Türkmenistanyň Bilim ministrligi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy “Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş” ( T Ü R K M E N I S T A N Y Ň T A R Y H Y ) dersinden umumy okuwlaryň ýazgylarynyň T O P L U M Y A ş g a b a t – 2010 1-nji tema: GIRIŞ. Türkmenistan iň gadymy döwürde (gadymyýet – b.er. öň III-nji müň ýyllyk). – 2 sagat MEÝILNAMA: 1. Türkmenistan iň gadymy zamanda. 2. Neolit döwri. Jeýtun medeniýeti. 3. Eneolit zamynynyň sungaty we ynanjy. 4. Bürünç asyry. Altyndepe zamany. 1. Türkmenistan iň gadymy zamanda. Türkmenistan öz taryhynyň gadymlygy bilen dünýä taryhynda uly orun tutýar. Arheologiýa tapyndylarynyň netijesinde Türkmenistanda iň gadymy adamlar takmynan 1mln. ýyl mundan öň ýaşap geçendigi hakda çaklamalar bar. Adamzadyň hakyky adam bolmak hadysasy soňky 1-1,5mln. ýyllardan başlap, 35- 40müň ýyl mundan ozal kämillige ýetipdir. Türkmenistanyň territoriýasy hem adamzat jemgyýetiniň iň gadymy ojaklaryndan hasaplanýar. Günbatar daglyk raýonlarda häzirki Balkan welaýatynyň dürli ýerlerinde gadymy adamlaryň mekanlary tapyldy. Olardan Krasnowodsk ýarym adasynda ýerleşen Ýangyja, Kesgirbulak, Begarslan we başga-da birnäçe gowaklary mysal getirmek bolar. Gadymyýetde ýaşan adamlar ilki daşdan, soňra misden we bürünçden ýasalan zähmet gurallaryny nazara almak bilen iň gadymy döwri daş asyry diýip bölýär. 1. Paleolit – grekçe iki sözden: paleýos gadymy we litos – daş sözünden ybarat bolup 2,5 mln. ýyl mundan öňden, b.er. öňki XI müňýyllygyna çenli döwri öz içine alypdyr. 2. Daş asyryň 2-nji döwri Mezolit (orta daş asyry), b.er. öňki XI – VII müň ýyllyklar. 3. Daş asyrynyň 3-nji döwri Neolit (täze daş asyry) b.er. öň VII müňýyllykdan – V müňýyllyga çenli. Biziň eramyzdan öňki V müňýyllygyň ikinji ýarymynda Eneolit ýagny mis daş asyry başlanýar we b.er. öňki IV müňýyllygyň ahyryna çenli döwri öz içine alypdyr. Biziň eramyzdan öňki III müňýyllykdan başlap tä b.er. öňki II müňýyllygyň ahyryna çenli döwür bürünç asyryna degişlidir. Çaklamalara görä, Türkmenistanyň territoriýasynda iň gadymy adamlar irki paleolit döwri günortadan, ýagny Aziýanyň öňdäki daglyklaryndan gelipdir. Olar Horasan doglaryndan geçip Türkmenistana gelipdirler. Ol döwüre degişli ýadygärlikleri Ýangyja we Garateňňir stansiýasynyň ýanynda ýüze çykaryldy. Olar takmynan b.er. öňki 300 müňýyllyk döwre degişlidigi kesgitlenildi. Ondan başgada Çüli çaýynyň ýokary akymynda ýerleşýän Damjasuw diýen ýerden birnäçe zähmet gurallary (nukleus, gazawlar) tapyldy. Şeýle gurallar Sumbar we Çendir derýalarynyň jülgeleriniň birnäçe ýerinde tapyldy. 1 Şeýle-de Garabogazyň günorta – gündogar kenarlarynda ýerleşýän Janagyň II Goýmat diýen ýerinde ussahana galyndysynyň üsti açyldy. Ol ýerde-de gazawlar, nukleuslar, ujy ýiti iki tarapy ýiteldilen gurallar tapyldy. Has irki paleolit zamanynyň adamlary ot ýakmany bilmändir, ýöne olar dürli tebigy şetrleriň döreden oduny öz durmuşlarynda ulanypdyrlar. Soň-soňlar adamlar otdan peýdalanmagy başarypdyrlar. Iň gadymy adamlar Krasnowodsk ýarym adasynda, Janakda, Uzboýda, Sumbar-Çendir derelerinde, Merkezi Köpetdagyň töwereklerinde, Sarahsyň günortasynda, Badhyz baýyrlyklarynda, Köýtendag etrabynyň Bulakdere jülgesinde, Gowurdagyň ýakynyndaky Balahana dagynda ýaşapdyrlar. Ol ýerlerde şol döwre degişli daşdan ýasalan zähmet guralary tapyldy. Bu zähmet gurallary bilen agaç, süňk kesmek ýa-da örän inçe zergärçilik işini ýerine ýetirmek üçin amatly bolupdyr. Deşewaçlaryň kömegi bilen deriden egin- eşik tikip, azyk önümlerini salar ýaly halta-meşik edinipdirler. Bu döwürde adamlar düzlüklerde ýerküme, çatma gurup ýaşan bolmaly. Giçki paleolit döwri, b.er. öňki 35-40 müňýyllyklarda Türkmenistanda hem enelik urugy bolupdyr. Şol döwürde erkekler bilen aýallaryň arasynda zähmet bölünşigi ýüze çykypdyr. Erkek adamlar awçylyk, balyk tutmak, zähmet gurallaryny öndürmek, urugy gorap saklamak, aýallar bolsa ir-iýmit çöplemek, öý işlerini etmek, çagalara seretmek bilen meşgullanypdyrlar. B.e.öň XI-VII müňýyllyklarda ýaşan adamlaryň gonalgalary Balkan welaýatynda köp duş gelýär. Muňa mysal edip; Krasnowodsk ýarym adasyndaky Jebel gowagy we Kesgirbulak, Garabogaz kölüniň gündogarynda ýerleşýän Hoja suw, Depeçanak, Balkan dagynda ýerleşýän Gaýly hem Damdamçeşme, Garailim, Uzboýyň aşaky akymynyň ugurlarynda ýerleşýän Kelkör, Aktam I, Seňrajy we ş.m. Mezolit döwrüniň adamlary awlan haýwanlarynyň derisini eýlemegiň, agaçdan, süňkden, daşdan dürli görnüşli gurallary ýasamagy başarypdyrlar. Olar süňkden iňňe ýasap geýim – gejim hem dikipdirler. Giçki mezolit döwri adamlar haýwanlary eldekileşdiripdirler. Jebel gowagyndan tapylan daş gurallaryň giçki mezolite, keramik öňumleriň bolsa neolitiň irki we giçki döwürlerine, irki bürünç asyryna degişlidigi subut edýär. Kaspiň ýakasyndaky Gubaseňňir burnunyň gaýaly belentliliginiň düýbünden irki neolit döwrüne degişli monjuk ýasalýan ussahanasy tapylypdyr. 2. Neolit döwri. Jeýtun medeniýeti. Türkmenistanyň günorta raýonlarynda neolit zamanynyň medeniýeti “Jeýtun medeniýeti” diýen at bilen taryha girdi. Jeýtun, ýagny ol at şol zamanyň ýadygärligi bolan Jeýtun obasynyň ady bilen baglanşyklydyr. Jeýtun obasy Aşgabat şäherlerinden 30 km. demirgazykda ýerleşýär. Bu oba iň gadymy ekerançylaryň obasydygy anyklanyldy. Jeýtunlylar dänäniň ekilmeginiň esasyny goýanlar hasaplanylýar. Jeýtunlylaryň oturymly ekrançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolan döwründe dünýäniň köp böleginde adamlar ýabany ösümlikleri ýygnamak, aw awlamak bilen meşgul bolupdyrlar. 2 Zähmet gurallary öňki döwürdäki ýaly daşdan bolmagyna galsada, ol has kämilleşipdir. Süňkden we daşdan ýasalan gurallar ýylmanypdyr. Çakmak daşlary dişäp, agaja ýa-da gamyşa geýdirip orak ýasapdyrlar. Oturymly ekerançylyk ilatyň köpelmegine getirýär. Alymlaryň hasaplamaklaryna görä, Jeýtunda düzümi 5-6 adamdan ybarat 35-40 maşgala hojalygy bolupdyr. Onuň jemi ilaty 200-240 adam töwerekleri bolupdyr. Her bir maşgalanyň hojalyk gap-gaçlary, bezeg şaýlary maşgala degişli jaýlarda saklanypdyr. Emma iýmit süýşirintgileri, däne, we ş.m. aýry-aýry maşgala hojalygynyň hususy jaýynda dälde, ähli oba üçin umumy bolan jaýda ýerleşdirilipdir. Şeýlelikde, jeýtunlylaryň zähmeti-de, hojalygy-da umumy bolupdyr. Munuň özi jemgiýeçilik gatnaşygynda enelik urugyna degişlidir. Jeýtundaky ilatyň ýaşaýyş jaýlary palçykdan bolup, esasan bir giň otagdan ybarat bolupdyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň gapdalynda hojalyk jaýlary hem ýerleşipdir. Gyzylarbat bilen Mäne-Çäçe oazisi aralygynda Jeýtun medeniýetine degişli, Çopandepe, Togalakdepe (Gökdepe sebitine), Bamy (Bäherden), Çagylly we Monjukly depe (Kaka sebitinde) – jemi 40-a golaý obajyklaryň barlygy anyklandy. Ekerançylyk bilen bir hatarda hojalygyň maldarçylyk pudagy hem öz ornuny tutup başlaýar. Jeýtundan eldeki edilen geçiniň süňki tapyldy. Emma welin et, iýmiti esasan ýabany geçileriň, goýunlaryň keýikleriň we ş.m. hasabyna bolupdyr. 3. Eneolit zamanynyň sungaty we ynanjy. Maddy we ruhy medeniýetiň barha kämilleşmegi adamlaryň estetiki isleglerini hem artdyrypdyr. Palçykdan-toýundan ýasalan gap-gaçlary reňklemek, nagyşlamak, aýal-adam şekilleri (heýkeler), haýwan şekillerini gap-gaçlaryň ýüzüne gara we gyzyl reňk bilen çekmek eneolit döwri üçin häsiýetli zatdyr. Eneolit döwrüniň keramiki önümlerinde häzirki zaman haly nagyşlary köp duş gelýär. Diýmek, türkmen haly sungatynyň kökleri 5-6 müň ýyllyklara uzalyp gidýär. Eneolit zamanynyň adamlarynda güne ynanmak yrymy has mese-mälim duýulýar. Günüň şekillerini beýan edýän tegelek nyşanlar gap-gaçlaryň nagyşlarynyň arasynda-da, aýal şekiliniň (heýkeliniň) budunda hem duş gelýär. Gün şekillerinde görkezilen nyşanlaryň birnäçesi şol zamanyň ekerançylyk kalendary bolaýmagy mümkindir diýen pikir hem bar. Käbir zatlarda, keramikada we möhürleriň ýuzünde adamlaşdyrylan ösümlik şekilleri (fetişizm) örän çylşyrymly halda beýan edilipdir. Beýle ýagdaý diňe bir Türkmenistanyň eneolit zamany üçin häsiýetli bolman, eýsem Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň sungaty we ruhy medeniýeti üçin hem häsiýetlidir. Şoňa görä-de, ol şekiller “ömür daragtyny” alamatlandyrypdyr. Omür daragtynyň iň ilkinji agajy hurma agajy diýlip çaklanylýar. Hurma agajy barada, onuň miwesi barada türkmenleriň arasynda henize-bu güne çenli aýratyn dini ynanjyň bardygy ýöne ýerden däl bolsa gerek. Ýagny yslam dinine ynanýan adamlar oraza tutup, agyz beklänlerinde, gün ýaşandan soňra agyzlaryny hurma bilen açsalar, oňa gowulygyň alamaty hökmünde garaýarlar. 3 Eneolit döwürde adamlaryň o dünýä hakynda ynançlary bolupdyr. Olar diňe bir diri gezip ýören adamlar hakynda däl-de, eýsem merhumlar barada hem aladalanypdyrlar Adam ölse-de, onuň ruhy ýaşaýar, ol diri adam ýaly iýmitlenýär diýen düşünje şol zamanyň adamlarynda bolupdyr. Oňa merhumlaryň mazarynda içi azyk, suwuklukly gap-gaçlaryň goýulmagy güwä geçýär. Eneolit zamanynda eýýäm sosial deňsizlik ýüze çykan bolmaga çemeli. Sebäbi käbir merhumlaryň baş ýa-da aýak ujunda 1-2 gap-gaç goýulsa, başga birleriniňkide olaryň telimsi goýlupdyr. Adamlary jaýlamagyň belli bir düzgüni bolupdyr. Olary ýörite gonamçylykda jaýlaman, ýaşalýan ýerlerde, jaýlaryň polunyň aşagynda jaýlapdyrlar. Şeýle etmek bilen olarda ölen adamlaryň täzeden dünýä inmek umytlary boupdyr. Şoňa görä-de merhumlar diri wagtynda ýaşan mekanlaryndan daşlaşdyrylmandyr. Merhumlary büküp jaýlamak usuly giň ýaýrapdyr. Şol zamanyň adamlarynyň düşünjesine görä, adam çagalykda enesiniň içinde nähili ýatan bolsa, ölenden soň hem şeýle halda jaýlamaly diýlip pikir edilipdir. Maşgalada täze bäbegiň – çaganyň bolmagyna ozalky “ölen çaganyň gaýdyp gelmegi” diýlip düşünipdirler. Bu
Details
-
File Typepdf
-
Upload Time-
-
Content LanguagesEnglish
-
Upload UserAnonymous/Not logged-in
-
File Pages129 Page
-
File Size-