NOWRUZ GURBANMYRADOW

KÖŇÜL OWAZLARY

Nowruz Gurbanmyradow

1951-nji ýylda Tejen etrabynyň Babadaýhan obasynda eneden bolýar. 1976-njy ýylda adyndaky TDU-nyň türkmen filologiýasy bölümini tapawutlanan diplom bilen tamamlady.

Ol döredijilik işine mekdep ýyllaryndan başlady.

Dürli ýyllarda onuň Ajaýyp haly, Ene erteki aýtsana, Dutara dil bitende atly goşgular ýygyndylary köpçülikleýin tiraj bilen aýratyn kitap edilip okyjylara hödürlendi.

Nowruz Gurbanmyradow filologiýa ylymlarynyň kandidatydyr. Ol häzir Türkmenistan Bilim ministrliginiň bölüm müdiri bolup işleýär.

Nowruz Gurbanmyradow

Köňül owazlary

(Goşgular we şygyrlar) 1998 ýyl 112 sahypa

Köňül owazlary şahyr Nowruz Gurbanmyradowyň Garaşsyz Türkmenistan, onuň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy, ýurduň özboluşly tebigaty, geçmişi, şu güni hakyndaky eserlerini öz içine alýar.

Ýygyndyda ýerleşdirilen goşgular şu günki türkmen topragynda bolup geçýän özgerişliklere diňe bir şahyryň guwanjyny beýan etmän, eýsem, türkmen halkynyň köňül owazy bolup ýaňlanýar.

Ýygyndy giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.

TÜRKMENBAŞY 1

(aýdym)

Türkmenistanym garaşsyz başynda Türkmenbaşy Külli Türkmenimiň köňül-hoşunda Türkmenbaşy,

Işde, öýde, çölde çopan goşunda Türkmenbaşy,

Sežde edýär il-gününe gaşynda Türkmenbaşy,

Aksakgallaň pendin alýar işinde Türkmenbaşy.

Göwnü açyk, parasatly, nurana nazarkerde,

Abraýy arşa galan küýselýär ähli ýerde,

Watanym ak ýola düşdi syryldy duman perde,

Dost-doganlyk, agzybirlik, elmydam akyl-serde,

Iliň-günüň aladasy huşunda Türkmenbaşy.

Baýlygymyza eýe etdi, sakasynda özümiz,

Türkmen üçin kemelenok nebitimiz, gazymyz,

Ene dilim döwlet dili saýrar ogul-gyzymyz,

Saçagymyzda egsilenok çöregimiz duzumyz,

Ak ýürekden hödür edýäs duşanda Türkmenbaşy.

Ýagşylykda ýatlaň diýdi iş bitiren ärleri,

Nurberdi han, Dykma , ýene Keýmir körleri,

Hem Azady, hem Pyragy, söz mülküniň şirleri,

Din ýolunda hyzmat eden ady belli pirleri,

Adyňa doga-namazyň bäşinde Türkmenbaşy.

Gezer diýdiň her bir türkmen ýer ýüzünde ýaýnaýyp, Togy mugt, gazy mugt durar çaýy gaýnaýyp,

Çagajyklar şadyýan gezer gülüp-oýnaýyp,

Nowruz aýdar sözüm hakdyr, diýemok men aýnaýyp,

Bu döwletim ýüzük bolsa gaşynda Türkmenbaşy.

1 Sazy Türkmenistanyň at gazanan artisti, sazanda Gurbannazar Nurymowyňky.

SERDAR, BAŞYŇ AMAN BOLSUN!

Bagtymyza ak ýol açan,

Serdar, başyň aman bolsun!

Aý-gün ýaly şugla saçan,

Serdar, başyň aman bolsun!

Ýolumyz hem ýörelgämiz,

Öňbaşçymyz, göreldämiz,

Hak sylamyş adyl Şamyz,

Serdar, başyň aman bolsun!

Sähram ýaly açyk göwün,

Sözi melhem bogun-bogun,

Içen ýaly çeşme suwun,

Serdar, başyň aman bolsun! Watanyny käbe saýan,

Il-ulusyn mähre çoýan,

Erkinligi dünýä ýaýan,

Serdar, başyň aman bolsun!

Galkynyşyň öçmez nury,

Pygamberiň nesil ugry,

Türkmeniň synmaz tugy,

Serdar, başyň aman bolsun!

Asudalyk köňül beýdiň,

Älem içre nusga goýduň,

Alyp barýan ýoluň aýdyň,

Serdar, başyň aman bolsun!

ENE SEN 2

(Aýdym)

Ýüreginde besläp ýagşy pälleri,

Balalarna ganat geren Ene sen.

Ýalňyzlykda geçip agyr ýollary,

Niçe külpet, jebir gören Ene sen.

Üç ogul üç bala jigeriň janyň Üç çynary jeňde galan atanyň

Adyň Gurbansoltan deňinde käniň,

Ejizlemän ömür süren Ene sen.

Zemin yrananda meňzäp elege,

Namartladyň diýdiň garap pelege,

Goşa balaň başyn goýup bilege,

Ajal bilen söweş guran Ene sen.

Heý Ene ölermi otuz bäşinde,

Balasyny goýup sekiz ýaşynda,

Gündiz hyýalynda gije düýşünde,

Ogul ýüreginde ýören Ene sen.

Keşbiň gözlerinde, dilinde adyň,

Türkmenbaşy boldy Saparmyradyň,

Öçmez ojagynda seň ýakan oduň,

Serdar ogly dünýä beren Ene sen.

2. Sazy kompozitor Rejep Rejebowyňky.

BU GÜN

(Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň doglan gününe bagyşlanýar)

Türkmenim toý dabaraň, arşa barandyr bu gün, Bagyňda bilbilleriň jak-jak urandyr bu gün,

Göwünler ganat baglap uçup ýörendir bu gün,

Il-günümiň islegi höküm sürendir bu gün,

Türkmenbaşy uzak ýaş dilär erenler bu gün.

Dünýä indiň Serdarym, Türkmeniň bagty bolup,

Halas etdiň tümlükden ýoluna ýagty bolup,

Asudalyk, jebislik şygaryň şugla salyp,

Pasyrdasyn baýdagyň barha belende galyp,

Taryp edip dillermiz saýrap durandyr bu gün.

Jyda düşüp ýaşlykda ata-ene käbäňden,

Mähir gördüň, ýüz tapdyň parasatly babaňdan,

Sahawaty öwrendiň Gypjak atly obaňdan,

Ezizlerňe hormatyň aýdabilmen näme deň,

Olar Hakyň Keremin aýan görendir bu gün.

Sen türkmeniň başy sen, şamçyragy ýollaryň,

Hajy bolup islegin berjaý kyldyň illeriň,

Paýhas siňen Permanlaň senasydyr dilleriň,

Garaşsyzlyk tohumyn, sepip beren elleriň,

Bereketi müň bolup şine urandyr bu gün.

Türkmen diýip jahanda, tutulýar adym meniň, Berkarar döwletim bar mukaddes zadym meniň,

Gutly bolsun ýaş toýuň Saparmyradym meniň,

Nowruz aýdar, seň bilen gowşamaz badym meniň,

Taňrym seni türkmene peşgeş berendir bu gün.

SERDAR 3

(Aýdym)

Döwletli döwrana dolandy, ilim,

Watanmy äleme jar eden Serdar.

Türkmeniň başy sen, ýagtyltdyň ýolum,

Garaşsyz döwleti döreden Serdar.

Golunda permany nazary Hakdan,

Çyn dosta wepasy artykdyr çakdan,

Ýygnap kowumdaşy ýakyn yrakdan,

Hemmäniň agzyny bir eden Serdar.

Baýdagynda ata-babalaň pendi,

On ýyl abadanlyk, ýörelgäň indi.

Iliň alkyşlany Eziz Perzendi,

Ähli ýüreklerde ýer eden Serdar.

Ilim galkyn diýdiň dolap aslyna, Buýsanç bilen gaýrat berdiň neslime,

Gara gyşy öwrüp bahar paslyna,

Doňan göwünleri ereden Serdar.

Çar-ýanym bürener bagy-bossana,

Ilim ýer ýüzünde gezer messana.

Nowruz joşar adyň goşup dessana,

Saňa kuwwat bersin Ýaradan Serdar.

3. Sazy Gurbannazar Nurymowyňky.

GALK TÜRKMEN

Beýik Türkmenbaşy berdi bu bagty,

Bize baky Garaşsyzlyk ýar boldy.

Sekiz asyrdan soň galkyndy Türkmen,

Bitarap binamyz berkarar boldy.

Galkyn Türkmen, galkyn Türkmen,

Galk Türkmen.

Pespäl Türkmen, hem agzybir

Halk Türkmen.

Gaýduwsyz, gaýratly Oguzhan aslyň,

Gorkutdan, Keýmirden ýol alan kesbiň, Pyragyň pähimi dogasy nesliň,

Gylyç gemren ogullaryň nar boldy.

Galkyn Türkmen, galk Türkmen,

Galk Türkmen.

Sen wepaly, hem sabyrly

Halk Türkmen.

Bu ýol Türkmenbaşyň ýoludyr indi,

Ýoly asudalygyň, agzybirligiň.

Ýagty ertirleriň ýoludyr ýoly,

Dostlyk-doganlygyň, ygtybarlygyň.

Galkyn Türkmen, galkyn Türkmen,

Galk Türkmen.

Sen işeňňir, ruhubelent

Halk Türkmen.

Bedewim buýsanjym uçar ganatym,

Gerbim, Tugum, Halym görküm, zynatym.

Halk, Watan, Türkmenbaşy-ymmatym,

Size uýup baky bagtyýar boldy.

Galkyn Türkmen, galkyn Türkmen, Galk Türkmen.

Ýurdy azat, ili abat

Halk Türkmen.

TÜRKMEN

Alnyňda ak gün dogan,

Garaşsyz illi Türkmen.

Gursagy dünýä sygan,

Gujurly billi Türkmen.

Asly Gorkut, Oguzly,

Sözlän sözi maňyzly.

Bugdaý ýaly meňizli

Işlese belli Türkmen.

Lebzi asaldan datly,

Söýgüsi ýanar otly.

Hem halal, hem gaýratly,

Hemem pes pälli Türkmen.

Duşduň il söýen merde,

Syryldy duman perde,

Çyn göwher ýatmaz ýerde, Jahana doldy Türkmen.

BU GÜN

Aslyňa dolan Türkmenim.

Aslyň derde derman bu gün.

Garaşsyz bolan Türkmenim.

Jahan saňa haýran bu gün.

Pyragy doga-tumarym,

Oguzhan tylla-kemerim,

Türkmenbaşy gan damarym

Ilim saňa gurban bu gün.

Agzybirlik, ojak abat,

Kiçä tagzym, ula nobat.

Isleýänler gürrüň-gybat

Goý, çeksinler arman bu gün.

Erkin bolup ganat geren,

Çyn dost-ýara golun beren,

Topragy çyn Hydyr gören,

Ýaşar horluk görmän bu gün. Döwletimde dilim meňki,

Bedew, haly ol hem meňki,

Kuran, kitap, ylym meňki,

Serdarymdan perman bu gün.

TÜRKMENISTAN BITARAP

Hoş habar çar ýana guş bulup uçdy,

Türkmenistan, bagy-bossan Bitarap.

Garaşsyzlyk ýene-de bir gül açdy,

Türkmenistan, dilde dessan Bitarap.

Kalbym hoşa geldi, ýaz boldy gyşym,

Göwrä gurbat berdi, ösdürdi başym,

Şeksiz ynamyndan ýüz segsen bäşiň,

Türkmenistan, gül-gülüstan Bitarap.

Agzybirlik, asudalyk ýörelgäň,

Köpe nusga her ädimiň, göreldäň,

Ýalkady halkymy Keremi Allaň,

Türkmenistan, eziz mekan Bitarap.

Pälinde päklik bar, sözünde many,

Beýik Serdar özgertdi zamany. Bagtym açdy garaşsyzlyk şemaly,

Türkmenistan, barly mekan Bitarap.

GARAŞSYZLYK

Dünýäde söz kän,

Ýagşydan ýagşy,

Şahyryň dilinde

Dilinde bagşyň.

Ýöne bir söze,

Guwanar hemme.

Ol Garaşsyzlyk

Jadyly jümle.

Bagt paýlaýar

Galkynýar göwün,

Bu söz äleme

Nur saçýar bu gün.

Ýurt Bitarap,

Garaşsyz ilim,

Şanyna joşup

Saýraýar dilim. WATAN 4

(aýdym)

Gözlerimiň garasy, waspyň dilimde Watan,

Indi bolduň Garaşsyz, erkiň elinde Watan

Bereketiň çeşmesi atyz-peliňde Watan,

Nebitiň bar, gazyň bar käniň çölünde Watan,

Aksakallaň paýhasy nurdur ýolunda Watan.

Göz gamaşar halymyz, parlap dogan gün ýaly,

Asly halal bedewleň ýüwrüklikde ýel ýaly,

Pälwanlaryň gaýraty haýran eder dünýäni,

Barmy dosta wepaly ýer ýüzünde sen ýaly,

Ygtybarly dostlaryň goly goluňda Watan.

Iliň-günüň bagtyýar, asudalyk isläni,

Pederlermiň asyrlap ýüreginde besläni,

Topragy Hydyr gören, nurdan doly asmany,

Belki sensiň gümanym-jennetiň bag-bossany,

Suw sonasy erkana ýüzer kölüňde Watan.

Barýas aýdyň ýol bilen, külli türkmen bir bolup,

Akyl, paýhas, aň-bilim şöhle salýar zer bolup,

Dinim, däbim, dessurym bary ýerbe-ýer bolup,

On ýyl abadançylyk götär ganat-per bolup, Hyzmatyňda ogullaň sagy-soluňda Watan.

Giňden açyk saçagyň, minnetsiz nan-aşyň bar,

Ýazyň ýaza meňzeýär, ýaza meňzeş gyşyň bar.

Hakyň nazar salany Saparmyrat Başyň bar,

Nowruz aýdar arkadag, sen göwünhoşum bar,

Arzyly sen Käbe dek, ulus-iliňde Watan.

4. Sazy Gurbannazar Nurymowyňky.

WATAN GARAŞSYZ BOLSA

Il-gün bagtyýar eken,

Watan Garaşsyz bolsa.

Taýsyz jennet bor eken,

Watan Garaşsyz bolsa.

Erk, ygtyýar elimde,

Ýol saýlaýan ylymda.

Altyn öner çölümde,

Watan Garaşsyz bolsa.

Guwanar kowumdaşym,

Saýrylar ýakyn-daşym. Minnetsiz nanym-aşym,

Watan Garaşsyz bolsa.

Ýaşyl tugum pasyrdap,

Ýürekleri etdi sap.

Arzuwum ýüz asyrlap,

Watan Garaşsyz bolsa.

BIZ SENIŇ NESLIŇ

(aýdym)

Biz seniň nesliň,

Seniň zürýadyň,

Ýoluma ýagty,

Merdana adyň.

Eý, Türkmenbaşy,

Göwünleň hoşy,

Mähribanymyz

Gahrymanymyz

Ýaşa sen ýaşa,

Ýaşa hemişe. Seň bilen barýas,

Biz öňe sary,

Seň bilen gülledýäs

Eziz diýary.

Biz körpe Nesil

Saňa wepaly,

Bitarap Watan,

Ömür sapaly.

Sazy Atda Çaryýewiňki.

MILLI GALKYNYŞ

Ak gün alnymda, duran Milli Galkynyş,

Bagtym bolup ganatyn geren Milli Galkynyş,

Her bir işde güýç-kuwwat beren Milli Galkynyş,

Damarymda ganym sen, ýören Milli Galkynyş,

Göwünleriň törüne baran Milli Galkynyş.

Oýandyrdyň gaflatdan, eýe etdiň erkime,

Pederleriň ruhun gatyp bildiň durkuma,

Asyrlaryň arzuwy, siňip tugum görküňe,

Ýatladyp dur Türkmeniň açyk kalbyn her kime, Asudalyk jaňyny uran Milli Galkynyş.

Hakym ýokdy, erksizdim, Allam medet diýmäge,

Berjaý edip dessury, şerigata uýmaga,

Mejbur bolduk hyýaly serdarlary söýmäge,

Ýaýdanardyk bu näme diýip sowal goýmaga,

Bu endikleň köküni gyran Milli Galkynyş.

Salgy berdiň ugrumy, ýörelgäm ýolum bolup,

Akyl berdiň tapladyň, ynsabym pälim bolup,

Ýalňyşsam ýola salýan, sen beýik alyp bolup,

Galdyň barha belende, jahana mälim bolup,

Binýadymy täzeden guran Milli Galkynyş.

Geljegini ýitirer, kim unutsa düýnüni,

Ynsabyny unudar kim ýitirse dinini,

Ýüz görmediň duýdurdyň, her adama müýnüni,

Täzelediň ruhum, alyp işiň kynyny,

Aň-bilime täzeçe garan Milli Galkynyş.

Türkmenbaşyň perzendi, paýhasy sen nury sen,

Berkarar döwletimiň, ýörelgesi ugry sen,

Süňňümizi ýyladýan ýürekleriň howry sen,

Nowruz aýdar waspysyny, Adalat sen, Dogry sen, Millionlaryň göwnüne ýaran Milli Galkynyş.

TÜRKMENBAŞY

Nesilleriň ganaty sen,

Döwletimiň zynaty sen,

Asyrmyzyň danasy sen,

Gahrymanym Türkmenbaşy.

Garaşsyzlyk çyn perzendiň,

Ýolum açdy beren pendiň.

Iliň-günüň jigerbendiň,

Hany-manym Türkmenbaşy.

Saýlap alyp dogry ýoly,

Galkyndyrdyň ulus ili,

Magtumguly dana ýaly,

Mähribanym Türkmenbaşy.

Gaýdyp berdiň dinimi sen,

Dessurymy, düýnümi sen,

Döwrüň beýik alymy sen,

Genji-känim Türkmenbaşy. Agzybirlik baş şygaryň,

Abadanlyk paýhas nuruň.

Nowruz aýdar Alla ýaryň,

Ýagty ýolum Türkmenbaşy.

GARAŞSYZLYK BAÝDAGYNYŇ ASTYNDA

Ýör öňe, ýör öňe, ýör öňe sary,

Garaşsyzlyk Baýdygynyň astynda.

Bize gujak açýar bütin ýer şary

Garaşsyzlyk Baýdagynyň astynda.

Men seniň öz ogluň, seniň esgeriň,

Jandan eziz maňa her daban ýeriň.

Güýç berýär paýhasy Beýik Serdaryň

Garaşsyzlyk Baýdagynyň astynda.

Watan hatyrjem bol, saklarys duzuň,

Sowuldy gyşlaryň, goşadyr ýazyň,

Sözi aýry çykmaz ogulyň-gyzyň

Garaşsyzlyk Baýdagynyň astynda.

Bitarap diýarym, buýsanjym galkyn,

Biz polat galaň sen, biz saňa galkan, Bagta ak ýol açan ýalkan,

Garaşsyzlyk Baýdygynyň astynda.

TOÝ AÝDYMY 6

(aýdym)

Gül-gülüstan Watanym,

Köňülleriň joşunda.

Garaşsyz hem Bitarap,

Mydam juwan ýaşynda.

Parasatly Serdara,

Sahawatly Serdara,

Är gaýratly Serdara,

Tagzym ediň gaşynda.

Ilim abat erkana,

Ýurt abadan görkana,

Älem haýran ülkäme,

Kim görüpdir düýşünde.

Baýdagym, Gerbim indi,

Buýsanjym gurbum indi.

Tördedir ornum indi, Dünýäň ähli işinde.

Sarsmaz döwlet binam bar,

Watan dile senam bar,

Halkym arkam penam bar,

Bir saçagyň başynda.

6 Sazy ýazan Atda Çaryýewiňki.

GARAŞSYZ WATANYŇ TOÝ SAÇAGYNDA

Müň dürli nygmat bar, müň dürli tagam,

Garaşsyz Watanyň toý saçagynda.

Ýer ýokdur ekmäge bolsady dagam,

Garaşsyz Watanyň toý saçagynda.

Balkanyň bekresi, Basyň palowy,

Iýeňde duýdurmaz kesseň gulagy,

Jana derman Köpetdagyň bulagy,

Garaşsyz Watanyň toý saçagynda.

Lebabyň almasy, Maryň üzümi,

Tejen gawunyndan sowman ýüzümi,

Göz ýetirer bihal gören sözümi, Garaşsyz Watanyň toý saçagynda.

Agzybirlik yrsgal döwletiň başy,

Göwne ganat bekläp uçurar guşy,

Oguzhanyň nesli, ýakyny-daşy,

Garaşsyzlyk Watanyň toý saçagynda.

Müň ýyllap şu güne garaşan türkmen,

Sabyr-takat bilen göreşen türkmen,

Bu gün bagtyň geldi oraşan türkmen,

Garaşsyz Watanyň toý saçagynda.

Tenekar janyma naharyň duzuň,

Gyşyň mahmal ýaly, goşadyr ýazyň,

Ýaň salýar owazy çalynýan sazyň,

Garaşsyz Watanyň toý saçagynda.

Nowruz joşa gelse sözüniň aýgy,

Garaşsyzlyk toýy toýlaryň beýgi,

Dostluga tagzym bar, Serdara söýgi,

Garaşsyz Watanyň toý saçagynda.

GETIRDI Garaşsyzlyk Watan saňa,

Şöhrat bilen şan getirdi.

Arzylandy ak bugdaýyň,

Mele-myssyk nan getirdi.

Sözläp bilýän üç dil okap,

Senagatyň barha bekäp,

Indi türkmen egrip-dogap,

Ýüpek parça don getirdi.

Polat ýollar barha uzap,

Otly geçýär çöli bezäp,

Ilim abat, ýurdum azat,

Dost bilen myhman getirdi.

Ýol açyldy ygtykada,

Metjit, Mekge düşdi ýada.

Molla, müftä asylzada

Mukaddes Kuran getirdi.

Ýaşyl Tugum meşhur eden,

Gerbim, Halym hem-de Bedew,

Bitaraplyk sagdyn beden,

Gujur-gaýrat nan getirdi. Ýolum ýagty, gadam batly,

Bu döwrana sahawatly

Saparmyrat Nyýaz atly

Bir Beýik Soltan getirdi.

HALK WATAN, TÜRKMENBAŞY 7

(aýdym)

Döwrüň beýik keramaty,

Halk, Watan, Türkmenbaşy.

Hak nurunyň alamaty

Halk, Watan, Türkmenbaşy.

Sygynanym, penakärim,

Göz guwanjym herne barym,

Dile senam, howandarym,

Halk, Watan, Türkmenbaşy.

Garaşsyzlyk bagt paýym,

Abadanlyk günüm aýym,

Aýra düşmesin ylaýym

Halk, Watan, Türkmenbaşy.

Käbe deňäp seýenim Siz

Jiger ýerne goýanym Siz Nowruz aýdar uýanym Siz

Halk, Watan, Türkmenbaşy.

7 Sazy Atda Çaryýewiňki.

EZIZ TÜRKMENISTANYM

Gaýraty sen ilimiň,

Kuwwaty sen bilimiň,

Arkadagym galam sen

Käbäm, kyblam, penam sen,

Sen jennetim bossanym,

Eziz Türkmenistanym.

Sen Garaşsyz erkana,

Sen güneşden görkana,

Sen meniň genji-känim,

Damarymda al ganym.

Eziz Türkmenistanym.

Parlap dogan aýyň bar,

Bereketden paýyň bar,

Ahal-teke atyň bar,

Halyň kalbyň-niýetiň bar, Synam, jigerim-janym,

Eziz Türkmenistanym.

Aýdyň ýoldur barýanyň,

Ösüp-örňäp gurýanyň,

Sen asuda, Bitarap,

Dünýä dursun, sen gerek,

Mertebäm, şöhrat-şanym,

Eziz Türkmenistanym.

WATAN, SAŇA ÝARASAM...

Islemen başga döwran,

Watan, saňa ýarasam.

Seniňki başym, göwräm,

Watan, saňa ýarasam.

Käbäm enä togabym,

Kyblam ata sogabym,

Iki çykmaz jogabym,

Watan, saňa ýarasam.

Allam, gora ýazykdan,

Oda atsaň gaýzykman, Peýda gözläp tasykman,

Watan, saňa ýarasam.

Entek tende jan barka,

Ýumşuňy goýman ertä,

Diýmerin neneň borka?

Watan, saňa ýarasam.

Namysym, arym diýip,

Ýalňyzym, barym diýip,

Wah diýmen, gitsem, köýüp.

Watan, saňa ýarasam.

GARAŞSYZLYK TOÝY KÜLLI TÜRKMENIŇ

Toýlaryň seresi baýramlar başy,

Garaşsyzlyk toýy külli türkmeniň,

Köňülleň aramy, göwünleň hoşy,

Garaşsyzlyk toýy külli türkmeniň.

Saçagyň nygmaty, ojagyň gory,

Arana tenekar, nähoşa däri,

Äleme tanatdy bütin Diýary,

Garaşsyzlyk toýy külli türkmeniň. -doganlykdan mähirden nyşan,

Bu tämiz asmanym säherden nyşan,

Sahawatly güýzde bahardan nyşan,

Garaşsyzlyk toýy külli türkmeniň.

Sen güýjüm-kuwwatym, dilimiň hoşy,

Ilimiň gaýraty hem gözi-gaşy,

Uzaldar ömrümi, uzaldar ýaşy,

Garaşsyzlyk toýy külli türkmeniň.

Serdaryň pähminden eý alan baýram,

Dünýä ýalkym salyp, boý alan baýram,

Bu gün degre-daşyn toý alan baýram,

Garaşsyzlyk toýy külli türkmeniň.

TÜRKMENIM BAR, TÜRKÜM BAR

Ata-baba kowumdaş,

Türkmenim bar, Türküm bar

Bir ýürek, bir göwündeş,

Türkmenim bar, Türküm bar.

Dessury bir, dini bir,

Ertiri bir, düýni bir. Damarynda gany bir,

Türkmenim bar, Türküm bar.

Saparmyrat-Süleýman,

Dogan boldy jana-jan.

Iki ogly dek bir ataň,

Türkmenim bar, Türküm bar.

Diýýäs onda dogan bar,

Dosta başyn egen bar.

Bir-birege howandar,

Türkmenim bar, Türküm bar.

Sizsiňiz gözüm-gaşym,

Sizsiňiz arkam, döşüm.

Nowruz diýer gardaşym,

Türkmenim bar, Türküm bar.

AŞGABAT

Köpetdagyň gujagynda gül bolup,

Açylypsyň ak şäherim Aşgabat.

Dolup daşýar çeşmeleriň bal bolup,

Ak ýolum sen, ak şäherim Aşgabat. Gün nuruna lowurdap mermeriň,

Galýar has belende ganat perleriň.

Sen taýsyz künjegi bu ene ýeriň,

Gujagynda gül baharyň Aşgabat.

Sen görýän dost-doganlyk möhrüni,

Sen görýän Beýik Ynsan mährini,

Joşdyr aşyklaryň göwün mährini,

Asudalyk altyn-zeriň Aşgabat.

Türkmeniň bagtyna edeňsoň çalym,

Sen barha ýigdelýän, duraňok salym,

Dolýar şan-şöhrata geçen her ýylyň,

Ýene-de egsilmez baryň Aşgabat.

Gündizleň güneşli, gijeleň ýagty,

Görmäge göz gerek bu çüwen bagty,

Garaşsyz, Bitarap ýurduň paýtagty,

Öçmesin hiç wagt goruň Aşgabat.

PEDER DOGASY

Çep gulakly pil,

Kakama hemra Elli ýyl oňa

Bolupdy gümra.

Şondan tapypdy,

Yrsgal döwleti

Çekdirmändi pil

Oňa minneti.

Siňdiripdi der,

Ol ene ýere.

Galdyrman başyn,

Gybata, şere.

Zähmete görä,

Almandy baha

Kimler baýguş dek,

Çykypdy şaha.

Kakam dymýardy

Gara ýer ýaly

Ikilik ýokdy,

Düzüwdi päli.

Sabry az däldi, Şükürem ýetik.

Öwnüp ýörmezdi,

Ol akyl satyp.

Adalatsyzlygy

Tabşyrdy Taňra.

Görmändim onuň

Geçenni aňra.

Diýerdi: Zähmet

Deňdir imana

Goýmawer Allam

Haram iýmäge.

Bolsun tebähet

Ýitmesin edep.

Çep gulak pilim

Özüňden medet.

DOST HAKDA

Şeýle bir wepaly dost gerek maňa,

Baş dosty bolaýyn.

Baş dostum bolsun! Ýaradan daş etsin aýy dostlukdan,

Her dosty bolaýyn.

Goç dostum bolsun.

***

Adam bol,

Adam bol,

Adam bol, ogul,

Bu saňa pederleň sargadygydyr,

Halala ýaran bol,

Haramdan sowul,

Başarmasaň aklyň yrgadygydyr.

Maşgala mysaly dutaryň kirşi,

Deň bolsun kakuwy, deň bolsun durşy.

Hetdinden aşaýsa är-aýal urşy,

Onda bir maşgalaň dargadygydyr.

Sana goşulmasaň il tebil tapsa,

Gapyňy adam däl, ýel açyp ýapsa,

Gara nebsiň seni nogtalap çapsa,

Bilgin bu Taňryň gargadygydyr. SÖÝÝÄN BU TOPRAGY

Söýýän bu topragy,

Ýürekden söýýän,

Onda bar yhlasym, gurbatym meniň,

Geçmişim,

Şu günüm,

Dowamym-ertäm,

Ol köküm,

Damarym,

Nurbatym meniň.

Pederlermiň maňlaýynyň togaby,

Hem ary.

Namysy.

Haýry-sogaby.

Nesilleriň dowamaty dowamy,

Ýol saldy üstünden ymmatym meniň.

Owalym sen,

Ahyrym sen.

Erkim sen.

Tuwagym sen.

Nikabym sen. Durkum sen.

Sahylykda bolup bilmez her kim sen,

Agramym.

Ölçegim.

Gymmatym meniň.

Sende örňemesem, gurasa köküm,

Ösmese ýapragym, çykmasa çakyň,

Kesiň bu ömrümi, ýandyryň-ýakyň,

Şol bolsun sylagym hormatym meniň.

ÖZÜME PENT

Bolsaň dogry sözli bol,

Mekir allardan goran.

Il ýanynda ýüzli bol,

Gowşak sallardan goran.

Ula gadyryň bolsun,

Kiçä hödüriň bolsun,

Hyrs däl Hydyryň bolsun,

Hydyr dällerden goran.

Ejiz diýip eselme, Güýçli diýip peselme,

Aýbyň ýapyp kösenme,

Egri ýollardan goran.

Aglama öz derdiňe,

Dök il üçin der diňe,

Ýük düşende gerdene,

Ejiz billerden goran.

Dogra dogry diýmeýän,

Egrä egri diýmeýän,

Çapak çalsa goýmaýan

Ýumşak ellerden goran.

Haý diýmän gara nebse,

Düýe ýuwutjak sygsa...

Öljek bir köpük sowsa,

Barly gullardan goran.

Hyýal gelse kelläňe,

Ynanma her dellala,

Şowsuz işde Allaňa,

Gargan dillerden goran. IÇINDE

Ýüzüm mähraba sary,

Göwnüm güman içinde.

Gözüm görse bet käri,

Zäher zyban içinde.

Pedere sygyndygym,

Alkyşa ýuwundygym,

Eselsem düwündigim,

Göçüp ynsan içinde.

Oýandygym selälik,

Halasgärim halallyk,

Haram iýsem belalyk,

Bolsun dahan içinde.

Ýagşa şärik bolaýyn,

Ussa körük bolaýyn,

Teşnä aryk bolaýyn,

Asal suhan içinde.

Il derdine mübtela,

Ynsap daşyňa gala, Her işde uýsaň ula,

Gezersiň san içinde.

BILSEM

Şu dünýäde ilki bilen

Çyn dostlarym gerek maňa,

Hemem gerek iliň-günüň,

Derdin duýýan ýürek gerek.

Armanym ýok dost aglanda,

Menem bile aglap bilsem

Ara bozýan pis sözleri

Ýalyn bolup çawlap bilsem.

Armanym ýok dost gülende,

Çyn ýürekden gülüp bilsem.

Hemem dost aýap bir gün,

Oňa derek ölüp bilsem.

SAKLASYN

Aýlanyp dur çarhy pelek,

Girdabyndan daş saklasyn. Akyl käsäm doly bolup,

Goý, kisämi boş saklasyn.

Häzir görkez söýenimde,

Ýamat, nesýe geýenimden

Minnetli aş iýenimden,

Iýdirmesin aç saklasyn.

Ýasa-toýa irinmäýin,

Ýamanlykda görünmäýin.

Ses garaldyp sürünmäýin

Dillerimi diş saklasyn.

Görüm bolmaz san bolandan,

Arzym bolsun müýn bolandan,

Agzy ala on bolandan

Köp etmesin bäş saklasyn.

ESGER OJAGY

Obaň ortasynda şol belet öýüň,

Mähnet dünýäň kiçijik bir künjegi.

Ene bolup ýetişmedik bir aýal,

Bagra basyp otyr esger penjegin. Bugdaý çöregine çalymdaş ýüzde,

Umytly ýyllaryň möhri galypdyr.

Piýala gözleriň öçse-de nury,

Perzende siňmedik mähri galypdyr.

Öýüň çep dulunda köne sallançak,

Bagtyna buýsanyp atmandyr hallan,

...Köräp dur umytly ýakylan ojak,

Garaşyp ençe ýyl Keremne Allaň.

Mertlik, wepa öýüň ähli baýlygy,

Ýerleşmändir oňa şondan başga zat.

Şeýle ojaklaryň mukaddesligne,

Buýsanmaga hakyň bardyr Adamzat.

ÝERE

Duýdum ömrüň manysyn,

Örkümi saňa baglap.

Çitdim ömür halysyn,

Örkümi saňa baglap.

Öwrendim sahylygy,

Ýigrendim bahyllygy, Boldum şer işe ýagy,

Örkümi saňa baglap.

Unutdym ýeňlesligi,

Öwrendim agraslygy,

Hemem päli pesligi,

Örkümi saňa baglap.

Öwgä ersmezligi,

Urga ýarsmazlygy,

Öwrendim sarsmazlygy,

Örkümi saňa baglap.

GEÇMIŞDEN PARÇA

Kimler gala salnypdyr,

Kimseler köşki-eýwan.

Kimler baýlyk toplapdyr,

Kimseler kitap-diwan.

Kimsäniň ýüki günä,

Kimse alkyşly öten.

Kimseler namys goran,

Gör, kimseler biwatan. Galalar weýran bolup,

Ýykylan köşki-eýwan.

Baýlyk guma garylan,

Bir galan kitap-diwan.

Günäli ýegsan bolup,

Alkyşly gögeripdir.

Namysly kök ýaýradyp,

Biwatan gugarypdyr.

PERZENT

Adamyň ömrüni,

Uzaldýar perzent.

Atalar aýdypdyr,

Diýmegiň geň zat.

Ile meňzeş bolsa,

Ösdüren balaň.

Ölseňem ýaşadýar,

Il-günüň, obaň.

Emen ak süýdüne,

Degmese çagaň. Dirikäň okalar,

Seniň jynazaň.

PEDERE

Bu ömürde sowal kän,

Jogaby aýyk gerek.

Bolmaz göwün döwülmän,

Döwülse seýik gerek.

Käbe-peder ojagy,

Zyýarat her salamym.

Enä alkyşym namaz,

Hem-de doga-kelamym.

Jeset içre jan beren,

Ertirime Sabyr siz.

Halallyga gönezlik,

Gara nebse jebir siz.

Siz tükenmez şükürim,

Hem barlygym, dowamat.

Ýalkasaňyz bu jennet,

Gargasaňyz kyýamat. ÝATLAMA

Hyýal guşum ýene dogduk diýara,

Ýatlamalar kerwenini ýollaýar.

Ussa ýürek göwün atly bedewiň,

Dük-dük edip toýnagyny nalaýar.

Dolanýaryn şol gadymy Tejene,

Gark bolmaga bugdaý ysly daňlara.

Barmyka şol mizan terne hödürlän,

Sary güýzden göwni galan eňňere.

Nirde aýakýalaň çapylan takyr,

Hany enem ýelden-günden gabanan.

Henizlerem şu topragy küýseýär,

Tikenleriň yzy galan dabanym.

Üzümli haýaty Aga Halylyň,

Üzümler gurapdyr, çalşypdyr sarlar.

Kän çekipdir aýralagyň zaryny,

Goltugy pers-ala edilen jarlar.

Bazary sowulan kyrk gulaç guýy,

Gömülipdir kerep ýygnap çöwlügne, Hanha otyr Kör Halylyň agajy,

Atasyna salgy berip çowlugna.

Ýatlama deňziniň kenaryn bozup,

Üýtgeýär döwürler, çalyşýar heňňam.

Misli balyk kimin sypypsyň elden,

Eý, meniň ýaşlygym, oglanlyk dünýäm.

GAŇŇALYŇ TOKAÝY

GAŇŇALYŇ OÝY

Durşuna taryhmy,

Durşuna şygyr,

Gaňňalyň tokaýy, Gaňňalyň oýy.

Bir durky her niçik bolsa-da döwür

Gaňňalyň tokaýy, Gaňňalyň oýy.

Keramatmy gujak-gujak çagşyly,

Torraňysy tebigatyň nagşymy,

Käte şahyr, käte-käte bagşymy,

Gaňňalyň tokaýy, Gaňňalyň oýy.

Aklyň haýran ok geçmejek ýylgyna,

Boýy syrdam, ýapraklary gülgüne Dogduk depe towşanlara, sülgüne

Gaňňalyň toýy, Gaňňalyň oýy.

Gelip görseň gysdyrmaz ol ýüregňi,

Çawuş çakýar ak şelpeli toraňňy.

Diýdirer şu ýeri bagy-Eremi,

Gaňňalyň tokaýy, Gaňňalyň oýy.

Goýnuň mesgen jerenlere, gulana,

Alkyşym bar, saňa nazar salana.

Synma ýok Kerim dek ogly bolana

Gaňňalyň tokaýy, Gaňňalyň oýy.

TOPRAGA TAGZYM EDIP...

Lebziň döndi halala,

Topraga tagzym edip,

Dep boldy dert belalar,

Topraga tagzym edip.

Dilim saýrar senada,

Başym gorag penada,

Öňki süňňüm güwäde,

Topraga tagzym edip. Ojagmyzda alow bar,

Sözlerime garaw bar,

Rysgym tamam ömre ýar,

Topraga tagzym edip.

Betpällerden üzňe men,

Şirk getirmen ýüzňe men,

Başga gudrat gözlemen,

Topraga tagzym edip.

PYRAGY BILEN SÖHBET

(Hyýalnama)

Diýdim:

— Rabbenam sen, mübtela şygryň bilen,

Diýdi:

— Şahyrmyň senem, köýdüňmi bagryň bilen.

Diýdim:

— Şahyrlyk zerbap, sesimni kimler eşder?

Diýdi:

— Kesbi har etme, hile hem öwrüm bilen. Diýdim:

— Eý Nazarkerde, şygyrýet çüpräpdir,

Diýdi:

— Özüň ownansyň, habarsyz döwrüň bilen.

Diýdim:

— Şahyr şahyra nazar kylsa bihuda,

Diýdi:

gaçar, galmagal-gowruň bilen.

Diýdim:

— Kime sygynsam, şygyrýet meni ýalkar?

Diýdi:

— Çoýgul iliňni öz ýürek howruň bilen.

AKSAKGALLAR JEM BOLANDA

Ýürek joşup, galkar göwün,

Aksakgallar jem bolanda.

Ne dört galar, ne-de düwün

Aksakgallar jem bolanda.

Ýolun tutup şerigatyň

Düze ündär päl-niýetiň, Artar yrsgym bereketim,

Aksakgallar jem bolanda.

Hyýallary ýagşa ýorlan

Ile mährem, ýurda berlen,

Pikrin durlar ähli serleň

Aksakgallar jem bolanda.

Kössi bolmaz ölçäp biçse,

Zybanyndan many seçse.

Derdiň ýeňlär gözüň düşse

Aksakgallar jem bolanda.

Küýsänimiz Garaşsyzlyk,

Ýurt abadan, töre düzlük,

Diýer: Watan, hyzmat bizlik,

Aksakgallar jem bolan.

Göwünleri misli Hazar,

Bir-birege salar nazar,

Nowruz joşup waspyn ýazar,

Aksakgallar jem bolanda.

GOŇŞOKARA Goňşyňa uzatmak goňşokara

Türkmeniň dessury, türkmeniň däbi

Goňşokara bilen göz ýetirersiň

Neneňsi öz tabyň, goňşulaň taby.

Käte gider, käte geler okaram,

Goňşa habar berer ýagdaýym hakda,

Goňşyň goňşy bilen arasyn sazlar

Misli terezidir işine ökde.

Öýden öýe okaralar gatnasa,

Saçagymyz bereketden doludyr.

Okara gelip, okaraňyz gitmese,

Bütin dünýäň boşap galan ýalydyr.

Mähir äkit, mähir getir okaram,

Sylag äkit, hormat getir okaram,

Goňşymyza gurbat äkit okaram,

Goňşymyzdan gurbat getir okaram.

Atamyň däbimi, enemiň däbi,

Zöhräniň däbimi? Senemiň däbi,

Okaralar gatnaberse ikiýan,

Dikeler türkmeniň ýene müň däbi. Goňşokaramyz dostlukdan nyşan,

Okaraňyz päli-peslikden nyşan,

Eger kesiläýse olaň gatnawy

Azalandyr adam yslykdan nyşan.

Unaşly git, palawly gel okaram,

Palawly git, unaşly gel okaram,

Getirme äkitme ýekeje gussa,

Begençli git, begençli gel okaram.

MEN PERZENDI GARAGUMUŇ

(goşgular toplumy)

Saňa dowzah diýdiler,

Saňa düňle diýdiler.

Seni diňlemediler,

Saňa diňle diýdiler.

Lal diýdiler lal bolduň,

Kör diýdiler kör bolduň

Mähriňi ile berip,

Özüň mähre zar bolduň.

Gizlediň ýamanlygy, Ýagşylygy ýaýdyň sen.

Il-gün üçin elaçyk,

Misli Hatam Taýdyň sen.

Bilmedik seň gadryň,

Garbap aldyk hödüriň.

Sowurdy hazynaňy,

Hyrs çykyp Hydyryň.

Sen gözümiň agy sen,

Indi görme agy sen.

Bu Garaşsyz mekanda,

Tapdyň Arkadagy sen.

GARAGUMLY MEN

Aýagynda çaryk egninde çäkmen,

Gapysy giň açyk, töründe myhman.

Taýak alsa çopan, pil alsa daýhan,

Duzy halal hem saçagy nanly men,

Garagumly men.

Ar-namys baýdak bolup pasyrdan,

Damarynda gyzyl gany lasyrdan, Taryhy habar biýr ençe asyrdan,

Geçmişi bar, şu güni bar, soňly men,

Garagumly men.

Niçe hanlaň gazabyna döz gelen,

Mertlikde gyz-ogly Görogly kileň,

Gözün dikmän buýsanjyna özgeleň,

Pyragydan miras galan aňly men,

Garagumly men.

Her sözi agramly, hilesiz, alsyz,

Tutanyn goparar, diýdirmez sansyz,

Bakar görejiňe ýekeje müýnsiz,

Gulak gerip gybatlary diňlemen,

Garagumly men.

Topragy bir uly keramat sanan,

Aksakgal gojalaň pendinden ganan,

Göýä dosty üçin jahana inen,

Dost gyýylsa ýürek-bagry teňli men,

Garagumly men.

Ýürekde il-günüň derdin çökeren,

Ganynda dälişgen ýazy kökeren, Dagdan agaç ýaly merdem kök uran,

Göwni süýtden, kalby tämiz daňly men,

Garagumly men.

AKYP DURAN GUBA ÇÄGÄŇ...

Akyp duran guba çägäň,

Her düşnügi dürdenmikä?

Ynanmarsyň gözleriňe,

Göwhermi ýa zerdenmikä?

Ele alsam misli simap,

Agşam sowar, gündiz gaýnap,

Tüweleýleň dilin çeýnäp,

Diýmez örküm ýerdenmikä?

Bakyşynda kine ýokdur,

Lebzi halal, süňňi päkdir,

Atam diýdi: — Namazlykdyr

Bu söz ýöne ýerdenmikä?

Göçer, gonar, eder öwrüm,

Gizläp durmaz ýürek howrun.

Goýny känli giden göwrüm, Eselenok gerdendekä.

Gizlese-de ýodalary,

Bozmaz asyl kadalary,

Bu türkmeniň sadalygy,

Diýip ýördüm nirdendikä?

GARAGUMA ÝÜZLENME

Atama mertlik,

Eneme giňlik.

Öýüme düşek,

Üstüme tüýnük.

Üşesem çoýup,

Gyzsam sowadan.

Hörek hödürläp

Ýelmik ýuwadan.

Zenine aram,

Topraga maýa.

Şer işe garym,

Gowluga saýa. Dosta mylaýym,

Duşmana gazap.

Göwsüň hazyna,

Sorduk kän gezek.

Aldyk käniňi,

Gaýtardyk näme?

Köpdür hatamyz,

Bagyşla käbe.

GÜN NURUNY GARAGUMA DÖKENDE

Duýmak kyn däl gözelligni bu ýeriň,

Gün nuruny Garaguma dökende.

Bolup bilse jennet budur diýerin,

Gün nuruny Garaguma dökende.

Guba çäge giň gazanda gowrulyp,

Käte diýdir gitjekmikä sogrulyp.

Derdiň çykar ap-ak dere öwrülip,

Gün nuruny Garaguma dökende.

Takyrälem çöpe çykar emenip,

Gyzar hažžyk güne gargar somalyp, Salgym suw hödürläp alkyma gelip,

Gün nuruny Garaguma dökende.

Goja sypat sazak başyn yraýar,

Gelin sypat borjak saçyn daraýar,

Zemzen kepän dodagyny ýalaýar,

Gün nuruny Garaguma dökende.

Peder ojagynda alow sen sönmez,

Sensiz gazanymda bokurdak tenmez.

Başga bir gudrat bu ýere inmez,

Gün nuruny Garaguma dökende.

GUBA ÇÄGÄŇ KEŞBIN GÖRDÜM

Guba çägäň keşbin gördüm,

Atam, eliň aýasynda.

Duýdum Garagumuň derdin,

Maňlaýyň her joýasynda.

Mähre mätäç ymgyr çölüň,

Gyşy sende ýazy sende.

Ters aýlanýan däli ýeliň,

Goýup giden yzy sende. Garagum dek giň bolsaň-da,

Bilmen näme syr saklaýan,

Düýbi köwlen ojar ýaly,

Ak çägäni tirsekleýäň.

Hemem dymýaň bu sähranyň,

Derdi basýar gerdeninden.

Öwüt berýäň: —Söýgün ogul

Garagumy gelse eliňden.

Meňzemegin başga zada,

Garagumuň özi bolgun.

Bardy-geldi ýanaýsaňam,

Ak sazagyň közi bolgun.

DEŇIZ TÄSIRLERI

(Goşgular toplumy)

GÜNEŞ

Adamdan hyň berýär deňziň kenary,

Olar gelipdirler uzak bir ýerden.

Jana şypa berýär mylaýym howa,

Güne gyzaryp dur ýalaňaç gerden. Bu ýerde bir maksat-güneşden ganmak,

Adamlaň barynda şeýleräk duýgy.

Güneşe yhlasyn görüp olaryň,

Artdy öz ülkäme müň kerem söýgi.

MEŇZEŞLIK

Ýyndam kater dilip deňziň göwsüni,

Ynha ikiýana edip ýör gezim.

Göýä bulut ýaly çisňeýär deňiz

Ümür dek suw bilen ýuwulýar ýüzüm.

Ysy gelýär suwdan guba çägäniň,

Göz öňümde janlanyp dur Garagum.

Duýdum deňzi synlap ýene bir gezek,

Sähram saňa bagly eken ýüregim.

TOLKUN WE KENAR

Ynha äpet deňiz çyrpynyp ýatyr,

Kalbynda müň dürli harasat gopýar.

Birdenem bir lälik çaga mysaly,

Göterlip, azajyk teselli tapýar. Buşlukçy damjalar zyňylýar göge,

Soňra tolkunlaryň goýnuna siňýär.

Bitakat tolkunlar öwrülip goma,

Bir-birin kowalap kenara eňýär.

Tolkunlar kenaryň gujagna dolup,

Sypalaýar sagrysyny daşlaryň.

Gözel kenar suwa basyp leblerin,

Ýatladyp dur söýgä teşne ýaşlygym.

GOJA DEŇIZÇI

Goja gürrüň berýär deňze seredip,

Giden umman gözlerinde ýerleşýär.

Mawy deňiz gözýetimden uzakda,

Baryp mawy asman bilen birleşýär.

Çyrpynýar, çaýkanýar kükreýär deňiz,

Ötegçi şemala görkezýär oýun.

Tolkunlar özüni oklaýar gämä,

Soňam sülmüreýär çykjak gyz deýin.

Muny gürrüň berýär goja deňizçi,

Dostum garşy çykýar: nämesi gyzyk? Manysyz tolkunlar, lezzeti hany,

Lezzet gözlemeli başgarak gezip.

Gaşlary çytylýar deňizçi gojaň,

Diýýän ýaly Başar ogul, dymmany.

Meniň üçin her tolkunda, damjada,

Bir hili lezzet bar, bir hili many.

SAŇA

Gamzaň jigerim daglap,

Roýuň duzak gurmuş.

Aý mübärek jemalyn,

Zemin üstünde görmüş.

Istedim birje sözüň,

Lebleriň sakçy durmuş.

Goýnuň jennete ogşar,

Gör, ne miwesi barmyş.

Sen şeýleki tez jeren,

Tutdurmaz çöle girmiş.

Kän aşyky-saýadyň,

Yşkyňda köýüp ýörmüş. Alkymyň göz gamaşdyr,

Mysaly dagda garmyş.

Dişleriň dür dänesi,

Gün görüp ýaşmak syrmyş.

Gark et mährine bir dem,

Yhlasyň ömre nurmuş.

Söýmeseň kime derkar,

Bu ömür hazan urmuş.

ŞO GIJELER...

Ýaşlygymy ýada saldy,

Şo gijeler, şo gijeler.

Suwdan alyp oda saldy,

Şo gijeler, şo gijeler.

Gyz ýüregniň urgusymy,

Ýa ykbalyň bergisimi.

Ýuwdy söýgiň görgüsini,

Şo gijeler, şo gijeler.

Aýdym bolup kalba ornan,

Käte şatlyk, käte arman. Geçişi dek geçdi durnaň,

Şo gijeler, şo gijeler.

Arzuwlanym şol gülbeden,

Şahyr edipdi neden.

Ýeten paý sen bu dünýäden,

Şo gijeler, şo gijeler.

Alyslara ýollap çapar,

Kalbym senden kemal tapar.

Tutuş ömre serpaý ýapan,

Şo gijeler, şo gijeler.

ÖMÜR DRAMASY

Alňasaýar aýlar-günler,

Ýetjek ýaly pellehana.

Ýap-ýaňy-da çagajykdym,

Möhür basyp goşdy sana.

Agraslandy oglan başym,

Orun berdi jahyllyga.

Iki gözüm derde ýetdi,

Bir gözelden düşmän sowa. Deň paýlandy ömür ýüki,

Käte agyr, käte ýeňil.

Ýedi gezek matal çözdük,

Saňa-ha gyz, maňa ogul.

Şeýde-şeýde gara başlar,

Ýazdan ötüp güýze ýetdi.

Indi ogluň ýazan haty,

Bir garagöz gyza ýetdi.

Ata bolmak, ene bolmak,

Däl ekeni ýeňil-ýelpaý.

Ýapynansyň gerdeniňe,

Alada atly täze serpaý.

Iýdirjeksiň, geýdirjeksiň,

Olar welin başga küýde.

Ylga-da ýör ýetişmersiň,

Bar işiňi beýläk goý-da.

Gitdigiçe gyzarsyň sen,

Olar bolsa barha sowar.

At goşansyň uly aýlawa,

Ykjam otur çapyksuwar. Alňamasaň aýlar günler,

Doguň, ýaşyň telim-telim.

Meň-ä entek garramaga,

Ynanaýyň degmez elim.

TEJEN HAKYNDA ODA

Dostlar bu gün toý toýlaýar, nuruna daňly Tejen,

Işe gaýym, taýýar daýym, çyzgalan ýeňli Tejen,

Hydyr gören, çöli duran maýaly, maňly Tejen,

Waharmany dünýä belli, üýtgeşik ýaňly Tejen,

Kalbynda ýaz, goýnunda saz, derejeli-deňli Tejen.

Nazar kylsam taryhyna, kän gowgalar ötendir,

Aýdyp bilmen haýsy ýylda, düýbüň kimler tutandyr,

Açlyk ýyllaň halasgäri, bol çörege watandyr,

Bäsleşmäge taý tapylmaz, ýüňi kemsiz ýetendir,

Geçmişi bar, şu güni bar, ýene-de soňly Tejen.

Gaýgysyzdyr, Çary Wellek öz döwrüniň şiri boldy,

Berdi aga çeper sözüň çyn ussady, piri boldy,

Alty Garly, Bazar Aman sahnamyzyň nury boldy,

Çyn ussadym Mäti Köse, alymlaryň zory boldy.

Bagşylary hoş owazly, hem belent heňli Tejen. Ähtin bozup Watanyma ýowuz duşman çozanda,

Dagatmakçy bolup bizi, goýup çaňda tozanda,

Ar-namysyň ody lowlap, gerçekleriň gözünde,

Bir diwiziýa goşun düzüp 42-niň güýzünde,

Ýeňiş atly bir maksada baglapdy köňli Tejen.

Müň bir derdiň dermanydyr guşgursak ak dänesi,

Zähmetinden reňk aldy ak altynyň hanasy,

Ýer eýesi babadaýhan, ýokdur ondan kinesi,

Boz topragy bereketden bolan däldir binesip,

Ýollapdy çar tarapyna, kerweni jaňly Tejen.

Nowruz aýdar waspyň etjek, sende göwün hoşum bar,

Taryhyň on asyrdan kän, bilmen niçe ýaşyň bar,

Türkmen, ors, gazak, buluç ýene onlap daşyň bar,

Saçagyňda bereketi, egsilmejek aşyň bar,

Gojasynda akyl-paýhas, ýaşlary aňly Tejen.

OGLUM HÜWDÜLENENDE

Dünýäm bolýar lälezar,

Oglum hüwdülenende.

Ertire umydym bar,

Oglum hüwdülenende. Ömrüm uzar ýyllara,

Söýgim artar illere.

Alkyş sena dillere,

Oglum hüwdülenende.

Sallançagyň bady bar,

Ojagymyň ody bar,

Çagalygymdan ýadygär,

Oglum hüwdülenende.

Nazar salýan geçene,

Bagry bilen guçana.

Alkyşym bar ejeme,

Oglum hüwdülenende.

GEREKLI BOLDUM

Dogulamda dogulmadym üýtgeşik,

Atama-eneme gerekli boldum.

Ilkinji gadamy topraga basyp,

Gözüm gara düşdi garakly boldum.

Eljiremän oglanlykdan saplandym,

Gojalaryň pendin alyp taplandym. Özgäniň däl öz tüssäme otlandym,

Her işe batyrgaý, ýürekli boldum.

Durmuş kän synady synaga dözdüm,

Sen-sene aldyrman buýsançly gezdim.

Derimden soradym zähmetiň muzdun,

Saçagy minnetsiz çörekli boldum.

Iki geplemedim dost-ýar tapyldy,

Ilime sygyndym hossar tapyldy.

Şeýdip täleýime ak gar sepildi,

Deňli, derejeli, derekli boldum.

ŞAHYRYŇ ÝÜREGI

Kerim Gurbannepesowyň ýagty ýadygärligine

Şahyryň ýüregi üýtgeşik ýürek,

Onuň has üýtgeşik urmasy bardyr.

Käte-käte goýun gözlerine derek,

Has ajap zatlary görmesi bardyr.

Ýagşyny alkyşdan gandyryp bilýän,

Ýamany ýürekden tändirip bilýän. Il-güni derdinden dyndyryp bilýän,

Halyňy ýürekden sormasy bardy.

Söýgüsi hilesiz, ynanjy şeksiz,

Miwesi asally, şänigi paksyz.

Gülküsi aňyrdan, öýkesi köksüz,

Sözlerine edep garmasy bardyr.

Sol elinde goşgy, sagynda çemen,

Kalby bu sähranyň ak süýdün emen,

Dil ýetirjek bolup synansa ýaman,

Golda galam atly düýrmesi bardyr.

Beýikligni aňlamaýan beýikdir,

Yhlas bilen bir kämilde eýikdir.

Bütin nesle howandardyr, seýikdir,

Öýlere ot bilen girmesi bardyr.

Sen beýik ussadym, eý nazarkerde,

Adyň ýüreklerde, dur ornuň törde.

Hiç haçan ölme ýok il söýen merde,

Asyrlardan aşyp ýörmesi bardyr.

KYRKYŇ BOSAGASYNDA Köňülde ýüz köýüm bar,

Kyrkyň bosagasynda.

Çyn köpeldi oýun az,

Kyrkyň bosagasynda.

Göwün bir jahankeşde,

Hyýallar göçe-göçde.

Çal göründi bu başda,

Kyrkyň bosagasynda.

Daşymda perzentlerim,

Dowamym ganat-perim.

Bildirer hata ýerim,

Kyrkyň bosagasynda.

Halal bolsa çöregiň,

Ýerinde bor ýüregiň.

Yssy görner Geregiň,

Kyrkyň bosagasynda.

Toprak başyma togap,

Il-gün ertäme sebäp.

Soraň her güne jogap,

Kyrkyň bosagasynda. BAŞGA BAÝLYK GEREK DÄL

Ýurdum abat ilim abadan bolsa,

Maňa şondan başga baýlyk gerek däl.

Alnymda gün, saçagymda nan bolsa,

Maňa şondan başga baýlyk gerek däl.

Topraga sygynsam döksem derimi,

Tapsam öz ornumy, tapsam ýerimi.

Söýsem perzentlermi, ganat-perimi,

Maňa şondan başga baýlyk gerek däl.

Ynsabym ýoldaşym, wyždanym taýym,

Il-gün gereklese her işe taýyn.

Emenim halal süýt nämä deňäýin,

Maňa şondan başga baýlyk gerek däl.

Bimahal öçmesin ojagyň ody,

Eşdilmesin eneleriň perýady.

Iň uly baýlygyň Adamdyr ady,

Maňa şondan başga baýlyk gerek däl.

MUGALLYM

(Türkmenistanyň at gazanan mugallymy Gurbannazar Hanamowyň ýadygärlik heýkeliniň açylyşynda okalan goşgy)

Dag ýaly belentdiň, ýer ýaly sada,

Eýediň şöhrata, eýediň ada.

Bu gün şägirtleriň salyp dur ýada,

Seniň adyň älem gezer, mugallym,

Halypamyz Gurbannazar mugallym.

Açyk göwnüň bäs ederdi ýaz bilen,

Sahydy çyn dostuň, aýdym saz bilen.

Käte hiňlenerdiň hoş owaz bilen,

Kalby misli Bahry-Hazar, mugallym,

Halypamyz Gurbannazar mugallym.

Pähimlidiň hemem gaýymdyň işe,

Hemişe gerekdiň, garra hem ýaşa.

Keramat siňensoň öwrülip daşa,

Il-günüň sarpasyn syzar, mugallym

Halypamyz Gurbannazar mugallym.

Belende göterip aň-bilim ýolun,

Elli ýyl ýaşlara beripdiň tälim.

Näçesi ýazyjy, näçesi alym,

Saňa ençe alkyş ýazar, mugallym Halypamyz Gurbannazar mugallym.

***

Şatlygym saňa bagly,

Bagly saňa hasratym.

Ýalkasaň ömrüm uzar,

Bolmasa taýak atym.

Arzuwum saňa bagly,

Bagly saňa hyýalym.

Bolmasa ýiterin men,

Bir künjünde bu ýoluň.

Sensiz neýlerem munda,

Gark bolar göwün keştim.

Büdüräp bedew atym,

Ýalňyz ýöremez küşdüm.

Ömrümiň gülýaýdysy,

Sebäpkäri ertämiň.

Saňa ikilik etsem,

Baýnamaryn entärin. ****

Bir gerdene agyr bu ýük,

Ýaýdanmagyn, çekmelisiň.

Oda-suwa atsalaram,

Başyň alyp çykmalysyň.

Halal bolsun çeýnänleriň,

Çyndan bolsun gaýnanlaryň.

Hasap etme aýnanlaryň,

Bir arykdan akmalysyň.

Bilgin kimdir egre dostuň,

Aşygymy käriň, postuň.

Oňan gowumy ýa dostsuz,

Zehiniňi ýakmalysyň.

Bir hannasa duşsaň eger,

Talar, çapar ýa-da sagar.

Uýsaň şeýtan ýoldan sowar,

Gowa gözüň dikmelisiň.

Tüsseleme, meňze köze,

Iki gepläp, dönme yza. Biliň guşa, daýan dyza,

Öz ýoluňy tapmalysyň.

APAT

Synym düşdi bir gözele,

Galdym garana-garana.

Kepderige çalym eder,

Görseň darana-darana.

Onsekizde aýny ýaşda,

Ýokdur kemi gözde-gaşda.

Şeýle çeper eli işde,

Nusga görene-görene.

Nazarynyň bolmaz şeki,

Edep-haýa ähli ýüki.

Goşa gümmez döşündäki,

Ýakdy yrana-yrana.

Kimiň bagty, kime hemdem,

Jyda kyljak jandan-demden.

Içdigidir Aby-zemzem,

Lebin sorana-sorana. ÝALŇYZ ÇYNARYŇ MONOLOGY

Suwsuzlyga döz geldim,

Dodaklarym ýaryldy.

Ýyllar geçdi özgerdim,

Umytlarym azaldy.

Gagşadym aýazlarda,

Çigrek daglady synam.

Aýralygyň dagy bar,

Ýok meniň özge kinäm.

Ýazlar gyşyň ýazygyn,

Ýuwup özgerdýär halym.

Tomus ýakýar, gowurýar,

Bu gussaly ykbalym.

Güýz saraltdy meňzimi,

Ýapraklarmy ýekeläp.

Baýguş otyr başymda,

Geçmişimi käkeläp.

Bu göçülen ýurta,

Damyşlyk bar, boşluk kän. Ýer üstüniň bezegi,

Sen ekeniň eý Ynsan.

KASAM

Ykbal bizi duş etdi,

Bagtymyň geldigidir.

Seň bilen ömrüm hoşnut,

Bu söýgiň bollugydyr.

Goýnuňda goşa desmal,

Hüýrleriň belligidir.

Men sen diýip perwana,

Ýok, yşkyň gullugydyr.

Unutsam yhlasyňy,

Ynsabyň çöllügidir.

Eger harlasa seni,

Nowruzyň öldügidir.

YŞK MEÝIN IÇIP MEN Eý, gyz saňa sataşyp,

Yşk meýin içip men.

Gör, ne gudrat ataşyn,

Bilmen parhsyz geçip men.

Jadymyň sen eý melek,

Bormy mežnun eýlemek.

Söýseň diňle Leýli dek,

Saňa syrym açyp men.

Bir sähraýy boz oglan,

Aşyk saňa ozaldan.

Didelerim soraglan,

Hem hyýalda guçup men.

Men däli derýa dönen,

Sen maral suwa inen.

Bir pursat gitme, güýmen,

Ganat baglap uçup men.

Bol ykbaldan soranym,

Ýaman dilden goranym.

Sen sebäpli köränim,

Ýogsa tasdan öçüp men. OBAM

Seçelenen ýeri göbek ganymyň,

Gyrmyzy güllerňe çümeýin obam.

Lezzetini duýup çeýnän nanymyň,

Bal dek çeşmelerňi emeýin obam.

Toprak tebsirese yssa howur alyp,

Näzik gülleň gitmez ýaly gowrulyp.

Asmanyňda ak ýagyşa öwrülip,

Üstüňe nur bolup damaýyn obam.

Ýamanyňa şärik, ýagşyňa şärik,

Bardyr sende sözlerime tutaryk.

Ykbalymy seniň ömrüňe garyp,

Göwsünde gül bolup dömeýin obam.

Sende doglup, sende ösüp boý aldym,

Duzuň iýip, agraslandym goýaldym.

Sende ýumjak gözüm sende oýandym,

Ýa nesip, topragňa siňeýin obam.

ŞU TOPRAGYŇ ÜSTÜNDE Atalaryň gany bar,

Şu topragyň üstünde.

Arzuw, ahmyr, many bar,

Şu topragyň üstünde.

Öwrendim göreşmäni,

Öwrendim söweşmäni.

Duşmanlarmyň bar müýni,

Şu topragyň üstünde.

Hem söýüldim, hem söýdüm,

Watanmy ata duýdum.

Peder pendine uýdum,

Şu topragyň üstünde.

Suwlary gyzyl ganym,

Illeri saýawanym.

Ynsabym genji-känim,

Şu topragyň üstünde.

TÖRÜŇE GELIN GEÇSE...

Boýuň bir gez beýgeler,

Törüňe gelin geçse. Zym-zyýat bor gaýgylar,

Törüňe gelin geçse.

Durmuşa söýgiň güýjär,

Bilmersiň diliň süýjär,

Ogluň özüni tijär,

Törüňe gelin geçse.

Gyz gelin topar-topar,

Öýüňe kylar sapar,

Aýalyň ýeňil gopar,

Törüňe gelin geçse.

Şu boluşda goýsalar,

Arzuw köpdür duýsalar,

Basym agtyk küýseler,

Törüňe gelin geçse.

MIRAS

Kakam Anna Çary oglunyň ýagty ýadygärligine

Senden miras galdy maňa hoşgylyk,

Wyždanyň öňünde ýaýdanman durmak.

Il üçin ylgamak pes tutup päliň, Her işde ynsaba hasabat bermek.

Duýdum nämedigni daman azabyn,

Duýdum lezzetini halal çöregiň.

Senden miras galdy adamkärçilik,

Hemem duýdum etdendigini ýüregiň.

Öwretdiň durmuşyň ajy-süýjüsin,

Taplady käteler ýanyp, bişmeleň.

Ýörän ýodalaryň ýola getirdi,

Derýalary tapyşy dek çeşmeleň.

Siňipdir ganyma ähli häsiýetiň,

Isläp hem duramok başgaça bolmak.

Menem agtyklaryňa goýup giderin,

Eşit kaka, saňa ýok entek ölmek.

OGUL DOGLAN GÜNI EDILEN ARZUW

Amaşa

Binamysdan biwatandan daşda bol,

Il-gün üçin iş edilse başda bol,

Göreçlere siňip biljek keşde bol,

Ýaşa, öz ýüregiň urgusy bilen. Özüňi magtama, il goşsun sana,

Sözüň tiken bolup batmasyn jana,

Eliňi uzatma minnetli nana,

Oň öz kendirigiň urbasy bilen.

Dostuňa gujagyň gerilgi bolsun,

Duşmana gapanyň gurulgy bolsun

Ykbalyň ak güne ýorulgy bolsun

Gadam ur bedewiň ýorgasy bilen.

Bol, iliň agysyn aglaýanlardan,

Her sözi ýüz göwün awlaýanlardan.

Kalbyň penç alsyn aladaňlardan,

Ýaşasaň perzentlik bergisi bilen.

27.10.90 ýyl.

GYZLAR SAÇYN DARANDA

Göýä deňiz tolkunar,

Gyzlar saçyn daranda.

Görseň göwnüň galkynar,

Gyzlar saçyn daranda.

Ap-ak ýüze büreler,

Kalbyň sarsdyr, yralar. Diňe ogryn garalar,

Gyzlar saçyn daranda.

Aýada ujyn çowlar,

Tolkun tolkuny kowlar.

Söýgi zynjyryn towlar,

Gyzlar saçyn daranda.

Darak sarsa salynsa

Ýeke tary ýolunsa.

Ýürek jiglär bilinse,

Gyzlar saçyn daranda.

Örülse gara saçlar,

Yşkdan sämär başlar.

Şeýleräkdir gardaşlar

Gyzlar saçyn daranda.

BIR JERENE AWÇY BOLDUM

Bir jerene awçy boldum,

Göwün köşgün söke-söke.

Bagtym synap sawçy boldum,

Yşk dagyn çeke-çeke. Dillen gözel ne hyýalda,

Aşyk bolmak ýokmy ilde.

Goýma meni beýle halda,

Diýdim dyza çöke-çöke.

Aýak tozun etdim togap,

Habar gatdym gözläp sebäp.

On soragma ýeke jogap,

Aldym gözüm dike-dike.

Galkyp gitdi aşyk göwün,

Yşkym joşdy bogun-bogun.

Bir käseden nika suwun,

Içdik mähri ýaka-ýaka.

Ýüregmizde gert galmady,

Lukman geldi dert galmady.

Boýnumda ak gol galgady,

Ýandy bahyl baka-baka.

TÜRKMENISTAN GAZETI HAKYNDA

ODA

(Türkmenistan gazetiniň 75 ýyllygyna) Ýetdiň ýetmiş bäşiňe juwan Türkmenistanym,

Goýmaz seniň waspyňy, zyban Türkmenistanym,

Garaşsyzlyk şemaly howaň Türkmenistanym,

On ýyl abadançylyk, dogaň Türkmenistanym,

Düýnüm, şu günüm, ertäm, dowam Türkmenistanym.

Müň dokuz ýüz ýigrimiden alyp bissimilläni,

Agyrdypdy gör niçeler seniň üçin kelläni,

Badalga edip iýul aýyn, bir kem otuz pelläni,

Redaktor sen bolmaly—diýip, Gubeýdullany,

Dünýä inip, berdiň ile salam Türkmenistanym.

Döwür kyndy, kadr ýokdy, kagyz ýetde-gütdedi,

Agyr iliň köp bölegi aň-bilimden çetdedi,

Saklap bormy haýyr işi, ýeten wagty mütdeti,

Ýaýratmaga habar kändi, waka petde-petdedi,

Gujak açdy oba-kendim, galam Türkmenistanym.

Öriň barha giňedi, sanyň kem-kemden artyp,

Sypdyrmadyň görenňi barha özüňe dartyp,

Hyzmatyňa gaýym duran Ýakup Nasyrly ýortup,

Taşlamakçy bolan gyt däl, ömür tanapyň kertip,

Garşysyna bek durduň, belaň Türkmenistanym. Ýola saldyň Ýaşkomy, Mydam taýýar, Tokmagy,

Azaşany dogurlap, peşan etdiň akmagy,

Gara gyşda gagşana çykyp berdiň çakmagy,

Gazabyňdan egriler başarmady sypmagy,

Hossarydyň ejiziň, çalaň Türkmenistanym.

Oduň bilen girensoň, külüň bilen çykan bar,

Ilki Juma Halmyrat, soň Nazarow Galandar.

Oraz Täçnazar bilen Şaja Batyr howandar,

Seýitnazar Mätiýew, soň Myradow Gürgen bar,

Aşyr Annabaý ýazdy, kelam Türkmenistanym.

Kän horluklar görlüpdi yrananda Aşgabat,

Sanamaga wagt ýetmez ählisini atma-at,

Sarp edip bar yhlasyn Täşliň ogly Şamyrat

— Ejizlige orun bolmaz, düz bolmaly ähli zat,

Diýip paýhas elegin, elän Türkmenistanym.

Gurbandurdy halypa ýetende susak sapy,

Günüň kyndy gazetim bolmansoň işik-gapy,

Kändi öýsüz-öwzarsyz, ýaslydy adam köpi,

Tesellidiň il-güne tapyp ýarajak gepi,

Ynsanlary mährine çolan Türkmenistanym. Müň dokuz ýüz ellide duşup Çary Matala,

Hyzmat etdiň ýürekden, hyzmat etdiň Watana,

Dogumlandyň, berkediň, däldiň gyzyl etene,

Goldaw berdiň, güýç berdiň, ýazyp gurby çatana,

Mertebesi belende galan Türkmenistanym.

Ilki Ata Atajan soňra Nurjan Amana,

Ýeten wagty baş bolmak, özgeripdi zamana,

Hakdan içen işgärleň gelen wagty kemala,

Orun ýokdy sörtüge, orun ýokdy şemala

Ezberlere halypa bolan Türkmenistanym.

Mämmet Bada, Kerimi çärýek asyr başynda,

Billerini bek guşap, baý, aýlandy daşynda.

Iki ägirt halypa, mydam göwün hoşunda,

Indi Kakabaý Ylýas tagzym edýär gaşynda,

Sekiz onluga badak salan Türkmenistanym.

Artdy gadyr gymmatyň metbugata baş bolduň

Süňňüň barha ýeňledi, edil uçar guş bolduň,

Çyn mekdebe öwrülip, şeýle zähmetkeş bolduň,

Sen talapkär halypa, şägirtleňden hoş bolduň,

Sen arassa hem lebzi halal Türkmenistanym. Garaşsyzlyk erkinlik, bu gün eliňde seniň,

Alnyňda ak gün dogan Türkmen diliňde seniň

Asudalyk jebislik, şygar iliňde seniň,

Türkmenbaşy Şamçyrag ýagty ýoluňda seniň,

Budur saňa Nowruzdan, kelam Türkmenistanym.

GÖKDEPE GALASY HAKYNDA BALLADA

Sen Gökdepe galasy

Asyrlarda köküň bar

Neneňsi günler gördüň

Sözle bu gün hakyň bar.

***

— Süňňüm halal toprakdan,

Berkim alyn derdendi

Lebzim ene süýdünden

Namysym çyn zerdendi.

Şir ýürekli ogullam

Bükülmejek gerdenli

Mürçe-miýan gyzlarym,

Apbasyly, zer donly

Il töresi aksakgal,

Agyzlary dogaly, Ak gyňaçly eneler

Dili alkyş-senaly.

Neresse çagajyklar

Eýsem, näme günäli

Goýnumda ömür sürüp,

Bagta eýedi mende,

Ýaşardylar umytly

Ertirleň arzuwynda.

***

Kim ogluny öýerjek

Kim gyzyny ýerlejek

Kimse göreş tutdurjak,

Al bedewler derlejek,

Kimse şeýdip toý tutjak,

Üstüne ak öý tutjak.

Hamyla gelinlere

Toýhanady bu gala.

Ogulmy-gyz kakalar,

Biljek bordy şübela

Per bermezdi ýigitler,

Syr bermezdi gelinler.

Iň bagtly günlerdi,

Ah, şo günler, şo günler. Halala ýol açykdy,

Orun ýokdy harama,

Bütin il-gün garşydy,

Şere hem-de karama

Azan sesi daň bilen

Oýarardy galany,

Azan hem doga kelam

Gaýtarardy belany

Her kimiň öz pişesi,

Hudaýyň emri bilen

Daýhan kätmeni bilen,

Demirçi demri bilen.

***

Dolardy güzerany,

Mätäçlik ýokdy nana,

Eýedi ulus-ilim,

Rysgally desterhana

***

Ine birden tümlüge,

Öwrüldi ýagty günler.

Gülle bolup, ot bolup,

Sowruldy ýagty günler Töwerek ajy tüsse,

Tutup barýar demligiň.

Onuň üçin parhy ýok.

Parhy ýok seň kimligiň.

Günälimiň günäsiz,

Ulumyň ýa maýdamyň

Penalymyň penasyz,

Daşardamyň, öýdemiň,

Gümmürdisi därileň,

Ömrün üzýär adamyň,

Ýatyr guma garylan,

Entek gögele ömür.

Zähresi ýarylan.

Daşarda ýoňsuz bela,

Gowrulýar äpet gala

Buýruk berýär: Çekilmäň.

Murty ýagly general,

Şöhratdan haram puldan

Gözi bagly general

Adam ganyna suwsan

Göreni ölüm, ýegsan

Gowlukdan ýüzün sowan, Abady ýykan, döwen,

Edeni öňünden giden,

Soňsuz şöhratyň guly,

Binamys, porruk beden.

Özünden gymmat july

Agydan lezzet alýar,

Lezzet alýar naladan.

Balany enesinden,

Enesini baladan

Aýryp, kakýar heşelle,

Hoşal edýän işinden,

Ol akylsyz, guşkelle...

***

...Gala boýun bolanok

Ýürek ýaly urup dur,

Ýöne duşman ejiz däl,

Leşgerini sürüp dur,

Gala gaýtawul berýär.

Ähli zat öz ýerinde

Köpi gören gojalar,

Ýol agtarýar serinde...

**** ...Duşman üýtgedýär tüýsün,

Güýjümi gala duýsun

Äpet diwar böwsülýär

Indi gorag berk däl,

Bir çagajyk aglaýar:

—Waý, eje jan, gorkýan

Elinde-de neressäň

Ýary ýanan aşygy.

— Aglama, goý sesiňi

Garamaňlaý enäniň,

Garamaňlaý köşegi

Kyýamat gopdy şu gün,

Ejeň etsin nealaç,

Bir elinde balasy,

Bir elinde egnagaç

Daramakçy duşmana,

Aryny ýerine salmak

Kysmaty eken bu enäň

Şeýle ýagdaýda ölmek.

***

Aýy üstünde gelin,

Aglaýar: Ak çynarym

Janyma deňän ýarym. Umydym şu günüm, ertäm,

Solmanka gyzyl kürtäm

Namyrat ölen ýarym,

Ahmyrly solan ýarym.

Arzuwyma bulut çöken,

Bagtyma gara çeken,

Duşman gözüň köwlensin,

Boýnuň terse towlansyn.

Ygtyýar ber jan gaýyn,

Dökeýin ganym ganyn

Gaçsa kowup ýeteýin,

Ogul ýerni tutaýyn,

Elimde synny keser

Diýme: Gelnim näýeser.

***

Goja göwün galkynýar,

Duýýar ýene ýeke däl

Şatlykdan dolup damak,

Süňňi ýeňleýär-gamak.

—Epilmäň är ýigitler

Çekilmäň zor ýigitler

Gala jana deňe-deň

Goraň soňky deme çen. Medet diläp Alladan

Barýar ýene hatara

Elinde köne hyrly,

Maý gözleýär atara.

Gorady ol galany

Soňky demine çenli

***

Ýumruldy berkitmeler,

Indi saklanmak kyndy.

Jeset üstüne jeset,

Gala ahmyrly syndy...

Üzüldi müňläp ömür

Diwarlar atdy hallan

Iňňildi ahy-nala,

Kaýyl edenne Allaň.

***

Gala guma öwrüldi,

Ýandy bagy-bossanlyk.

Pelek neýlediň muny,

Giden mazarstanlyk...

Sözlemedik sebäbin, Dillerimiz baglydy,

Çözlemedik jogabyn

Ellerimiz baglydy

Kim söz açsa akyly,

Dogabitdi kemlidi

Ýyrşarsak-da ýalandan

Gözlerimiz nemlidi.

Milt eden ýok asyrlap

Iş telekmi, telek däl,

Köne saman sowurmak

Indi bize gerek däl,

Diýip gaýta gizledik

Dökülse-de nähak gan.

Boýun egdi meýletin,

Boýun egdi bu gala,

Diýdirdiler zor bilen,

Kyn bolsa-da şubela.

Dogrusyny aýdanyň,

Alkymyndan aldyk biz,

Keramatly galany,

Aýak asta saldyk biz.

Ata-babalarymyzyň,

Ynamyny kemsitdik, Asly danalarmyzyň,

Aklyna şyltak atdyk.

Ýok biz ony atmadyk

Zor bilen atdyrdylar

Nähak gan ýerde ýatmaz,

Yzyndan ýetdirdiler.

Äpet göwre çagşady,

Birden açylyp sepi.

Galkyndy Beýik türkmen

Haýrana goýup köpi.

Uly iliň bagtyna,

Döredi munda bir Är,

Çykyp mermer tagtyna

Akylly, dana Serdar

Ýaýdy mähir-muhabbet,

Ilin çoýdy gün ýaly.

Ýaşyl Tugy pasyrdap

Haýran etdi dünýäni.

Aslymy gaýdyp berdi,

Gaýdyp berdi düýnümi,

Gaýdyp berdi dilimi,

Gaýdyp berdi dinimi.

Watan diýip ötenler, Daýandy tirsegine,

Bu döwletim gülýaka

Dünýäniň gursagyna.

Gökdepe galasyna

Melamat inen güni,

Gökdepe galasynyň

Ahmyrly synan güni,

12-sine ýanwaryň

Her ýyl hatyra guruň.

Ýatlaň öten geçeni,

Sadaka, aw-suw beriň

Kabul bolsun halaýyk,

Dogaň, aýat-töwüriň-

-diýip Serdar baş boldy,

Atasynda uly iliň.

****

Indi çyna öwrüldi,

Şol bolsady ekmeler,

Dolandy ýurduna,

Nurberdiler, Dykmalar

Öwezmyrat, Gulbatyr.

Dolandy Magtymguly Gurbanmyrat işanyň

Ýaýyp ile gelenni

Garaşsyz Türkmenistan

Ýene birgez beýgeldi.

Gygyrasym gelýär men,

Bütin dünýä ýaň salyp,

Bu mukaddes beýiklik,

Synlaň, görüň, diň salyp.

Aslyma dolanýaryn,

Dolanýan halallyga

Gözüm gaýra düşmesin,

Köňül düşmesin sowa.

****

Sen Türkmeniň buýsanjy,

Şöhraty, şany sende,

Eneleriň yhlasy,

Pederleň gany sende,

Ilimiň-ulusymyň,

Geçmişi, düýni sende,

Gelinleriň wepasy,

Ýigitleň sabry sende,

Gök orulan maýsalaň

Agysy, jebri sende Türkmeniň asly sende

Tutuş bir nesli sende.

Sen ýöne bir Gala däl,

Keramat sen, keramat.

Oýan indi gaflatdan

Dowamat sen, dowamat.

Dikeltmeli biz seni

Ine-de, saňa Perman-

Diýende Türkmenbaşy

Şatlygym çende durman,

Zat galmady gaýgydan,

Jiger doldy söýgüden,

Öz ýüzüm, öz sözüm bar

Gaýrat, gujur erk men,

Öz aslyna dolanýan,

Men Türkmen,

Türkmen,

Türkmen.

Kitaby kril harpyndan latyn harpyna geçirip elektron görnüşe geçiren Gurban Geldiýew Begnazarowiç 1993 ýyl. 2016 ýylyň 06 aýyň 31 ne sagat 12:12 doly taýyn boldy. Edebi-çeper neşir

Nowruz Gurbanmyradow

KÖŇÜL OWAZLARY

(Goşgular we şygyr)

Redaktor AŞYROW A.

Korrektor ALIÝEW M.

Kompýuter inženeri ABAÝEW S.

N%A05501

Ýygnamaga berildi 10.01.98 ýyl. Çap etmäge rugsat berildi 10.03.98 ýyl. Tiražy 1500

© Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň kiçi çaphanasy.