Uruş halkara gatnaşyklaryny, aýratyn-da sowet-amerikan garşylyklaryny ýitileşdirdi. Dünýä ýurtlarynyň birnäçesi uruşlardan, harby toparlanyşyklaryň döredilmeginden, tarap-tarap bolunmagyndan bizardy. Şeýle meýilli döwletleriň ýolbaşçylarynyň birnäçesi Goşulmazlyk hereketini döretdiler. Goşulmazlyk hereketi. 1955-nji ýylda Bandungda (Indoneziýa) Aziýanyň we Afrikanyň 29 döwletiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat boldy. Onda dürli jemgyýetçilik gurluşly döwletleriň parahatçylykly ýaşaşmagy, ählumumy ýaragsyzlanmak, atom we wodorod ýaraglaryny synag etmegi gadagan etmek, baknalyk düzgünini doly ýatyrmak ýaly meselelere seredildi. Bu ýygnanyşyk Ikinji jahan urşundan soňra döwlet ýolbaşçylarynyň dünýä asudalygy ugrundaky ilkinji uly maslahatydyr. 240 Bandungdaky işlenip düzülen parahatçylyk ýörelgeleri Goşulmazlyk hereketiniň binýadyny goýdy. 1961-nji ýylda Belgradda duşuşan 25 döwletiň ýolbaşçylary Goşulmazlyk hereketini döretmek barada karar kabul etdiler. Herekete gatnaşyjylar harby toparlanyşyklara goşulmazlyk barada ylalaşdylar. (Bu hereketi döretmek teklibini Hindistanyň premýer- -ministri Jawaharlal Neru orta atypdy.) Goşulmazlyk hereketi häzirki wagtda dünýäniň ýüzden gowrak döwletini birleşdirýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hem 1995-nji ýylda 114-nji bolup Goşulmazlyk hereketiniň agzasy boldy.

Soraglar we ýumuşlar 1. Dünýä ýurtlary nähili toparlanyşyklara bölündiler? 2. Näme üçin hut 1953-nji ýyldan başlap sowet-amerikan gatna- şyklary gowulaşyp başlady? 3. Kuba baradaky sowet-amerikan dawasy nähili çözüldi? 4 .1967-nji ýyldaky arap-ysraýyl urşunyň netijeleri barada gürrüň beriň. 5. ABŞ-nyň Wýetnamdaky urşy nähili tamamlandy? 6. Goşulmazlyk hereketiniň haçan döredilendigi barada aýdyň.

§49. 70-80-nji ýyllarda halkara gatnaşyklary

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk barada maslahat. Ýaragsyzlanmak çäreleri. 60-njy ýyllaryň ahyryndan başlap SSSR-iň we ABŞ-nyň biri-birine garşy durmasy diňe dünýä ýurtlaryny däl, eýsem, olaryň özlerini-de irizdi. Üstesine, ABŞ-nyň halky Wýetnam- daky uruşdan bizar bolupdy. Dünýäniň gapma-garşy duran iki toparlanyşygynyň harby güýçleri deňeçerdi. Yadro ýaragynyň iki tarapda-da barlygy sebäpli, ony ulanyp boljak däldi. Üstesine-de, iki tarap hem ýadro

16. Sargyt X 2 693. 241 ýaragyny birinjibolup ulanmajagyny aýdypdy. Ine, şeýle şertlerde 1969-njy ýylda Warşawa Şertnamasy Guramasy Ýewropa ýurtlaryna ýüzlenme ýollady. Ýüzlenmede Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky meseleleri maslahatlaşmak üçin umumyýewropa ýygnanyşygyny geçirmek barada aýdylýardy. Bu teklip Ýewropa ýurtlary tarapyndan goldanyldy. 1972-nji ýylyň noýabrynda Helsinkide deslapky maslahatlar geçirildi. Onuň netijesinde 1973-nji ýylyň iýulynda ABŞ-nyň, Kanadanyň we Ýewropanyň 33 döwletiniň daşary işler ministrleriniň mejlisi boldy. Gepleşikleriň ikinji tapgyry Ženewada iki ýyllap dowam etdi (1973-nji ýylyň sentýabr — 1975-nji ýylyň iýul aýlary). 1975-nji ýylyň 30-njy iýulynda Helsinkide hökümet baştutanlarynyň derejesinde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky Maslahat başlandy. 1-nji awgustda maslahatyň jemleýji resminamasyna gol çekildi. Bu möhüm resminamada oňa gol çeken döwletleriň özara gatnaşyklarynda eýermeli 10 sany esasy ýörelgesi beýan edilendi. Olar döwletleriň özygtyýarlylygyny we territorial bitewüligini hormatlamakdan, biri-biriniň içerki işlerine goşul- mazlykdan, dawalary parahatçylykly ýol bilen çözmekden, adam hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmekden, halklaryň öz ykbalyny özleriniň erkin eözmek hukugyny hormatlamakdan ybaratdy. Bäş bölümden ybarat bolan Helsinki jemleýji resminamasy şertnamalaýyn dokument däldi. Emma onuň halkara gatnasyklaryna ýetiren oňyn täsiri uludy. Ýakyn Gündogar gapma-garşylygy. 1973-nji ýyldaky arap-ysraýyl urşy. Ýewropada dartgynlylygyň birneme gowşandygyna garamazdan, birnäçe ýerlerde dawalar dowam edýärdi. 70-80-nji ýyllarda Ýakyn Gündogar 242 ýene-de dawalaryň ýitileşen ýerine öwrülipdi. Palestina meselesiniň çözülmändigi sebitiň parahat ýaşaýan halklary üçin elmydama howp salýardy. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi 1967-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Ysraýylyň basyp alan arap çäklerinden çykmaklygyny talap edýän karar kabul etdi. Emma ol karar ýerine ýetirilmedi. 1973-nji ýylda dördünji arap-ysraýyl urşy tutasdy. Arap ýurtlary Ysraýylyň üstüne duýdansyz çozdy. Müsüriň ýaragly güýçleri Sues kanalyndan geçip, Sinaý ýarymadasyna çozdy. Siriýa Golan belentlikleriniň sebitinde söweş hereketlerini ýaýbaňlandyrdy. Uruş netijesiz tamamlandy we harby ýol bilen meseläni çözüp bolmajakdygyny ýene bir gezek subut etdi (seret: §47). 1971-nji ýylyň hindi-päkistan urşy. Päkistandan ýurduň Gündogar bölegi bölünip aýrylyp, 1971-njiýylyň 26-njy martynda Bangladeş döwletiniň döredilýändigi yglan edilipdi (seret: §38). Iki goňşy döwletiň arasynda 1971-nji ýylyň dekabrynyň başlarynda uruş başlandy. Uruş netijesinde Päkistanda Ýahýa han wezipesinden aýryldy we 16-njy dekabrda Päkistan urşy bes etdi. Eýran-Yrak urşy (1980-1988). Eýran-Yrak urşy serhetýaka Şatt el-Arap derýasynyň üstünde başlandy. Serhet dawalaryny düzgünleşdirmek baradaky 1913, 1934, 1969, 1975-nji ýyllardaky şertnamalar meseläni oňyn çözüp bilmändi. 1980-nji ýylyň sentýabrynda Eýran bilen Yragyň arasynda uruş başlandy. Uruş uzaga çekiji häsiýete geçdi. Taraplar ýaraglanyşyk üçin ummasyz çykdajylar edýärdiler. 1986-njy ýylyň ahyryna çenli ýarag we harby enjamlary satyn almak üçin Yrak 55 mlrd dollar, Eýran bolsa 25 mlrd dollar harçlapdy. 243 «Portlaryň we şäherleriň urşy» adyny alan bu uzaga çeken urus taraplary halys surnukdyrypdy. Taraplara töwella etmekde BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, Şwesiýanyň premýer-ministri Ulof Palme uly hyzmat bitirdi. 1987-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi eýran-yrak urşuny bes etmek barada 598-nji rezolýusiýany kabul etdi. 1988-nji ýylyň awgustynda uruş hereketleri togtadyldy. Uruş resmi ýagdaýda 1990- -njy ýylda Yragyň teklibi bilen, Eýran-Yrak şertnama- synyň baglaşylmagy bilen ýatyryldy. Uruş hiç hili netijesiz gutardy. Eýran-yrak urşunda 1 milliondan gowrak adam wepat boldy. Iki döwlete-de urşuň ýetiren maddy zyýany 400 mlrd amerikan dollaryna barabar boldy. 70-80-nji ýyllardaky beýleki sebitara dawalar. Ykdysady, territorial, etniki, dini we milletara düşünişmezlikleriň netijesinde ýüze çykan dawalaryň hataryna Kiprdäki türk-grek, Beýik Britaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky dawalary goşmak bolar. 1982- -nji ýylda Argentina Beýik Britaniýa degişli Folklend (Malwin) adalaryny basyp almaga synanyşdy (seret: §18). Afrikadaky gapma-garşylyklaryň köpüsi halkara gatnaşyklarynda dartgynlylyga getirdi. Liwiýa bilen Çadyň arasyndaky dawalary kadalaşdyrmaga Fransiýa we ABŞ ýardam berdi. 70-nji ýyllarda Namibiýa meselesi ýitileşdi. 01 dawalar Namibiýanyň garaşsyzlygynyň yglan edilmegi bilen tamamlandy. 1983-nji ýylda ABŞ Grenada, 1989-njy ýylda Panama ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin goşun saldy. SSSR Angoladaky, Efiopiýadaky, Nikaraguadaky wakalara goşuldy. SSSR Owganystanda 9 ýyl 53 günläp yglan edilmedik uruş alyp bardy. «Çöldäki harasat». 1990-njy ýylyň 2-nji awgustynda Pars aýlagy sebitinde täze dartgynlylyk emele geldi. 244 Yrak Kuweýti basyp alyp, ony Yragyň 19-njy welaýaty diýip yglan etdi. Yragyň bu hereketine garsy ABŞ-nyň baştutanlygyndaky NATO-nyň agzalary, arap döwletleriniň aglabasy çykyş etdiler. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi 1991-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli Kuweýtiň territoriýasyndan yrak goşunlarynyň eykarylmagyny talap etdi. Yragyň Prezidenti Saddam Hüseýin talapnama jogap bermedi. Dünýä ýurtlarynyň 28-siniň gatnaşmagynda amerikan generaly N.Şwarskopfyň ýolbaşçylygynda Kuweýti azat etmegiň meýilnamasy işlenip düzüldi. Bu meýilnama «Çöldäki harasat» adyny aldy. 1991-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Bagdat wagty bilen daňdan sagat 3-de Yraga garşy uruş başlandy. Uruş 42 gün dowam edip, 27-nji fewralda Kuweýt doly azat edildi. Şol günüň ertesi uruş hereketleri ýatyryldy. 1991-nji ýylyň 3-nji martynda Yrak garşydaşlarynyň şertlerini kabul edip, ylalaşyk baglaşdy. Oňa laýyklykda Yrak Kuweýtden alyp giden ähli emlägini yzyna gaýtarmalydy. Ähli ýesirleri boşatmalydy. Şeýle-de, Kuweýtiň territoriýasyna bolan dawasyny bes etmelidi. Oňa ýetiren zyýany üçin kontribusiýa tölemelidi. Yrak halkara gözegçileri üçin özüniň ähli harby desgalaryny görkezmäge ylalaşdy. Soraglar 1. Helsinki Jemleýji resminamasynyň mazmuny nämeden ybarat? 2. 1971-nji ýylyň hindi-päkistan urşunyň tutaşmagynyň sebäbi nämedi? 3. Näme üçin Eýran-Yrak urşuna «portlaryň we şäherleriň urşy» diýilýär? Bu uruşda taraplar nähili ýitgi çekdi? 4. Näme üçin ABŞ bilen SSSR sebitara dawalaryna içgin goşulýardylar? 5. «Çöldäki harasat» nähili tamamlandy?

245 §50. 70-80-nji ýyllarda sowet-amerikan gatnaşyklary

Sowet-amerikan gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga tarap öwrüm. Dünýäde parahatçylygy goramak, ilkinji nobatda, SSSR bilen ABŞ-nyň özara gatnaşyklaryna baglydy. Bu iki döwletiň gatnaşyklary gowulaşsa, halkara gatnaşyklaryna rahatlyk aralaşýardy, erbetleşse çylşyrymlaşyp baslaýardy. 60-njy ýyllaryň ahyrynda ABŞ-nyň we SSSR-iň ýolbaşçylary birek-birege garşy durmakdan ýadapdy. ABŞ-ny Wýetnam urşy surnuk- dyran bolsa, SSSR-i özüniň Hytaý bilen barha dartgynlaşýan gatnaşyklary biynjalyk edýärdi. Sowet- -hytaý gatnaşyklary has ýitileşip, 1969-njy ýylda Amur derýasynyň Daman adasynyň sebitinde ýaragly çaknyşyklar bolup geçdi. 60-njy ýyllarda SSSR we ABŞ harby kuwwatlylygyny artdyrmak üçin harajat gaýgyrmadylar. Döredilen ýaraglaryň güýji aklyňy haýran ederlikdi. Olar Ýer ýüzündäki ýaşaýşy ençeme sapar ýok etmäge ýetjekdi. Rüstemligi görkezmek üçin döredilen bu ýaraglar indi gorkynyň we dartgynlylygyň çeşmesine öwrülipdi. Sowet we amerikan ýolbaşçylary herniçigem bolsa ýaraglanyşy- gyň haýdadylmagynyň düzgünleşdirilmeginiň zerur- dygyna düşündiler. Strategik ýaraglaryň çäklendirilmegi. Karib krizisi (seret: §48) beýik döwletleriň raketa-ýadro ýaragla- nyşygyň erbet netijelere getirmeginiň mümkindigini, ýaraglanyşygy düzgünleşdirmegiň zerurdygyny görkezdi. 1969-njy ýylda strategik ýaraglary çäklendir- mek barada sowet-amerikan gepleşikleri başlandy. Iki döwletiň baştutanlarynyň duşuşygy dartgynly gatnaşyk- laryň birneme gowşamagyna badalga boldy. 246 ABŞ-nyň Prezidenti R.Niksonyň SSSR-e sapary mahalynda (1972-nji ýylyň 22-30-njy maýy) bilelikde 10- dan gowrak resminamalara gol çekildi. Olaryň iň m öhüm i raketa hüjüminden goranyş ulgamyny çäklendirmek baradaky şertnamadyr. L.I.Brežnew bilen ABŞ-nyň täze Prezidenti J.Forduň duşuşygy (1974-nji ýylyň 23-24-nji noýabry) strategik hüjüm ediş ýaraglaryny çäklendirmekde öňe ädilen ýene bir ädim boldy. Emma 70-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap sowet- -amerikan gatnaşyklaryna sowuklyk aralaşdy. Basym taraplar ýene-de gepleşikler stolunyň başyna geçmegi makul bildiler. 1979-njy ýylyň 15-18-nji iýunynda Wenada L.I.Brežnew bilen ABŞ-nyň Prezidenti J. Karteriň arasynda gepleşikler boldy. Strategik hüjüm ediş ýaraglaryny çäklendirmek baradaky şertnama bu duşuşygyň möhüm netijesi boldy. Her ýurduň kontinentara we uzak aralyga atylýan raketalarynyň 2400 birlikden köp bolmaly däldigi ylalaşyldy. Ýaraglanyşygyň haýdadylmagy. 1979-njy ýylyň dekabrynda SSSR-iň Owganystana goşun girizmegi sowet- -amerikan gatnaşyklaryny erbetleşdirdi. Tkraplar ýene- -de ýaraglanyşygy haýdatmaga bat berdi. ABŞ 1980-nji ýylda Moskwada bolan sport olimpiya oýunlaryna gatnaşmady. Ýaraglaryň barha kämil nusgalary öndürilip başlandy. ABŞ orta uzaklyga atýan «Perşing-2» kysymly ganatly raketalary öndürmäge girişdi. Sowet Soýuzy orta uzaklyga atýan, eýýäm könelişen SS-4 we SS-5 kysymly raketalaryny täze SS-20 kysymly raketalara çalyşdy. Olaryň Ýewropada ýerleşdirilip başlanmagy ABŞ-ny uly howsala goýdy. Muňa jogap edip ABŞ-nyň «Perşing-2» kysymly raketalary Ýewropa getirildi. 247 Sowet hökümeti harby taýdan howp salmak syýasatyny saýlap aldy. 1983-nji ýylyň noýabrynda SSSR-iň ygtyýarly wekilçiligi ABŞ bilen dowam edýän gepleşiklerini kesdi. 1983-nji ýylda ABŞ-nyň Prezidenti R.Reýgan «strategik goranmak inisiatiwasyny» yglan etdi. 01 raketalara garşy ýaraglaryň täze «neslini» işläpdüzmäge esaslanýardy. Bu ýaraglar gönüden-göni kosmosa çykarylyp ulanylmalydy. Şonuň üçin ol «ýyldyzlarurşy» maksatnamasy adyny alypdy. Beýle ýaragyň peýda bolmagy strategik hüjüm ediş ýaraglaryny azaltmak baradaky ähli şertnamalar ulgamyny puja çykarjakdy. ABŞ-nyň Ýewropada ýerleşdiren raketalary Sowet Soýuzynyň Ýewropa bölegini tozduryp biljekdi. Gatnaşyklaryň erbetleşen- digini SSSR we onuň ýaranlarynyň öz sport türgenlerini 1984-nji ýylda Los-Anželesde (ABŞ) bolan Olimpiýa oýunlaryna bilgeşleýin ibermändigi hem görkezýärdi. 1986-njy ýylyň oktýabrynda SSSR-de strategik raketa göterijilerde 10 miiň sany ýadro däribaşy, ABŞ- -da bolsa 14,8 müň ýadro däribaşy jemlenipdi. Olaryň her biriniň güýji Hirosima we Nagasäkä taşlanan atom bombasynyňkydan ep-esli güýçlüdi. M.S.Gorbaçýowyň «täzeçe syýasy pikirlenme» ugry. M.S.Gorbaçýow häkimiýete gelende ilkibada özüniň daşary syýasat ugruny üýtgetmezden halkara gatnaşyklarynda kadaly ýagdaýy döretjek boldy. Emma durmuş daşary syýasat ýörelgesiniň many-mazmunyny täzelemegi talap etdi. 01 Gorbaçýowyň «täzeçe syýasy pikirlenme» maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. Onuň esasy düzgünleri aşaky ýörelgelere syrygýardy: 1. Häzirki zaman dünýäsiniň gapma-garşy iki sany jemgyýetçilik syýasy ulgama (kapitalizm we sosializm) bölünýändigi hakdaky netijeden ýüz öwrülmegi; 248 2. Halkara meseleleri çözülende güýç ulanmazlygy; 3. Halkara meseleleriň çözgüdi hökmünde iki ulgamyň güýçleriniň gatnaşygyndan däl-de, eýsem, olaryň bähbitleriniň deňeçerliginden ugur alynmagy; 4. Proletar internasionalizm ýörelgesinden ýüz öwrülmegi hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň synpy, milli, ideologik we dini gymmatlyklardan ileri tutulmagy. Mazmunyndan görnüşi ýaly, bu pikirler öň aýdylmadyk, düýbünden täze pikirler däldi. 01 I. Kantdan başlap, M. Gandi, A. Eýnşteýn, B. Rassel ýaly ynsanperwer akyldarlar tarapyndan öň aýdylypdy. Sowet ýolbaşçysy bu pikirlere pelsepewi äheň berip, ony özüniň daşary syýasat ýörelgesiniň hamyrmaýasyna öwürdi. SSSR bilen ABŞ-nyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar her ýylda geçirilip başlandy (1985-nji ýylyň noýabry — Ženewada, 1986-njy ýylyň oktýabry — Reýkýawikde, 1987-nji ýylyň dekabry — Waşingtonda, 1988-nji ýylyň iýuly — Moskwada). Bu gepleşikleriň netijesinde 1987-nji ýylyň 8-nji dekabrynda uly taryhy ylalaşyga gelindi. SSSR we ABŞ ýakyn we orta uzaklyga atýan raketalary ýok etmek barada şertnama gol çekdiler. Taraplar ilkinji gezek ýaraglanyşygy çäklendirmekden ýaraglary ýok etmäge tarap ugur aldylar. Waşington şertnamasy, SSSR bilen ABŞ-nyň ýadro gorlarynyň bary-ýogy 4% kemeltmegi göz öňünde tutýandygyna garamazdan, halkara gatnaşyklarynda gazanylan uly ýeňiş boldy. 1991-nji ýylyň iýulynda Moskwada ýokary derejedäki sowet-amerikan duşuşy- gynyň netijesinde strategik hüjüm ediş ýaraglaryny çäklendirmek baradaky şertnama gol çekildi. 01 iki ýurduň bu kysymly ýaraglarynyň üçden birini kemeltmegi göz öňünde tutýardy. 249 1989-njy ýylyň martynda Wenada başlanan Warşawa şertnamasy we NATO guramasyna girýän 23 döwletiň arasyndaky gepleşikleriň halkara gatnaşyklaryna oňyn täsiri uly boldy. Onuň netijesinde Atlantikadan Urala çenli bu iki guramanyň ýaraglaryny düýpli kemeltmek barada şertnama gol çekildi. «Sowuk urşuň» soňy. 1989-njy ýylda başlanan Gündogar Ýewropadaky parahatçylykly rewolusiýalar dünýä sosialistik ulgamyny dargatdy. SSSR indi ozalkylary ýaly, olaryň içerki işlerine goşulyp, erkin ösüşlerine böwet bolmady. Şol döwletlerden hem-de Mongoliýadan sowet goşunlary çykaryldy. 1989-njy ýylyň 15-nji fewralynda Owganystandan iň soňky sowet esgeri çykaryldy. SSSR Germaniýanyň birikdirilmegine- -de garşy bolman, gaýtam, ony goldady. 1989-1990-njy ýyllarda Sowet Soýuzy öz goşunynyň sanyny azaltdy. 1989-njy ýylyň maý-iýun aýlarynda Gorbaçýowyň Hytaýa sapary sowet-hytaý gatnaşyklarynyň kadalaşmagyna mümkinçilik berdi. SSSR Efiopiýadaky, Angoladaky, Mozambikdäki, Nikaraguadaky özara dawalara içgin goşulmagyny bes etdi. 1990-njy ýylda Pars aýlagyndaky krizisde SSSR ilkinji gezek ABŞ-nyň tarapynda durup, Yragyň Kuweýti basyp almagyny ýazgardy. 1991-nji ýylyň baharynda Warşawa Şertnamasy Guramasynyň, dekabr aýynda bolsa SSSR- -iň dargamagy «Sowuk urşuň» tamamlanandygyny aňladýardy. 70-80-nji ýyllaryň halkara gatnaşyklarynda BMG- -niň orny. 70-80-nji ýyllaryň halkara gatnaşyklarynda BMG-niň ähmiýeti çürt-kesik artdy. Onuň düzüminiň baknalykdan halas bolan täze döwletler bilen doldurylmagy netijesinde Baş Assambleýanyň gün 250 tertibinde ýaragsyzlanmak, parahatçylygy goramak, baknalyga we aparteide garşy göreşmek ýaly möhüm meseleler ýygy-ýygydan goýlup başlandy. 1970-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň XXV sessiýasynda halkara gatnaşyklaryň ýörelgeleri hakynda Jarnama kabul edildi. 80-nji ýyllaryň birinji ýarymynda halkara gatnaşyklarynda dartgynlylygyň ýitileşen döwründe hem BMG parahatçylygy goraýjy bolup çykyş etdi. 1981-nji ýylyň dekabrynda ol ýadro howpunyň öňüni almak barada Jarnamany kabul etdi. 1983-nji ýylyň 15-nji dekabrynda ýadro urşuny ýazgarýan Jarnama hem-de ýadro ýaraglaryny öndürmegi we synaglar geçirmegi bes etmäge çagyryş bilen çykyş etdi. 1984-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň münberinden kosmosda ýaraglanyşygy haýdatmazlyk baradaky çagyryş ýaňlandy. 80-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda halkara gatnaşyklaryny sagdynlaşdyrmakda BMG-niň aýratyn hyzmaty bardyr. 1989-njy ýylyň noýabrynda ABŞ we SSSR halkara krizislerini düzgünleşdirmekde hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde BMG-niň bitirýän hyzmatlarynyň zerurlygyny resmi ýagdaýda nygtadylar.

Soraglar we ýumuş 1. 70-nji ýyllarda sowet-amerikan gatnaşyklarynda nähili öwrü- lişikler bolup geçdi? Haýsy şertnamalara gol çekildi? 2. «Ýyldyzlar urşy» maksatnamasyny kim yglan etdi? 3. Gorbaçýowyň «täzeçe syýasy pikirlenme» syýasatynyň maksady näme? 4. BMG-niň halkara gatnaşyklaryndaky ähmiýetini aýdyp beriň.

251 §51. Ykdysady-syýasy bileleşikleriň döremegi. Iki asyryň sepgidinde halkara gatnaşyklary

Ikinji jahan urşundan soňra dünýä ýurtlarynyň ösüşi biri-biri bilen özara bähbitli ykdysady gatnaşyklaryň netijesinde mümkin boldy. Dünýä ýurtlarynyň ösüşinde syýasy we ykdysady bileleşikleriň ähmiýeti artdy. Olaryň içinde iň täsirlileriniň biri Ýewropa Bileleşigidir. Ýewropa Bileleşiginiň döreýşi we ösüşi. Uruşdan soň utgaşykly ösýän Ýewropa emele geldi. Ýewropada birleşmek meýli ösdi. Ykdysady kynçylyklar olary has-da ýakynlaşdyrdy. «Marşalyň meýilnamasy» (seret: §12) Ýewropada ykdysady bileleşige ymtylyşy ösdürdi.

Ýewropa Bileleşlglnlň agzalary Dalaşgärler

Estonlýa Latwiýa

Irlandiýa Gollandlýa

fežar-... Rumyrtiýa 1 Fran«lýa Stowt,1'

Töritiýa

Portugall Ispanlýa

252 1957-nji ýylda 6 döwlet — Belgiýa, Italiýa, Lýuksemburg, Nideriandiýa, GFR, Fransiýa Ýewropa ykdysady hyzmatdaşlygyny döretmek barada Rimde şertnama baglasdylar. 01 «umumy bazar» adyny aldy (seret: §12). Oňa barha köp döwletler goşulyp, Ýewropa Bileleşiginiň döremegine getirdi. 1973-nji ýylda oňa Beýik Britaniýa hem goşuldy. Onuň goşulmagy bilen bu gurama Ýewropanyň iri döwletleriniň ählisini diýen ýaly öz içine alyp, beýleki döwletleriň hem oňa ymtylmagyny güýçlendirdi. 1986-njy ýyldan baslap Ýewropa ýurtlarynyň ýakynlaşmagynda täze döwür başlandy. 1991-nji ýylda Gollandiýanyň Maastriht şäherinde bolan maslahatda Ýewropa hyzmatdaşlygyny Ýewropa Bileleşigi (Ýewrosoýuz) diýip atlandyrmak karar edildi. Şol ýyl Ýewropa Bileleşigine (ÝB) girýän ýurtlar 1993-nji ýyla çenli harytlaryň, dürli hyzmatlaryň, puluň, raýatlaryň erkin hereketini üpjün edýän bitewi Ýewropa bazaryny döretmek barada ylalaşyk baglaşdylar. Eger başda 6 döwlet bileleşige giren bolsa, 1973-nji ýylda Beýik Britaniýa, Daniýa, Irlandiýa, 1981-nji ýylda Gresiýa, 1986-njy ýylda Ispaniýa, Portugaliýa, 1995-nji ýylda Awstriýa, Finlýandiýa, Şwesiýa döwletleri girdiler. 2004-nji ýylda ÝB-ne Estoniýa, Litwa, Latwiýa, Polşa, Çehiýa, Slowakiýa, Sloweniýa, Wengriýa, Malta we Kipr girdi. 2007-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda bu guramanyň hataryna Bolgariýa bilen Rumyniýa hem girdi. 2007-nji ýylyň iýulyna çenli Bileleşigiň agzalarynyň sany 27-ä ýetdi. Horwatiýa we Türkiýe ÝB-niň hataryna girmäge dalaşgärler hökmünde çykyş edýärler. Ýewropa Bileleşiginiň ştab-kwartirasy Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşýär. 253 Ýewropa Bileleşiginiň işini rejeleşdirer ýaly Yewromaslahat we Ýewroparlament döredildi. Ýewroparlamentiň ştab-kwartirasy Fransiýanyň Strasburg şäherinde ýerleşýär. Bileleşigiň üç sany anyk ugry kesgitlenildi. Olar ykdysady-maliýe taýdan, umumy daşary syýasat we howpsuzlyk meseleleri hem-de hukuk goraýyş işlerinde bilelikde göreşmekdir. 1998-nji ýylda ÝB-niň Merkezi banky döredildi. 2002-nji ýyldan başlap Ýewrobileleşige girýän ýurtlar täze pula — ýewro geçip başladylar. Umumy puluň girizilmegi Ýewropanyň ykdysadyýetine gowy täsir etdi. Sebitiň maliýe ýagdaýy gowulandy. Puluň hereketine, hümmetlilik derejesine gözegçiligi ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Ýewro pul birligi girizilenden soň 2002-2007-njy ýyllarda bileleşigiň ýurtlarynyň umumy ykdysady ösüşi 4% çemesi ýokarlandy. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary söwdasyna umumy gözegçilik ýola goýuldy. Ýewropa Bileleşigine her ýarym ýylda agza bolup durýan ýurtlaryň biri ýolbaşçylyk edýär. ÝB-ne Lýuksemburg ýolbaşçylyk eden wagty ol ýurtlaryň arasynda raýatlaryň erkin hereket etmegine degişli wiza düzgüni ylalaşyldy. Bu ylalaşyk Lýuksemburgyň Şengen diýen ýerinde baglaşylandygy üçin Şengen wizasy ady bilen meşhurdyr. Şengen wizasyna 2008-nji ýylyň başyna çenli Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan ýurtlaryň tas ählisi diýen ýaly goşuldy. Beýleki ykdysady-syýasy bileleşikler. Syýasy- -ykdysady ýakynlaşma Latyn Amerikasy ýurtlarynda hem dowam edýär. Bu ýerde şeýle birleşmeleriň ilkinjisi 1960- -njy ýylda LatynAmerikasynyň erkin söwda bilelesigi ady bilen döräp, 20 ýyldan soň ol Latynamerikan ýurtlarynyň ýakynlaşmasynyň assosiasiýasyna öwrüldi. 1988-nji ýylda 254 ABŞ bilen Kanada erkin söwda baradaky ylalaşyga gol çekdi. Biraz soňra oňa Meksika goşuldy. Şeýlelikde, Demirgazyk Amerika utgaşygy (NAFTA) emele geldi. Ýewropalylar birleşýän wagty, Amerika ýurtlary-da öz ykdysady gatnaşyklaryny has sazlaşdyrmagy makul bildiler. 1991-nji ýylda Braziliýa, Argentina we beýleki döwletler Günorta Amerika ýurtlarynyň Umumy bazaryny döretmek barada ylalaşyga gol çekdiler. 2001-nji ýylda Kwebekde iki sany amerikan kontinentiniň (Kubadan başga) ähli 35 döwleti erkin söwdanyň amerikan zolagyny döretmek barada Jarnama gol çekdiler. Aziýada 1967-nji ýylda Indoneziýa, Malaýziýa, Singapur, Tkiland, Filippinler, Bruneý we täze senagat taýdan ösen ýurtlaryň gatnaşmagynda G ünorta- -Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasy (ASEAN) döredildi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (EKO) 1992-nji ýylda täzeden janlandyryldy. Bu gurama 10

EKO girýän döwletleriň bastutanlarynyň Almaata duşusygy, 1998-nji ýyl 255 sany döwlet — Türkiýe, Eýran, Päkistan, Türkmenistan, Owganystan, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan döwletleri agza bolup durýar. Bu guramanyň agzalary özara ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine seredýän maslahatlary geçirýärler. Şonuň ýaly maslahatlaryň birnäçesi Aşgabatda hem geçirildi. Türkiýäniň teklibi bilen döredilen Gara deňiz ykdy- sady hyzmatdaşlygy (Türkiýe, Albaniýa, Gresiýa, Ermenistan, Azerbaýjan, Bolgariýa, Gruziýa, Rumy- niýa, Moldowa, Russiýa, Ukraina) hem sebitara utgaşygyň nusgalarynyň biridir. Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy hem şeýle guramalaryň biridir. Garaşsyz Türkmenistan Bitaraplyk döwlet hukuk derejesini göz öňünde tutup, oňa assosirlenen agza hökmünde gatnaşýar. Syýasy-ykdysady birleşmeleriň ýene biri Afrika Bitewiligi Guramasydyr. 011963-nji ýylda döredilip, oňa Afrika ýurtlarynyň 50-den gowragy agzadyr. 1945-nji ýylda Arap döwletleriniň ligasy atly gurama döredilip, ol Aziýanyň we Afrikanyň 20-den gowrak arap döwletlerini özüne birleşdirýär. Ýokardakylardan başga-da 1960-njy ýylda döredilen Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasy (OPEK) atly bileleşme döredildi. Onuň agzalary nebitiň öndürilişi, bahasy ýaly meselelerde utgaşykly syýasat ýöredýärler. Halkara ösüş we rekonstruksiýa banky, Halkara walýuta Gaznasy, Halkara söwda guramasy ýaly bileleşikler hem utgaşykly ösüşiň zerurlygynyň netijesinde dörän halkara guramalarydyr. Halkara howpsuzlygy ugrunda göreş. X X we XXI asyryň sepgidinde halkara howpsuzlygy meselesi ýiti halkara meseleleriniň biri bolmagynda galdy. XX asyryň ahyrynda — XXI asyryň başlarynda dünýäde parahat- 256 çylygyň kepili hökmünde BMG-niň ähmiýeti has-da artýar. 01 Eýran-Yrak urşunyň togtadylmagynda, Kuweýtden Yrak goşunlarynyň çykarylmagynda, Ýakyn Gündogarda parahatçylygy dikeltmek meselesinde köp tagalla etdi. BMG-niň «mawy papaklylary» Angolada, Mozambikde, Kambojada duşmançylykly taraplary ýaraşdyrmakda uly işleri etdiler. BMG zerur ýerlere ynsanperwer kömekleriniň berilmeginde aladalanýar. BMG-niň parahatçylyk baradaky tagallalaryny Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasy goldaýar. Halkara howpsuzlygyny üpjün etmekde NATO- -nyň täsiri artýar. 1991-nji ýylda Warşawa şertnamasy guramasy dargandan soň NATO-nyň agzalarynyň sany köpeldi. Bu gurama halkara derejesinde howpsuzlygy üpjün etmegi öz maksady edinýändigini 1999-njy ýylda ykrar etdi. 1999-njy ýylda oňa agzalyga Polşa, Çehiýa, Wengriýa kabul edildi. 2004-nji ýyldan soň ýene-de 7 döwlet (Slowakiýa, Sloweniýa, Rumyniýa, Bolgariýa, Latwiýa, Litwa, Estoniýa) bu harby gurama agza boldy. 2007-nji ýylda onuň agzalarynyň sany 26-a ýetdi. 1998-nji ýylda Serbiýada albanlar bilen serbleriň arasynda garşylyklar ýaragly çaknyşyklara ösüp geçdi. Serbiýadaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin 1999-njy ýylda NATO-nyň harby güýçleri ulanyldy. Soňra ol ýerde parahatçylygy gorap saklamak üçin BMG-niň goşunlary girizildi. Şu uruşdan 9 ýyl geçensoň, ýagny 2008-nji ýylyň 17-nji fewralynda Kosowanyň parlamenti ýurduň döwlet garaşsyzlygy hakyndaky jarnamany kabul etdi. Kosowanyň özbaşdaklygyny dünýäniň birnäçe döwletleri ykrar etdiler. 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky ABŞ-daky terrorçylyk ýer ýüzüniň parahatçylyk söýüji halklaryny

17. Sargyt Ns 693. 257 biparh goýmady. Dünýä ýurtlary, şol sanda Türkme- nistan hem halkara terrorizminiň bigünä pidalaryna gynanç bildirdiler. Halkara terrorizmine garşy dünýä derejesinde göreş güýçlendi. 2001-nji ýylyň sentýabr- -dekabr aýlarynda ABŞ-nyň başda durmagynda NATO- -nyň harby güýçleri «Synmajak erkinlik» atly harby çäräni geçirdi. Onuň netijesinde terroristleriň Owganystandaky bazalary we terrorçylyga daýanýan talybanlaryň düzgüni syndyryldy. 2003-nji ýylyň mart aýynda NATO-nyň harby güýçleri «Yraga erkinlik» atly harby herekete başladylar we Saddam Hüseýniň diýdimzorlyk düzgüni 2003-nji ýylyň aprel aýynda syndyryldy. «Sowuk uruş» döwrüniň tamamlanmagy bilen halkara gatnaşyklarynda öňki ýaly dartgynlylyk bolmady.

Soraglar we ýumuşlar 1. Ýewropa Bileleşigi barada gürrüň beriň. 2. Internet ulgamynyň maglumatlary boýunça häzirki wagtda ýewro pul birligine geçen ýurtlary sanaň. 3. Latyn Amerikasynda, Aziýada we Afrikada döredilen syýasy- -ykdysady guramalar we olaryň işi barada gürrüň beriň. 4. OPEK guramasynyň işiniň mazmuny nämeden ybarat?

§52. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynda

1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň döredilýändigi jar edildi. Ýaş türkmen döwletiniň çözmeli wajyp meseleleriniň biri-de dünýäniň beýleki döwletleri we halklary bilen deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmakdy. Halkara gatnaşyklarynda türkmen döwletiniň ornuny tapmakdy.

258 Gysga döwrüň ieinde Garaşsyz döwletimiziň dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilmegi bu ugurda gazanylan ilkinji Ustünlikdi. Yas tiirkmen diploma- tiýasy garassyzlygyň il^nj günlennden başlap halkara gatnasygynda isleniUP duzulen bfylekl dowletlenn iCki islerine gatysmazly^ dawaly mesele eri guyç ulanmazdan, geplesikler arkaly oözmek tarap aryn deňhukuklylygy, birek-bireg ň terntonal bitewihgim hormatlamak ýaly ýörelgelerden ugur aldy. 19 91 -n ji ýylyň gUýzünde garassyz bolan Türkmenistan eýýäm l992-nü Ý j W b?«lanrynda blrnäf halkara guramalaryna kabul edildi. 1992-nji yylyn 5- -nji fewralynda Türknienistan Yewropada Howpsuz yk we Hyzmatdaslyk, 16-synda Ykdysady Hyzmatdaslyk Guramasyna (EKO) agza boldy. Şol ýylyň dowamynda ol Halkara walýuta gaznasynyň, Halkara ösüş we rekonstruksiýa bankynyň. Halkara maliýe korporasiya- synyň, Halkara ösüs birlegiginiň agzalygyna-da kabul edildi. ^ 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap Turkmemstan Birlesen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasydyr. 1992-nji ýylyň 15-nji aprelinde ol BMG-niň Aziýa we Ýnwas okeany sebiti baradaky Ykdysadyýet we durmus toparynyň agzalygyna kabu edi 1. TUrkmen döwletinm halkara gatnasyklarynda gazanan iň uly UstUnlikleriniň biri onuň hemiselik Bitaraplyk derejesini almagydyr. 199 -njiýy yn ^ -nji dekabrynda BMG-niň Bas Assambleýasy dünyänin 185 döwletiniň wekilleriniň gatnasmagynda biragyzdan «TUrkmenistanyň he»iselik Bitaraplygy. hakyndaky Rezolýusiýany kabul etdi. Şeýdip, dunyäde BMG tarapyndan resmileşdirilen ilkinji Bitarap döwlet peyda boldy. 01 biziň ata Watanymyzdyr. Biz oňa guwanmaly we buýsanmalydyrys- 259 Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmegi döwletimiz, halkymyz üçin uly wakadyr. Bitaraplyk Garaşsyzlygymyzdan soň gazanan uly ýeňşimizdir. 01 dünýäniň ähli döwletleri bilen dostluk-doganlyk gatna- şygyny saklamaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji dekabry Bitaraplyk güni hökmünde baýram edilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi bilen baglylykda onuň paýtagty Aşgabat ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Onda parahatçylykly ýaşaýşy ýola goýmak maksatly gepleşikleriň ençemesi geçirildi. Biz Aşgabatda bolup geçen täjigara we owganara gepleşiklerini olara mysal hökmünde görkezip bileris. Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählihalk tarapyndan Türkmenis- tanyň Prezidentligine saýlanmagy bilen döwletimiziň halkara gatnaşyklaryndaky işjeňligi has artdy. Türkmenistan dünýä üçin açyk ýurda öwrüldi. Gysga döwrüň içinde beýleki döwletleriň ýolbaş- çylary bilen ikitaraplaýyn we köp- taraplaýyn gepleşikleriň ençemesi Türkmenistanyň geçirildi. Paýtagtymyz Aşgabat Prezidenti Gurbanguly halkara guramalarynyň sebitleýin Berdimuhamedow merkezleriniň işleýän ýerine, halkara maslahatlaryň, ýygnanyşyklaryň, gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Türkmenistanyň halkara abraýy gün-günden artýar. 2007-nji ýylda Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň wise-Başlyklygyna saýlandy. Şol ýylyň dekabrynda Aşgabatda BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit Merkezi döredildi. Bu bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan 260 bilen BMG-niň arasynda netijeli hem-de oňyn hyzmat- daşlygyň ýene bir ajaýyp nusgasydyr. Reformatorçylyk syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilmesiniň alamaty hökmünde BMG 2008-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy «Informasiologiýada bitiren beýik hyzmatlary üçin» atly Ýokary Halkara ordeni hem-de «Parahatçylygy geljek nesiller üçin gorap saklalyň» diýen diplom we hrustal skulptura bilen sylaglady. 2007-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji sessiýasyna gatnaşdy. Onda Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Türkmenistanyň BMG bilen gatnaşyklary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji sessiýasynyň mejlisleriniň birine başlyklyk edýän pursady, 2007-nji ýyl 261 barada çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda: «Türkmenistan häzirki wagtda dünýä üçin açykdyr, ähli ugurlar boýunça tagallalary giňden birleşdirmäge açykdyr. Biziň ýurdumyz BMG bilen bilelikde halkara hukugynyň ýörelgeleriniň, ynsanperwerligiň, adalatlylygyň, oňşuklylygyň, birek- -birege sarpa goýmagyň asylly maksatlarynyň döwletleriň arasyndaky häzirki zaman gatnaşyklary kesgitleýji şertler hökmünde berkarar bolmagynyň hatyrasyna mundan beýläk-de işlemäge taýýardyr» diýip nygtady. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji sessiýasynyň mejlisleriniň biriniň işine hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmegi bolsa Dünýä Bileleşiginiň Garaşsyz Diýarymyzyň Baştutanynyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyna hormat goýýan- dygyndan, ony goldaýandygyndan nyşandyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 20-nji martynda ýurdumyzyň diplomatik korpusy bilen geçiren maslahatynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň 125 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Halkara guramalarynyň 40- -dan gowragynyň agzasy boldy. Aşgabatda halkara guramalarynyň we birleşikleriň wekilhanalarynyň 18-si işleýär. Türkmenistan dünýäniň 80-den gowrak döwleti bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýar. Türkmenistan Bitaraplyk döwlet derejesine laýyklykda, harby-syýasy bileleşiklere we birleşiklere goşulmaýar. Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiniň gysga taryhy döwründe ýurdumyzyň döwlet ýolbaşçylary dünýäniň Russiýa, ABŞ, GFR, Fransiýa, Awstrýa, Ukraina, Belgiýa, Türkýe, Eýran, Hytaý, Hindistan, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Päkistan, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Owganystan, 262 Azerbaýjan ýaly onlarça döwletlerinde bolup, ýokary derejeli gepleşikleri geçirdiler hem-de sebit we ýurt ähmiýetli ylalaşyklary baglaşdylar. Halkara hyzmat- daşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ençeme halkara ähmiýetli taslamalar amala aşyryldy we aşyrylýar. Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystandan Eýrana barýan demir ýoluň gurluşygy, Türkmenistandan Hytaýa çekilýän gaz geçiriji, Türkmenistan— Owganystan—Päkistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, Hazar deňziniň kenarynyň bir böleginiň erkin ykdysady zolak diýlip yglan edilmegi we beýlekiler ykdysady hyzmatdaşlyklaryň, şeýle hem halkara gatnaşyklaryň oňatlaşmagynyň netijeleridir. Türkmenistan serhetdeş goňşy döwletler bilen özara ynanyşmak arkaly doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Täze Galkynyş döwründe goňşular bilen gatnaşyklar Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde hil taýdan täze döwre gadam basdy. 1800 kilometr serhetdeş Özbegistan, 1200 kilometrlik serhetdeş Eýran, 800 km serhetdeş Owganystan bilen hakyky dostluk-doganlyk gatnaşyklary ösýär. Gazagystan, Azerbaýjan bilen hoşniýetli gatnaşyklar barha dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy Özbegistan döwleti bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykardy. 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana, 2008-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana resmi iş saparlary türkmen-özbek doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşine täze badalga berdi. Özbegistanyň Prezidenti I. Karimowa «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy», Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Daşkendiň Medisina Akademiýasynyň hormatly doktory diýen alymlyk 263 derejesiniň berilmegi iki halkyň birek-birege goýýan sarpasyndan nyşandyr. Özbegistanyň Prezidenti Islam Karimow 2008-nji ýylyň martynda hormatly Prezidentimiz bilen duşuşygynda iki halkyň arasyndaky dost-doganlygy nygtap: «Her bir özbegiň öýünde siz Magtymgulynyň goşgular kitabyny görersiňiz, her toýda-tomaşada hökman Magtymgulynyň sözlerine aýdym aýdylýar, türkmenlerde hem Nowaýyny bilmeýän ýokdur» diýip belleýär. Goňşular bilen ýakynlaşdyrýan gara we demir ýollaryň gurulmagy, Eýran bilen bilelikde gurulan «Dostluk» suw howdanynyň işe girizilmegi, Owganystanyň demirgazyk etraplarynyň türkmen hünärmenleriniň kömegi bilen elektrikleşdirilmegi we ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasy bilen üpjün edilmegi onuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan Hazar deňzi boýunça goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Hazar deňziniň kenarlarynda Garaşsyz döwletleriň döremegi deňziň hukuk derejesine täzeden seretmegi gün tertibinde goýdy. Türkmenistanyň teklibi bilen 2002-nji ýylda Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça Hazarýaka döwletleriniň ilkinji Sammiti Aşgabatda geçirildi. Bäş ýyldan soň Hazarýaka döwletleriniň döwlet ýolbaşçylary (2007-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda) Tähranda ikinji Sammiti geçirdiler we şeýle duşuşyklary her ýyl geçirmek barada ylalaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň maý aýynda Azerbaýjana bolan resmi sapary iki goňşy döwletiň arasyndaky dostlykly gatnaşyklara täze badalga berdi. Hormatly Preziden- timize Baku döwlet uniwersitetiniň hormatly doktory diýen alymlyk derejesi berildi.

264 Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly: «Ýewropa ugry Türkmenistanyň daşary syýasat we daşary ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar». Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň noýabrynda Brýussele resmi sapary mahalynda Ýewropa Komissiýasynyň Prezidenti, Ýewroparlamentiň baştutany, ÝB-niň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça Ýokary wekili we beýleki wezipeli adamlar bilen duşuşyklary boldy. Gepleşiklerde iki tarapyň arasynda ýangyç-energetika, oba hojalygy, dokma senagaty, gumanitar sferada hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine seredildi. Türkmenistan bilen NATO-nyň arasynda 1994-nji ýyldan bäri gatnaşyklar dowam edýär. Şol ýyl Türkmenistan NATO-nyň aýry-aýry döwletler bilen iki taraplaýyn esasda durmuşa geçirilýän «Parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly maksatnamasyna goşuldy. NATO «Wirtual Ýüpek ýoly» taslamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamynda Internetiň halkara maglumatlar bazasyndan peýdalan- magyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz 2007- -nji ýylyň noýabrynda Brýussele resmi iş sapary mahalynda NATO-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy. 2008- -nji ýylyň 2-4-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz NATO-nyň Buharestde geçirilen Sammitine gatnaşdy. Türkmenistanyň saglygy goramagyň Halkara guramasy (SGHG), BMG-niň ilat gaznasy, BMG-niň ýanyndaky SPID-e garşy göreşýän Merkez, UNISEF (BMG-niň çagalygy we eneligi goramak meseleleri baradaky guramasy), UNESKO (BMG-niň ylym, bilim 265 we medeniýet meseleleri baradaky guramasy) ýaly ýöriteleşdirilen Halkara guramalary bilen hyzmat- daşlygy gitdigiçe giň gerim alýar. 1999-njy ýylda gadymy Merwiň, 2006-njy ýylda Köneürgenjiň, 2007- -nji ýylda Nusaýyň UNESKO tarapyndan umumy- adamzat taryhy gymmatlygy hökmünde Bütindünýä mirasynyň sanawyna hasaba alynmagy guwandyryjy wakadyr. Türkmenistan soňky döwürlerde halkara ylmy maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Türkmenis- tanyň başga döwletlerdäki, başga döwletleriň hem Türkmenistandaky medeniýet günleri guralýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösen, açyk ýurda öwürmek barada alyp barýan täze Galkynyş we beýik özgertmeler syýasaty netijesinde Bitarap Türkmenis- tanyň halkara abraýy barha artýar. «Döwlet adam üçindir» diýen şygary baýdak edinen hormatly Preziden- timiziň alyp barýan daşary syýasaty halkymyzyň parahat, asuda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Soraglar we ýumuşlar 1. Garaşsyz Türkmenistan haçan BMG-niň doly hukukly agzasy bolandygy barada gürrüň beriň. 2. Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň näçe döwleti bilen diplo- matik gatnaşyklary ýola goýdy? 3. Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklary barada aýdyp beriň. 4. Türkmenistan haýsy halkara guramalary bilen işjeň hyzmat- daşlyk alyp barýar?

266 V B A P XXI ASYRYŇ BAŞLARYNDA DÜNÝÄNIŇ SYÝASY KARTASY

§53. XXI asyryň başlarynda dünýäniň syýasy kartasy

XXI asyryň başlaryndaky dünýäniň özbaşdak döwletleri. XX asyryň başyndan başlap XXI asyryň başyna çenli dünýäniň syýasy kartasy tanalmaz ýaly derejede özgerdi. Eger-de 1900-nji ýylda dünýäde bary- -ýogy 55 sany özbaşdak döwlet bolan bolsa, Ikinji jahan urşunyň öňüsyrasynda olaryň sany 71-e, Ikinji jahan urşunyň yzýany — 1947-nji ýylda bolsa — 81-e ýetdi. Özbaşdak döwletleriň sany XXI asyryň başyna çenli has-da artdy. Häzirki döwürde dünýäniň syýasy kartasynda jemi 230-dan gowrak ýurtlar we territoriýalar görkezilen bolsa, 2008-nji ýylyň başyna çenli şolaryň 193-si BMG-niň agzasydyr. Özbaşdak döwletleriň ýarsy diýen ýaly Ýewraziýa materiginde, 50-den gowragy Afrikada, galanlary Amerikada, Awstraliýada we Okeaniýada ýerleşýärler. Dürli sebäplere görä käbir döwletler öň ikä bölünipdiler. Şeýle döwletlerden 1976-njy ýylda Wýetnam, 1990-njy ýylda Germaniýa, Ýemenbirleşdiler. XX asyryň ahyrlarynda dünýä döwletleriňiň sanynyň artmagyna sebäp bolan käbir ýagdaýlara seredeliň. 1991-nji ýylda SSSR-iň dargamagy bilen dünýäde 15 sany özbaşdak döwlet döredi. Şolaryň biri Garaşsyz Türkmenistanymyzdyr. 1993-nji ýylda Çehiýa Slowakiýa bilen parahat- çylykly ýagdaýda aýrylyşdy we hersi özbaşdak döwlet boldular. Ýugoslawiýa federasiýasynyň dargamagy bilen 267 birnäçe özbaşdak döwletleriň döremegi, Afrikada Namibiýanyň (1991-nji ýyl), Eritreýanyň (1993-nji ýyl) özbaşdaklyk gazanmaklary, Okeaniýada birnäçe ýerlere özbasdaklyk berilmegi dünýäde özbaşdak döwletleriň sanyny artdyrdy. Döwlet gurluşynyň görnüşleri. Dünýä döwletleri döwlet gurluşy, geografik ýerleşişi, tutýan meýdany, ilatynyň sany boýunça dürli-dürlidirler. Döwlet gurluşy boýunça dünýä döwletleri respublika we monarhiýa (patyşalyk) dolandyryşly döwletlere bölünýär. Dünýäniň garaşsyz döwletleriniň esasy bölegi, ýagny 150-ä golaýy respublika gurluşly döwletlerdir. Respub- lika latyn sözi bolup «res» — iş, «publikus» — jemgyýet- çilik, ählihalk diýmegi aňladýar. Respublikalarda döwletiň baştutany halk tarapyndan saýlanýar. Biziň Garaşsyz Türkmenistanymyz hem halk tarapyndan saýlanan prezident tarapyndan dolandyrylýan respub- likadyr. Monariýa (patyşalyk) gurluşly döwletlerde ýurdy monarh (patyşa) dolandyrýar. Ýadyňyzda bolsa, XX asyryň başynda monarhiýa gurluşly ýurtlar köpdi, respublika gurluşly döwletler bolsa gaty azdy. Häzirki wagtda (2008-nji ýylda) dünýäde 29 sany monarhiýa gurluşly döwlet bar. Olaryň 13-üsi Aziýada, 12-si Ýewropada, 3-üsi Afrikada, biri Okeaniýada ýerleşýär. Amerikada monarhiýa gurluşly döwlet ýok. Monarhiýa gurluşly döwletlere Beýik Britaniýa, Belgiýa, Daniýa, Ispaniýa, Niderlandlar, Norwegiýa, Şwesiýa, Ýaponiýa, Bahreýn, Bruneý, Iordaniýa, Kamboja, Katar, Kuweýt, Malaýziýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman, Tailand, Marokko we beýlekiler degişlidir. 2008-nji ýylyň maý aýynda Nepalda 240 ýyllap dowam eden monarhiýa gurluşy ýatyrylyp, ýurt respublika öwrüldi. 268 Köp ilatly ýurtlar. Dünýä döwletleri ilatynyň sany boýunça-da dürlidir. Olaryň iň köp ilatlylary Hytaý (1 mlrd 313 mln), Hindistan (1 mlrd 81 mln), ABŞ (297 mln), Indoneziýa (222 mln), Braziliýa (180 mln), Päkistan (157 mlri), Bangladeş (149 mlri), Russiýa (142 mlri), Ýaponiýa (128 mlri), Nigeriýa (127 mln) ýaly döwletlerdir". Şu döwletlerde dünýäniň 60% halky ýaşaýar. Dünýäniň ilatynyň sany X X asyrda has çalt köpeldi. Eger-de 1900-nji ýylda dünýäniň ilatynyň sany 1 mlrd 658 mln bolan bolsa, 2004-nji ýylyň maglumatlary boýunça ol 6 mlrd 377 milliona ýetdi. Dünýäniň ilatynyň 60%-den gowragy Aziýada, 13%-den gowragy Afrikada, 12%-i Ýewropada, 8,5 %-i Latyn Amerika- synda, 5%-den gowragy Demirgazyk Amerikada, 0,5 % -den gowragy hem Awstraliýa we Okeaniýada ýaşaýar. Dünýä dinleri. Hristian, yslam, buddizm dinleri dünýä dinleri hasaplanýar. Hristian dini oňa uýýan adamlaryň sany boýunça dünýäde iň uly dindir. Hristian dini üç sany esasy ugra bölünýär: prawoslawçylyk, katolikçilik we protes- ta n tçylyk. Hristian dini Ýewropada, Amerikada, Awstraliýada köp ýaýrandyr. Aziýanyň, Afrikanyň käbir ýurtlarynda hem bu dine uýýanlar bar. Rim papasy katolikleriň ýolbaşçysy hasaplanýar. XX asyryň ahyrynda bu dine uýýan adamlaryň sany 2 milliarda ýakynlaşdy. Yslam dini dünýä dinleriniň içinde iň ýaşydyr. Muňa garamazdan, ol gaty giň gerim bilen dünýä ýaýran dindir. Yslam dini özüne uýýan adamlarynyň sany boýunça-da dünýäde ikinji ýerde durýan dindir. Sünnülik

* Köp ilatly döwletleriň ilatynyň sany 2004-nji ýylyň maglumatlary boýunça görkezildi. 269 we şaýylyk yslam dininde tapawutlanýan esasy iki ugurdyr. Olar hem öz gezeginde birnäçe mezheplere bölünýär. Yslam dini Aziýada we Afrikada giň ýaýrandyr. Saud Arabystanyndaky Mekge we Medine musulmanlaryň mukaddes ýerleridir. Yslam dini Aziýada, Afrikanyň Merkezi we Demirgazyk sebitlerinde, Günorta-Gündogar Ýewropada giň ýaýrandyr. Geçen asyryň ahyrynda dünýäde oňa uýýan adamlaryň sany 1 mlrd 200 mln-a golaýdy. Türkmen halky hem yslam dinine uýýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gazanmagy bilen yslam dinine uýýan türkmen halky dini ynançlaryny erkin ýüze çykarmaga mümkinçilik aldy. Buddizm. Buddizm dini iň gadymy dünýä dini hasaplanýar. 01 hinaýana we mahaýana atly iki ugra bölünýär. Bulardan başga-da lamaçylyk hem buddizmiň aýratyn bir ugrudyr. Buddizmiň esasy ýörelgeleri şulardyr: bu dünýä ejir çekmekdir; adamyň islegleri we hyjuwlary ony ejir çekmäge mejbur edýär; hyjuwlaryndan halas bolan adam aýratyn bir hala (nirwana) düşüp, Hudaý bilen birleşýär, halas bolýar. Buddizm Hindistanyň üsti bilen Seýlona, Birma, Siama, Indoneziýadaky käbir adalara, Hytaýa we Ýaponiýa ýaýrapdyr. Buddizm Hindistanda dörese-de, onuň özünde giň ýaýramandyr. Dünýäde buddizme uýýan adamlaryň sany 300 mln-dan gowrakdyr. Dünýä dinlerinden başga-da birnäçe milli dinler hem bar. Mysal üçin, sintoizm —ýaponlaryň, iudaizm — ýewreýleriň milli dinleridir.

Soraglar we ýumuşlar 1. Dünýä ýurtlarynyň sanynyň artmagynyň sebäplerini düşündiriň. 2. Häzirki wagtda näçe sany özbaşdak döwlet bar? 3. Respublika dolandyryşly döwletlerden birnäçesini sanaň.

270 4. Monarhiýa döwlet dolandyryşly döwletlerden haýsylaryny bilýärsiňiz? 5. Dünýäde ilatynyň sany boýunça uly döwletleri sanaň we karta- dan görkeziň. 6. Dünýä dinleri barada gürrüň beriň.

V I B A P YLMY-TEHNIKI ÖWRÜLIŞIK (YTÖ). YLYM, MEDENIÝET WE SUNGAT

§54. Ylmy-tehniki öwrülişik (YTÖ). Ylym, medeniýet we sungat

50-60-njy ýyllarda YTÖ. YTÖ diýlende nämä düşünmeli? Munuň özi ylmyň gönüden-göni jemgyýetiň öndüriji güýjüne öwrülmegidir. Ylmy-tehniki açyşlaryň gysga wagtda görlüp-eşidilmedik derejede ösmegidir, olaryň bada-bat önümçilige ornaşdyrylmagydyr. YTÖ- -niň manysy maşyn-fabrik önümçiliginden ähli babatda awtomatlaşdyrylan önümçilige geçmekden ybaratdyr. 50-60-njy ýyllardan başlap, adam önümçilik işiniň esasy agramly bölegini tehnikanyň üsti bilen amala aşyryp başlaýar. 50-60-njy ýyllardan ylym bilen önümçilik has ýakynlaşýar. Ylmy açyşlar gysga wagtda önümçilige ornaşdyrylýar. Eger fotosurat hakyndaky ajaýyp açyşyň durmuşa ornasmagyna 112 ýyl, radio — 35 ýyl, telewizor üçin 12 ýyl garaşmaly bolnan bolsa, indiki ylmy açyşlar örän çalt önümçilige ornaşdyrylýar. Bu bolsa, ylmyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň taryhynda ajaýyp öwrülişikdir. 50-60-njy ýyllardan ylmyň we tehnikanyň öwrülişikli ösmegine täsir eden şertleriň biri-de dünýä döwletleriniň ylmyň ösmegi üçin sarp edilýän harajaty 271 öňkülerden ep-esli artdyrmagydyr. Dünýäniň iri senagat kärhanalary täze açyşlary tejribede barlamak üçin täzeligiň synag edilýän tejribe bölümlerini döretdiler. Bu ýagdaý alymlaryň we oýlap tapyjylaryň ylmy işleriniň netijesini wagtynda barlamagyna we kemini düzetmegine oňaýly täsir etdi. Täze açyşlaryň durmuşa ornaşdyrylmagyny tizleşdirdi. Ylmy-tehniki öwrülişige getiren ýagdaýlaryň ýene biri öndürijileriň arasyndaky bäsdeşlik boldy. 50-60-njy ýyllarda YTÖ-niň esasy merkezleri ABŞ, SSSR we Günbatar Ýewropa sebitleri boldy. YTÖ-niň esasy ugurlary. 50-60-njy ýyllarda, ilkinji nobatda, XX asyryň birinji ýarymyndaky ylmy açyşlar giňden durmuşa ornaşdyryldy. 30-njy ýyllarda peýda bolan telewizor 50-nji ýyllarda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda köpçülikleýin ornaşdy. 60-njy ýyllaryň başyna çenli amerikan maşgalalarynyň dörtden üçüsiniň öýünde bir telewizor bardy. 40-njy ýyllarda radioelektronikadaky üstünlikler elektron-hasaplaýyş maşynlarynyň (EHM) peýda bolmagyna getirdi. EHM-ler ABŞ-da we SSSR-de bir wagtda diýen ýaly oýlap tapylypdy. EHM-leriň öz döwri üçin kämil — ikinji nesli 50-60-njy ýyllarda, üçünji nesli bolsa, 60-njy ýyllaryň ahyrynda peýda boldy. Olar ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda giňden ornaşdyryldy. 50-nji ýyllarda sowet we amerikan fizikleriniň biri- -birinden üzňelikde, ýöne bir wagtda eden uly açyşlarynyň biri-de lazer şöhlesiniň açylmagydyr. Lazer enjamlary tehnikada düýpli öwrülişige getirdi. YTÖ awtoulaglaryň, uçarlaryň, otlularyň kämilleş- megine getirdi. Reaktiw motorly uçarlar, okeanlarda atom energiýasy bilen ýöreýän gämiler peýda boldy. Himiýa ylmyndaky açyşlar önümçilige ornaşdyrylyp, emeli kauçuk, emeli ýüplük öndürilip başlandy. Fizika we himiýa bilen bilelikde, biologiýa ylmy, aýratyn-da, 272 genetika ösdi. Biologlar genleriň gurluşyny öwrenip, gerekli janly organizmleri döretdiler. Muňa mysal edip, dökün, witamin we ş.m. öndürýän ownuk jandarlaryň döredilmegini aýtmak bolar. YTÖ saglygy goraýsyň ösmegine hem täsir etdi. Adamyň aýry-aýry beden agzalaryny çalşyrmak, zerur bolsa, olary emeli agzalar bilen çalyşmak baslandy. Ylmyň beýleki ugurlarynda-da düýpli ösüsler boldy. Kosmosyň özleşdirilmegi. 50-nji ýyllardan baslap SSSR we ABŞ ylmy-tehniki ösüsiň gazananlary esasynda kosmosy özlesdirmäge mümkinçilik tapdylar. Kosmosy özlesdirmek ylymda iň syýasatlaşdyrylan, SSSR bilen ABŞ-nyň arasynda ýaryş derejesine çykan pudak boldy. 1957-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Sowet Soýuzy Ýeriň emeli hemrasyny kosmosa goýberdi. N.S.Hruşýow 1957- -nji ýylda öňki uruslardaky ulanylan harby uçarlaryň, tanklaryň möwritini geeirendigi, raketalaryň häzirki zaman ursunyň esasy ýaragy bolmalydygy hakynda çykyş edipdi. Şol çykyşynda: «Biz eýýäm häzir Aýa 100 tonna diýsegem ýük çykaryp biljek. Emma şol ýüki yzyna — Ýere nädip getirmelidigini entek bilemzok» diýipdi. Bu sözler ýadro zarýadyny alyp gitmäge ukyply kontinentara ballistik raketalaryň eýýamynyň baslanandygyny aňladýardy. Ýeriň emeli hemrasyny uçur- mak Birleşen Ştatlara 1958-nji ýylda başartdy. SSSR-de adamy kosmosa uçurmaga taýýarlyk görlüp başlandy. Ilkinji synany- syklar şowsuz gutardy. 1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde iikinji gezek adam — Ý uriý Gagarin kosmosa uçdy. SSSR-iň Ýeriň emeli hemrasy

18. Sargyt M 693. 273 kosmosa adam uçurmagyna jogap edip, ABŞ-nyň Prezidenti Kennedi tizden-tiz amerikan astronawtynyň Aýa gonmagy we gaýdyp gelmegi üçin mümkin bolan ähli eäreleri durmusa ornaşdyrmaga amerikan alymlaryny çagyrdy. 1962-nji ýylda amerikan astronawty Jon Glenn Ýeriň töweregindäki orbita çykaryldy. 1969-njy ýylyň iýulynda Ýer togalagynyň ýüzlerçe million teletomaşaçylary Neýl Armstrongyň dünýäde ilkinji bolup Aýyň üstünde gezim edip ýöreniniň şaýady boldular. Yzysüre sowet kosmiki enjamlary Weneranyň we Marsyň topragynyň himiki düzümini öwrenmäge girişdiler. Ýeriň emeli hemralaryna oturdylan ýokary hilli tehniki enjamlaryň kömegi arkaly kosmosdan Ýere gözegçilik etmek mümkinçiligi döredi. Ýeriň anyk geografik ýerleşişi anyklanyldy. Emeli hemralaryň kömegi bilen Ýeriň howa şertleri barada anyk maglumatlar taýýarlanylyp başlandy. Teleradio aragatnaşygynyň ösmeginde Ýeriň emeli hemralarynyň ähmiýeti uly boldy. Umuman, kosmosy özleşdirmek harby bäsleşikde baslansa-da, parahatçylykly maksatlar üçin köp ulanylýar. Soňky wagtlarda kosmosy öwrenmekde bäsdeşlikden özara hyzmatdaşlyga geçilip başlandy. Onuň başyny 1975-nji ýylda sowet we amerikan

Ý.Gagarin «Apollon» kosmos Amerikan astronawty raketasy N.Armstrong Aýyň üstünde 274 kosmonawtlarynyň bilelikdäki uçusy başlady. 1981-nji ýylda ABŞ-da köp gezek ulanylýan kosmos korably döredildi. Bu kosmosa uçuşlaryň täze eýýamynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy. YTÖ-niň durmuş-ykdysady netijeleri. YTÖ-niň başlanmagy bilen senagaty tehnologiki taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga şert döredi. Senagat önümçiliginiň ösüşini güýçlendirdi. Az adam bilen köp önüm öndürmäge şert döredi. YTÖ adamlara öýünde, zähmet ornunda, söwdada, hasap-hesipde, umuman, adamyň ýaşaýyş derejesiniň gowulaşmagynda ajaýyp oňaýlyklar döretdi. YTÖ netijesinde ylymly, hünärli adamlara isleg artdy. YTÖ özüniň artykmaçlyklary bilen bir wagtda käbir çözmesi kyn bolan meseleleri-de adamzadyň öňünde keserdip goýdy. Olara mysal edip, YTÖ-niň netijesinde ýaraglaryň barha täze görnüşleriniň peýda bolmagyny, köp girdejä kowalaşyp, tebigy gurşawa howp salynmagyny, howanyň we dünýä suwlarynyň hapalanma derejesiniň artmagyny we ş.m. ýatlamak bolar. 70-80-nji ýyllarda ylmy-tehniki öwrülişigiň täze tapgyry başlandy. Ylym önümçilik bilen birleşdirilip, ol gönüden-göni öndüriji güýje öwrüldi. Oýlap tapyşlar we ylmy açyşlar dessine önümçilige ornaşdyrylýardy. 1971-nji ýylda «Intel» firmasy kiçi prosessory döretdi. Bu täzelik uly mümkinçilikleri bolan kompýuteriň oýlanyp tapylmagyna getirdi. Elektron hasaplaýjy enjamlarynyň täze nesli, çeýe önümçilik ulgamlary, awtomatlaşdyrylan önümçilikler peýda boldy. 1987-nji ýylda Internet ulgamy döredildi. Tebigatda ýok bolan sintetiki süýümler we material- lar tapyldy. Atom elektrostansiýalary möhüm ähmiýete eýe boldy. Radarlar, lazerler giňden peýdalanylyp 275 başlandy. Hususy kompýuterler, kosmos stansiýalary, sesiň tizliginden çalt uçýan uçarlar, aşa tizlikli otlular we sanly nanotehnologiýalar, Internet ulgamynyň yaýbaňlanmagy - bularyň hemmesi ylmyň düýpli ösüşiniň netijeleridi. Garaşsyz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ylmyň, tehnikanyň ösmegine aýratyn üns berilýär. Garassyz Türkmenistanda dünýä ylmynyň, tehnikasynyň gazananlaryny, ýokary tehnologiýany durmuşa ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda internet kafeleriniň açylmagy, Türkmenistanyň islendik ýerinden öýjükli telefonlar arkaly dünýäniň islendik säheri bilen habarlaşmaga mümkinçiligiň döredilmegi we beýlekiler muňa şaýatlyk edýär. Ylmy-tehniki ösüsiň medeniýete täsiri. Ylmy-tehniki öwrülişik medeni gymmatlyklaryň ilatyň ähli gatlaklary üçin elýeterli bolmagyna şert döredýär. Bilim ulgamy YTÖ-niň talaplaryna laýyk kämilleşdi. Bilimiň üznüksizligi gazanyldy. Mekdepler, ýörite we ýokary okuw mekdepleri kompýuterler, öwrediji okuw enjamlary, ýöriteleşdirilen laboratoriýalar, okatmak we testirleme almak üein awtomatlar, telewizorlar, wideomagnitofonlar, interaktiw tagtalar bilen üpjün edilýär. Hususy kompýuterler we EHM-ler ösen ýurtlarda ýasaýan adamlaryň köpüsiniň hemişelik hemrasyna öwrüldi. 01 dürli tehniki we ykdysady bilimleri, dilleri özleşdirmäge, dürli maglumatlary almaga we ş.m. mümkinçilik berýär. Öý hojalygynyň adaty enjamlarynyň (radio, telewizor, magnitofon, sowadyjy enjamlar) ýerini olaryň has kämil nusgalary eýeledi. 70-80-nji ýyllarda 276 öňdebaryjy döwletlerde olaryň öndürilisi 7 esseden-de gowrak artdy. 1987-nji ýylda Günbatar Ýewropada masgalalaryň reňkli telewizorlar bilen üpjünçiligi 85% - -den, ABŞ-da bolsa 94%-den geçipdi. Sungatdaky we binagärçilikdäki täzelikler. Jemgyýetde bolýan özgerişler hökmany suratda sungatda täze ugurlaryň döremegine getirýär. Ikinji jahan urşundan soň sekillendiriş sungatynda postmodernizm ugry emele geldi. Olar öz duýgularyny has obrazly, aýlawly beýan edýärdiler. 70-nji ýyllarda pop-art (populýar, ýörgünli sungat) ugry güýçlendi. Onuň tarapdarlarynyň pikiriçe, islendik zat sungatyň predmetine öwrülip bilýärdi. Zatlary birleşdirmek arkaly olara täze hil berip boljakdy (kollaž). Predmetleýin sungat tomaşaçylary özüne imrindirmegi başardy. Optiki sungatyň ( op -a rt) tarapdarlary dürli enjamlaryň kömegi bilen alynýan yşyklardan hakyky däl dünýäniň hyýaly keşbini döredýärdiler. Konseptual sungat çeper keşplerden ýüz öwürýärdi. Olar ähli zady şertli şekilleriň üsti bilen aňlatmagyň tarapdarydy. Saz sungatynda aioangardeylyk ugry ösüpdi (rok, hewi we ş.m.). Binagärçilikde postmodernizm ugry agdyklyk edýärdi. Bu ugruň düýbüni tutujylar amerikan binagäri R.Wenturiý we italýan binagäri Ç.Mur hasaplanýar. 01 erkinligi we dürli taryhy döwürleriň nusgasyny utgaşdyrmagy öňe sürýärdi. 70-80-nji ýyllaryň binagärçiligine «haýtek» (ýokary tehnologiýa) ugry hem häsiýetlidir. Onda tehniki konstruksiýalar we formalar giňden peýdalanylýar (turbalar, fermalar, karkaslar, demir aýnaly, köp ganatly galereýalar). Şeýle binalaryň birnäçesi gözel paýtagtymyz Asgabatda hem gurulýar. 277 Ylmyň we tehnologiýanyň çalt ösmegi bilen ylmy- -tehniki täzelikleriň dünýä ýaýraýşy hem tizlesdi. Internet ulgamy dünýä ýurtlaryny ýakynlaşdyrdy.

Soraglar we ýumuşlar 1. YTÖ näme? 2. 50-60-njy ýyllarda ylmyň we tehnikanyň ösmegine ýardam eden şertleri düşündiriň. 3. Elektron hasaplaýyş enjamlary haçan peýda boldy? 4. Lazeri haçan we haýsy ýurtlaryň alymlary oýlap tapdylar? 5. Himiýa we biologiýa ylymlaryndaky öňegidişlikler barada aýdyp beriň. 6. Ilkinji gezek Ýeriň emeli hemrasy haçan uçuryldy? 7. Haýsy ýurt ilkinji bolup Aýa adam uçurdy? 8. Medeniýetdäki täzelikler hakynda gürrüň beriň. 9. Ylmy açyşlar adamyň durmuşyny näderejede özgertdi? 10. Sungatda we binagärçiiikde nähili ugurlar bardy?

V II B A P HÄZIRKI ZAMANYŇ UMUMADAMZAT MESELELERI

§55. Häzirki zamanyň global meseleleri

Global meseleler näme? Iki asyryň sepgidinde dünýä umumadamzat durmuşynyň düýpli meseleleri bilen ýüzbe-ýüz boldy. Olar umumadamzat derejesinde çözülmegini talap edýän global meselelerdir. «Global» diýen adalganyň özi latyn dilindäki «globus», ýagny «Ýer, Ýer togalagy» diýen sözden gelip çykýar. Bu adalga XX asyryň 60-njy ýyllaryndan başlap häzirki zamanyň bütin adamzady gurşap alýan umumy planeta möçberindäki möhüm meseleleri babatda peýdalanylyp başlandy.

278 Umumadamzat durmuşynyň global meseleleri biri- -biri bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin olaryň hiç birini üzňelikde çözmek mümkin däldir. Indi bolsa global meseleler barada aýratynlykda gürrüň edeliň. Ýaragsyzlanmak — halkara howpsuzlygynyň möhüm şertidir. Häzire çenli döredilen ýadro, termoýadro, himiki, baktereologiki we beýleki köpçülik- leýin gyryjy ýaraglar Ýer ýüzündäki ýaşaýşy birnäee sapar ýok etmäge ukyplydyr. Adamzat üçin ýadro ýaragynyň näderejede howpludygyna göz ýetiren ABŞ we SSSR ahyry gepleşikler stolunyň başyna jemlendi. 80-nji ýyllaryň ahyrynda olaryň arasynda strategiki hüjüm edis ýaraglaryny çäklendirmek, ýadro synaglaryny bes etmek barada birnäçe şertnamalara gol çekildi (seret: §50). Uruş-dawalar netijesinde parahat ilatyň bir bölegi ata mekanyny taşlap dürli ýerlere mejbury gaçmaly bolýarlar. Olara bosgun diýilýär. 2007-nji ýylyň maglumatlaryna görä dünýäde jemi 14 mln bosgun bardy. Iň köp bosgunlar Afrikadan gaeyp gaýdanlardyr. Olaryň üstesine-de 24,5 mln adam öz ýurtlarynyň çägindäki bosgunlar bolup, olar daşary ýurtlara gaeyp çykmasalar- -da, ýaşaýan ülkelerini taşlamaga mejbur bolanlardyr. BMG bosgunlaryň hukuklary, ýaşaýyşlary hakynda alada edýär. Her ýylyň 20-nji iýuny BMG tarapyndan bosgunlar güni diýlip yglan edildi. Dünýä sapak bolmaly Ikinji jahan urşunyň tamamlananyna köp wagt geçenem bolsa, adamzat şu günki günde-de dürli sebitlerde uruş ody bilen ýüzbe- -ýüz bolýar. Ýer ýüzünde bolup duran gandöküşikli uruşlar zerarly halklar horlanýar, çagalar aelyk çekýär. 279 Urus howpuna garsy göreşmek parahatçylygy söýüji halklaryň ählisiniň mukaddes borjudyr. Ekologiýa meseleleri. Dünýä jemgyýetçiligini biynjalyk edýän ýene bir ýagdaý ekologiýa meseleleridir. Daş-töwerekdäki gurşawyň örän hapalanmagy adamzadyň ýaşaýşyna howp salýar. Ýangyjyň dürli görnüsleriniň ýakylmagy netijesinde atmosferada kömürturşy gazynyň mukdary köpelýär. Atmosferanyň gyzmagy («bugarma effekti») netijesinde klimatyň maýlamagy güýçlenýär. Atmosferanyň ozon gatlagynyň zaýalanmagy ultramelewse şöhleleriniň täsiriniň artmagyna getirýär. Ilatyň köp bölegi zaýalanan, hapa agyz suwundan peýdalanýar. Her ýylda dünýäde 3 mln adam atmosferanyň hapalanmagyndan dörän keseller zerarly aradan çykýar. Howanyň ýylamagy gurakçylygyň hem-de sil ýagyslarynyň çalt-çaltdan gezeklesip durmagyna getirdi. Soňky wagtda dünýä okeanlarynyň derejesiniň ýokary galmagyna getirdi. Aral deňziniň gurap başlamagy bilen bu sebitde ýaşaýan ilatyň suw üpjünçiligi ýaramazlasdy. Aral meselesi zerarly dörän ekologiki howpuň öňüni almak üein halkara derejesinde alada edilýär. Türkmenistanyň tagallasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasy döredildi. Ýer togalagynyň 70%-ini suwuň tutýandygyna garamazdan, onuň bary-ýogy 3%-i içimlik suwdur. Dünýäniň ilatynyň artmagy bilen arassa agyz suwunyň ýetmezçiligi duýlup başlandy. XXI asyryň başynda Ýer ýüzüniň 1,3 mlrd adamy arassa agyz suwunyň ýetmezçiliginden kynçylyk çekýärdi. Demografik meseleler. XX asyrda dünýäniň ilaty 3 esse köpeldi. Ýewropada çaga dogluşynyň azalmagy 280 dünýäniň ilatynda onuň paýynyň barha azalmagyna getirýär. Aziýa, A f rika we Latyn Amerikasy ýurtlarynda adamlaryň wagtyndan ir ýogalmagy azalyp, çaga dogluşy artdy. Aziýada ilatyň sany has-da artdy. Adamzadyň saglygyny goramak. Ýer ýüzüniň ynsanlarynyň ortaça ömür dowamlylygy 60 ýaşdan geçýär. SPID keseli XX asyryň mergisine öwrüldi. Dünýäde SPID bilen kesellänleriň 70%-i Afrika degişlidir. 90-njy ýyllaryň maglumatlaryna görä, dünýäde her ýylda 130 mln çaga dogulýardy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatyna görä, häzirki wagtda dünýä halklarynyň üçden bir bölegi oňat, üçden bir bölegi kanagatlanarly iýmitlenýär, üçden bir bölegi bolsa ýeterlik iýmitlenmeýär. Neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagy adamlaryň başyna towky bolup indi. Dünýäde, şol sanda Garaşsyz Diýarymyzda neşe söwdasyna we neşekeşlige garşy aýgytly göreş alnyp barylýar. Ýurtlaryň, sebitleriň arasyndaky ösüşiň endigan- syzlygy. Halklaryň arasyndaky deňhukukly gatnaşmak meselesi entegem doly çözülmedik mesele bolmagynda galýar. Mukaddes Ruhnamada bellenişi ýaly «Häzirki zaman dünýäsiniň iň wajyp meseleleriniň biri — ol hem durmuş-ykdysady, tehnologik we senagat taýdan ösüşi birmeňzeş derejede bolmadyk döwletleriň arasynda deň hukukly, hyzmatdaşlykly we adalatly gatnaşyklaryň ýola goýulmagydyr... Henize çenli hiç wagt garyp we baý ýurtlaryň arasynda baýlyklaryň paýlanyşynda we peýdalanyşynda häzirki ýaly aradaşlyk bolmandy, henize çenli şeýle aradaşlyk zerarly tutuş durnuklylyk we howpsuzlyk ulgamyny opurjak bolýan howp şeýle aýdyň duýulmandy». 1913-nji ýylda dünýäniň baý sebitlerinde 19. Sargyt M 693. 281 ýaşaýanlar dünýäniň garyp sebitleriniň ilaty bilen deňeşdirende 11 esse köp girdeji alýardy. 1997-nji ýylda baý we garyp ýurtlaryň ilatynyň ortaça girdejileriniň aratapawudy 74 essä barabar boldy. XXI asyrda dünýäniň ösen ýurtlarynyň yzagalak sebitlere, ýurtlara kömegi artýar. Ýekeje mysala ýüzleneliň. 2007-nji ýylyň 7-8-nji iýunynda «Uly sekizligiň ýurtlarynyň» döwlet baştutanlary Afrika materiginiň energetiki howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine seretdiler. Şonuň bilen baglanyşykly ägirt uly çykdajylary ol ýurtlar öz üstlerine aldylar. Adamzat taryhynda iň çalt ösüşler bilen beslenen X X asyr taryhyň gatynda galdy. Adamzat XXI asyra gadam basdy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada Ýer togalagynda sazlaşykly ösüşiň zerur- dygyny öňe sürüp: «Dünýäniň halkyýetleri, halklary, milletleri, ýurtlary, döwletleri bileleşige, doganlaşyga, dostlaşyga, abadanlyga, parahatlyga ymtylýar. Dünýäniň ýoly hakykata, adalata, parahatlyga, erkin zähmete barýar...Pytraňňylyk, dagynyklyk dünýäniň başyna köp külpetler getirdi, ony halas edip biljek zat jebisleşmekdir, birleşmekdir, agzybir bolmakdyr» diýipdi. Agzybirlik, jebislik öz öýüňden, Watanyňdan başlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyna bagş edýän ajaýyp eşretleriniň gadyryny bilip, agzybirlikde, asuda durmuşymyza şükür edip, Garaşsyz Diýarymyzyň gülläp ösmegine, dünýä döwletleriniň arasynda onuň abraýynyň mundan beýläk-de artmagyna, XXI asyry türkmeniň Altyn asyryna öwürmekde biziň her birimiz mynasyp goşantlarymyzy goşmalydyrys. 282 Soraglar 1. Global meseleler näme? 2. Ekologik meseleler adamzada nähili howp salýar? 3. Adamzat jemgyýeti ýaragsyzlanmak arkaly halkara howpsuz- lygyny gazanmak barada nähili çäreleri amala aşyrdy? 4. Ilatyň artmagy netijesinde nähili demografik meseleler ýüze çykdy? 5. Näme üçin adamyň saglygyny goramak global meselä öwrüldi? 6. Umumadamzat meselelerini çözmek üçin halkara derejesinde nähili işler edilýär? GYSGAÇA SÖZLÜK

Aparteid (aýratyn ýaşamak) — jynsy kemsitmeleriň iň ýiti görnüşi. Günorta Afrika Respublikasynda ilatyň tutuş topary jynsy tapawudyna laýyklykda garaşly ýagdaýa düşürilýärdi. Olar ýörite bellenen aýratyn territoriýalarda ýaşadylyp, syýasy, raýat we durmuş-ykdysady hukuklary çäklendirilýärdi ýa-da olardan düýbünden mahrum edilýärdi. Alternatiw — latynçadan terjime edende «ikisiniň biri» diýen manyny aňladýar. Barrel — nebitiň halkara ölçeg birligi. 1 barrel 159 litre deňdir. Demografiýa — ilatyň artyşyny, düzümini, gürlügini öwrenýän ylym. Demokratiýa — grekçeden terjime edilende «halkyň häkimiýeti» diýmekdir. Dewalwasiýa — döwletiň öz pul birliginiň altyn mukdaryny resmi ýagdaýda azaltmagy ýa-da beýleki döwletleriň walýutasyna garanyňda onuň kursuny peseltmegi. Despotiýa — grekçeden terjime edilende «çäklendirilmedik häkimiýet» diýmegi aňladýar. Dokument — resminama. Ekologiýa hereketi — ekologik howpy azaltmak, daş-töwerekdäki sebiti sagdynlaşdyrmak, adamyň, jemgyýetiň we tebigatyň arasyndaky sazlaşygy saklamak ugrunda çykyş edýän adamlar bileleşiginiň göreşi. Adatça, ekologik hereket «ýaşyllar», «ekologiýaçylar» ýaly resmi däl, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň jemini düzýär.

284 Ekspansiýa — sürünmek, territoriýaňy giňeltmek, täsiriňi artdyrmak, täze territoriýalary basyp almak. Ekstensiw — «giňelýän», «san taýdan artýan» (çig maly köp ulanmagyň hasabyna önümçiligi artdyrmak. Ekerançylyk meýdanlaryny giňeltmegiň hasabyna hasyllylygy artdyrmak). Elita — jemgyýetiň ýokary gatlagynyň has görnükli wekilleri, toparlanyşygy. Etatizm — fransuzçadan terjime edilende «döwlet» diýmegi aňladýar. Ykdysady, sosial, medeni, ylmy we ş.m. beýleki babatlarda döwletiň gatyşmasynyň güýçlenýändigini alamatlandyrmak üçin ulanylýan adalga. Faşizm — italýan dilinden terjime edilende — «çogdam», «topbak birleşik» diýmegi aňladýar. Ähli demokratik azatlyklary we öňdebaryjy jemgyýetçilik hereketini basyp ýatyrmaga gönükdirilen açyk terrorçylykly diktaturadyr. Jynsparazlyk, aşa milletçilik, güýç ulanmak, öňbaşçynyň aşa ýokary göterilen kulty, adamkärçiligi kabul etmezlik, çäklendirilmedik häkimiýet, adamy ýigrenmek, şahsyýetiň üstünden hemmetaraplaýyn gözegçiligiň ýola goýulmagy, zorluk, ýaraglanyşygy haýdatmak faşizm üçin häsiýetli alamatlardyr. Fundamentalizm — dini düşünjeleriň we kadalaryň tankydy taýdan seredilmegine we üýtgedilmegine garşy bolan, dini dogmalaryň üýtgedilmezligi üçin çykyş edýän dini akym. Genosid — belli bir halky, taýpany fiziki taýdan ýok etmäge gönükdirilen döwlet syýasaty. Globallaşmak (bütewüleşme) — häzirki zaman dünýäsiniň toplumlaýyn, ulgamlaýyn ösüş birligi. 01 ýitileşen dünýä meselelerini (ekologiýa, demografiýa, ykdysady we medeni yzagalaklygy ýeňip geçmek, ýeriň töweregindäki giňişligi özleşdirmek, umumydünýä energiýa, azyk, çig mal we beýleki krizis ýagdaýyny çözmek), şeýle hem şahsyýetiň 285 durmuşy, ykdysady we şahsy hukuklaryny hem-de azatlyklaryny çözmegiň zerurlygy bilen şertlenendir. Integrasiýa — iki ýa-da ondan hem köp döwletleriň milli hojalygynyň özara utgaşygy, olaryň birleşmegi, ykdysady we önümçilik hyzmatdaşlygynyň giňelmegi, bütewi hojalyk toplumynyň kemala gelmegine eltýän derejede hojalygyň dünýä ulgamyna goşulmagynyň ýokary görnüşi. Iýerarhiýa — jemgyýetçilik gatlaklarynyň ýa-da gulluk wezipeleriniň aşakdan ýokary, biri-birine tabynlygyna görä yzygider ýerleşişi. Koalision hökümet — gatyşyk hökümet. Konsern — haýsydyr bir monopolistik topara maliýe taýdan garaşlylygynyň esasynda trestleriň ýa-da kärhanalaryň birleşmesidir. Kontribusiýa — uruşda ýeňlen döwletiň ýeňiji döwlete ýetiren zyýanynyň öwezini dolmak üçin töleýän tölegi. Lokal — latyn dilinden terjime edilende «ýerli» diýmegi aňladýar. Taryhy adalga hökmünde ol lokal uruşlar görnüşinde köp gabat gelýär we ýerli, kiçi uruşlar manysyny aňladýar. Metropoliýa — grekçeden terjime edilende «ene şäher» diýmekdir. 01 kolonial (baknadar) şäher-döwleti diýmegi aňladypdyr. Bakna mülke eýe bolan döwlete metropoliýa diýilýär. Migrasiýa — ilatyň köpçülikleýin ondan-oňa göçmegi. Militarizm — latynçadan terjime edilende «harby» diýmek. 01 ýaraglanyşygy haýdatmagy, basybalyjylykly uruşlara işjeň taýýarlyk görmegi aňladýan syýasatdyr. Milli mesele — döwletiň içinde milletleriň we halkyýetleriň özara gatnaşygynyň netijesinde ýüze çykýan syýasy, ykdysady, hukuk, ideologiki we beýleki meseleleriň jemidir.

286 ppr ■——

Milletler ligasy — 1919-1946-njy ýyllarda dowam eden halkara guramasy. 01 Birinji jahan urşundan soň döredilip, uruşlaryň, dawalaryň öňüni almak, dawalary parahatçylykly ýollar bilen çözmek meselelerine seredýär. Monarhiýa — bir adam tarapyndan dolandyrylýan döwlet gurluşynyň görnüşi bolup, häkimlik köplenç nesilden- -nesle geçýär. Monopoliýa — grekçeden sözme-söz terjime edilende «ýeke özüm satýaryn» diýmegi aňladýar. Önümçiligiň, söwdanyň bir adama ýa adamlar toparyna, ýa-da döwlete degişli bolan aýratyn hukugy.Ykdysadyýetiň, söwdanyň ol ýa beýleki pudagynda öz agalygyny ýola goýmak üçin önümçiligi ýa-da harydyň haýsydyr bir görnüşini satmagy öz elinde jemlän birleşiklere aýdylýar. Oligarhiýa — grek dilinden terjime edilende «azlygyň häkimiýeti» diýmegi aňladýar. Oppozisiýa — döwleti dolandyrmakdan çetde bolup, döwlet häkimiýetine dalaşgär güýçler. Pasifizm — latyn dilinden terjime edilende «parahatçylyk dörediji». XIX asyryň ahyrynda käbir ýurtlarda dörän, soňra halkara derejesine ösüp geçen urşa garşy jemgyýetçilik hereketi. Postindustrializm — jemgyýetiň taryhyny üç döwre: senagatlaşma çenli, senagatlaşan, senagatlaşan jemgyýetden soňky (postindustrial) döwürlere bölýän sosial-syýasy taglymaty. Olaryň soňkusy hil taýdan täze jemgyýet bolup, onda esasy orun ylma, nazaryýet we tejribe institutlaryna degişlidir. Radikal — latynçadan terjime edilende «düýpli» diýmekdir. Jemgyýeti özgertmeklige bolan garaýyşlarda kesgitli, aýgytly hereketleriň tarapdarlary. Olara çepçiler hem diýilýär.

287 Rasional — latynçadan terjime edilende «paýhasly», «maksadalaýyk», «esaslandyrylan» diýmegi aňladýar. Respublika — latynçadan sözme-söz terjime edilende «jemgyýetçilik işi» diýmegi aňladýar. Häkimiýetiň jemgyýet tarapyndan kesgitli möhlete saýlanan adamlara degişli bolan döwleti. Rewolýusiýa (ynkylap) — jemgyýetde ornaşan ahlak gymmatlyklaryny, syýasy we sosial düzümlerini örän çalt (gysga taryhy döwrüň çäginde), zorluk bilen üýtgetmek. Topalaňlar, gozgalaňlar, köşk agdarylyşyklary hem rewolusiýalara ýakyndyr. Emma rewolusiýa köne düzgünleriň ählumumy ýatyrylmagyna getirýär. Sekulýarizasiýa — ruhy we sosial durmuşyň buthananyň täsirinden azat edilmegi. Siwilizasiýa — latynçadan «raýat, döwlet» diýmegi aňladýar. Birnäçe manyda ulanylýar: maddy we ruhy medeniýet; wagşylykdan we medeniýetsizlikden soňra gelýän aýratyn taryhy döwür; häzirki döwürde önümçiligiň, durmuşy gatnaşyklaryň, syýasy durmuşyň we medeniýetiň beýleki alamatlarynyň örän ýokary ösüş derejesi bilen tapawutlanýan dünýä ösüşiniň basgançagy. Sindikat — harytlary bileleşip satmak üçin döredilen birleşmeler. Sintez — grekçeden terjime edilende «birleşdirmek», «utgaşdyrmak» diýen manyny berýär. Şowinizm — aşa milletçilik, milli taýdan beýlekilerden artykmaçlygy ündemek, bir milletiň bähbidini beýleki milletleriň bähbidine garşy goýmak, milli esasda duşmançylygy, ýigrenji tutaşdyrmak. Teologiýa — dini ylym. Grekçeden terjime edilende «Hudaý hakynda taglymat» diýmekdir. Teokratiýa — grekçeden terjime edilende «Hudaýyň hökümdarlygy» diýmekdir. Dolandyryşyň bir görnüşi bolup, munda ýokary syýasy häkimiýet ruhanylara degişlidir. 288 Ibtalitarizm — latynçadan terjime edilende «dolulaýyn, tutuşlaýyn» diýmekdir. Adamyň syýasy häkimiýete doly tabyn bolmagyny, döwletiň jemgyýeti doly öz gözegçiliginde saklamagyny üpjün edýän jemgyýetiň sosial-syýasy gurluşynyň nusgasy. Trest — bilelikde önüm öndürmek we satmak üçin eýeçiligiň bileleşdirilmegi. Urbanizasiýa — şäherleriň aşa ulalmagy netijesinde olaryň obany yza galdyryp, ykdysady agalyga eýe bolmagy we ösüş merkezlerine öwrülmegi. MAZMUNY

G iris...... 7

II B Ö L Ü M

DÜNÝÄ ÝURTLARY XX ASYRYŇ 30-NJY ÝYLLARYNYŇ AHYRLARYNDAN XX ASYRYŇ ORTALARYNA ÇENLI

I bap Ikinji jahan urşunyň önüsyrasyndaky halkara gatnasyklary. Ikinji jahan urşy

§1. 30-njy ýyllarda halkara gatnaşyklary. Uruş ojaklarynyň döremegi ...... 10 §2. 1939-njy ýylyň halkara syýasy krizisi ...... 15 §3. Ikinji jahan urşunyň başlanmagy...... 19 §4. Germaniýanyň SSSR-iň üstüne çozmagy...... 25 §5. Ýuwaş okeanynda urşuň başlanmagy. Faşizme garşy bileleşigiň döremegi ...... 29 §6. Ikinji jahan urşunyň barşynda beýik öwrülişik...... 34 §7. Germaniýanyň boýun egdirilmegi ...... 38 §8. Ýaponiýanyň boýun egdirilmegi. Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagy...... 45

II bap Dünýä ýurtlary u ru şd a n soňky dikeldis ýyllarynda

§9. Parahatçylyk şertnamalary. Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegi...... 51

290 §10. Dünýäniň iki syýasy ulgama bölünmegi...... 55 §11. «Sowuk urşuň» başlanmagy...... 59 §12. Günbataryň ösen ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň dikeldilmegi...... 63 §13. Ösen ýurtlarda dikeldiş ýyllaryndaky syýasy ýagdaý .... 69

III BÖLÜM

DÜNÝÄ DÖWLETLERI XX ASYRYŇIKINJIÝARYMYNDA WE XXI ASYRYN BASLARYNDA

I bap Ýewropa we Amerika ýurtlary

§14. ABŞ 50-60-njy ýyllarda...... 74 §15. ABŞ 70-80-nji ýyllarda ...... 78 §16. ABŞ iki asyryň sepgidinde...... 83 §17. Beýik Britaniýa 50-7 0-n ji ýyllarda ...... 88 §18. Beýik Britaniýa X X asyryň ahyrlarynda - - X X I asyryň başlarynda...... 93 §19. Fransiýa 50-80-nji ýyllarda ...... 98 §20. Fransiýa iki asyryň sepgidinde...... 103 §21. Italiýa...... 106 §22. Germaniýa Federatiw Respublikasy ...... 111 §23. Germaniýanyň birleşdirilmegi...... 114 §24. Germaniýa X X asyryň ahyrlarynda - - X X I asyryň başlarynda...... 117 §25. Latyn Am erikasy...... 121

II bap Gündogar Ýewropa ýurtlary we SSSR

§26. 50-60-njy ýyllarda SSSR-de we Ýewropanyň kommu- nistik düzgünli ýurtlarynda ykdysady ýagdaý...... 127

291 §27. 50-60-njy ýyllarda Ýewropanyň kommunistik düzgünli ýurtlarynda syýasy krizis...... 132 §28. SSSR-de durgunlylyk ýyllary we üýtgedip gurmak syýasaty...... 136 §29. Ýewropada sosializmiň synmagy ...... 141 §30. SSSR-iň dargamagy...... 145 §31. GDA-nyň döremegi...... 148 §32. Russiýa...... 152

III bap Aziýa we Afrika ýurtlary

§33. Hytaý 50-60-njy ýyllarda...... 159 §34. Hytaýda özgertmeleriň netijeleri ..!...... 164 §35. Ýaponiýa 50-60-njy ýyllarda...... 170 §36. Ýaponiýa iki asyryň sepgidinde...... 174 §37. Hindistan ...... 178 §38. Päkistan we Bangladeş...... 184 §39. Türkiýe...... 190 §40. Eýran Yslam Respublikasynyň döremegi ...... 195 §41. Eýran Yslam Respublikasy iki asyryň sepgidinde .. 199 §42. Owganystan 6 0 -7 0 -n ji ýyllarda ...... 204 §43. Owganystan iki asyryň sepgidinde...... 207 §44. Günorta Koreýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary .... 212 §45. Ýakyn Giindogar ýurtlary...... 217 §46. Afrikada baknalyk düzgüniniň synm agy...... 224 §47. Afrikanyň arap ýurtlary...... 230

IV bap X X asyryň ikinji ýarymynda - - X X I asyryň baslarynda halkara gatnasyklary

§48. 50-60-njy ýyllaryň halkara gatnaşyklary...... 236 §49. 70-80-nji ýyllarda halkara gatnaşyklary...... 241 §50. 70-80-nji ýyllarda sowet-amerikan gatnaşyklary...... 246 §51. Ykdysady-syýasy bileleşikleriň döremegi. Iki asyryň sepgidinde halkara gatnaşyklary...... 252 292 §52. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara gatnasyklary ulgamynda ...... 258

V bap X X I asyryň başlarynda dünýäniň syýasy kartasy

§53. X X I asyryň baslarynda dünýäniň syýasy kartasy ... 267

VI bap Ylmy-tehniki öwrülişik (YTÖ). Ylym, medeniýet we sungat

§54. Ylmy-tehniki öwrülişik (YTÖ). Ylym, medeniýet we sungat...... 271

VII bap Häzirki zamanyň umumadamzat meseleleri

§55. Häzirki zamanyň global meseleleri...... 278 Gysgaça sö z lü k ...... 284 Jepbarguly Hatamow, Jumamyrat Gurbangeldiýew

DÜNÝÄ TARYHY

(XX-XXI asyrlar. II bölek. 1939-2008 ýý.)

Orta mekdepleriň X synpy üein synag okuw kitaby

Redaktor H. Sapargulyýew Surat redaktory G. Orazmyradow Suratçy J. Amangeldiýew Teh. redaktory O. Nurýagdyýewa Neşir üçin jogapkärler S. Semiýew, Ý. Antonowa Ýygnamaga berildi 12.03.2008. Çap etmäge rugsat edildi 1.08.2008. Möçberi 60x90l/ie. Ofset kagyzy. Mekdep garniturasy. Ofset çap ediliş usuly. Şertli çap listi 18,5. Şertli reňkli ottiski 72,28. Hasap-neşir listi 16,75. Çap listi 18,5. Sargyt M 693. Sany 126 500.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 744004. Aşgabat, 1995-nji köçe, 20.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezi. 744004. Aşgabat, 1995-nji köçe, 20. Okuw kitabynyň peýdalanylyşy barada maglumat

Kitabyň saklanyş ýagdaýy Okuwçynyň ady Okuw we atasynyň ady ýyiy Okuw ýylynyň Okuw ýylynyň başynda ahyrynda 1 2

3

4

5