Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik geçirmek hakynda BILDIRIŞ

1. LOT № 98. Ýokanç keseller merkezleri müdirýetiniň ýyladyş desgalarynda oturdylan suw gyzdyryjy gazanlarynda («Alarko» ACK2–3000 kWt – 1 sany, «Alarko» ACK2–1500 kWt – 1 sany) düýpli bejeriş işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi. 2. LOT № 99. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň «Uralka» kiçi etrapçasynda ýerleşýän TP-19 we TP-66 transformator beketlerinden çykýan kuwwatlylygy 0,4 kW bolan howa ulgamynyň durkuny täzelemek, etrabynyň täze döredilen ýer gaznasynyň elektrik üpjünçiligi (III tapgyr). Çärjew etrabynyň Hojagala şäherçesinde, Boýrabap geňeşliginiň Galkynyş we Adak obalarynda, Gularyk geňeşliginiň Üçbaş obasynda, Kiştiwan geňeşliginiň Darganly we Garagyş obalaryndaky kuwwatlylygy 0,4/6/10 kW bolan howa ulgamlarynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi. 3. LOT № 134. Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesine degişli ýangyn howpsuzlygy enjamlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek. Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi. 4. LOT № 137. Türkmen oba hojalyk institutynyň tor üpjünçiligini kämilleşdirmek üçin enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi. 5. LOT № 148. «Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň garamagyndaky «Türkmenbaşyagyzsuw» müdirliginiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündizde 35 000 m3 we Gyýanlydaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 50 000 m3 bolan deňiz suwuny süýjediji desgalaryň, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 70 000 m3 bolan lagym suwlaryny biologik arassalaýjy desganyň hem-de «Türkmenbaşyagyzsuw» müdirliginiň Suw geçirijiler gullugynyň lagym geçirijiler gullugyna degişli bolan suw sorujy beketleriň talabalaýyk, bökdençsiz işlemegi üçin elektrik ätýäçlyk şaýlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi. 6. LOT № 152. Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärlerine niýetlenip gurulýan 2 gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlary üçin daşarky we içerki eltiji inžener ulgamlaryny, ýollary gurmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi. 7. LOT № 156. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Ärsarybaba köçesiniň ugrunda guruljak lagym sorujy bekediň we lagym geçirijiniň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi. 8. LOT № 164. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda täze döwrebap ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy (1-nji tapgyr, inžener ulgamlary, ýollary bilen bilelikde) üçin harytlary we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi. 9. LOT № 165. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda täze, döwrebap ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy (2-nji tapgyr, daşky we içerki inžener ulgamlary, desgalar, içki köçeleri, geçelgeleri we seýilgähleri) üçin harytlary we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi. 10. LOT № 171. Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 48 öýli 1 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak. Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi. 11. LOT № 176. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesiniň çägindäki bir gije-gündizde 30 000 m3 agyz suwuny arassalaýjy desga üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

12. LOT № 182. Daşoguz welaýatynyň etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 40 000 m3 bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlary we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi. 13. LOT № 183. Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň R.Ataýew adyndaky geňeşligindäki saglyk öýüniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi. 14. LOT № 184. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki Döwlet baýdagynyň meýdançasynyň kömekçi binalarynyň we inžener ulgamlarynyň gurluşygy hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi. 15. LOT № 186. Döwlet Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň garamagyndaky edaralar üçin kompýuter enjamlary toplumyny satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi. 16. LOT № 187. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň binalarynyň howalandyryjy, sowadyjy we ýyladyjy ulgamlary üçin 592*592*125 belgili biofiltrleriň 297-sini, Membrano filtrleriniň 9-syny, M49-592*592 belgili AHU filtrleriniň 149-syny, M49-287*592 belgili AHU filtrleriniň 100-sini satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi. 17. LOT № 197. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň resmi internet saýtynyň binýadynda «hasabat tabşyrmak» sahypasyny döretmek, statistiki hasabatlary tabşyrmagy tapgyrlaýyn elektron görnüşe geçirmek üçin ýörite programma üpjünçiligini we zerur bolan tehniki enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti. 18. LOT № 200. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy (2-nji tapgyr, daşky we içerki inžener ulgamlary, desgalary, içki köçeleri, geçelgeleri we seýilgähleri) üçin harytlary we enjamlary satyn almak Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi. 19. LOT № 201. Aşgabat şäheriniň günortasyndaky umumy meýdany 700 gektar bolan seýilgähiň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi. 20. LOT № 214. Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Diýar geňeşliginiň Kelteler obasyndaky 600 orunlyk mekdep üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak. Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi. 21. LOT № 217. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Derweze geňeşliginiň Böri obasyndaky kuwwatlylygy HU- 10 kW bolan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi. 22. LOT № 219. Aşgabat – Türkmenbaşy magistral awtoulag ýolunyň Bäherden etrabynyň Bäherden şaheriniň çäginden geçýän 4560 metr böleginiň ugrunda täze yşyklandyryjylary goýmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi. 23. LOT № 223. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkamaşa geňeşliginiň obasynyň ýollarynyň, «Mary-Şatlyk-Gurbandurdy post» awtomobil ýolunyň 0-20 kilometr böleginiň, Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiginiň täze mellek ýerleriniň içki köçeleriniň, oba ýollarynyň, Sakarçäge etrabynyň Mary-Sakarçäge awtoulag ýolunyň 14-17 km böleginiň, etrabyň merkezinden Keseýap geňeşligine çenli barýan ýolunyň 0-9 km böleginiň durkuny täzelemek hem-de Akýap geňeşliginiň Çetli obasynyň ýollaryny täzeden gurmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak. Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi. 24. LOT № 226. «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň şäheri yşyklandyryş müdirligine Aşgabat şäheriniň ýollarynyň daşky yşyklandyryş ulgamyna hyzmat etmek üçin ulanylýan elektrik enjamlaryny satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Energetika ministrligi. 25. LOT № 227. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Aeroport şäherçesindäki 4 gatly, 24 öýli 10 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi. 26. LOT № 245. Aşgabat şäheriniň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň we A.Nyýazow şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebi üçin harytlary we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi. 27. LOT № 247. Aşgabat şäheriniň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň we A.Nyýazow şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebi üçin harytlary we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi. 28. LOT № 271. Döwletiň býujetini taýýarlamak, dolandyrmak we makroykdysady çaklamalary ýerine ýetirmek hem-de Gaznanyň töleg ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly (Aşgabat şäher we welaýatlardaky müdirlikleri we olaryň tabynlygyndaky bölümleri goşmak bilen) gerek bolan derejede serwer, kompýuter tehnikalaryny, goşmaça zerur enjamlaryny hem-de programma üpjünçiligini satyn almak we ornaşdyrmak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. 29. LOT № 279. Radioaktiw galyndylary ýerleşdiriji ýörite nokadyň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi. 30. LOT № 289. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täzeýol geňeşliginiň täze, döwrebap şäherçesindäki ýangyn howpsuzlyk bölüminiň edara binasynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi. 31. LOT № 294. «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň şäheri yşyklandyryş müdirligine Aşgabat şäheriniň yşyklandyryş ulgamlaryna hyzmat etmek üçin ulanylýan elektrik enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Energetika ministrligi. 32. LOT № 307. Aşgabat şäherindäki Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi. 33. LOT № 316. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Hurmant Gökje obasyndaky saglyk merkeziniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi. 34. LOT № 322. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Aeroport şäherçesinde 4 gatly 24 öýli 10 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi. 35. LOT № 323. Balkan welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi. 36 LOT № 333. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň N.Gutlyýew, , Talhanbazar, Hojaili, Amyderýa geňeşlikleriň gum obalaryndaky kuwwatlylygy 6/10/0,4 kW bolan howa ulgamyny gurmak, B.Myradow geňeşliginiň N.Açilow obasyndaky, Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasyndaky kuwwatlylygy 10/0,4 kW, Bereket geňeşliginiň Gökler, Ýassydepe, Gaýbaýat, Täze aý obalaryndaky kuwwatlylygy 10/6/0,4 kW bolan howa ulgamlarynyň, f.Kultsentr E/B Oguz han 10 kW bolan elektrik geçirijisiniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi. 37. LOT № 345. Lebap welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Türkmenabat arassaçylyk müdirliginiň 2-nji senagat zolagynda ýerleşýän edara binasynda düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi. 38. LOT № 354. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Watan köçesiniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi. 39. LOT № 371. Ýokanç keseller merkezleri müdirýetiniň binalarynyň howalandyryjy, sowadyjy we ýyladyjy ulgamlaryna, şeýle hem nasos göteriji enjamlaryna tehniki hyzmatyny ýerine ýetirmek. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi. 40. LOT № 379. Ýokanç keseller merkezleri müdirýetiniň binalarynyň howalandyryjy, sowadyjy we ýyladyjy ulgamlary üçin enjamlary we sarp ediş serişdelerini satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi. 41. LOT № 381. Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň binalarynda we desgalarynda ornaşdyrylan MT (maglumat tehnologiýa) enjamlaryna hyzmat etmek. Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi. 42. LOT № 406. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäherindäki PS-110/35/10 10 kW 163 belgili elektrik bekediniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlaryny satyn almak. Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi. 43. LOT № 430. Mary şäheriniň 2-nji Saglyk öýüniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak. Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi. 44. LOT № 471. Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny işe girizmek üçin programma üpjünçiligini we gerekli enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasy. 45. LOT № 473. Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň «» daýhan birleşigindäki kuwwatlylygy 10 kW bolan howa elektrik geçirijisiniň durkuny täzelemek we KTP-160/10 kWa desgasyny oturtmak, «Lebap» daýhan birleşigindäki kuwwatlylygy 10 kW, Gülabat we Magtymguly obalaryndaky 0,4 kWa bolan howa elektrik geçirijileriniň durkuny täzelemek we KTP-160/10 kW desgasyny oturtmak, Jeýhun şäherçesinde GKTP- 96,97,98,99-dan kuwwatlylygy 10/0,4 kW bolan howa ulgamynyň durkuny täzelemek, 4 sany 160/10 kWa KTP-ny 4 sany 250/10 GKTP çalyşmak, Döwletli etrabynyň Amyderýa şäherçesiniň Şatlyk köçesinde kuwwatlylygy KTP-400/10 kWa desgasyny oturtmak we 10/0,4 kW HU-ny gurmak, Pagtaçy geňeşliginiň Nowruz obasynyň Lebap köçesinde we Jeýhun obasynyň Bitaraplyk köçesinde KTP-250/10 kWa desgasyny oturtmak we 10/0,4 kW HU-ny gurmak, Ýalkym geňeşligniň Baýdak obasynyň Bitaraplyk köçesinde we Dostluk şäherçe geňeşliginiň Gündogar köçesinde KTP-400/10 kWa desgasyny oturtmak we 10/0,4 kW HU- ny gurmak, Dostluk şäherçe geňeşliginiň G.Atabaýew köçesinde KTP-630/10 kWa desgasyny oturtmak we 10/0,4 kW HU-ny gurmak, täze şäherçede KTP-630/10 kWa desgasyny oturtmak we 10/0,4 kW HU-ny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi. 46. LOT № 496. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky geňeşliginiň Isberden obasynda gurulýan 2 gatly, 5 otagly 10 sany ýaşaýyş jaýynyň daşarky eltiji elektrik ulgamynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi. Bäsleşik 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz: Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, 48A otag. tel. 39-46-39; 39-46-38, 39-46-35.